{"id":106137,"date":"2024-05-02T14:48:35","date_gmt":"2024-05-02T09:48:35","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=106137"},"modified":"2024-05-02T14:48:35","modified_gmt":"2024-05-02T09:48:35","slug":"usaid-turkmenistanda-suw-dolandyrylysyny-gowulandyrmak-ucin-olceg-ulgamyny-ise-girizdi","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/usaid-turkmenistanda-suw-dolandyrylysyny-gowulandyrmak-ucin-olceg-ulgamyny-ise-girizdi\/","title":{"rendered":"USAID T\u00fcrkmenistanda suw dolandyryly\u015fyny gowulandyrmak \u00fc\u00e7in \u00f6l\u00e7eg ulgamyny i\u015fe girizdi"},"content":{"rendered":"<p>A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 t\u00f6wereginde T\u00fcrkmenistany\u0148 m\u00f6h\u00fcm suw \u00fcpj\u00fcn\u00e7ilik \u00e7e\u015fmesi bolan Garagum der\u00fdany\u0148 kenarynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Suw hojalygy baradaky d\u00f6wlet komiteti bilen Amerikany\u0148 Halkara \u00d6s\u00fc\u015f Guramasy tarapyndan bu suw \u00e7e\u015fmesini\u0148 suw mukdaryny hem-de derejelerini \u00f6l\u00e7emek \u00fc\u00e7in, suwu\u0148 hasabyny \u00fd\u00f6red\u00fd\u00e4n t\u00e4ze awtomatla\u015fdyrylan ulgamy dabaraly \u00fdagda\u00fdda a\u00e7ylyp, ulany\u015fa girizildi. Bu ulgam arkaly alyn\u00fdan maglumatlar berlen hakyky wagtda el\u00fdeterli bolup, T\u00fcrkmenistany\u0148 Suw hojalygy baradaky d\u00f6wlet komiteti tarapyndan oba hojalyk, agyz suw maksatlary hem-de senagat \u00e4hmi\u00fdetli zerurlyklar \u00fc\u00e7in suwu\u0148 has takyk b\u00f6l\u00fcni\u015figini me\u00fdille\u015fdirm\u00e4ge m\u00fcmkin\u00e7ilik berer.<br \/>\nBu ulgam, T\u00fcrkmenistany suw seri\u015fdeleri\u0148 el\u00fdeterliligini \u00fcpj\u00fcn etmegi\u0148 we howa \u015fertleri\u0148 \u00fc\u00fdtgemelerine durnuklylygy artdyrmagy\u0148 netijeli gurallaryny \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in, Amerikany\u0148 Halkara \u00d6s\u00fc\u015f Guramasyny\u0148 Merkezi Azi\u00fdada suw seri\u015fdeleri we da\u015fky gur\u015faw baradaky sebitle\u00fdin taslamasyny\u0148 grant seri\u015fdelerini alan \u201cBosfor\u201d jemgy\u00fdet\u00e7ilik guramasy we \u201cGaragumder\u00fdasuwhojalyk\u201d birle\u015figi tarapyndan orna\u015fdyryldy.<br \/>\nB\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 Bankyny\u0148 \u00e7aklamalaryna la\u00fdyklykda, tutu\u015f Merkezi Azi\u00fda sebitinde howa \u015fertlerini\u0148 \u00fc\u00fdtgemelerini\u0148 t\u00e4sirleri, Amyder\u00fdany\u0148 T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00e7\u00e4gind\u00e4ki go\u015fantlarynda suwu\u0148 25% azalmagyna seb\u00e4p bolup biler. Bu \u00fdagda\u00fd, \u00fdurdu\u0148 agyz suw, \u015fe\u00fdle hem oba hojalyk ekinlerini suwary\u015f suwy bilen \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in uly kyn\u00e7ylyklary d\u00f6redip biler.<br \/>\nSuwu\u0148 hasabyny \u00fd\u00f6retmegi\u0148 awtomatla\u015fdyrylan ulgamy T\u00fcrkmenistany\u0148 h\u00f6k\u00fcmet edara-guramalary \u00fc\u00e7in Garagum der\u00fdany\u0148 suw mukdarlary hem-de onu\u0148 ugrundaky suw alyjy sakalary barada m\u00f6h\u00fcm maglumatlary \u00fdygnamaga m\u00fcmkin\u00e7ilik berer, bu maglumatlar bilen i\u015flemekligi a\u0148satla\u015fdyrmak \u00fc\u00e7in, olar programma \u00fcpj\u00fcn\u00e7iligini\u0148 k\u00f6megi bilen hasaba alynyp, \u00fdazga ge\u00e7iriler. Bu ulgam oba hojalyk i\u015fg\u00e4rleri tarapyndan sarp edil\u00fd\u00e4n suw seri\u015fdeleri barada i\u00e7gin maglumat berip, oba hojalyk ekinlerini\u0148 \u00fdokary hasyllylygyny gazanmak \u00fc\u00e7in zerur bolan suw mukdarlaryny\u0148 hasabyny \u00e7ykarmaga m\u00fcmkin\u00e7ilik d\u00f6reder, be\u00fdleki suwdan pe\u00fddalanyjylar bolsa, has durnukly we netijeli suw \u00fcpj\u00fcn\u00e7iligini gazanarlar.<br \/>\nAmerikany\u0148 Birle\u015fen \u015etatlaryny\u0148 T\u00fcrkmenistandaky Il\u00e7isi Met\u00fdu Klimow we Suw seri\u015fdeleri baradaky D\u00f6wlet komitetini\u0148 wekilleri bilen lentany kesmek dabarasyna gatna\u015fdy we \u015fe\u00fdle di\u00fddi, \u201cT\u00fcrkmenistan h\u00f6k\u00fcmetine USAID bilen Suwu\u0148 hasabyny \u00fd\u00f6retmegi\u0148 awtomatla\u015fdyrylan ulgamyny Garagum der\u00fdany\u0148 ugrunda orna\u015fdyrmak taslamasynda hyzmatda\u015flygyna \u00e7u\u0148\u0148ur minnetdarlygymy bildir\u00fd\u00e4rin. Bu tehnologiki t\u00e4zelik \u00fdurdu\u0148 geljekki nesiller \u00fc\u00e7in suw ba\u00fdlyklaryny dolandyrmak ukybyny \u00fdokarlandyrar\u201d di\u00fdip il\u00e7i Klimow a\u00fdtdy.<\/p>\n<p style=\"text-align: center;\"><strong>###<\/strong><\/p>\n<p>Amerikany\u0148 Halkara \u00d6s\u00fc\u015f Guramasyny\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fi Syrder\u00fda bilen Amyder\u00fda sebitlerinde suw seri\u015fdelerini dolandyrmak we ekologi\u00fda t\u00f6wekgellikleri azaltmak ugrundaky sebitle\u00fdin m\u00fcmkin\u00e7ilikleri\u0148 g\u00fc\u00fd\u00e7lendirilmegine g\u00f6n\u00fckdirilendir.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>A\u015fgabat \u015f\u00e4herini\u0148 t\u00f6wereginde T\u00fcrkmenistany\u0148 m\u00f6h\u00fcm suw \u00fcpj\u00fcn\u00e7ilik \u00e7e\u015fmesi bolan Garagum der\u00fdany\u0148 kenarynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Suw hojalygy baradaky d\u00f6wlet komiteti bilen Amerikany\u0148 Halkara \u00d6s\u00fc\u015f Guramasy tarapyndan bu suw \u00e7e\u015fmesini\u0148 suw mukdaryny hem-de derejelerini \u00f6l\u00e7emek \u00fc\u00e7in, suwu\u0148 hasabyny \u00fd\u00f6red\u00fd\u00e4n t\u00e4ze awtomatla\u015fdyrylan ulgamy dabaraly \u00fdagda\u00fdda a\u00e7ylyp, ulany\u015fa girizildi. Bu ulgam arkaly alyn\u00fdan maglumatlar berlen hakyky wagtda el\u00fdeterli bolup, T\u00fcrkmenistany\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":106138,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/106137"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=106137"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/106137\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":106139,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/106137\/revisions\/106139"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/106138"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=106137"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=106137"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=106137"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}