{"id":153677,"date":"2025-12-05T11:27:11","date_gmt":"2025-12-05T06:27:11","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=153677"},"modified":"2025-12-05T11:56:40","modified_gmt":"2025-12-05T06:56:40","slug":"hemiselik-bitaraplyk-parahatcylygyn-kepili-2","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/hemiselik-bitaraplyk-parahatcylygyn-kepili-2\/","title":{"rendered":"Hemi\u015felik Bitaraplyk \u2013 parahat\u00e7ylygy\u0148 kepili"},"content":{"rendered":"<p>D\u00f6wletimiz parahat\u00e7ylygy\u0148, howpsuzlygy\u0148, \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 gazanylmagy ugrunda ba\u015flangy\u00e7lar bilen yzygiderli \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Sebitde hem d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylygy we howpsuzlygy berkitmek T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 strategik ugry bolup dur\u00fdar. Munu\u0148 \u00f6zi, bir tarapdan, T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglany\u015fyklydyr, be\u00fdleki tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy \u00fcpj\u00fcn etmek durnukly \u00f6s\u00fc\u015f bo\u00fdun\u00e7a \u00e4hlumumy meseleleri \u00e7\u00f6zmegi\u0148 h\u00f6kmany \u015ferti bolup dur\u00fdar.<br \/>\nM\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, T\u00fcrkmenistan Gara\u015fsyzlygyny\u0148 ilkinji g\u00fcnlerinden ba\u015flap, halkara gatna\u015fyklarda o\u0148yn Bitaraplyk sy\u00fdasatyny yglan etdi. Milletler Bilele\u015figi tarapyndan \u00fdurdumyzy\u0148 bu hukuk derejesi ykrar edildi. T\u00fcrkmen d\u00f6wletini\u0148 Bitaraplyk sy\u00fdasaty onu\u0148 k\u00f6ptaraply da\u015fary sy\u00fdasy strategi\u00fdasyny\u0148 esasy ugry bolmak bilen, \u00e4hlumumy parahat\u00e7ylygy, \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fdaly \u00fc\u00e7\u00fcnji m\u00fc\u0148\u00fdyllygy\u0148 hemmetarapla\u00fdyn maksatlaryna la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4r. Muny 1995-nji \u00fdyly\u0148 12-nji dekabrynda we 2015-nji \u00fdyly\u0148 3-nji i\u00fdunynda hem-de 2025-nji \u00fdyly\u0148 21-nji martynda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygy\u00bb atly Kararnamasyny\u0148 3 gezek kabul edilmegi, 2017-nji \u00fdyly\u0148 fewral a\u00fdynda BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 71-nji mejlisinde agza d\u00f6wletleri\u0148 goldamagynda her \u00fdyly\u0148 12-nji dekabry \u00abHalkara Bitaraplyk g\u00fcni\u00bb di\u00fdip yglan edilmegi \u00fdurdumyzy\u0148 parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilik \u00fd\u00f6relgelerini\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4de dabaralan\u00fdandygyny a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<br \/>\n\u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplygy \u2013 bu bizi\u0148 mizemez gymmatlygymyzdyr, durmu\u015fymyzy\u0148 a\u00fdrylmaz b\u00f6legidir, bizi\u0148 ba\u015f maksadymyzdyr\u00bb di\u00fdip, Gahryman Arkadagymyz \u00abBitarap T\u00fcrkmenistan\u00bb atly kitabynda belle\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplygy we onu\u0148 bin\u00fdatlyk h\u00e4si\u00fdetleri \u2013 parahat\u00e7ylygy s\u00f6\u00fd\u00fcjilik, i\u015fje\u0148 parahat\u00e7ylygy \u00fcpj\u00fcn etmek, harby gapma-gar\u015fylyklara, birle\u015fiklere we \u015fertnamalara gatna\u015fmazlyk, be\u00fdleki \u00fdurtlary\u0148 i\u00e7erki i\u015flerine gaty\u015fmazlyk, olary\u0148 \u00f6zygty\u00fdarlylygyny hem-de \u00e7\u00e4klerini\u0148 bitew\u00fcligini hormatlamak bolup dur\u00fdar. \u015eu nukda\u00fdnazardan parahat\u00e7ylyk d\u00fc\u015f\u00fcnjesini gi\u0148i\u015fle\u00fdin bell\u00e4p ge\u00e7mek m\u00f6h\u00fcmdir.<br \/>\nHalkara parahat\u00e7ylyk da\u015fary sy\u00fdasatda g\u00fc\u00fd\u00e7 ulanmazlyga esaslan\u00fdan we \u00f6z \u00fcst\u00fcne alan bor\u00e7namalaryny berja\u00fd ed\u00fd\u00e4n d\u00f6wletleri\u0148 we halklary\u0148 arasyndaky ylala\u015fykly, dostlukly gatna\u015fyklardyr.<br \/>\nT\u00fcrkmenistan b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de, \u015fol sanda Merkezi Azi\u00fda sebitinde parahat\u00e7ylygy, howpsuzlygy we hyzmatda\u015flygy pugtalandyrmakda halkara tagallalara i\u015fje\u0148 gatna\u015f\u00fdar. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, 2022-nji \u00fdyly\u0148 28-nji i\u00fdulynda BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan Merkezi Azi\u00fdany parahat\u00e7ylygy\u0148, ynany\u015fmagy\u0148 we hyzmatda\u015flygy\u0148 zolagy di\u00fdip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamany\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti uludyr. \u015ee\u00fdle hem T\u00fcrkmenistan halkara gatna\u015fyklarda ynany\u015fmak dialogyny\u0148 filosofi\u00fdasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 \u00abDialog \u2013 parahat\u00e7ylygy\u0148 kepili\u00bb di\u00fden Kararnamasyny\u0148 taslamasyny i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamagy\u0148 ba\u015fyny ba\u015flamagy g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tut\u00fdar.<br \/>\nBitarap T\u00fcrkmenistan h\u00e4zirki zamany\u0148 m\u00f6h\u00fcm meseleleri we wezipeleri bo\u00fdun\u00e7a de\u0148e\u00e7er \u00e7\u00f6zg\u00fctleri i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamakda ba\u015flangy\u00e7lary \u00f6\u0148e s\u00fcrmek bilen, 2030-njy \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6w\u00fcr \u00fc\u00e7in BMG-ni\u0148 strategi\u00fdasyny\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7irilmegine uly go\u015fant go\u015f\u00fdar. Hususan hem T\u00fcrkmenistan Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f maksatlaryny\u0148 i\u015flenip ta\u00fd\u00fdarlanylmagyna i\u015fje\u0148 gatna\u015fdy hem-de Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f maksatlaryny\u0148 17-sini hem resmi kabul eden we milli maksatnamalaryna hem-de \u00f6s\u00fc\u015f strategi\u00fdalaryna girizen ilkinji d\u00f6wletleri\u0148 biri boldy.<br \/>\nUmuman, Bitarap T\u00fcrkmenistan halkara gatna\u015fyklar ulgamynda meseleleri \u00e7\u00f6zmegi\u0148 \u015funu\u0148 \u00fdaly k\u00f6pugurly guralyny d\u00f6redip, m\u00f6h\u00fcm meseleleri \u00e7\u00f6zmekde has k\u00e4mil \u00e7emele\u015fmeleri i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamaga \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r.<br \/>\nHalkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdylymyzda hormatly Prezidentimizi\u0148 tagallasy bilen ata-babalarymyzdan gel\u00fd\u00e4n parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilik \u00fd\u00f6relgelerimiz mynasyp dowam etdiril\u00fd\u00e4r. Parahat\u00e7ylygy, asudalygy b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de dabaralandyrmak mukaddes i\u015fdir. \u00ddurdumyzy \u00f6s\u00fc\u015flerden-\u00f6s\u00fc\u015flere alyp bar\u00fdan hormatly Prezidentimizi\u0148 jany sag, \u00f6mri uzak, il-\u00fdurt b\u00e4hbitli, umumadamzat \u00e4hmi\u00fdetli tutumly i\u015fleri elmydama rowa\u00e7 bolsun!<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Agamyrat SAPAROW, T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet migrasi\u00fda gullugyny\u0148 harby gulluk\u00e7ysy, <\/strong><br \/>\n<strong>le\u00fdtenant.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>D\u00f6wletimiz parahat\u00e7ylygy\u0148, howpsuzlygy\u0148, \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 gazanylmagy ugrunda ba\u015flangy\u00e7lar bilen yzygiderli \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Sebitde hem d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylygy we howpsuzlygy berkitmek T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 strategik ugry bolup dur\u00fdar. Munu\u0148 \u00f6zi, bir tarapdan, T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglany\u015fyklydyr, be\u00fdleki tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy \u00fcpj\u00fcn etmek durnukly \u00f6s\u00fc\u015f bo\u00fdun\u00e7a \u00e4hlumumy meseleleri \u00e7\u00f6zmegi\u0148 h\u00f6kmany \u015ferti bolup dur\u00fdar. M\u00e4lim bol\u015fy [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":153575,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/153677"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=153677"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/153677\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":153678,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/153677\/revisions\/153678"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/153575"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=153677"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=153677"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=153677"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}