{"id":111507,"date":"2024-07-06T10:44:13","date_gmt":"2024-07-06T05:44:13","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=111507"},"modified":"2024-07-06T10:44:13","modified_gmt":"2024-07-06T05:44:13","slug":"yurdumyz-gundogar-yewropa-yurtlary-bilen-ikitaraplayyn-gatnasyklary-pugtalandyryar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/yurdumyz-gundogar-yewropa-yurtlary-bilen-ikitaraplayyn-gatnasyklary-pugtalandyryar\/","title":{"rendered":"\u00ddurdumyz G\u00fcndogar \u00ddewropa \u00fdurtlary bilen ikitarapla\u00fdyn gatna\u015fyklary pugtalandyr\u00fdar"},"content":{"rendered":"<p>\u015ee\u00fdle hem ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a ikitarapla\u00fdyn i\u015f toparyny d\u00f6retmek meselesi ara alnyp maslahatla\u015fyldy. H\u00e4zirki wagtda bu ugurda pol\u00fdak tarapy bilen degi\u015fli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatna\u015fyklary\u0148 geljegi, \u015fol sanda muze\u00fdleri\u0148 ugry bo\u00fdun\u00e7a gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmagy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri barada pikir al\u015fyldy. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, 2025-nji \u00fdyly\u0148 dowamynda War\u015fawada \u00fdurdumyzdaky muze\u00fd eksponatlaryny\u0148, \u015fol sanda pol\u00fdak medeni\u00fdetine degi\u015fli gymmatlyklary\u0148 sergisini guramak bo\u00fdun\u00e7a i\u015fleri\u0148 ge\u00e7irilmegi teklip edil\u00fd\u00e4r. Pol\u00fdak tarapy \u015fu \u00fdyly\u0148 17-nji ma\u00fdynda A\u015fgabatda a\u00e7ylan \u201cMagtymguly Pyragy\u201d medeni-se\u00fdilg\u00e4h toplumynda me\u015fhur \u015fahyr Adam Miskewi\u00e7i\u0148 he\u00fdkelini\u0148 oturdylandygy \u00fc\u00e7in ho\u015fallygyny be\u00fdan etdi.<\/p>\n<p><strong>T\u00fcrkmen wekili\u00fdeti Wengri\u00fdada \u201cKurulta\u00fd\u201d medeni \u00e7\u00e4resine gatna\u015far<\/strong><br \/>\nT\u00fcrkmenistan bilen Wengri\u00fdany hem dostlukly, \u00f6zara b\u00e4hbitli gatna\u015fyklar baglany\u015fdyr\u00fdar. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, ilkinji nobatda, \u00fdokary derejed\u00e4ki \u00f6zara saparlary bellemek gerek. M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Wengri\u00fdany\u0148 Prem\u00fder-ministri Wiktor Orban 2023-nji \u00fdyly\u0148 i\u00fdunynda T\u00fcrkmenistanda saparda boldy. \u015eol \u00fdyly\u0148 awgustynda bolsa hormatly Prezidentimiz Wengri\u00fda i\u015f saparyny amala a\u015fyrdy. Gazanylan ylala\u015fyklary durmu\u015fa ge\u00e7irmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatla\u015fmak maksady bilen, \u015fu \u00fdyly\u0148 18-nji i\u00fdunynda Budape\u015ft \u015f\u00e4herinde Da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda sy\u00fdasy ge\u0148e\u015fmeler ge\u00e7irildi. Sapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde T\u00fcrkmenistany\u0148 wekili\u00fdeti Wengri\u00fdany\u0148 Milli Assamble\u00fdasyny\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary bilen du\u015fu\u015fdy.<br \/>\nNetijeli t\u00fcrkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji \u00fdyly\u0148 birinji \u00fdarymynda Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara topary\u0148 altynjy mejlisini ge\u00e7irmek teklip edil\u00fd\u00e4r. Bellenili\u015fi \u00fdaly, wenger tarapyny\u0148 \u00e7akylygy bo\u00fdun\u00e7a, \u015fu \u00fdyly\u0148 7 \u2014 11-nji awgustynda T\u00fcrkmenistany\u0148 wekili\u00fdeti Wengri\u00fdada ge\u00e7iriljek \u201cKurulta\u00fd\u201d medeni \u00e7\u00e4resine gatna\u015far. Sapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00fdurdumyzy\u0148 Medeni\u00fdet g\u00fcnlerini we bu \u00fdurtda Magtymguly Pyragyny\u0148 he\u00fdkelini\u0148 a\u00e7yly\u015fy bilen bagly dabaraly \u00e7\u00e4releri guramak teklip edil\u00fd\u00e4r. Wenger tarapy hem \u201cMagtymguly Pyragy\u201d medeni-se\u00fdilg\u00e4h toplumynda bu \u00fdurdu\u0148 me\u015fhur \u015fahyry \u015eandor Petefini\u0148 he\u00fdkelini\u0148 oturdylandygy \u00fc\u00e7in t\u00fcrkmen tarapyna ho\u015fallyk bildirdi. Bilim ulgamynda \u00f6zara gatna\u015fyklar bilen baglylykda, \u201cStipendium Hungaricum\u201d maksatnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde geljekki hyzmatda\u015flygy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iliklerine garaldy.<\/p>\n<p><strong>2025-nji \u00fdylda \u00c7ehi\u00fdany\u0148 wekili\u00fdeti \u00fdurdumyza saparda bolar<\/strong><br \/>\nT\u00fcrkmenistan bilen \u00c7ehi\u00fda Respublikasyny\u0148 arasyndaky k\u00f6pugurly hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 meseleleri \u015fu \u00fdyly\u0148 20-nji i\u00fdunynda Da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda Pragada ge\u00e7irilen sy\u00fdasy ge\u0148e\u015fmeleri\u0148 g\u00fcn tertibine girizildi. T\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00c7ehi\u00fdany\u0148 Parlamentini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary bilen hem du\u015fu\u015fyk ge\u00e7irildi. Geple\u015fikleri\u0148 netijeleri bo\u00fdun\u00e7a birn\u00e4\u00e7e teklipler, \u015fol sanda iki \u00fdurdu\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda \u00f6zara hyzmatda\u015flyk etmek hakynda \u00c4htnamany\u0148 \u00fda-da Maksatnamany\u0148 taslamasyny ta\u00fd\u00fdarlamak, ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a i\u015f toparyny d\u00f6retmek, 2025-nji \u00fdylda \u00c7ehi\u00fdany\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 \u00fdurdumyza saparyny guramak baradaky teklipler ta\u00fd\u00fdarlanyldy.<\/p>\n<p><strong>Buharestde h\u00f6k\u00fcmetara topary\u0148 8-nji mejlisini guralar<\/strong><br \/>\n\u00ddewropa Bilele\u015figini\u0148 \u00e7\u00e4klerinde T\u00fcrkmenistany\u0148 wajyp hyzmatda\u015flaryny\u0148 biri hem Rumyni\u00fdadyr. 2008-nji \u00fdyldan b\u00e4ri \u00fdokary derejed\u00e4ki \u00f6zara saparlary\u0148 we du\u015fu\u015fyklary\u0148 5-si ge\u00e7irildi. Iki \u00fdurdu\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda du\u015fu\u015fyklar yzygiderli gural\u00fdar. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a t\u00fcrkmen-rumyn h\u00f6k\u00fcmetara topary hereket ed\u00fd\u00e4r, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek maksady bilen, bu ugurlardaky \u00fd\u00f6rite i\u015f toparlaryny\u0148 mejlisleri yzygiderli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r. Ynsanperwer ulgamda, \u015fol sanda bilim ulgamynda gatna\u015fyklar okgunly \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r.<br \/>\nD\u00f6wletara gatna\u015fyklary mundan be\u00fdl\u00e4k-de pugtalandyrmak maksady bilen, 17-18-nji i\u00fdulda Buharest \u015f\u00e4herinde iki \u00fdurdu\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda sy\u00fdasy ge\u0148e\u015fmeleri ge\u00e7irmek, \u015fe\u00fdle hem \u015fu \u00fdyly\u0148 ikinji \u00fdarymynda Buharestde h\u00f6k\u00fcmetara topary\u0148 8-nji mejlisini guramak bo\u00fdun\u00e7a zerur i\u015fleri amala a\u015fyrmak teklip edil\u00fd\u00e4r. \u015eonu\u0148 bilen birlikde, 2025-nji \u00fdylda Rumyni\u00fda \u00fdokary derejed\u00e4ki sapary guramak baradaky teklip be\u00fdan edildi.<\/p>\n<p><strong>Bratislawada h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-slowak toparyny\u0148 mejlisini ge\u00e7iriler<\/strong><br \/>\n\u00ddurdumyzy\u0148 Slowaki\u00fda Respublikasy bilen hyzmatda\u015flygyny \u00f6sd\u00fcrmek bo\u00fdun\u00e7a netijeli \u00e7\u00e4reler g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4r. D\u00f6wletara dialogy t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykarmak, sy\u00fdasy-diplomatik gatna\u015fyklary i\u015fje\u0148le\u015fdirmek maksady bilen, \u015fu \u00fdyly\u0148 16-17-nji i\u00fdulynda Bratislawada Da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda ge\u0148e\u015fmeleri ge\u00e7irmek teklip edil\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmenistany\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Slowaki\u00fdany\u0148 S\u00f6wda-senagat edarasyny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy bilen du\u015fu\u015fygy\u0148 g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdandygyny, slowak kompani\u00fdalaryny\u0148 t\u00fcrkmen hyzmatda\u015flary bilen netijeli i\u015few\u00fcr gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmaga gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4ndigini nazara almak bilen, \u015fu \u00fdyly\u0148 4-nji \u00e7\u00e4r\u00fdeginde \u00fdurdumyza dostlukly d\u00f6wleti\u0148 i\u015few\u00fcr toparlaryny\u0148 wekillerini\u0148 saparyny guramak teklip edildi. \u015eunu\u0148 bilen birlikde, 2024-nji \u00fdyly\u0148 dowamynda ykdysady hyzmatda\u015flyk baradaky h\u00f6k\u00fcmetara Ylala\u015fygy\u0148 taslamasyny ta\u00fd\u00fdarlamak bo\u00fdun\u00e7a i\u015fi tamamlamak hem-de \u015fo\u0148a la\u00fdyklykda, 2025-nji \u00fdyly\u0148 birinji \u00fdarymynda Bratislawada h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-slowak toparyny\u0148 mejlisini ge\u00e7irmek baradaky teklip a\u00fddyldy.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz hasabaty di\u0148l\u00e4p, T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplyk sy\u00fdasaty esasynda d\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00fdurtlary, \u015fol sanda \u00ddewropa \u00fdurtlary bilen netijeli gatna\u015fyklary alyp bar\u00fdandygyny, \u00f6zara b\u00e4hbitli hyzmatda\u015flygy\u0148 zerur ugurlary bo\u00fdun\u00e7a gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge \u00e7aly\u015f\u00fdandygyny nygtady. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, wise-prem\u00fder, da\u015fary i\u015fler ministrine T\u00fcrkmenistan bilen \u00ddewropa \u00fdurtlaryny\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flygy has-da berkitmek bo\u00fdun\u00e7a zerur i\u015fleri ge\u00e7irmegi dowam etdirmek tab\u015fyryldy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>\u015ee\u00fdle hem ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a ikitarapla\u00fdyn i\u015f toparyny d\u00f6retmek meselesi ara alnyp maslahatla\u015fyldy. H\u00e4zirki wagtda bu ugurda pol\u00fdak tarapy bilen degi\u015fli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatna\u015fyklary\u0148 geljegi, \u015fol sanda muze\u00fdleri\u0148 ugry bo\u00fdun\u00e7a gatna\u015fyklary \u00fdola go\u00fdmagy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri barada pikir al\u015fyldy. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, 2025-nji \u00fdyly\u0148 dowamynda War\u015fawada \u00fdurdumyzdaky muze\u00fd eksponatlaryny\u0148, \u015fol sanda pol\u00fdak medeni\u00fdetine degi\u015fli [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":0,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/111507"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=111507"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/111507\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":111508,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/111507\/revisions\/111508"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=111507"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=111507"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=111507"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}