{"id":144221,"date":"2025-08-27T14:08:41","date_gmt":"2025-08-27T09:08:41","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=144221"},"modified":"2025-08-27T14:08:41","modified_gmt":"2025-08-27T09:08:41","slug":"kairat-pafos-bude-glimt-cempionlar-ligasynyn-taze-wekilleri","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/kairat-pafos-bude-glimt-cempionlar-ligasynyn-taze-wekilleri\/","title":{"rendered":"\u201cKairat\u201d, \u201cPafos\u201d, \u201cBude-Glimt\u201d \u2013 \u00c7empionlar Ligasyny\u0148 t\u00e4ze wekilleri"},"content":{"rendered":"<p>UEFA \u00c7empionlar Ligasyny\u0148 t\u00e4ze m\u00f6ws\u00fcminde \u00e7yky\u015f etjek toparlary\u0148 \u00e4hlisi belli bolup bar\u00fdar. Ple\u00fd-off tapgyryny\u0148 ge\u00e7irilen jogap o\u00fdunlaryndan so\u0148 3 topar belli boldy. Galan 4 topar bolsa \u015fu gijeki o\u00fdunlardan so\u0148 belli bolar. Belli bolan toparlary\u0148 3-si hem \u00c7empionlar Ligasynda ilkinji gezek gatna\u015f\u00fdarlar. Olar \u00c7empionlar Ligasynda \u00e7yky\u015f etjek 156-157-158-nji klublar bolarlar.<\/p>\n<p>\u201cSeltik\u201d bilen \u015eotlandi\u00fdada golsuz de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan Gazagystany\u0148 \u201cKairat\u201d topary \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda esasy wagtda umumy de\u0148ligi saklamagy ba\u015fardy. Almatydaky o\u00fdnu\u0148 esasy wagty hem golsuz tamamlandy. Go\u015fma\u00e7a wagtda-da hasap \u00fc\u00fdtgem\u00e4nso\u0148, penalti urgularyny\u0148 netijesinde \u201cKairat\u201d 3-2 hasabynda \u00fcst\u00fcn \u00e7ykmagy ba\u015fardy we taryhynda ilkinji gezek UEFA \u00c7empionlar Ligasyny\u0148 final tapgyrynda o\u00fdnamaga hukuk gazandy. \u201cKairat\u201d \u00c7empionlar Ligasyna wekil\u00e7ilik etjek 2-nji gazak kluby bolup, ondan \u00f6\u0148 \u201cAstana\u201d 2015\/16 m\u00f6ws\u00fcminde bu \u00fdary\u015fa gatna\u015fypdy. \u015eol sanda Almaty \u015f\u00e4heri \u00fdary\u015fy\u0148 \u00e7\u00e4ginde du\u015fu\u015fyklary\u0148 ge\u00e7iriljek i\u0148 uzak \u015f\u00e4heri di\u00fdlip hasaba alyndy.<\/p>\n<p>\u201cKairat\u201d topary 1-nji sa\u00fdlama tapgyryndan \u00fdary\u015fa go\u015fulyp, almatylylar \u201cSeltige\u201d \u00e7enli \u201cOlimpi\u00fda L\u00fdubl\u00fdana\u201d (Sloweni\u00fda), \u201cKuPS\u201d (Finl\u00fdandi\u00fda) hem-de \u201cSlowan Bratislawa\u201d (Slowaki\u00fda) \u00fdaly klublary \u00fde\u0148megi ba\u015fardy.<\/p>\n<p>Sa\u00fdlama tapgyrynda g\u00fc\u00fd\u00e7li gar\u015fyda\u015flaryny \u00fdary\u015fdan \u00e7ykaryp, final tapgyryna \u00fdollanma alan \u00fdene bir topar hem Kipri\u0148 \u00e7empiony \u201cPafos\u201d klubudyr. Ple\u00fd-off tapgyrynda Serbi\u00fdany\u0148 \u201cSrwena Zwezda\u201d toparyny myhman\u00e7ylykda 2-1 hasabynda \u00fde\u0148en \u201cPafos\u201d \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda 1-1 de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnady. Serbler Iwani\u00e7i\u0148 60-njy minutdaky goly bilen \u00f6\u0148e ge\u00e7se-de, \u201cPafos\u201d 89-njy minutda \u017da\u017eany\u0148 takyk urgusy esasynda hasaby de\u0148ledi. Netijede, 3-2 hasabynda \u00fde\u0148i\u015f gazanan \u201cPafos\u201d \u00c7empionlar Ligasyny\u0148 t\u00e4ze wekili bolar. 8 \u00fdyldan so\u0148 bu \u00fdary\u015fa kluby gatna\u015f\u00fdan Kiprden mundan \u00f6\u0148 APOEL hem-de \u201cAnortisis\u201d klublary wekil\u00e7ilik edipdi.<\/p>\n<p>\u201cPafos\u201d mundan \u00f6\u0148ki tapgyrda Ki\u00fdewi\u0148 \u201cDinamosyny\u201d \u00fdary\u015fdan \u00e7ykarypdy.<\/p>\n<p>\u00c7empionlar Ligasyny\u0148 \u00fdene bir deb\u00fdutanty Norwegi\u00fdany\u0148 \u201cBude-Glimt\u201d topary boldy. \u00d6z me\u00fddan\u00e7asynda \u201c\u015eturm Grasy\u0148\u201d derwezesinden jogapsyz 5 gol ge\u00e7iren norwegler jogap o\u00fdnunda 2-1 hasabynda utulsa-da, \u00fdary\u015fy\u0148 final tapgyryna adyny \u00fdazdyrmagy ba\u015fardy. \u201cBude-Glimt\u201d topary taryhynda ilkinji gezek \u00c7empionlar Ligasyna gatna\u015fmaga hukuk gazanyp, olar bu \u00fdary\u015fda \u00e7yky\u015f etjek 3-nji norweg topary bolar. So\u0148ky gezek Norwegi\u00fdany\u0148 bir wekili \u00c7empionlar Ligasynda 2007\/08 m\u00f6ws\u00fcminde \u00e7yky\u015f edipdi. Norwegi\u00fdany\u0148 adyndan \u201cRosenborg\u201d topary 11, \u201cMolde\u201d topary-da 1 gezek \u00c7empionlar Ligasyny\u0148 final tapgyryna gatna\u015fypdy.<\/p>\n<p>\u201cBude-Glimt\u201d topary \u00c7empionlar Ligasyna wekil\u00e7ilik etjek i\u0148 demigazykdaky klub bolar.<\/p>\n<p>Ple\u00fd-off tapgyryndan yzyna ga\u00fddan \u201cSeltik\u201d, \u201cSrwena Zwezda\u201d hem-de \u201c\u015eturm Gras\u201d toparlary \u00ddewropa Ligasyny\u0148 liga tapgyryna gatna\u015farlar.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>UEFA \u00c7empionlar Ligasyny\u0148 t\u00e4ze m\u00f6ws\u00fcminde \u00e7yky\u015f etjek toparlary\u0148 \u00e4hlisi belli bolup bar\u00fdar. Ple\u00fd-off tapgyryny\u0148 ge\u00e7irilen jogap o\u00fdunlaryndan so\u0148 3 topar belli boldy. Galan 4 topar bolsa \u015fu gijeki o\u00fdunlardan so\u0148 belli bolar. Belli bolan toparlary\u0148 3-si hem \u00c7empionlar Ligasynda ilkinji gezek gatna\u015f\u00fdarlar. Olar \u00c7empionlar Ligasynda \u00e7yky\u015f etjek 156-157-158-nji klublar bolarlar. \u201cSeltik\u201d bilen \u015eotlandi\u00fdada golsuz de\u0148me-de\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":4,"featured_media":144222,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[1856],"tags":[8725,11445,11617,705,3622,9445,639],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/144221"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/4"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=144221"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/144221\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":144223,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/144221\/revisions\/144223"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/144222"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=144221"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=144221"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=144221"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}