{"id":103319,"date":"2024-03-27T12:20:42","date_gmt":"2024-03-27T07:20:42","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=103319"},"modified":"2024-03-27T12:27:33","modified_gmt":"2024-03-27T07:27:33","slug":"dasoguzly-pagtacy-karendeciler-tohumnyz-munlesin","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/dasoguzly-pagtacy-karendeciler-tohumnyz-munlesin\/","title":{"rendered":"Da\u015foguzly pagta\u00e7y k\u00e4rende\u00e7iler, tohumy\u0148yz m\u00fc\u0148lesin!"},"content":{"rendered":"<p>\u015eu g\u00fcn wela\u00fdatymyzda hormatly Prezidentimizi\u0148 tab\u015fyrygyna la\u00fdyklykda wela\u00fdatymyzy\u0148 ak sakgally \u00fda\u015fulularyny\u0148 ak patasy bilen oba hojalygynda jogapk\u00e4rli m\u00f6ws\u00fcme badalga berildi. Di\u00fdarymyzda m\u00f6h\u00fcm oba hojalyk m\u00f6ws\u00fcmi bolan gowa\u00e7a eki\u015fi ba\u015flandy. Hormatly Prezidentimizi\u0148 Ministrler Kabinetini\u0148 nobatdaky mejlisinde bell\u00e4n m\u00f6hletlerine la\u00fdyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary wela\u00fdatlaryny\u0148 pagta\u00e7ylary 20-nji martda, Da\u015foguz wela\u00fdatyny\u0148 da\u00fdhanlary bolsa bu gowa\u00e7a eki\u015fi m\u00f6ws\u00fcme 27-nji martda ba\u015fladylar.<br \/>\nIr s\u00e4her bilen wela\u00fdatymyzy\u0148 Ruhubelent etrabyny\u0148 A\u015fyk a\u00fddy\u0148 Piri\u0148 gadamy d\u00fc\u015fen topragy \u201cA\u015fyk a\u00fddy\u0148\u201d da\u00fdhan birle\u015figini\u0148 ekin me\u00fddany \u00f6zbolu\u015fly ba\u00fdram\u00e7ylyk lybasyna beslendi. Bu \u00fderde eki\u015f m\u00f6ws\u00fcmini\u0148 ba\u015flanmagy mynasybetli guralan dabaralary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00fdurdumyzy\u0148 obasenagat toplumyny\u0148 \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik d\u00fcz\u00fcmleri, ga\u00fdtadan i\u015fle\u00fd\u00e4n senagaty\u0148 \u00f6n\u00fcmleri barada gi\u0148i\u015fle\u00fdin maglumat ber\u00fd\u00e4n sergiler \u00fda\u00fdba\u0148landyryldy. Wela\u00fdatymyzy\u0148 a\u00fddym-saz we folklor toparlaryny\u0148 \u00e7yky\u015flary pagta\u00e7y k\u00e4rende\u00e7iler \u00fc\u00e7in \u00f6zbolu\u015fly d\u00f6redijilik sowgadyna \u00f6wr\u00fcldi. Asylly d\u00e4be g\u00f6r\u00e4, gowa\u00e7a eki\u015fine hormatly \u00fda\u015fulular ak pata berdiler. Be\u00fdik Biribardan abadan\u00e7ylyk, m\u00e4hriban Watanymyzy\u0148 g\u00fcll\u00e4p \u00f6smegi, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 d\u00f6wletli tutumlaryny\u0148 rowa\u00e7 almagy dileg edilip, me\u00fddanlara ilkinji gowa\u00e7a tohumlary sepildi. So\u0148ra mehanizatorlar i\u015fe giri\u015fdiler. \u201cP\u00e4him Pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u201d \u00fdylynda wela\u00fdat bo\u00fdun\u00e7a 140 m\u00fc\u0148 gektar me\u00fddanda gowa\u00e7a eki\u015fini bellenilen m\u00f6hletlerde ge\u00e7irip, g\u00f6wneja\u00fd g\u00f6geri\u015f almak me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4r.<br \/>\n\u00ddurdumyzy\u0148 oba hojalyk toplumynda d\u00f6wrebap \u00f6zgertmeleri ge\u00e7irmek we pudagy toplumla\u00fdyn \u00f6sd\u00fcrmek, oba hojalygyny \u00fdokary girdejili pudaklary\u0148 birine \u00f6w\u00fcrmek, \u00f6nd\u00fcril\u00fd\u00e4n oba hojalyk \u00f6n\u00fcmlerini\u0148 m\u00f6\u00e7berlerini artdyrmak arkaly bu \u00f6n\u00fcmleri\u0148 da\u015fary \u00fdurtlardan getiril\u00fd\u00e4n m\u00f6\u00e7berlerini azaltmak hem-de halkymyzy\u0148 azyk \u00f6n\u00fcmlerine bolan isleglerini we \u00fdurdumyzda azyk bol\u00e7ulygyny \u00fcpj\u00fcn etmek, \u015fe\u00fdle hem oba z\u00e4hmetke\u015flerini\u0148 durmu\u015f we z\u00e4hmet \u015fertlerini yzygiderli gowulandyrmak bo\u00fdun\u00e7a maksatnamala\u00fdyn i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Bu i\u015fler bilen bir hatarda, \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalyk pudagyny\u0148 kanun\u00e7ylyk bin\u00fdadyny\u0148 hem-de \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik gatna\u015fyklaryny\u0148 yzygiderli k\u00e4mille\u015fdirilmegi netijesinde, da\u00fdhanlarymyza \u00f6nd\u00fcrijilikli z\u00e4hmet \u00e7ekm\u00e4ge we bereketli t\u00fcrkmen topragyndan bol hasyl almaga d\u00f6wletimiz tarapyndan \u00e4hli m\u00fcmkin\u00e7ilikler d\u00f6redil\u00fd\u00e4r.<br \/>\nHormatly Prezidentimizi\u0148 2024-nji t\u00e4ze \u00fdyly gar\u015fy al\u00fdan pursatymyzda \u00f6z\u00fcni\u0148 halkymyza t\u00e4ze \u00fdyl gutlagynda oba hojalyk pudagynda-da d\u00fc\u00fdpli \u00f6zgertmeler amala a\u015fyryp, da\u00fdhanlarymyzy\u0148 m\u00e4hir si\u0148dirip \u00fdeti\u015fdir\u00fd\u00e4n bugda\u00fd hem pagtany\u0148, \u015fe\u00fdle-de be\u00fdleki oba hojalyk ekinlerini\u0148 geljekde da\u00fdhanlarymyzy ykdysady ta\u00fddan h\u00f6weslendirmek maksady bilen, d\u00f6wlet satyn aly\u015f nyrhlaryny \u00fdokarlandyrmak meselesine serediljekdigini nygtap ge\u00e7ipdi. Bu g\u00fcnki g\u00fcnde bolsa \u015fol \u00f6zgertmeler amal edildi. Bu \u00f6zgertmeler bolsa edermen oba hojalyk\u00e7ylarymyzy z\u00e4hmet \u00fcst\u00fcnliklerine has-da ruhlandyrdy.<br \/>\nT\u00fcrkmenistany\u0148 Ministrler Kabinetini\u0148 gi\u0148i\u015fle\u00fdin mejlisinde \u00fdurdumyzy durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrmek bo\u00fdun\u00e7a a\u00fddy\u0148 wezipeler kesgitlenildi. \u00ddurdumyzy\u0148 Oba hojalyk ministrligini d\u00f6wr\u00fc\u0148 talaplaryna la\u00fdyklykda t\u00e4zeden \u00fc\u00fdtgedip gurmak, bu ministrlikden b\u00f6l\u00fcnip a\u00fdrylmagy arkaly degi\u015fli d\u00fcz\u00fcmleri d\u00f6retmek, bugda\u00fdy\u0148 we pagtany\u0148 d\u00f6wlet satyn aly\u015f nyrhlaryny \u00fdokarlandyrmak bilen bagly halk b\u00e4hbitli \u00e7\u00f6zg\u00fctler kabul edildi.<br \/>\nHormatly Prezidentimizi\u0148 bu ulgama ber\u00fd\u00e4n hemi\u015felik \u00fcnsi hem-de hema\u00fdat-goldawy bilen, \u015fu \u00fdyl oba hojalyk tehnikalaryny\u0148 sany has-da artdy. Netijede, m\u00f6ws\u00fcm d\u00f6wr\u00fcnde s\u00fcr\u00fcm traktorlaryny\u0148 570-e gola\u00fdy, 2200-den gowrak bejergi traktory, 500-e gola\u00fd ekijiler hem-de 19 m\u00fc\u0148den gowrak oba hojalyk i\u015f gurallary netijeli i\u015flediler.<br \/>\nPagta\u00e7ylyk pudagy da\u015fary \u00fdurtlardan getiril\u00fd\u00e4n harytlary\u0148 ornuny tut\u00fdan<br \/>\n\u00f6n\u00fcm\u00e7ilikleri we \u00fdurdumyzy\u0148 eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak bo\u00fdun\u00e7a d\u00f6wlet maksatnamalaryny\u0148 amala a\u015fyrylmagyny \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4n obasenagat toplumyny\u0148 esasy pudaklaryny\u0148 biridir. Bu pudakda gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli \u00f6zgertmeleri\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7irilmegi esasynda obasenagat toplumyny\u0148 netijeliligi \u00fdokarlan\u00fdar.<br \/>\nWela\u00fdat oba hojalyk birle\u015figini\u0148 tehniki hyzmat edi\u015f k\u00e4rhanalaryndaky kuwwatly tehnikalary\u0148 g\u00fc\u00fdji bilen gy\u015fky me\u00fddan i\u015fleri \u00f6z wagtynda amal edildi, eki\u015f ge\u00e7iriljek \u00fderler kada la\u00fdyk s\u00fcr\u00fcldi hem-de endigan tekizlendi. \u015ee\u00fdle agrotehniki \u00e7\u00e4releri\u0148 ge\u00e7irilmegi ekinleri\u0148 kadaly g\u00f6germegini\u0148 we hasyllylygy\u0148 esasy \u015fertlerini\u0148 biri hasaplan\u00fdar. Sebiti\u0148 ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlaryny suw bilen \u00fcpj\u00fcn etmek meselesi hem doly \u00e7\u00f6z\u00fcldi. Wela\u00fdaty\u0148 umumy uzynlygy 15 m\u00fc\u0148 kilometre barabar bolan akabalary, hojalygara hem i\u00e7erki \u00fdaplary bol ak\u00fdan mele suwdan doldy. \u015eu \u00fdyl suwdan tyg\u015fytly pe\u00fddalanmak, hususan-da, suwary\u015fy\u0148 d\u00fcrli, \u015fol sanda damjala\u00fdyn usullaryny ulanmak babatda degi\u015fli i\u015fler alnyp baryldy. \u015ee\u00fdle \u00e7\u00e4releri\u0148 ge\u00e7irilmegi \u00fduwu\u015f suwuny tutmak i\u015flerini\u0148 depginini \u00fdokarlandyrmaga \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r. \u00ddokary hilli tohum \u00fderden bereketli hasyl almagy\u0148 esasy \u015fertlerini\u0148 biridir. \u015eu \u00fdyl wela\u00fdatda gowa\u00e7a tohumyny\u0148 en\u00e7eme \u00fdyllary\u0148 synagyndan ge\u00e7en, sebiti\u0148 toprak-howa \u015fertlerine u\u00fdgunla\u015fan \u201c149F\u201d, \u201cF4727\u201d, \u201cDa\u015foguz 127\u201d, \u201cSerdar\u201d g\u00f6rn\u00fc\u015flerini ekmek g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdar. H\u00e4zirki wagtda pagta arassala\u00fdjy k\u00e4rhanalarda \u015fu \u00fdyly\u0148 hasyly \u00fc\u00e7in gowa\u00e7a tohumyny\u0148 26 m\u00fc\u0148 tonnadan gowragy ta\u00fd\u00fdarlanyldy.<br \/>\nHormatly Prezidentimizi\u0148 ba\u015flangyjy bo\u00fdun\u00e7a oba hojalygynda amala a\u015fyryl\u00fdan \u00f6zgertmeleri\u0148 netijesinde, pudak \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 t\u00e4ze derejesine \u00e7ykdy. \u00ddurdumyzy\u0148 obasenagat toplumyny\u0148 d\u00fcz\u00fcmleri hemde hyzmat ed\u00fd\u00e4n pudaklar tehniki ta\u00fddan enjamla\u015fdyryl\u00fdar, d\u00f6wrebapla\u015fdyryl\u00fdar, t\u00e4ze \u00f6zle\u015fdiril\u00fd\u00e4n \u00fderler \u00fc\u00e7in suw hojalyk desgalary gurul\u00fdar, pudagy\u0148 maddy-enjamla\u00fdyn bin\u00fdadyny pugtalandyrmak babatda d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy \u00f6n\u00fcm \u00f6nd\u00fcrijilerini\u0148 \u00fderli toprak, howa \u015fertlerine la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4n \u00fdokary \u00f6nd\u00fcrijilikli tehnikalary yzygiderli satyn alyn\u00fdar. Munu\u0148 \u00f6zi \u00fdaz eki\u015fini\u0148 bellenilen m\u00f6hletlerde ge\u00e7irilmegine hem-de g\u00f6wneja\u00fd hasyly\u0148 \u00fdeti\u015fdirilmegine m\u00fcmkin\u00e7ilik d\u00f6red\u00fd\u00e4r.<br \/>\nOba hojalygy T\u00fcrkmenistany\u0148 ykdysady\u00fdetini\u0148 wajyp d\u00fcz\u00fcmi bolup dur\u00fdar. Ilaty\u0148 \u00fdarysyndan gowragy oba \u00fderlerinde \u00fda\u015fa\u00fdar we i\u015f\u00e7i g\u00fc\u00fdj\u00fcni\u0148 40% gowragy oba hojalygyna sarp edil\u00fd\u00e4r. Gahryman Arkadagymyz d\u00f6wlet ba\u015fyna gelen ilkinji g\u00fcnlerinden \u00fdurdumyzda ylmy hemmetarapla\u00fdyn \u00f6sd\u00fcrmek, ylmy\u0148 gazananlaryny ykdysady\u00fdetimizi\u0148 pudaklarynda, \u015fol sanda oba hojalygynda netijeli ulanmak, jemgy\u00fdeti\u0148 a\u0148-d\u00fc\u015f\u00fcnjesini has-da \u00fdokarlandyrmak d\u00f6wlet sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 birine \u00f6wr\u00fcldi.<br \/>\nWela\u00fdatymyzda oba hojalygyny tutu\u015fla\u00fdyn dolandyrmagy\u0148 d\u00f6redilen \u00e7e\u00fde we netijeli ulgamy \u00fc\u00e7in \u00fdokary bilimli h\u00fcn\u00e4rmenleri ta\u00fd\u00fdarlamakda 2010-njy \u00fdyly\u0148 13-nji ma\u00fdynda Gahryman Arkadagymyzy\u0148 gatna\u015fmagynda t\u00e4ze bilim ojagyny\u0148, ylym merkezi\u0148 \u00fdagny T\u00fcrkmen oba hojalyk institutyny\u0148 a\u00e7ylmagyna m\u00f6h\u00fcm orun degi\u015fli bolup dur\u00fdar.<br \/>\nT\u00e4ze d\u00f6redilen \u00fdokary okuw mekdebini\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde tebigy ba\u00fdlyklary rejeli pe\u00fddalanmak, oba hojalyk pudagyny, \u015fol sanda obasenagat toplumyny, oba hojalyk \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini intensiw \u00f6sd\u00fcrmek, ga\u00fdrago\u00fdulmasyz durmu\u015f meseleleri \u00e7\u00f6z\u00fclende obasenagat toplumyny\u0148 pa\u00fdyny artdyrmak arkaly \u00fdurdu\u0148 sebitlerini durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan \u00fdokary dereje \u00f6sd\u00fcrmeli h\u00fcn\u00e4rmenleri ta\u00fd\u00fdarlamak \u00fdaly d\u00f6wr\u00fc\u0148 \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fd\u00e4n derwa\u00fdys wezipeleri go\u00fduldy we bu wezipeler h\u00e4zirki wagtda \u00fcst\u00fcnlikli dowam etdiril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Parahatgyly\u00e7 A\u015fyrgylyjow, Da\u00fdhanbank D\u00f6wlet t\u00e4jir\u00e7ilik bankyny\u0148 Ruhubelent etrap \u015faham\u00e7asyny\u0148 Oba hojalyk \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini karzla\u015fdyrmak b\u00f6l\u00fcmini\u0148 ba\u015flygy, KA-ny\u0148 i\u015fje\u0148 agzasy.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>\u015eu g\u00fcn wela\u00fdatymyzda hormatly Prezidentimizi\u0148 tab\u015fyrygyna la\u00fdyklykda wela\u00fdatymyzy\u0148 ak sakgally \u00fda\u015fulularyny\u0148 ak patasy bilen oba hojalygynda jogapk\u00e4rli m\u00f6ws\u00fcme badalga berildi. Di\u00fdarymyzda m\u00f6h\u00fcm oba hojalyk m\u00f6ws\u00fcmi bolan gowa\u00e7a eki\u015fi ba\u015flandy. Hormatly Prezidentimizi\u0148 Ministrler Kabinetini\u0148 nobatdaky mejlisinde bell\u00e4n m\u00f6hletlerine la\u00fdyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary wela\u00fdatlaryny\u0148 pagta\u00e7ylary 20-nji martda, Da\u015foguz wela\u00fdatyny\u0148 da\u00fdhanlary bolsa bu gowa\u00e7a eki\u015fi m\u00f6ws\u00fcme [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":75109,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/103319"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=103319"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/103319\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":103327,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/103319\/revisions\/103327"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/75109"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=103319"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=103319"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=103319"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}