{"id":103600,"date":"2024-03-30T11:48:02","date_gmt":"2024-03-30T06:48:02","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=103600"},"modified":"2024-06-22T10:45:54","modified_gmt":"2024-06-22T05:45:54","slug":"sungata-hyzmat-watana-hyzmat","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/sungata-hyzmat-watana-hyzmat\/","title":{"rendered":"Sungata hyzmat \u2013 Watana hyzmat"},"content":{"rendered":"<p>Uzakly g\u00fcnki \u00e7ekilen z\u00e4hmetden so\u0148 radioda beril\u00fd\u00e4n geple\u015fiklerdir, a\u00fddym-sazlary di\u0148lemegi\u0148 lezzeti ba\u015fga bol\u00fdar. Esasan hem \u201cMiras\u201d radio\u00fda\u00fdlymynda \u00fda\u00fdlyma beril\u00fd\u00e4n \u201cT\u00fcrkmen \u00fdoly\u201d atly edebi- \u00e7eper geple\u015figi di\u0148l\u00e4ni\u0148de onda okal\u00fdan edebi-\u00e7eper eserler seni \u00f6z\u00fcne ma\u00fdyl ed\u00fd\u00e4r. \u015eol geple\u015figi \u00f6z\u00fcni\u0148 gulaga \u00fdakymly, sadadan-myla\u00fdym, mahmal sesi bilen alyp bar\u00fdan, \u00fdurdumyzy\u0148 Be\u00fdik Saparmyrat T\u00fcrkmenba\u015fy adyndaky Ba\u015f akademiki drama teatryny\u0148 sahna ussady, T\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan artisti Batyr \u00c7ary\u00fdew bilen du\u015fu\u015fyp, onu\u0148 durmu\u015f we d\u00f6redijilik \u00fdoly barada okyjylar k\u00f6p\u00e7\u00fcligine \u00fdetirmegi makul bildik.<\/p>\n<p><img decoding=\"async\" loading=\"lazy\" class=\"size-medium wp-image-103608 alignright\" src=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-300x199.jpg\" alt=\"\" width=\"300\" height=\"199\" srcset=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-300x199.jpg 300w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-1024x680.jpg 1024w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-768x510.jpg 768w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-696x462.jpg 696w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-1068x709.jpg 1068w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943-632x420.jpg 632w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2024\/03\/DSC_7943.jpg 1072w\" sizes=\"(max-width: 300px) 100vw, 300px\" \/><\/p>\n<p>Batyr \u00c7ary\u00fdew Mary wela\u00fdatyny\u0148 Murgap etrabyny\u0148 \u00c7\u00e4\u00e7depe obasynda 1972-nji \u00fdylda demir\u00fdol\u00e7yny\u0148 ma\u015fgalasynda d\u00fcn\u00fd\u00e4 in\u00fd\u00e4r. Batyry\u0148 atasy Hally aga demir\u00e7i ussa bolupdyr hem-de gyrgy t\u00fc\u00fdd\u00fckde saz \u00e7alar eken. Batyry\u0148 kakasy Rejep aga bolsa otly s\u00fcr\u00fcjisi bolup z\u00e4hmet \u00e7ekipdir. Batyry\u0148 ejesi Orazg\u00f6zel eje bolsa \u00f6mr\u00fcni da\u00fdhan\u00e7ylyga bagy\u015f ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Batyr ba\u015flangy\u00e7 bilimi obalaryndaky 29-njy orta mekdepde al\u00fdar. Ol, esasan, t\u00fcrkmen dili we edebi\u00fdaty, taryh, geografi\u00fda sapaklaryna \u00fdykgyn edipdir. Ol mekdepde mugallymlary, belli \u015fahyr Atajan Annaberdi\u00fdew, \u015fe\u00fdle-de Gurbanjemal Suhanowa, Altyn Abdylla\u00fdewa \u00fdaly ussatlardan sapak al\u00fdar. Batyr \u00f6r\u00e4n bilesigeliji, \u00fdatke\u015f bol\u00fdar. Ol \u00fda\u015flygyndan \u00e7eper eserleri, go\u015fgulary okamagy we \u00fdazuw i\u015fleri bilen me\u015fgul bolmagy gowy g\u00f6r\u00fcpdir.<\/p>\n<p>Ol mekdepde oka\u00fdan d\u00f6wri pa\u00fdtagty\u0148 teatrlaryndan obalaryna gelip \u00f6z spektakllaryny g\u00f6rkez\u00fd\u00e4n artistleri hem \u00fcr\u00e7 edip synlar eken. Olary\u0148 sahnada d\u00f6red\u00fd\u00e4n ke\u015fpleri ony biparh go\u00fdmandyr. Ol mawy ekran arkaly g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4n filmleri hem sypdyrman g\u00f6rer eken. Ony, esasan, T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artisti, \u201cA\u00fdgytly \u00e4dim\u201d filmind\u00e4ki Artygy\u0148 ke\u015fbi bilen adygan Baba Annanowy\u0148 sungaty \u00f6z\u00fcne \u00e7ekipdir. Megerem \u015fol zatlary\u0148 t\u00e4siri \u00fdetendir-d\u00e4, Batyr orta mekdebi tamamlanyndan so\u0148 1995-nji \u00fdylda artist bolmak maksady bilen A\u015fgabada ga\u00fdd\u00fdar. Ol T\u00fcrkmen d\u00f6wlet medeni\u00fdet institutyny\u0148 teatr sungaty fakultetini\u0148 drama we kino akt\u00fdorlaryny ta\u00fd\u00fdarla\u00fdan b\u00f6l\u00fcmine resminamalaryny tab\u015fyr\u00fdar. Giri\u015f synaglaryny \u00fcst\u00fcnlikli tab\u015fyran Batyry okuwa kabul ed\u00fd\u00e4rler.<\/p>\n<p>Batyr institutda okan wagty T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artisti, professor Nurmuhammet Ke\u015f\u015fikow, Durdym\u00e4mmet \u00d6r\u00e4\u00fdew, Oguljan Ny\u00fdazberdi\u00fdewa, \u00c7ary I\u015fanguly\u00fdew \u00fdaly halypalardan sapak al\u00fdar. Batyr bilen bir toparda T\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan artisti Ma\u00fda Anna\u00fdewa, \u015fe\u00fdle-de artistler Atamyrat Atamyradow, Sura\u00fd Se\u00fdidowa, Hojageldi Saparow dagylar hem oka\u00fdar. Instituty\u0148 so\u0148ky \u00fdylynda Batyry\u0148 topary diplom i\u015f \u00fc\u00e7in W.\u015eekspiri\u0148 \u201cNadarany\u0148 nogtalany\u015fy\u201d atly eserini sahnala\u015fdyr\u00fdar. Bu sahna o\u00fdnunda Batyra ba\u015f ke\u015fp bolan Petrut\u00e7any\u0148 ke\u015fbini d\u00f6retmegi tab\u015fyr\u00fdarlar. Batyry\u0148 d\u00f6reden Petrut\u00e7asy \u00fdokary baha mynasyp bol\u00fdar.<\/p>\n<p>1999-njy \u00fdylda instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlan Batyry \u015fol wagtky A.Gulm\u00e4mmedow adyndaky \u00dda\u015f toma\u015fa\u00e7ylar teatryna i\u015fe \u00fdolla\u00fdarlar. Bu teatrda Batyra halypa artistler \u00d6wez Gelenow, \u00d6wl\u00fd\u00e4guly Hojaguly\u00fdew, Anna Mel\u00e4\u00fdew, Annamuhammet Gurbanow, Go\u00e7myrat Beki\u00fdew \u00fdaly ussatlar bilen bir sahnada \u00e7yky\u015f etmek mi\u00fdesser ed\u00fd\u00e4r. \u00dda\u015flar teatryny\u0148 sahnasynda Batyr \u00fda\u015f h\u00fcn\u00e4rmen h\u00f6km\u00fcnde G.Da\u0148atarowy\u0148 \u201cJelaletdin Soltan\u201d atly spektaklynda ba\u015f ke\u015fp bolan Mahmyt \u00ddalwajy\u0148 ke\u015fbinde \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. \u015eondan so\u0148 Batyr \u201cY\u015fgy\u0148 g\u00e4misi kenarda\u201d sahna o\u00fdnunda \u00c7ary Nury\u00fdewy\u0148, \u201cHalas edi\u0148\u201d spektaklynda Ata\u015fy\u0148, \u201cSeljuk s\u00f6\u00fdg\u00fcsi\u201d sahna o\u00fdnunda Serhen Na\u00fdyby\u0148 ke\u015fplerini ussatlar\u00e7a janlandyryp, teatry\u0148 d\u00f6redijilik toparyna \u00fdene-de bir \u00fditi zehinli artisti\u0148 go\u015fulandygyny a\u00fdan ed\u00fd\u00e4r. So\u0148y bilen bu teatr \u00fc\u00e7in t\u00e4ze, \u00e4hli amatlyklary bolan bina gurlup ulanmaga berlip, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar. Bu teatrda 2014-nji \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6redijilikli z\u00e4hmet \u00e7eken Batyr zehinini drama teatrynda synap g\u00f6rmek maksady bilen \u00fdurdumyzy\u0148 Be\u00fdik Saparmyrat T\u00fcrkmenba\u015fy adyndaky Ba\u015f akademiki drama teatryna i\u015fe gel\u00fd\u00e4r. Batyr bu teatry\u0148 d\u00f6redijilik topary bilen tiz \u00f6wreni\u015fip gid\u00fd\u00e4r. Teatry\u0148 \u015fol wagtky \u00fdolba\u015f\u00e7ysy, T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artisti Kakajan A\u015fyrow Batyry g\u00fcler \u00fd\u00fcz bilen gar\u015fy al\u00fdar. Ba\u015f teatry\u0148 sahnasynda Batyr birn\u00e4\u00e7e sahna o\u00fdunlarynda \u00e7yky\u015f edip, teatr mu\u015fdaklaryny\u0148 s\u00f6\u00fdg\u00fcsine mynasyp bol\u00fdar. Olardan \u201cD\u00f6wlet gu\u015fy\u201d atly spektaklynda Berdimuhammet\u00a0 mugallymy\u0148, \u201cGorkut ata\u201d eposy bo\u00fdun\u00e7a sahnala\u015fdyrylan \u201cD\u00e4li Domrul\u201d sahna o\u00fdnunda Pudagy\u0148, \u201cHindi rowa\u00fdatynda\u201d Birbaly\u0148, \u201cGi\u00fdewleri\u0148 b\u00e4sle\u015figinde\u201d Arslan hany\u0148, \u201dGelinlerde\u201d Hekimi\u0148, A.Durdy\u00fdewi\u0148 \u201cSen s\u00f6\u00fd meni\u201d atly sahna o\u00fdnunda Anna Tartary\u0148, \u201cDutary\u0148 owazynda\u201d Kyssalyny\u0148 ke\u015fpleri halk k\u00f6p\u00e7\u00fcligi tarapyndan gyzgyn gar\u015fy alnan ke\u015fplerdir. Batyr \u00c7ary\u00fdew 2001-nji \u00fdyldan b\u00e4ri T\u00fcrkmenistany\u0148 Telewideni\u00fde, radiogeple\u015fikler we kinematografi\u00fda baradaky d\u00f6wlet komitetini\u0148 \u201cMiras\u201d teleradio\u00fda\u00fdlymyny\u0148 \u201cMiras\u201d radio\u00fda\u00fdlymyny\u0148 \u201cT\u00fcrkmen \u00fdoly\u201d hem-de \u201cSungat \u00e4leminde\u201d atly geple\u015fiklerini alyp barmak bilen, \u00f6z\u00fcni\u0148 mahmal sesi bilen radiodi\u0148le\u00fdjileri\u0148 s\u00f6\u00fdg\u00fcsine mynasyp bolmagy ba\u015fardy. Batyr bilen s\u00f6hbetde\u015f bolanymyzda ol \u201cMiras\u201d teleradio\u00fda\u00fdlymyny\u0148 redaktory G\u00fcl\u00f6wser Sopy\u00fdewa bilen \u201cHalypa \u015f\u00e4girt\u201d atly telegeple\u015figi ta\u00fd\u00fdarla\u00fdandyklaryny, \u015fol geple\u015figi hem \u00f6z\u00fcni\u0148 alyp barmalydygyny bu\u00fdsan\u00e7 bilen belledi.<\/p>\n<p>Batyr halypa artist Baba Annanowy\u0148 zehinine, artistlik ukybyna uly hormat go\u00fdup, halypa artisti hemi\u015fe \u00fd\u00fcreginde saklap gelipdir. \u015eol seb\u00e4pden hem halypa artist B.Annanow \u00fc\u00e7 gezek Batyry\u0148 d\u00fc\u00fd\u015f\u00fcne gir\u00fd\u00e4r. Birinji gezek ertesi instituta girip synag tab\u015fyrmaly ag\u015famsy, ikinji gezek instituty\u0148 gutardy\u015f synagyny tab\u015fyrmaly g\u00fcni, \u00fc\u00e7\u00fcnji gezek hem okuwy tamamlap teatry\u0148 gapysyndan \u00e4tlejek g\u00fcni bolup ge\u00e7\u00fd\u00e4r. Batyr \u00c7ary\u00fdew 1998-nji \u00fdyldan b\u00e4ri \u00f6z\u00fcni\u0148 mahmaldan myla\u00fdym sesi bilen \u00fdurdumyzy\u0148 Oguzhan adyndaky \u201cT\u00fcrkmenfilm\u201d kinostudi\u00fdasynda surata d\u00fc\u015f\u00fcril\u00fd\u00e4n filmleri\u0148 aglabasynda diktor tekstlerini okap gel\u00fd\u00e4r. H\u00e4zirki wagta \u00e7enli ol filmleri\u0148 sany 150-den ge\u00e7\u00fd\u00e4r. Batyr \u00c7ary\u00fdew kino sungatynda artist h\u00f6km\u00fcnde-de birn\u00e4\u00e7e ke\u015fpleri janlandyrdy. Olardan kinore\u017eiss\u00fdor Muhammet S\u00f6\u00fd\u00fcnhanowy\u0148 surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u201cY\u015fky\u0148 \u00fdoly\u201d filmind\u00e4ki \u00d6wezi\u0148, kinore\u017eiss\u00fdor Halm\u00e4mmet Kakaba\u00fdewy\u0148 surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u201cTapakgan\u201d filmind\u00e4ki esgeri\u0148, dramaturg hem re\u017eiss\u00fdor Ba\u00fdram Abdylla\u00fdewy\u0148 surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u201cBor\u00e7\u201d filmind\u00e4ki Beglini\u0148, \u015fonu\u0148 \u00fdaly-da kinore\u017eiss\u00fdor Myrat Orazowy\u0148 surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u201cS\u00e4hra a\u00fddymy\u201d hem-de \u201cSe\u00fdis\u201d, kinore\u017eiss\u00fdor Durdy Ny\u00fdazowy\u0148 surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u201cD\u00fc\u00fdegu\u015f\u201d filmind\u00e4ki d\u00f6reden ke\u015fpleri \u00f6wg\u00e4 mynasyp ke\u015fplerdir.<\/p>\n<p>Batyr \u00e7eper eserleri okamagy\u0148 hem a\u015fygy, go\u015fgy okamagy\u0148 bolsa ussady. Sportu\u0148 \u00fde\u0148il atletika g\u00f6rn\u00fc\u015fi bilen me\u015fgullan\u00fdan Batyr dutar saz guralynda \u00e7alyn\u00fdan halk sazlaryny di\u0148lemegi, \u00fdazuw i\u015fleri bilen me\u015fgul bolmagy gowy g\u00f6r\u00fd\u00e4r. Ol durmu\u015fda \u00f6z me\u015fgul bol\u00fdan i\u015flerinden, k\u00e4rinden lezzet alyp \u00fda\u015famagy ba\u015far\u00fdar. Batyr \u00fdan\u00fdolda\u015fy Sura\u00fd bilen iki ogly, iki gyzy terbi\u00fdel\u00e4p \u00fdeti\u015fdirdiler. \u00c7agalaryny\u0148 ikisi \u00fdokary okuw mekdebinde, ikisi bolsa orta mekdepde okap \u00fd\u00f6rler. 2015-nji \u00fdylda T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u201cT\u00fcrkmeni\u0148 Altyn asyry\u201d atly b\u00e4sle\u015figini\u0148 \u00fde\u0148ijisi bolan zehinli sahna ussady hem-de alypbaryjy Batyr \u00c7ary\u00fdewy\u0148 sungat \u00e4leminde bitiren hyzmatlary g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, 2022-nji \u00fdylda T\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan artisti di\u00fden hormatly at dakyl\u00fdar. Bize bolsa Batyra mundan be\u00fdl\u00e4k hem d\u00f6redijilik \u00fcst\u00fcnliklerini arzuw ed\u00e4\u00fdmek gal\u00fdar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong><em>\u00a0<\/em><\/strong><strong><em>Akmyrat Hojaberdi\u00fdew<\/em><\/strong><strong><em>,\u00a0<\/em><\/strong><strong><em>kino sungatyny \u00f6wreniji<\/em><\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Uzakly g\u00fcnki \u00e7ekilen z\u00e4hmetden so\u0148 radioda beril\u00fd\u00e4n geple\u015fiklerdir, a\u00fddym-sazlary di\u0148lemegi\u0148 lezzeti ba\u015fga bol\u00fdar. Esasan hem \u201cMiras\u201d radio\u00fda\u00fdlymynda \u00fda\u00fdlyma beril\u00fd\u00e4n \u201cT\u00fcrkmen \u00fdoly\u201d atly edebi- \u00e7eper geple\u015figi di\u0148l\u00e4ni\u0148de onda okal\u00fdan edebi-\u00e7eper eserler seni \u00f6z\u00fcne ma\u00fdyl ed\u00fd\u00e4r. \u015eol geple\u015figi \u00f6z\u00fcni\u0148 gulaga \u00fdakymly, sadadan-myla\u00fdym, mahmal sesi bilen alyp bar\u00fdan, \u00fdurdumyzy\u0148 Be\u00fdik Saparmyrat T\u00fcrkmenba\u015fy adyndaky Ba\u015f akademiki drama teatryny\u0148 sahna [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":103607,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[12,4],"tags":[9229,9231,9235,9233,2866],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/103600"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=103600"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/103600\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":103610,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/103600\/revisions\/103610"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/103607"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=103600"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=103600"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=103600"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}