{"id":144687,"date":"2025-09-01T08:19:46","date_gmt":"2025-09-01T03:19:46","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=144687"},"modified":"2025-09-01T08:19:46","modified_gmt":"2025-09-01T03:19:46","slug":"zenanlardan-ybarat-turkmen-wekiliyeti-hytay-halk-respublikasynda-saparda-boldy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/zenanlardan-ybarat-turkmen-wekiliyeti-hytay-halk-respublikasynda-saparda-boldy\/","title":{"rendered":"Zenanlardan ybarat t\u00fcrkmen wekili\u00fdeti Hyta\u00fd Halk Respublikasynda saparda boldy"},"content":{"rendered":"<p>\u00ddakynda zenanlardan ybarat t\u00fcrkmen wekili\u00fdeti Hyta\u00fd Halk Respublikasynda saparda boldy. Sapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00fdurdumyzy\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 agzalary birn\u00e4\u00e7e du\u015fu\u015fyklary ge\u00e7irdiler hem-de hyta\u00fd halkyny\u0148 milli medeni\u00fdeti bilen tany\u015fdylar. Munu\u0148 \u00f6zi T\u00fcrkmenistan bilen Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 arasyndaky medeni gatna\u015fyklary\u0148 t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykaryl\u00fdandygyny\u0148 nobatdaky be\u00fdany boldy.<br \/>\nT\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 Hyta\u00fda saparyny\u0148 birinji g\u00fcn\u00fcnde wekili\u00fdeti\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 bilim ministri Hua\u00fd Szinpen bilen du\u015fu\u015fdy.<br \/>\nDostlukly \u00fdurdu\u0148 wekili myhmany m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 di\u0148e bir howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat etmek bilen \u00e7\u00e4klenm\u00e4n, olary\u0148 \u00fdokary hilli, inkl\u00fduziw bilim almagyna hem uly \u00e4hmi\u00fdet ber\u00fd\u00e4ndigine \u00fdokary baha berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, iki \u00fdurdu\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanlaryny\u0148 yzygiderli tagallalary netijesinde t\u00fcrkmen-hyta\u00fd gatna\u015fyklary depginli \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. \u015eu \u00fdyly\u0148 i\u00fdunynda ge\u00e7irilen \u201cMerkezi Azi\u00fda \u2014 Hyta\u00fd\u201d sammitini\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7irilen HHR-i\u0148 hem-de T\u00fcrkmenistany\u0148 Ba\u015ftutanlaryny\u0148 ikitarapla\u00fdyn du\u015fu\u015fygy bu gatna\u015fyklara t\u00e4ze itergi berdi.<br \/>\nOguljahan Ataba\u00fdewa bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik \u00fc\u00e7in minnetdarlygyny be\u00fdan edip, bilim ulgamyny\u0148 T\u00fcrkmenistan \u00fc\u00e7in \u00f6r\u00e4n m\u00f6h\u00fcm ugur bolup dur\u00fdandygyny, \u00e7\u00fcnki onu\u0148 islendik jemgy\u00fdeti\u0148 \u00f6s\u00fc\u015fi bilen g\u00f6n\u00fcden-g\u00f6ni baglany\u015fyklydygyny nygtady. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, ylym-bilim ulgamynda t\u00fcrkmen-hyta\u00fd gatna\u015fyklaryny mundan be\u00fdl\u00e4k-de gi\u0148eltmegi\u0148 meselelerini ara alyp maslahatla\u015fmaga d\u00f6r\u00e4n m\u00fcmkin\u00e7ilige kanagatlanma bildirildi. Du\u015fu\u015fykda T\u00fcrkmenistan bilen Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 arasynda sy\u00fdasy, s\u00f6wda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatna\u015fyklary\u0148 depginli \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4ndigine \u00fcns \u00e7ekilip, \u00fdokary derejed\u00e4ki sy\u00fdasy dialogy\u0148 yzygiderli we ynany\u015fykly h\u00e4si\u00fdeti a\u00fdratyn nygtaldy.<br \/>\nO.Ataba\u00fdewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fi barada a\u00fddyp, bu d\u00fcz\u00fcmi\u0148 lukman\u00e7ylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, \u00e7agalary\u0148 mekdebe \u00e7enli \u00fda\u015fdan ba\u015flap \u00fdokary hilli we inkl\u00fduziw bilim almagyna-da \u00fdardam ber\u00fd\u00e4ndigini belledi. Gazna \u00fda\u015f nesli hemmetarapla\u00fdyn goldamak, olary\u0148 bagty\u00fdar durmu\u015fy \u00fc\u00e7in amatly \u015fertleri d\u00f6retmek, howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalary\u0148 saglygyny dikeltm\u00e4ge \u00fdardam bermek maksady bilen, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedowy\u0148 ba\u015flangyjy bo\u00fdun\u00e7a 2021-nji \u00fdylda d\u00f6redildi. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00fdurdumyzda bu d\u00fcz\u00fcmi\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fini\u0148 gerimini gi\u0148eltmek, hususan-da, bilim ulgamynda i\u015flemek m\u00fcmkin\u00e7iligine seretmek me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4r. \u015eunda Hyta\u00fdy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iligi \u00e7\u00e4kli \u00e7agalara bilim bermek ulgamyny\u0148 i\u015fine gyzyklanma bildirildi.<br \/>\nDu\u015fu\u015fygy\u0148 ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa hem-de Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 bilim ministri Hua\u00fd Szinpen birek-birege i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan etdiler.<br \/>\nSapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde t\u00fcrkmen wekili\u00fdeti \u00abGugun\u00bb taryhy k\u00f6\u015fkler toplumyna baryp g\u00f6rdi.<br \/>\nToplum Pekini\u0148 merkezinde \u00fderle\u015fip, 500 \u00fdyly\u0148 dowamynda Min we Sin nesil\u015falyklaryny\u0148 imperatorlaryny\u0148 \u00fda\u015fan k\u00f6\u015fgi bolupdyr. H\u00e4zirki wagtda bu k\u00f6\u015fkler toplumy muze\u00fd h\u00f6km\u00fcnde hereket ed\u00fd\u00e4r. K\u00f6\u015fg\u00fc\u0148 gurlu\u015fygy 1406-njy \u00fdylda ba\u015flanyp, 15 \u00fdyl dowam edipdir. Onu\u0148 gurlu\u015fygynda 1 milliona gola\u00fd i\u015f\u00e7i, 100 m\u00fc\u0148e gola\u00fd be\u00fdleki h\u00fcn\u00e4rmenler z\u00e4hmet \u00e7ekipdir. Taryhy muze\u00fd 72 gektar me\u00fddany tutup, onu\u0148 \u00e7\u00e4ginde 980-den gowrak bina we 8 m\u00fc\u0148 700-den hem k\u00f6p otag bar. Toplumy\u0148 da\u015fy suwly garym we be\u00fdikligi 10 metr diwar bilen gur\u015falandyr. Sary re\u0148k hyta\u00fd imperatorlaryny\u0148 resmi re\u0148ki bolandygy \u00fc\u00e7in toplumdaky binalary\u0148 aglabasyny\u0148 \u00fc\u00e7egi bu re\u0148k bilen bo\u00fdalypdyr. \u015ee\u00fdle hem toplumy\u0148 \u00e7\u00e4ginde imperatory\u0148 we onu\u0148 ma\u015fgalasyny\u0148 dyn\u00e7 alan, gezelen\u00e7 eden se\u00fdilg\u00e4hi \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4r. Ol 12 m\u00fc\u0148 ined\u00f6rd\u00fcl metr me\u00fddany tutup, emeli ba\u00fdyrlar, suw howdanlary, \u00fdodajyklar bilen sazla\u015fykly utga\u015f\u00fdan adaty hyta\u00fd \u00e4he\u0148inde d\u00f6redilipdir. Irki d\u00f6w\u00fcrlerde bu \u00fderde d\u00fcrli ba\u00fdram\u00e7ylyk \u00e7\u00e4releri ge\u00e7irilipdir.<br \/>\n\u00ddurdumyzy\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 agzalary \u00abGugun\u00bb taryhy k\u00f6\u015fkler toplumynda \u00fdadyg\u00e4rlik surata d\u00fc\u015fd\u00fcler.<br \/>\n\u00dderi gelende bellesek, \u00fdurdumyzda taryhy we medeni desgalary\u0148 1 m\u00fc\u0148 400-den gowragyny\u0148 bardygyny bellemek gerek. Olary\u0148 k\u00f6p\u00fcsi arheologik \u00fdadyg\u00e4rliklerdir. T\u00fcrkmen topragynda Go\u0148urdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Je\u00fdtun, \u00c4new \u00fdaly d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ilkinji ekeran\u00e7ylyk medeni\u00fdeti hasaplan\u00fdan \u00fdadyg\u00e4rlikler bar. K\u00f6ne Nusa\u00fd, Gadymy Merw, K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, G\u00f6kdepe galasy \u00fdaly \u00fdadyg\u00e4rlikler ge\u00e7en d\u00f6w\u00fcrleri\u0148 na\u00fdba\u015fy binag\u00e4rlik desgalary bolup, a\u00e7yk asmany\u0148 astyndaky aja\u00fdyp muze\u00fdlerdir. Gadymy Merwi\u0148, K\u00f6ne\u00fcrgenji\u0148, Nusa\u00fdy\u0148 taryhy \u00fdadyg\u00e4rlikleri \u00e4hlumumy gymmatlyga e\u00fde bolan desgalar h\u00f6km\u00fcnde \u00ddUNESKO-ny\u0148 B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 mirasyny\u0148 sanawyna girizildi.<br \/>\nT\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 Hyta\u00fda saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 Saglygy gora\u00fdy\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a d\u00f6wlet komitetini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 orunbasary Zeng \u00ddisin bilen hem du\u015fu\u015fdy.<br \/>\nGaznany\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti m\u00e4hirli kabul edilendigi \u00fc\u00e7in \u00f6z adyndan, \u015fe\u00fdle hem t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 adyndan minnetdarlyk bildirip, sapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde HHR-i\u0148 H\u00f6k\u00fcmetini\u0148 wekilleri bilen netijeli du\u015fu\u015fyklary\u0148 ge\u00e7irilendigini a\u00fdtdy.<br \/>\nHHR-i\u0148 Saglygy gora\u00fdy\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a d\u00f6wlet komitetini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 orunbasary myhmany m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, Hyta\u00fd bilen T\u00fcrkmenistany\u0148 arasyndaky netijeli \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4n ynsanperwer gatna\u015fyklara \u00fdokary baha berdi. Du\u015fu\u015fygy\u0148 dowamynda ynsanperwer ulgamda d\u00e4p bolan t\u00fcrkmen-hyta\u00fd gatna\u015fyklaryny\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00e7u\u0148la\u015fdyrylmagyny\u0148 maksat edinil\u00fd\u00e4ndigi nygtaldy. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, Oguljahan Ataba\u00fdewa \u00fdurdumyzy\u0148 Hyta\u00fdy\u0148 saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4ndigini tassyklady.<br \/>\nZeng \u00ddisin HHR-i\u0148 toplan ba\u00fd tejribesini we tehnologi\u00fdalaryny pa\u00fdla\u015fmaga ta\u00fd\u00fdardygyny a\u00fddyp, mu\u0148a \u00e4hlumumy saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamyny\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegine m\u00f6h\u00fcm go\u015fant h\u00f6km\u00fcnde garal\u00fdandygyny belledi.<br \/>\nGazna alyp bar\u00fdan i\u015finde d\u00f6wrebap bejeri\u015f usullaryny ulan\u00fdar, h\u00e4zirki zaman lukman\u00e7ylyk tehnologi\u00fdalaryny, \u00e7aga lukman\u00e7ylygy ulgamyndaky \u00f6\u0148debaryjy d\u00fcn\u00fd\u00e4 tejribesini orna\u015fdyr\u00fdar. Oguljahan Ataba\u00fdewa T\u00fcrkmenistany\u0148 saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamy barada a\u00fddyp, \u015fu \u00fdyl \u00fdurdumyzda \u00abSaglyk\u00bb D\u00f6wlet maksatnamasyny\u0148 \u00fdubile\u00fdini\u0148 bellenil\u00fd\u00e4ndigini, bu maksatnamany\u0148 30 \u00fdyly\u0148 dowamynda milli saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamyny \u00f6sd\u00fcrmek \u00fc\u00e7in bin\u00fdat bolup hyzmat edendigini a\u00fdtdy. Maksatnamany\u0148 \u00e7\u00e4klerinde h\u00e4zirki g\u00fcne \u00e7enli d\u00f6wrebap lukman\u00e7ylyk edaralaryny\u0148 100-den gowragy, \u015fol sanda hassahanalar, klinikalar, lukman\u00e7ylyk merkezleri guruldy.<br \/>\nHyta\u00fd tarapy T\u00fcrkmenistany\u0148 milli saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamyny \u00f6sd\u00fcrmekde gazanan \u00fcst\u00fcnliklerine \u00fdokary baha berip, bu ulgamdaky toplumla\u00fdyn maksatnamalary\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7irili\u015fini\u0148 okgunly h\u00e4si\u00fdetini belledi. S\u00f6hbetde\u015fligi\u0148 dowamynda lukman\u00e7ylyk i\u015fg\u00e4rlerini\u0148 h\u00fcn\u00e4r derejesini \u00fdokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatda\u015flygy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iliklerine seretm\u00e4ge gyzyklanma bildirildi. \u015eunu\u0148 bilen bir hatarda, O.Ataba\u00fdewa \u00e7agalarda onkologik we genetik keselleri bejermek bo\u00fdun\u00e7a hyta\u00fd tarapyny\u0148 tejribesini \u00f6wrenm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardygyny be\u00fdan etdi. \u00d6z gezeginde, hyta\u00fd tarapyny\u0148 wekili bu m\u00f6h\u00fcm ugurlarda tejribe pa\u00fdla\u015fmaga hem-de bilelikd\u00e4ki ylmy-barlag i\u015flerini ge\u00e7irm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardyklaryny tassyklap, \u00e7yl\u015fyrymly \u00e7aga keselleri bilen g\u00f6re\u015fmek \u00fc\u00e7in halkara hyzmatda\u015flygy\u0148 zerurdygyna \u00fcnsi \u00e7ekdi.<br \/>\nDu\u015fu\u015fygy\u0148 ahyrynda s\u00f6hbetde\u015fler lukman\u00e7ylygy\u0148 hemi\u015fe \u00f6s\u00fd\u00e4n we k\u00e4mille\u015f\u00fd\u00e4n ulgamdygyny nygtap, saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamynda netijeli dialogy\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan etdiler.<br \/>\nSapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00fdurdumyzy\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 agzalary Hyta\u00fdy\u0148 Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatna\u015fyklar bo\u00fdun\u00e7a \u00fda\u015flar merkezine baryp g\u00f6rd\u00fcler. Bu \u00fderde myhmanlary Hyta\u00fdy\u0148 Sun Sinlin adyndaky gaznasyny\u0148 ba\u015flygyny\u0148 orunbasary hanym \u015een Beili m\u00e4hirli gar\u015fylady.<br \/>\nMerkez bilen tany\u015flyk onu\u0148 k\u00f6pugurly i\u015fini be\u00fdan ed\u00fd\u00e4n wideo\u015fekilleri\u0148 g\u00f6rkezilmegi bilen ba\u015flandy. Ylmy wagyz etmek, tehniki ukyp-ba\u015farnyklary \u00f6sd\u00fcrmek, medeni aly\u015fmalar, \u00f6s\u00fcp gel\u00fd\u00e4n \u00fda\u015f nesli dostluk hem-de hyzmatda\u015flyk ruhunda terbi\u00fdelemek merkezi\u0148 i\u015fini\u0148 esasy ugurlary bolup dur\u00fdar.<br \/>\nSo\u0148ra t\u00fcrkmen wekili\u00fdeti merkezd\u00e4ki \u00e7agalar bakja-bagynda bilim we terbi\u00fde bermegi\u0148 d\u00f6wrebap usullary, \u00e7agalary\u0148 sazla\u015fykly \u00f6smegi \u00fc\u00e7in d\u00f6redilen \u015fertler bilen tany\u015fdylar. Hususan-da, bu \u00fderde k\u00f6rpelere interaktiw enjamlar arkaly fizikany\u0148 we mehanikany\u0148 ba\u015flangy\u00e7 kanunlary barada d\u00fc\u015f\u00fcnje beril\u00fd\u00e4r. Munu\u0148 \u00f6zi \u00e7agalary\u0148 ownuk hem iri motorikasyny \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r. B\u00f6l\u00fcmi\u0148 \u201c\u00ddagtylyk we re\u0148kler\u201d atly zolagynda \u00e7agalar \u00fd\u00f6rite ekranlarda \u015f\u00f6hle bilen surat \u00e7ek\u00fd\u00e4rler. \u015ee\u00fdle o\u00fdunlar olary\u0148 d\u00f6redijilik ukyplaryny \u00f6sd\u00fcr\u00fd\u00e4r. \u201cTebigaty\u0148 owazlary\u201d atly zolakda \u00e7agalar sesler d\u00fcn\u00fd\u00e4si bilen tany\u015f\u00fdarlar. Olar d\u00fcrli jandarlary\u0148 seslerini di\u0148le\u00fd\u00e4rler, adaty bolmadyk saz gurallarynda d\u00fcrli owazlary d\u00f6red\u00fd\u00e4rler. Bu bolsa \u00e7agalary\u0148 a\u00fddym-saz ukyplaryny \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r.<br \/>\nT\u00fcrkmenistanda-da Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky \u00e7agalar sagaldy\u015f-dikeldi\u015f merkezini\u0148 we 150 orunlyk inkl\u00fduziw \u00e7agalar bagyny\u0148 hereket ed\u00fd\u00e4ndigini bellemek gerek. Olarda m\u00fcmkin\u00e7iligi \u00e7\u00e4kli \u00e7agalary\u0148 d\u00f6wrebap bilim almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri, jemgy\u00fdete doly derejede go\u015fuly\u015fmaklary \u00fc\u00e7in tagallalar edil\u00fd\u00e4r.<br \/>\n\u00c7agalar bakja-bagy bilen tany\u015flykdan so\u0148ra, Oguljahan Ataba\u00fdewa merkezi\u0148 \u201cInnowasi\u00fdalar gi\u0148i\u015fligi\u201d b\u00f6l\u00fcmine baryp g\u00f6rdi. Bu \u00fderde \u00e7agalar programmirlemegi\u0148 we konstruktor\u00e7ylygy\u0148 esaslaryny \u00f6zle\u015fdirip, robot nusgalaryny d\u00f6red\u00fd\u00e4rler. Mundan ba\u015fga-da, \u00e7agalar 3D, sanly modelirleme, emeli a\u0148 ugurlary bo\u00fdun\u00e7a bilim al\u00fdarlar. \u015ee\u00fdle hem bu \u00fderde asman jisimlerini \u00f6wrenmek b\u00f6l\u00fcmi \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4r. Ol \u00e7agalary\u0148 astronomi\u00fda, tebigy ylymlara h\u00f6wesini artdyrmaga \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r.<br \/>\nMerkezde t\u00fcrkmen wekili\u00fdeti \u00e7aga attraksionlar toplumy bilen tany\u015fdyryldy. Bu toplum \u00e7agalar \u00fc\u00e7in di\u0148e bir g\u00fc\u00fdmenje bolman, e\u00fdsem, olary\u0148 fiziki i\u015fje\u0148ligini \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge hem k\u00f6mek ed\u00fd\u00e4r. Merkez bilen tany\u015flygy\u0148 dowamynda ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 wise-prezidenti bu \u00fderde bilim al\u00fdan \u00e7agalar bilen \u00fdadyg\u00e4rlik surata d\u00fc\u015fdi we olara sowgatlary gow\u015furdy.<br \/>\n\u015ee\u00fdle hem bu \u00fderde t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 hormatyna Hyta\u00fdy\u0148 gadymy \u00e7a\u00fd ta\u00fd\u00fdarlamak sungaty g\u00f6rkezildi. Hyta\u00fd halkyny\u0148 bu d\u00e4bi \u00e7a\u00fddan lezzet almak bilen bir hatarda, onu\u0148 filosofi\u00fdasyna d\u00fc\u015f\u00fcnm\u00e4ge-de m\u00fcmkin\u00e7ilik ber\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, t\u00fcrkmen medeni\u00fdetinde hem \u00e7a\u00fda a\u00fdratyn ornu\u0148 degi\u015flidigini nygtamak gerek. Halkymyz d\u00f6wlet \u00e4hmi\u00fdetli m\u00f6h\u00fcm meseleleri hemi\u015fe \u00e7a\u00fd ba\u015fynda maslahatla\u015fypdyr. \u00c7a\u00fd ba\u015fynda s\u00f6hbet etmek adamlary\u0148 arasynda dostlukly gatna\u015fyklary pugtalandyrmaga \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r. Mundan ba\u015fga-da, \u00e7a\u00fd adam saglygyna ber\u00fd\u00e4n pe\u00fddasy bilen me\u015fhurdyr. Adaty hem-de halk lukman\u00e7ylygynda \u00e7a\u00fd bedeni\u0148 kesellere gar\u015fy durnuklylygyny pugtalandyrmak \u00fc\u00e7in seri\u015fde h\u00f6km\u00fcnde ulanyl\u00fdar.<br \/>\nMerkezde Hyta\u00fdy\u0148 milli medeni\u00fdeti we medeni mirasy bilen tany\u015fdyr\u00fdan b\u00f6l\u00fcm hem hereket ed\u00fd\u00e4r. Interaktiw sapaklar arkaly milli medeni\u00fdeti gorap saklamak, wagyz etmek bu b\u00f6l\u00fcmi\u0148 esasy wezipesi bolup dur\u00fdar. B\u00f6l\u00fcmde \u00fdokary h\u00fcn\u00e4r derejeli mugallymlar \u00e7agalara milli medeni\u00fdeti\u0148 d\u00fcrli ugurlary, \u015fol sanda kalligrafi\u00fda, \u015fekillendiri\u015f sungaty, k\u00fc\u015ft, ke\u015fde\u00e7ilik sungaty bo\u00fdun\u00e7a sapak ber\u00fd\u00e4rler.<br \/>\nMerkez bilen tany\u015flygy\u0148 dowamynda Hyta\u00fdy\u0148 Min we Sin nesil\u015falyklaryny\u0148 zenan lybaslary, taryhy \u015fa\u00fd-sepleri g\u00f6rkezildi. \u015ee\u00fdle hem bu \u00fderde hyta\u00fd operasyndan par\u00e7alar \u00fderine \u00fdetirildi. Munu\u0148 \u00f6zi \u00f6zbolu\u015flylygy bilen tapawutlan\u00fdan gadymy hyta\u00fd sungatyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4sine arala\u015fmaga m\u00fcmkin\u00e7ilik berdi.<br \/>\nTany\u015flygy\u0148 ahyrynda Oguljahan Ataba\u00fdewa merkeze mundan be\u00fdl\u00e4k-de netijeli i\u015flemegi arzuw edip, bu \u00fderde dostlugy\u0148 ny\u015fany h\u00f6km\u00fcnde \u00fdadyg\u00e4rlik \u00fdazgy galdyrdy.<br \/>\n\u00ddurdumyzy\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 HHR-e saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa bilen Hyta\u00fdy\u0148 Sun Sinlin adyndaky gaznasyny\u0148 ba\u015flygy hanym Li Bini\u0148 arasynda du\u015fu\u015fyk ge\u00e7irildi. O.Ataba\u00fdewa Hyta\u00fda gelm\u00e4ge \u00e7akylyk, \u015fe\u00fdle hem bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik \u00fc\u00e7in minnetdarlygyny be\u00fdan edip, geljek \u00fc\u00e7in anyk taslamalary ara alyp maslahatla\u015fmak, Sun Sinlin adyndaky gaznasyny\u0148 i\u015fi bilen \u00fdakyndan tany\u015fmak \u00fc\u00e7in d\u00f6r\u00e4n m\u00fcmkin\u00e7ilige kanagatlanma bildirdi.<br \/>\nHanym Li Bin Oguljahan Ataba\u00fdewany Sun Sinlin adyndaky gaznany\u0148 adyndan m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, \u00e7akylygy kabul edendigi \u00fc\u00e7in ho\u015fallygyny be\u00fdan etdi hem-de \u015fu gezekki sapary\u0148 gyzyklanma bildiril\u00fd\u00e4n \u00e4hli ugurlar, \u015fol sanda bilim we \u00e7agalary\u0148 saglygyny goramak ulgamlarynda hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge itergi berjekdigine ynam bildirdi.<br \/>\nSun Sinlin adyndaky gaznany\u0148 ba\u015flygy hyta\u00fd we t\u00fcrkmen halklaryny\u0148 gadym d\u00f6w\u00fcrlerden b\u00e4ri dostlukly gatna\u015fyklary saklap gel\u00fd\u00e4ndiklerini a\u00fdtdy we 2023-nji \u00fdylda Gahryman Arkadagymyzy\u0148 \u201cBir gu\u015fak, bir \u00fdol\u201d sammitine gatna\u015fmagyny\u0148, hormatly Prezidentimizi\u0148 \u201cMerkezi Azi\u00fda \u2014 Hyta\u00fd\u201d sammitlerine gatna\u015fmagyny\u0148, olary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde HHR-i\u0148 Ba\u015flygy Si Szinpin bilen ge\u00e7iren du\u015fu\u015fyklaryny\u0148 ikitarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmekd\u00e4ki m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetini a\u00fdratyn belledi.<br \/>\nOguljahan Ataba\u00fdewa hanym Sun Sinlini\u0148 \u015fahsy\u00fdet h\u00f6km\u00fcnde \u00fderine \u00fdetiren i\u015flerini\u0148 \u00f6z\u00fcnde uly t\u00e4sir galdyr\u00fdandygyny a\u00fddyp, \u00fdurtlary\u0148 we halklary\u0148 arasynda dostlukly gatna\u015fyklary\u0148 ilerledilmegini\u0148, parahat\u00e7ylygy saklamagy\u0148 t\u00fcrkmen hem-de hyta\u00fd halklaryna mahsus \u00fd\u00f6relgelerdigini nygtady. Du\u015fu\u015fygy\u0148 dowamynda bellenili\u015fi \u00fdaly, Hyta\u00fd T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00fdakyn hyzmatda\u015flaryny\u0148 biri bolup dur\u00fdar. \u00ddurtlarymyz sy\u00fdasy-diplomatik, s\u00f6wda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda \u00fcst\u00fcnlikli hyzmatda\u015flyk ed\u00fd\u00e4rler. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, iki gaznany\u0148 hyzmatda\u015flygy arkaly t\u00fcrkmen-hyta\u00fd ynsanperwer gatna\u015fyklaryny t\u00e4ze many-mazmun bilen ba\u00fdla\u015fdyrmak \u00fc\u00e7in m\u00fcmkin\u00e7ilikleri\u0148 bardygyna ynam bildirildi.<br \/>\n\u201cSun Sinlin adyndaky gazna halkara gatna\u015fyklary ilerletmekden ba\u015fga-da, zenanlary\u0148 we \u00e7agalary\u0148 saglygyny goramaga a\u00fdratyn \u00fcns ber\u00fd\u00e4r, medeni\u00fdeti wagyz etmek, ylym-bilim gatna\u015fyklaryny pugtalandyrmak ugrunda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Bu ugurlary\u0148 k\u00f6p\u00fcsi bizi\u0148 \u00fc\u00e7in hem \u00f6r\u00e4n m\u00f6h\u00fcmdir. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedowy\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda gaznamyzy\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fi adamy\u0148 saglygyny we \u00f6s\u00fc\u015fini ileri tutup, munu\u0148 \u00fc\u00e7in amatly \u015fertleri d\u00f6retm\u00e4ge g\u00f6n\u00fckdirilendir\u201d di\u00fdip, Oguljahan Ataba\u00fdewa a\u00fdtdy we \u015fu \u00fdyly\u0148 29-njy martynda gaznany\u0148 d\u00f6redilmegini\u0148 d\u00f6rt \u00fdyllygy mynasybetli Arkadag \u015f\u00e4herinde \u00abParahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly: \u00e7agalary\u0148 hatyrasyna halkara i\u015fini\u0148 \u00f6s\u00fc\u015fi\u00bb atly halkara maslahaty\u0148 ge\u00e7irilendigini belledi. Bu maslahata hanym \u015een Beilini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygyndaky Sun Sinlin adyndaky gaznany\u0148 wekili\u00fdeti hem gatna\u015fdy. Forumy\u0148 dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatda\u015flygy, hususan-da, eneligi we \u00e7agalygy goramak ulgamynda \u00f6zara hereketleri \u00f6sd\u00fcrmek bo\u00fdun\u00e7a pikir al\u015fyldy.<br \/>\nHanym Li Bin bu halkara forumy\u0148 \u00e4hmi\u00fdetini nygtap, hyta\u00fd tarapyna t\u00fcrkmen topragynda bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik \u00fc\u00e7in t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden ho\u015fallygyny be\u00fdan etdi.<br \/>\nDu\u015fu\u015fykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 i\u015fi hem-de onu\u0148 d\u00f6redilen g\u00fcn\u00fcnden b\u00e4ri saglygy gora\u00fdy\u015f, durmu\u015f \u00fcpj\u00fcn\u00e7iligi, ylym we bilim ulgamlarynda k\u00f6p netijeli maksatnamalary\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7irilendigi barada bellenildi. Gazna lukman\u00e7ylyk bejergisine m\u00e4t\u00e4\u00e7, \u015fe\u00fdle hem ene-atasyny\u0148 howandarlygyndan jyda d\u00fc\u015fen \u00e7agalara k\u00f6mek berm\u00e4ge a\u00fdratyn \u00fcns ber\u00fd\u00e4r. \u00c7\u00fcnki \u00f6s\u00fcp gel\u00fd\u00e4n nesli\u0148 saglygy we abadan\u00e7ylygy baradaky alada durnukly geljegi\u0148 kepilidir. Oguljahan Ataba\u00fdewa gaznany\u0148 \u00f6z i\u015fini mundan be\u00fdl\u00e4k-de k\u00e4mille\u015fdirmegi maksat edin\u00fd\u00e4ndigini we tejribe aly\u015fmaga gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4ndigini a\u00fddyp, t\u00fcrkmen tarapyny\u0148 durmu\u015f ugurly taslamalara seretm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardygyny tassyklady.<br \/>\nHanym Li Bin \u00fda\u015f nesli\u0148 saglygyny goramaga, olara \u00fdokary hilli inkl\u00fduziw bilim almak \u00fc\u00e7in m\u00fcmkin\u00e7ilikleri d\u00f6retm\u00e4ge g\u00f6n\u00fckdirilen bilelikd\u00e4ki taslamalar arkaly iki gaznany\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flygy\u0148 jemgy\u00fdetde abadan\u00e7ylygy pugtalandyrmaga \u00fdardam berjekdigine ynam bildirdi.<br \/>\nSo\u0148ra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasy bilen Hyta\u00fdy\u0148 Sun Sinlin adyndaky gaznasyny\u0148 arasynda \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmek hakynda \u00c4htnama gol \u00e7ekildi.<br \/>\nSapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa Hyta\u00fdy\u0148 Halk sy\u00fdasy konsultatiw ge\u0148e\u015fini\u0148 \u00c4hlihyta\u00fd komitetini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, \u015eHG-ni\u0148 Ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylyk, dostluk we hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a komitetini\u0148 ba\u015flygy hanym \u015een \u00ddue\u00fdue bilen du\u015fu\u015fdy.<br \/>\nHanym \u015een \u00ddue\u00fdue myhmany m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 \u015fu saparyny\u0148 g\u00f6zba\u015fyny gadymy Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdolundan alyp ga\u00fdd\u00fdan mizemez t\u00fcrkmen-hyta\u00fd dostlugyny\u0148 a\u00fddy\u0148 g\u00fcw\u00e4si bolup dur\u00fdandygyny nygtady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 \u00fdardam bermeginde \u00fdurtlarymyzy\u0148 arasyndaky ynsanperwer hyzmatda\u015flygy\u0148 hil ta\u00fddan t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykaryl\u00fdandygyna \u00fdokary baha berdi. \u015ee\u00fdle hem Hyta\u00fdy\u0148 Halk sy\u00fdasy konsultatiw ge\u0148e\u015fini\u0148 \u00c4hlihyta\u00fd komitetini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 orunbasary 2024-nji \u00fdylda T\u00fcrkmenistana amala a\u015fyran saparyny \u00fdakymly du\u00fdgular bilen \u00fdatla\u00fdandygyny a\u00fddyp, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Liderini\u0148 ma\u015fgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa m\u00e4hirli salamyny we i\u0148 gowy arzuwlaryny \u00fdetirmegi ha\u00fdy\u015f etdi.<br \/>\nGaznany\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik we sapary\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesi \u00fc\u00e7in Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylaryna minnetdarlyk bildirip, Pekini\u0148 g\u00f6zelligini\u0148 \u00f6z\u00fcnde uly t\u00e4sir galdyrandygyny a\u00fdtdy hem-de m\u00fcmkin\u00e7ilikden pe\u00fddalanyp, hormatly Prezidentimizi\u0148, Gahryman Arkadagymyzy\u0148 HHR-i\u0148 Ba\u015flygy Si Szinpine we D\u00f6wlet Ge\u0148e\u015fini\u0148 Prem\u00fderi Li S\u00fdana iberen m\u00e4hirli salamyny \u00fdetirdi.<br \/>\n\u201cBiz Hyta\u00fda ynsanperwer hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek \u00fdaly asylly maksat bilen geldik. H\u00e4zirki wagtda bu hyzmatda\u015flyk ylym, bilim, medeni\u00fdet we sport ulgamlarynda \u00fcst\u00fcnlikli alnyp baryl\u00fdar\u201d di\u00fdip, O.Ataba\u00fdewa a\u00fdtdy we gaznany\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti h\u00f6km\u00fcnde \u00e7agany\u0148 saglygyny goramak, inkl\u00fduziw bilim, m\u00e4t\u00e4\u00e7 ra\u00fdatlara durmu\u015f goldawyny bermek tejribesini \u00f6wrenmek babatda hyzmatda\u015flygy gi\u0148eltm\u00e4ge gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4ndigini be\u00fdan etdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, gazna saglyk meselesi we be\u00fdleki durmu\u015f kyn\u00e7ylyklaryna sezewar bolan \u00e7agalara k\u00f6mek bermek \u00fc\u00e7in milli derejede d\u00f6wlet d\u00fcz\u00fcmleri, jemgy\u00fdet\u00e7ilik guramalary, ra\u00fdat jemgy\u00fdeti bilen bilelikde i\u015f alyp bar\u00fdar. \u015ee\u00fdle hem Oguljahan Ataba\u00fdewa t\u00fcrkmen tarapyny\u0148 hyta\u00fdly k\u00e4rde\u015fleri bilen bilelikde i\u015flem\u00e4ge we tejribe aly\u015fmaga ta\u00fd\u00fdardygyny nygtap, \u015fu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 hem-de Sun Sinlin adyndaky gaznany\u0148 arasynda \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmek hakynda \u00c4htnama gol \u00e7ekilendigini a\u00fdtdy.<br \/>\nHanym \u015een \u00ddue\u00fdue hyta\u00fd tarapyny\u0148 gol \u00e7ekilen \u00c4htnamany \u00fdurtlarymyzy\u0148 i\u0148 gymmatly ba\u00fdlygy bolan \u00e7agalary\u0148 b\u00e4hbidine i\u015f \u00fd\u00fcz\u00fcnde durmu\u015fa ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in \u00e4hli tagallalary etjekdigini nygtady. Du\u015fu\u015fygy\u0148 ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa we Hyta\u00fdy\u0148 Halk sy\u00fdasy konsultatiw ge\u0148e\u015fini\u0148 \u00c4hlihyta\u00fd komitetini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 orunbasary \u015een \u00ddue\u00fdue birek-birege berk jan saglyk, rowa\u00e7lyk, alyp bar\u00fdan i\u015flerinde \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw etdiler.<br \/>\nSapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewany\u0148 \u015eanha\u00fd \u015f\u00e4herini\u0148 h\u00e4kimi Gun \u00c7\u017een bilen du\u015fu\u015fygy boldy. Gun \u00c7\u017een O.Ataba\u00fdewany m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, bu du\u015fu\u015fygy\u0148 \u00f6zi \u00fc\u00e7in uly hormatdygyny belledi hem-de t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 Hyta\u00fda saparyny\u0148 iki \u00fdurdu\u0148 ynsanperwer ulgamdaky hyzmatda\u015flygyny hil ta\u00fddan t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykarjakdygyna ynam bildirdi.<br \/>\nGaznany\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti myhmans\u00f6\u00fderlik \u00fc\u00e7in minnetdarlyk bildirip, T\u00fcrkmenistan bilen Hyta\u00fdy\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklary\u0148 ba\u00fd taryhyny\u0148 bardygyny belledi. H\u00e4zirki wagtda bu gatna\u015fyklar ugurlary\u0148 gi\u0148 gerimi bo\u00fdun\u00e7a yzygiderli \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r.<br \/>\nOguljahan Ataba\u00fdewa gaznany\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fi barada a\u00fddyp, \u00e7agalary\u0148 saglygy we abadan durmu\u015fy baradaky aladany\u0148 Gahryman Arkadagymyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen d\u00f6redilen bu d\u00fcz\u00fcmi\u0148 esasy wezipesidigini belledi. Ol t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 Hyta\u00fda \u015fu gezekki saparyny\u0148 halkara hyzmatda\u015flygy gi\u0148eltm\u00e4ge g\u00f6n\u00fckdirilendigini a\u00fddyp, Hyta\u00fdy\u0148 s\u00f6wdada we ykdysady\u00fdetde ygtybarly hyzmatda\u015f bolmak bilen bir hatarda, lukman\u00e7ylyk, tehnologi\u00fdalar ulgamlarynda hem \u00f6\u0148debaryjy orunlary\u0148 birini e\u00fdele\u00fd\u00e4ndigine \u00fcnsi \u00e7ekdi. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, Hyta\u00fdy\u0148 saglygy gora\u00fdy\u015f ulgamynda, hususan-da, \u00e7agany\u0148 saglygyny goramak, sagaldy\u015f-dikeldi\u015f ugurlarynda toplan tejribesine gyzyklanma bildirildi.<br \/>\n\u015eanha\u00fd \u015f\u00e4herini\u0148 h\u00e4kimi gaznany\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fini\u0148 gerimini\u0148, \u015fe\u00fdle hem onu\u0148 ynsanperwer \u00fd\u00f6relgelere, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyny\u0148 \u00f6z\u00fcnde uly t\u00e4sir galdyrandygyny a\u00fdtdy. Du\u015fu\u015fygy\u0148 ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa we \u015eanha\u00fd \u015f\u00e4herini\u0148 h\u00e4kimi Gun \u00c7\u017een bu ugurdaky dialogy\u0148 \u00e7agalary\u0148 b\u00e4hbidine mundan be\u00fdl\u00e4k-de dowam etdiriljekdigini nygtap, birek-birege i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan etdiler.<br \/>\n\u015ee\u00fdlelikde, zenanlardan ybarat t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 HHR-e sapary saglygy gora\u00fdy\u015f, bilim ulgamlarynda t\u00fcrkmen-hyta\u00fd hyzmatda\u015flygyny\u0148 i\u015fje\u0148 \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4ndigini\u0148 a\u00fddy\u0148 be\u00fdany boldy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>\u00ddakynda zenanlardan ybarat t\u00fcrkmen wekili\u00fdeti Hyta\u00fd Halk Respublikasynda saparda boldy. Sapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00fdurdumyzy\u0148 wekili\u00fdetini\u0148 agzalary birn\u00e4\u00e7e du\u015fu\u015fyklary ge\u00e7irdiler hem-de hyta\u00fd halkyny\u0148 milli medeni\u00fdeti bilen tany\u015fdylar. Munu\u0148 \u00f6zi T\u00fcrkmenistan bilen Hyta\u00fd Halk Respublikasyny\u0148 arasyndaky medeni gatna\u015fyklary\u0148 t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykaryl\u00fdandygyny\u0148 nobatdaky be\u00fdany boldy. T\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 Hyta\u00fda saparyny\u0148 birinji g\u00fcn\u00fcnde wekili\u00fdeti\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":144688,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/144687"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=144687"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/144687\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":144689,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/144687\/revisions\/144689"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/144688"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=144687"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=144687"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=144687"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}