{"id":105571,"date":"2024-04-25T11:51:27","date_gmt":"2024-04-25T06:51:27","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=105571"},"modified":"2024-04-25T12:23:34","modified_gmt":"2024-04-25T07:23:34","slug":"dunya-halklaryn-bedewleri-baradaky-tasinlikler","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/dunya-halklaryn-bedewleri-baradaky-tasinlikler\/","title":{"rendered":"D\u00fcn\u00fd\u00e4 halklaryny\u0148 bedewleri baradaky t\u00e4sinlikler"},"content":{"rendered":"<p>Biz atlar hakda n\u00e4me bil\u00fd\u00e4ris? Bular tohumlara b\u00f6l\u00fcnen, re\u0148ki we da\u015fky g\u00f6rn\u00fc\u015fi bo\u00fdun\u00e7a tapawutlan\u00fdan, \u015fe\u00fdle hem jemgy\u00fdetde \u00f6zlerini\u0148 gelip \u00e7yky\u015fy we a\u00fdratynlyklary bilen me\u015fhurlyga e\u00fde bolan i\u0148 asylly, t\u00e4sinli we arassa \u00fd\u00fcrekli jandardyr.<br \/>\nM\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, her bir halky\u0148 we \u00fdurdu\u0148 milli hazynasyna de\u0148e\u00fd\u00e4n \u00f6z behi\u015fdi bedewleri bar. Gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri d\u00fcrli milletler bu jandarlara lakamlar hem-de atlar dakyp be\u00fdleki ha\u00fdwanlardan a\u00fdratynlyklaryny tapawutlandyrypdyrlar.<br \/>\nBu makalamyzda d\u00fcn\u00fd\u00e4 halklaryny\u0148 gymmatly hazynasy hasaplanyl\u00fdan behi\u015fdi bedewleri baradaky maglumatlary okyjylara \u00fdetirmegi maksat bildik:<\/p>\n<p><strong>T\u00fcrkmenistan<\/strong><br \/>\nT\u00fcrkmeni\u0148 behi\u015fdi bedewleri d\u00fcn\u00fd\u00e4de me\u015fhurdyr. Ahalteke atlary nepisligi, da\u015fky g\u00f6rn\u00fc\u015fi we dur\u015funy\u0148 asyllygy bilen ynsany ha\u00fdran galdyr\u00fdar. \u00abGalkyny\u015f\u00bb milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar topary bolsa, di\u0148e bir \u00fdurdu\u0148 \u00e7\u00e4ginde ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n ba\u00fdram\u00e7ylyk dabaralaryna gatna\u015fmak bilen \u00e7\u00e4klenm\u00e4n, halkara derejesinde ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n b\u00e4sle\u015fiklerde hem ge\u0148 galdyryjy \u00e7yky\u015flary bilen ba\u00fdrakly orunlary e\u00fdele\u00fd\u00e4rler. Bu behi\u015fdi bedewleri\u0148 \u015fanyna her \u00fdyly\u0148 aprel a\u00fdynda d\u00f6wlet derejesinde T\u00fcrkmen bedewini\u0148 ba\u00fdramy uly dabara bilen bellenip ge\u00e7ilmegi halky\u0148 milli bu\u00fdsanjy bolan t\u00fcrkmen bedewlerine hormatyny\u0148 \u00fdokarydygyny g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>Angli\u00fda<\/strong><br \/>\nAngli\u00fda k\u00f6p wagtdan b\u00e4ri atlary \u00f6z \u00fdurduny\u0148 milli bu\u00fdsanjy hasapla\u00fdar, h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde \u201cDerbi\u201d atly at \u00fdary\u015flary milli gymmatlyklaryna \u00f6wr\u00fcldi. 1771-nji \u00fdyldan b\u00e4ri i\u0148lisleri\u0148 metbugatlarynda atlara ideg etmek, olary \u00fd\u00f6ri\u015flere ta\u00fd\u00fdarlamak barada gi\u0148i\u015fle\u00fdin makalalar \u00e7ap edil\u00fd\u00e4r. XVIII asyry\u0148 ortalarynda \u00fdurtda at \u00f6sd\u00fcrip \u00fdeti\u015fdirmegi\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti \u00fdokary tizlikde alnyp baryldy. D\u00fcn\u00fd\u00e4de arap atlary bilen de\u0148 derejede me\u015fhur bolan i\u0148lis atlaryny\u0148 hem birn\u00e4\u00e7e g\u00f6rn\u00fc\u015fi bar.<\/p>\n<p><strong>Fransi\u00fda<\/strong><br \/>\nFransuzlar gadymy d\u00f6w\u00fcrden b\u00e4ri aty \u201c\u00e7ewal\u201d di\u00fden s\u00f6z bilen atlandyr\u00fdarlar. Fransuzlary\u0148 \u201cPer\u015feron\u201d atly tohumly bedewi d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 k\u00f6p sanly atyny \u00f6sd\u00fcrip \u00fdeti\u015fdirmekd\u00e4ki go\u015fandy uludyr.<\/p>\n<p><strong>Itali\u00fda<\/strong><br \/>\nItal\u00fdan halky atlaryny m\u00e4hirli s\u00f6z bilen \u201ccavallo\u201d di\u00fd\u00fd\u00e4rler. H\u00e4zirki wagtda bu \u00fdurdu\u0148 \u00e7\u00e4ginde d\u00fcrli tohumly 1 milliondan gowrak at bar. Itali\u00fdaly me\u015fhur at\u015fynas Federiko Tesio atlary k\u00f6peltmek we olary \u00fdary\u015fa ta\u00fd\u00fdarlamak babatda d\u00fc\u00fdb\u00fcnden t\u00e4ze\u00e7il usullary h\u00f6d\u00fcrledi. D\u00fcn\u00fd\u00e4 alymlaryny\u0148 we h\u00fcn\u00e4rmenleri\u0148 pikiri\u00e7e h\u00e4zirki zaman tohumly atlary\u0148 75% ital\u00fdan ganly atlardygyny be\u00fdan ed\u00fd\u00e4rler. Itali\u00fdany\u0148 \u201cM\u00fcrgese\u201d, \u201cSalerno\u201d \u00fdaly tohumly atlaryny se\u00fdislemek \u00fdewropa halklaryny\u0148 arasynda uly me\u015fhurlyga e\u00fdedir.<\/p>\n<p><strong>Germani\u00fda<\/strong><br \/>\nGermani\u00fdany\u0148 k\u00f6p sanly at tohumlaryny\u0148 arasynda i\u0148 gadymysy \u201cHol\u015fte\u00fdn\u201d tiresidir. Hol\u015fte\u00fdnleri\u0148 sa\u00fdlama wekillerinden \u00f6sd\u00fcrilip \u00fdeti\u015fdirilen \u201cGannower\u201d atly tohumyny\u0148 atlary d\u00fcn\u00fd\u00e4de uly me\u015fhurlyga e\u00fdedir. Bu tohumly atlar d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletlerinde ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n atlary\u0148 g\u00f6zellik b\u00e4sle\u015fiklerinde, triatlon we b\u00f6kmek \u00fdary\u015flarynda i\u0148 na\u00fdba\u015fy ba\u00fdraklary almagy ba\u015faran hem-de bu d\u00f6wleti d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u015f\u00f6hratlandyran bedewidir.<\/p>\n<p><strong>Gazagystan<\/strong><br \/>\nGazak halky bedewlerine \u201c\u017dylky\u201d di\u00fdip atlandyr\u00fdarlar. Gazagystan Respublikasyny\u0148 \u00e7\u00e4ginde pe\u00fdda bolan we h\u00e4zirki wagtda d\u00f6wleti\u0148 \u00e7\u00e4ginde bolmagyny dowam ed\u00fd\u00e4n milli bedewleri gazagy\u0148 d\u00fczl\u00fck (s\u00e4hra) atlarydyr. Gazagystanda \u00fderli at\u00e7ylykda 13 tohumly at bar, olary\u0148 k\u00f6p\u00fcsi \u00fdurdu\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli ykdysady\u00fdetini\u0148 esasyny d\u00fcz\u00fd\u00e4r. \u201cKustana\u00fd\u201d, \u201cJebe\u201d we \u201cAda\u00fdewska\u00fda\u201d bedewleri halky\u0148 arasynda gi\u0148 me\u015fhurlyga e\u00fdedir.<\/p>\n<p><strong>Ukraina<\/strong><br \/>\nUkrainany\u0148 halky atlary \u201ckin\u201d s\u00f6zi bilen atlandyr\u00fdarlar. Ukrainada i\u0148 k\u00f6p \u00fda\u00fdran at tohumy \u201cHutsul\u201d, \u201cNowo-Aleksandri\u00fdwska\u00fda\u201d atly bedewleri. Bu atlar i\u0148 o\u0148at \u00f6wr\u00fcli\u015fik, bedewi\u0148 aja\u00fdyp h\u00e4si\u00fdetleri, \u00e7altlygy we ideg etmekde a\u0148satlygy seb\u00e4pli halky\u0148 s\u00f6\u00fdg\u00fcsine me\u015fhurdyr.<br \/>\nYnha, g\u00f6r\u00fc\u015fimiz \u00fdaly gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri halklar atlary i\u0148 gymmatly \u00f6\u00fd ha\u00fdwany hasaplapdyrlar, di\u0148e bir uly \u00fda\u015fly adam d\u00e4l, e\u00fdsem \u00fda\u015f juwanlar aty se\u00fdislemekde ussatlyklary g\u00f6rkezmegi ba\u015farypdyrlar. Gadymy d\u00f6w\u00fcrlerde bu jandarlar adamy\u0148 durmu\u015f \u00fdolunda k\u00f6mek\u00e7i we i\u015fje\u0148 hyzmatda\u015f h\u00f6km\u00fcnde m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedigi taryhy wakalar tassykla\u00fdar. H\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde alymlar ynsany\u0148 at m\u00fcnmegi nerw ulgamyna, d\u00fcrli keselleri\u0148 \u00f6\u0148\u00fcni almaga o\u0148yn t\u00e4sir edip bil\u00fd\u00e4ndigini subut etdiler, \u015fol seb\u00e4pli bu behi\u015fdi jandarlary\u0148 orny adamy\u0148 durmu\u015fynda we kalbynda elmydama belent s\u00f6\u00fdg\u00e4 mynasyp bolup galar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Internet maglumatlary esasynda ta\u00fd\u00fdarlan:<\/strong><br \/>\n<strong>Serdar AKY\u00ddEW,<\/strong><br \/>\n<strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet migrasi\u00fda gullugyny\u0148 Arkadag \u015f\u00e4heri bo\u00fdun\u00e7a m\u00fcdirligini\u0148 harby gulluk\u00e7ysy, kapitan.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Biz atlar hakda n\u00e4me bil\u00fd\u00e4ris? Bular tohumlara b\u00f6l\u00fcnen, re\u0148ki we da\u015fky g\u00f6rn\u00fc\u015fi bo\u00fdun\u00e7a tapawutlan\u00fdan, \u015fe\u00fdle hem jemgy\u00fdetde \u00f6zlerini\u0148 gelip \u00e7yky\u015fy we a\u00fdratynlyklary bilen me\u015fhurlyga e\u00fde bolan i\u0148 asylly, t\u00e4sinli we arassa \u00fd\u00fcrekli jandardyr. M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, her bir halky\u0148 we \u00fdurdu\u0148 milli hazynasyna de\u0148e\u00fd\u00e4n \u00f6z behi\u015fdi bedewleri bar. Gadymy d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri d\u00fcrli milletler bu jandarlara [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":92470,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[301],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/105571"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=105571"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/105571\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":105575,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/105571\/revisions\/105575"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/92470"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=105571"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=105571"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=105571"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}