{"id":118235,"date":"2024-10-12T10:20:35","date_gmt":"2024-10-12T05:20:35","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=118235"},"modified":"2024-10-12T10:20:35","modified_gmt":"2024-10-12T05:20:35","slug":"turkmenistanyn-prezidenti-eyran-yslam-respublikasynyn-prezidenti-bilen-dususdy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/turkmenistanyn-prezidenti-eyran-yslam-respublikasynyn-prezidenti-bilen-dususdy\/","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 Prezidenti bilen du\u015fu\u015fdy"},"content":{"rendered":"<p>11-nji okt\u00fdabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow \u00fdurdumyza i\u015f sapary bilen gelen E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 Prezidenti Masud Peze\u015fkian bilen du\u015fu\u015fdy.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz \u00e7akylygy kabul edip, akyldar \u015fahyr Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n halkara foruma gatna\u015f\u00fdandygy \u00fc\u00e7in go\u0148\u015fy \u00fdurdu\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 Prezidenti wezipesine sa\u00fdlanylmagy bilen \u00fdene-de bir gezek m\u00e4hirli gutlap, \u00fdokary d\u00f6wlet wezipesinde uly \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw etdi.<br \/>\nE\u00fdrany\u0148 Prezidenti bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik we gutlaglar \u00fc\u00e7in ho\u015fallygyny be\u00fdan edip, EYR-ny\u0148 Be\u00fdik ruhy lideri A\u00fdatolla Se\u00fded Ali Hose\u00fdni Hamene\u00fdini\u0148 m\u00e4hirli salamyny \u00fdetirdi. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz EYR-ny\u0148 Be\u00fdik ruhy liderine i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan edip, belent mertebeli myhmany\u0148 E\u00fdrany\u0148 t\u00e4ze sa\u00fdlanan Prezidenti h\u00f6km\u00fcnde T\u00fcrkmenistana ilkinji saparyny amala a\u015fyr\u00fdandygyny belledi. Nygtaly\u015fy \u00fdaly, T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatynda E\u00fdran Yslam Respublikasy bilen hyzmatda\u015flyga a\u00fdratyn orun degi\u015flidir. \u00ddurdumyz \u00f6z o\u0148yn Bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdyndan ugur alyp, E\u00fdran bilen d\u00fcrli ugurlarda netijeli gatna\u015fyklary alyp bar\u00fdar.<br \/>\nA\u00e7yklyk \u00fdagda\u00fdynda ge\u00e7en du\u015fu\u015fygy\u0148 dowamynda ikitarapla\u00fdyn sy\u00fdasy-diplomatik, s\u00f6wda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatna\u015fyklara degi\u015fli meseleler, \u00f6zara gyzyklanma bildiril\u00fd\u00e4n halkara we sebit meseleleri bo\u00fdun\u00e7a pikir al\u015fyldy. Sy\u00fdasy-diplomatik hyzmatda\u015flygy\u0148 \u00e7\u00e4klerinde parlamentara gatna\u015fyklara m\u00f6h\u00fcm orun degi\u015flidir. Bu ugurda iki \u00fdurdu\u0148 parlamentara dostluk topary hereket ed\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, parlamentara gatna\u015fyklary i\u015fje\u0148le\u015fdirmekde uly orun e\u00fdele\u00fd\u00e4n bu topary\u0148 mejlislerini yzygiderli ge\u00e7irmegi\u0148 maksadala\u00fdyk boljakdygy bellenildi.<br \/>\nHalkara hyzmatda\u015flyk barada a\u00fddylanda, \u00fdurtlarymyz sebit we halkara guramalary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde, hususan-da, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148, Yslam Hyzmatda\u015flyk Guramasyny\u0148, Ykdysady Hyzmatda\u015flyk Guramasyny\u0148 we be\u00fdleki abra\u00fdly halkara guramalary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde netijeli hyzmatda\u015flyk ed\u00fd\u00e4rler. Bu d\u00fcz\u00fcmlerde birek-biregi\u0148 ba\u015flangy\u00e7laryna goldaw bermek asylly d\u00e4be \u00f6wr\u00fcldi. S\u00f6wda-ykdysady hyzmatda\u015flyk hem T\u00fcrkmenistan bilen E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklarda ileri tutul\u00fdan ugurlary\u0148 biridir. H\u00e4zirki wagta bu gatna\u015fyklar durnukly \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatda\u015flyga-da a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. \u015eunda ylym, bilim, saglygy gora\u00fdy\u015f, bedenterbi\u00fde we sport ulgamlaryndaky gatna\u015fyklary a\u00fdratyn nygtamak bolar.<br \/>\nDu\u015fu\u015fygy\u0148 dowamynda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragyny\u0148 \u00fdubile\u00fdi mynasybetli \u015fu \u00fdyly\u0148 ma\u00fdynda E\u00fdranda bilelikd\u00e4ki medeni-k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin \u00e7\u00e4releri\u0148 ge\u00e7irilendigi we E\u00fdrany\u0148 wekillerini\u0148 bu \u00e7\u00e4relere i\u015fje\u0148 gatna\u015fandygy \u00fc\u00e7in e\u00fdran tarapyna \u00fdene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.<br \/>\nDu\u015fu\u015fygy\u0148 ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 Prezidenti Masud Peze\u015fkian birek-birege i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan edip, ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylyk, dost-doganlyk \u00fd\u00f6relgelerine esaslan\u00fdan d\u00f6wletara hyzmatda\u015flygy\u0148 iki \u00fdurdu\u0148 halklaryny\u0148 b\u00e4hbidine mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00fcst\u00fcnlikli \u00f6sd\u00fcriljekdigine ynam bildirdiler.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>11-nji okt\u00fdabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow \u00fdurdumyza i\u015f sapary bilen gelen E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 Prezidenti Masud Peze\u015fkian bilen du\u015fu\u015fdy. Hormatly Prezidentimiz \u00e7akylygy kabul edip, akyldar \u015fahyr Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n halkara foruma gatna\u015f\u00fdandygy \u00fc\u00e7in go\u0148\u015fy \u00fdurdu\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony E\u00fdran Yslam Respublikasyny\u0148 Prezidenti wezipesine sa\u00fdlanylmagy bilen \u00fdene-de bir [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":118236,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/118235"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=118235"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/118235\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":118237,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/118235\/revisions\/118237"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/118236"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=118235"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=118235"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=118235"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}