{"id":155433,"date":"2025-12-27T09:40:22","date_gmt":"2025-12-27T04:40:22","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=155433"},"modified":"2025-12-27T09:40:22","modified_gmt":"2025-12-27T04:40:22","slug":"2026-njy-yyl-garassyz-baky-bitarap-turkmenistan-bedew-batly-at-myradyn-mekany-yyly-diylip-yglan-edildi","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/2026-njy-yyl-garassyz-baky-bitarap-turkmenistan-bedew-batly-at-myradyn-mekany-yyly-diylip-yglan-edildi\/","title":{"rendered":"2026-njy \u00fdyl: \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdyly di\u00fdlip yglan edildi"},"content":{"rendered":"<p><em><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 Mejlisini\u0148 Karary 2026-njy \u00fdyly \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdyly di\u00fdip yglan etmek hakynda<\/strong><\/em><\/p>\n<p>\u00c7u\u0148\u0148ur hormatlanyl\u00fdan T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy\u0148 ba\u015flangyjy bilen yglan edilen Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly \u00fdurdumyz \u00fc\u00e7in taryhy \u00e4hmi\u00fdetli \u00fdyllary\u0148 biri boldy. T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyny\u0148 \u015fanly 30 \u00fdyllygyny\u0148 gi\u0148den bellenilip ge\u00e7ilmegi \u00fdurdumyzy\u0148 gazanan \u00e4girt uly \u00fcst\u00fcnliklerini, \u00fdeten sepgitlerini d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iligine \u00fdetirm\u00e4ge m\u00fcmkin\u00e7ilik berdi.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 \u00abD\u00f6wlet adam \u00fc\u00e7indir!\u00bb, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy\u0148 \u00abWatan di\u0148e halky bilen Watandyr! D\u00f6wlet di\u0148e halky bilen d\u00f6wletdir!\u00bb di\u00fden \u00fd\u00f6relgelerine e\u00fder\u00fd\u00e4n agzybir halkymyz bu g\u00fcn parahat we abadan durmu\u015fda \u00fda\u015fa\u00fdar. Berkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde \u00fdurdumyz \u00f6s\u00fc\u015fleri\u0148 ak \u00fdolundan bedew bady bilen ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdar.<\/p>\n<p>\u00c7u\u0148\u0148ur hormatlanyl\u00fdan Prezidentimiz t\u00fcrkmen halkyny\u0148 milli h\u00e4si\u00fdetini\u0148 esasyny d\u00fcz\u00fd\u00e4n, asyrlary\u0148 j\u00fcmm\u00fc\u015finden gel\u00fd\u00e4n \u00f6zbolu\u015fly d\u00e4p-dessurlaryna, ynsanperwerlik \u00fd\u00f6relgelerine da\u00fdanmak bilen, jemgy\u00fdeti\u0148 jebisligi we durnuklylygy, \u00fdurdu\u0148 asuda \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fc\u00e7in uly tagallalary ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Gara\u015fsyzlyk \u00fdyllary i\u00e7inde gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli \u00f6zgertmeleri\u0148 yzygiderli durmu\u015fa ge\u00e7irilmegi netijesinde \u00fdurdumyzy\u0148 \u00e4hli pudaklaryny\u0148 i\u015fi d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6sen d\u00f6wletlerini\u0148 tejribesi esasynda k\u00e4mille\u015fdirilip, milli ykdysady\u00fdeti\u0148 \u00f6zbolu\u015fly h\u00e4zirki zaman t\u00fcrkmen nusgasy kemala getirildi.<\/p>\n<p>Geljek \u00fdyl \u2014 G\u00fcndogar m\u00fc\u00e7enamasy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdylky, \u00fdagny bedew \u00fdyly. Bizi\u0148 bedewlerimiz halkymyzy\u0148 milli bu\u00fdsanjydyr, gymmatly ba\u00fdlygydyr, be\u00fdik \u00f6s\u00fc\u015flerimizi\u0148 ny\u015fanydyr. \u00abAt \u2014 myrat\u00bb di\u00fdli\u015fi \u00fdaly, t\u00e4ze \u00fdyl bagty\u00fdar halkymyzy maksat-myradyna \u00fdetirer. T\u00fcrkmen halky \u00fc\u00e7in 2026-njy \u00fdyl a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedir. Bu \u00fdylda eziz Watanymyz mukaddes Gara\u015fsyzlygyny\u0148 35 \u00fdyllygyny ba\u00fdram eder. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 k\u00f6pasyrlyk taryhynda hem-de \u00f6zba\u015fdak \u00f6s\u00fc\u015f \u00fdolunda bedew at milletimizi\u0148 ynamdar we ygtybarly \u00fdolda\u015fy h\u00f6km\u00fcnde a\u00fdratyn orun tut\u00fdar.<\/p>\n<p>K\u00f6p asyrlary\u0148 dowamynda \u00f6z\u00fcne mahsus bolan g\u00fc\u00fd\u00e7-kuwwaty, \u00fdyndamlygy, g\u00f6zelligi we akyllylygy bilen tapawutlan\u00fdan ahalteke bedewi bu g\u00fcn T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet tugrasyny\u0148 bezegi, Gara\u015fsyz, baky Bitarap Watanymyzy\u0148 \u00f6s\u00fc\u015flerini\u0148 ny\u015fany bolup dur\u00fdar.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 Gara\u015fsyzlygyny we \u00f6zygty\u00fdarlylygyny has-da \u015f\u00f6hratlandyrmak, Gara\u015fsyzlyk \u00fdyllarynda sy\u00fdasatda, ykdysady\u00fdetde, medeni\u00fdetde \u00fdetilen belent sepgitleri, halkymyzy\u0148 bagty\u00fdar durmu\u015fyny \u00fcpj\u00fcn etmekde gazanylan \u00fcst\u00fcnlikleri, bedew bady bilen \u00f6s\u00fc\u015fleri\u0148 belentligine tarap ynamly gadam ur\u00fdan berkarar Watanymyzy\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4ni ha\u00fdran galdyryjy galkyny\u015flaryny hem-de \u00e4hli ugurlarda gazan\u00fdan be\u00fdik \u00fde\u0148i\u015flerini dabaralandyrmak, di\u0148e bir t\u00fcrkmen halkyny\u0148 d\u00e4l, e\u00fdsem, b\u00fctin adamzady\u0148 bahasyna \u00fdetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerini\u0148 \u015f\u00f6hratyny mundan be\u00fdl\u00e4k-de be\u00fdgeltmek, eziz Watanymyzy\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hratyny, halkara abra\u00fdyny artdyrmak, \u00fda\u015f nesli Gara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistana, milli mirasymyza \u00e7\u00e4ksiz bu\u00fdsan\u00e7, s\u00f6\u00fdgi we hormat go\u00fdmak ruhunda terbi\u00fdelemek, T\u00fcrkmenistany\u0148 Gara\u015fsyzlygyny\u0148 35 \u00fdyllyk \u015fanly ba\u00fdramyny mynasyp gar\u015fylamak, amala a\u015fyryl\u00fdan \u00e4girt uly, bedew batly be\u00fdik \u00f6s\u00fc\u015fleri\u0148, taryhy \u00f6zgertmeleri\u0148 \u00e4hmi\u00fdetini wagyz etmek maksady bilen, \u015fe\u00fdle hem 2026-njy \u00fdyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, \u00fdurdumyzy\u0148 iri jemgy\u00fdet\u00e7ilik birle\u015fiklerinden, z\u00e4hmet toparlaryndan we ra\u00fdatlarymyzdan gelip gow\u015fan teklipleri g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutup, T\u00fcrkmenistany\u0148 Mejlisi karar ed\u00fd\u00e4r:<\/p>\n<p>2026-njy \u00fdyly\u00a0<strong>\u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb\u00a0<\/strong>\u00fdyly<strong>\u00a0<\/strong>di\u00fdip yglan etmeli.<\/p>\n<p><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 Mejlisini\u0148\u00a0<\/strong><br \/>\n<strong>Ba\u015flygy D.GULMANOWA.<\/strong><\/p>\n<p><em>A\u015fgabat \u015f\u00e4heri, 2025-nji \u00fdyly\u0148 26-njy dekabry.<\/em><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 Mejlisini\u0148 Karary 2026-njy \u00fdyly \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdyly di\u00fdip yglan etmek hakynda \u00c7u\u0148\u0148ur hormatlanyl\u00fdan T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy\u0148 ba\u015flangyjy bilen yglan edilen Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly \u00fdurdumyz \u00fc\u00e7in taryhy \u00e4hmi\u00fdetli \u00fdyllary\u0148 biri boldy. T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyny\u0148 \u015fanly 30 \u00fdyllygyny\u0148 gi\u0148den bellenilip ge\u00e7ilmegi \u00fdurdumyzy\u0148 gazanan \u00e4girt uly \u00fcst\u00fcnliklerini, [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":155432,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155433"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=155433"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155433\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":155434,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155433\/revisions\/155434"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/155432"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=155433"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=155433"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=155433"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}