{"id":155479,"date":"2025-12-27T12:31:46","date_gmt":"2025-12-27T07:31:46","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=155479"},"modified":"2025-12-27T12:31:46","modified_gmt":"2025-12-27T07:31:46","slug":"bmg-nin-bas-assambleyasynyn-birlesen-milletler-guramasynyn-durnukly-ulag-boyunca-onyyllygy-2026-2035-nji-yyllar-atly-kararnamasy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/bmg-nin-bas-assambleyasynyn-birlesen-milletler-guramasynyn-durnukly-ulag-boyunca-onyyllygy-2026-2035-nji-yyllar-atly-kararnamasy\/","title":{"rendered":"BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 \u00abBirle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a on\u00fdyllygy (2026 \u2014 2035-nji \u00fdyllar)\u00bb atly KARARNAMASY"},"content":{"rendered":"<p class=\"text\"><i>Ba\u015f Assamble\u00fda,<\/i><\/p>\n<p class=\"text\">2023-nji \u00fdyly\u0148 19-njy dekabryndaky 78\/148 Kararnamasynda 2026 \u2014 2035-nji \u00fdyllary Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a on\u00fdyllygyny yglan edendigini hem-de bu on\u00fdyllygy\u0148 bar bolan d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 we seri\u015fdeleri\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7iriljekdigini\u00a0<i>\u00fdatlatmak bilen,<\/i><\/p>\n<p class=\"text\">durnukly ulag hakynda 2014-nji \u00fdyly\u0148 19-njy dekabryndaky 69\/213, 2015-nji \u00fdyly\u0148 22-nji dekabryndaky 70\/197, 2017-nji \u00fdyly\u0148 20-nji dekabryndaky 72\/212, 2021-nji \u00fdyly\u0148 20-nji i\u00fdulyndaky 75\/313, 2023-nji \u00fdyly\u0148 16-njy ma\u00fdyndaky 77\/286 hem-de 78\/148 Kararnamalaryna\u00a0<i>salgylanyp<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">\u015fe\u00fdle hem Ykdysady we Durmu\u015f ge\u0148e\u015fini\u0148 1980-nji \u00fdyly\u0148 25-nji i\u00fdulyndaky 1980\/67 halkara \u00fdyllary we \u00fdyllyklary, 1989-njy \u00fdyly\u0148 24-nji ma\u00fdyndaky 1989\/84 ykdysady we durmu\u015f ulgamlarynda halkara on\u00fdyllyklar babatynda gollanma bolup hyzmat ed\u00fd\u00e4n \u00fd\u00f6relgeleri hakynda hem-de Ba\u015f Assamble\u00fdany\u0148 1998-nji \u00fdyly\u0148 15-nji dekabryndaky 53\/199 we 2006-njy \u00fdyly\u0148 20-nji dekabryndaky 61\/185 halkara \u00fdyllary yglan etmek hakynda Kararnamalaryna\u00a0<i>salgylanmak bilen<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">2030-njy \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6w\u00fcr \u00fc\u00e7in durnukly \u00f6s\u00fc\u015f ulgamynda G\u00fcn tertibini, Sewil\u00fda bor\u00e7namasyny, de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler \u00fc\u00e7in 2024 \u2014 2034-nji on\u00fdyllyga ni\u00fdetlenen Hereketleri\u0148 Awaza maksatnamasyny, has az \u00f6sen \u00fdurtlar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 Doha maksatnamasyny, \u201c\u00d6s\u00fcp bar\u00fdan ki\u00e7i ada d\u00f6wletler \u00fc\u00e7in Antigua we Barbuda g\u00fcn tertibi: durnukly g\u00fcll\u00e4p \u00f6s\u00fc\u015fe \u00fdetmek hakynda t\u00e4zelenilen Jarnama\u201d resminamasyny, Pari\u017e ylala\u015fygyny, 2015 \u2014 2030-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in hel\u00e4k\u00e7ilikleri\u0148 t\u00f6wekgel\u00e7iligini peseltmek bo\u00fdun\u00e7a Senda\u00fd \u00e7ar\u00e7uwaly Maksatnamasyny hem-de \u015e\u00e4herleri \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 t\u00e4ze maksatnamasyny\u00a0<i>tassyklamak bilen<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">awtomobil \u00fdollaryny\u0148, \u00fdollary\u0148, k\u00f6\u00e7eleri\u0148, demir \u00fdollary\u0148, howa ugurlaryny\u0148, i\u00e7erki suw \u00fdollaryny\u0148, de\u0148iz ulagyny\u0148, ulag-ge\u00e7iri\u015f \u00e7atryklaryny\u0148 hem-de portlary\u0148 \u00f6zara baglany\u015fykly toruny \u00f6sd\u00fcrmegi amatlyla\u015fdyrmak \u00fc\u00e7in \u00f6\u0148debaryjy tejrib\u00e4ni \u00fda\u00fdratmak arkaly multimodal \u00fd\u00fck gatnawlaryny\u0148 toplumla\u00fdyn ulgamlaryny pe\u00fddalanmagy\u0148 hasabyna ulag gatna\u015fyklaryny pugtalandyrmakda hyzmatda\u015flygy\u0148\u00a0<i>m\u00f6h\u00fcmdigini bell\u00e4p\u00a0<\/i>hem-de \u00fdokary hilli, ygtybarly, ekologik talaplara la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4n, sarsgynlara durnukly d\u00fcz\u00fcmle\u00fdin desgalary\u0148 me\u00fdille\u015fdirilmegine, gurlu\u015fygyna, ulanyly\u015fyna we hyzmat edili\u015fine \u00fdardam bermek bilen,<\/p>\n<p class=\"text\">Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 2016-njy \u00fdyly\u0148 26-27-nji no\u00fdabrynda T\u00fcrkmenistany\u0148 pa\u00fdtagty A\u015fgabatda ge\u00e7irilen Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a birinji \u00e4hlumumy maslahaty hem-de Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 2021-nji \u00fdyly\u0148 14 \u2014 16-njy okt\u00fdabrynda Hyta\u00fdy\u0148 pa\u00fdtagty Pekinde ge\u00e7irilen Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a ikinji \u00e4hlumumy maslahaty barada\u00a0<i>\u00fdatlatmak bilen<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">Ba\u015f Assamble\u00fdany\u0148 Ba\u015flygy tarapyndan 2024-nji \u00fdyly\u0148 17-nji aprelinde \u00e7agyrylan durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a \u00fdokary derejeli mejlisi\u0148 \u00e7\u00f6zg\u00fcdini\u00a0<i>bell\u00e4p<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">garyplygy aradan a\u00fdyrmakda hemmeler \u00fc\u00e7in durnukly, howpsuz, el\u00fdeterli we arzan ulag ulgamlaryny\u0148 m\u00f6h\u00fcm ornuny, ykdysady \u00f6s\u00fc\u015fi h\u00f6weslendirmegi\u0148, s\u00f6wda \u00fdardam bermegi\u0148 hyzmatda\u015flygyny we integrasi\u00fdasyny, jemgy\u00fdet\u00e7ilik abadan\u00e7ylygyny \u00fdokarlandyrmagy\u0148, \u00fdol hereketini\u0148 howpsuzlygyny \u00fcpj\u00fcn etmegi\u0148, da\u015fky gur\u015fawy\u0148 hapalanmagyna we howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegine gar\u015fy g\u00f6re\u015fi\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigini\u00a0<i>ykrar<\/i>\u00a0<i>etmek bilen<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">\u015fe\u00fdle hem emeli a\u0148y\u0148 we be\u00fdleki i\u0148 t\u00e4ze sanly tehnologi\u00fdalary\u0148 b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de ulag ulgamlaryny d\u00f6wrebapla\u015fdyrmakda, on\u00fdyllygy\u0148 ge\u00e7irilmegini goldamak arkaly olary\u0148 el\u00fdeterliligini, netijeliligini we ekologik ta\u00fddan durnuklylygyny \u00fcpj\u00fcn etmekde barha art\u00fdan ornuny\u00a0<i>ykrar etmek bilen<\/i>,<\/p>\n<p class=\"text\">1. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a on\u00fdyllygyny\u0148 (2026 \u2014 2035-nji \u00fdyllar) ge\u00e7irilmegini\u0148 Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 N\u00fdu-\u00ddork \u015f\u00e4herind\u00e4ki merkezi edaralarynda 2025-nji \u00fdyly\u0148 10-njy dekabrynda resmi ta\u00fddan ba\u015flan\u00fdandygyny, \u015fe\u00fdle hem BMG-ni\u0148 sebit komissi\u00fdalary bilen gi\u0148i\u015fle\u00fdin ge\u0148e\u015fmeler esasynda 2024-nji we 2025-nji \u00fdyllarda agza d\u00f6wletler hem-de \u00fd\u00f6ritele\u015fdirilen edaralar, gaznalar, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 maksatnamalarydyr edaralary, \u00ddewropa ykdysady komissi\u00fdasyny\u0148 I\u00e7erki ulag bo\u00fdun\u00e7a komiteti, \u015fe\u00fdle hem be\u00fdleki h\u00f6k\u00fcmetara guramalar, \u015fol sanda Halkara De\u0148iz Guramasy we Halkara ra\u00fdat awiasi\u00fdasy guramasy, Halkara ulag forumy \u00fdaly be\u00fdleki degi\u015fli edaralar bilen emele gelen \u00fdagda\u00fdlara baglylykda, h\u00f6k\u00fcmete dahylsyz guramalar hem-de gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4n degi\u015fli taraplar bilen hyzmatda\u015flykda Sekretariaty\u0148 Ykdysady we durmu\u015f meseleleri bo\u00fdun\u00e7a departamenti tarapyndan i\u015flenip ta\u00fd\u00fdarlanylan on\u00fdyllygy ge\u00e7irmegi\u0148 me\u00fdilnamasyny\u0148 amala a\u015fyrylmagyna ba\u015flanandygyny kanagatlanma bilen belle\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">2. Sekretariaty\u0148 Ykdysady we durmu\u015f meseleleri bo\u00fdun\u00e7a departamentine Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 sebit ykdysady komissi\u00fdalary hem-de be\u00fdleki degi\u015fli guramalary, gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4n be\u00fdleki taraplar bilen hyzmatda\u015flykda on\u00fdyllygy amala a\u015fyrmak we ge\u00e7irmek i\u015flerine \u00fdolba\u015f\u00e7ylyk etmegi hem-de utga\u015fdyrmagy, \u00f6z ygty\u00fdarlyklaryny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde me\u00fdletin t\u00f6legleri pe\u00fddalanmak arkaly \u00e7\u00e4releri we maksatnamalary kesgitlemegi hem-de i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamagy teklip ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">3. On\u00fdyllygy\u0148 maksadyny\u0148 b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de zy\u0148yndylary\u0148 m\u00f6\u00e7berini azaltmakda \u00fda-da nol derejesine \u00fdetirmekde d\u00fcrli milli \u015fertleri hasaba almak bilen, 2030-njy \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6w\u00fcr we ondan so\u0148ky \u00fdyllarda Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f ulgamynda g\u00fcn tertibini goldamak \u00fc\u00e7in durnukly, inkl\u00fduziw, el\u00fdeterli, arzan, howpsuz, energetika ta\u00fddan netijeli, \u00fdokary hilli, ygtybarly hem-de durmu\u015fa ukyply ulag ulgamlaryny kemala getirmek babatda toparla\u00fdyn tagallalary tizle\u015fdirmekden ybaratdygyny belle\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">4. Durnukly ulagy\u0148 dostlary topary, Durnukly ulag meseleleri bo\u00fdun\u00e7a \u00e4hlumumy hyzmatda\u015flyk, \u201cHemmeler \u00fc\u00e7in durnukly \u00e7alasynlyk\u201d, Durnukly pes uglerodly ulag ugrunda hyzmatda\u015flyk \u00fdaly guramalar bilen durnukly ulag meseleleri bo\u00fdun\u00e7a hyzmatda\u015flygy\u0148 i\u015fini hemmeler \u00fc\u00e7in howpsuz, arzan, el\u00fdeterli we durnukly ulag ulgamlaryny \u00f6sd\u00fcrmekde k\u00f6ptarapla\u00fdyn dialoga hem-de hyzmatda\u015flyga gi\u0148den \u00fdardam bermek \u00fc\u00e7in me\u00fddan\u00e7alar h\u00f6km\u00fcnde maglumat g\u00f6rn\u00fc\u015finde kanagatlanma bilen kabul ed\u00fd\u00e4r hem-de on\u00fdyllygy goldamakda olary\u0148 o\u0148yn ornuny belle\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p class=\"text\"><b><i>Amala a\u015fyrmagy\u0148 \u00e7\u00e4kleri<\/i><\/b><\/p>\n<p class=\"text\">5. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a \u00fc\u00e7\u00fcnji \u00e4hlumumy maslahatyny \u00e7agyrmak arkaly 2030-njy \u00fdylda halkara \u00e7\u00e4r\u00e4ni\u0148 h\u00e4zirki wagtda bar bolan me\u00fddan\u00e7alarynda, on\u00fdyllygy ge\u00e7irmegi\u0148 me\u00fdilnamasyny amala a\u015fyrmakda \u00f6s\u00fc\u015fe hem-de me\u00fdletin bor\u00e7namalary\u0148 \u00fderine \u00fdetirili\u015fine baha bermek, on\u00fdyllygy\u0148 galan d\u00f6wr\u00fcnde maslahatlary i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamak \u00fc\u00e7in sessi\u00fda g\u00f6rn\u00fc\u015finde onu\u0148 orta\u00e7a m\u00f6hletli synyny ta\u00fd\u00fdarlamagy hem-de 2035-nji \u00fdylda on\u00fdyllygy\u0148 umumy gazananlaryna garamak we 2035-nji \u00fdyldan so\u0148ky d\u00f6w\u00fcrde durnukly ulag ulgamynda \u00e4hlumumy tagallalary goldamak \u00fc\u00e7in geljege g\u00f6n\u00fckdirilen jemle\u00fdji resminamalary ylala\u015fmak \u00fc\u00e7in \u00fdokary derejeli jemle\u00fdji syn beri\u015f maslahatyny ge\u00e7irmegi karar ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">6. Ba\u015f sekretardan Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 d\u00fcz\u00fcmleri hem-de gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4n be\u00fdleki taraplar bilen maslahatla\u015fyp, umumy ulgam sazla\u015fygyny\u0148 hem-de BMG-ni\u0148 hyzmatda\u015flygyny\u0148 derejesini \u00fdokarlandyrmak, me\u00fdletin t\u00f6legler esasynda hem-de bar bolan seri\u015fdeleri\u0148 \u00e7\u00e4klerinde on\u00fdyllyga goldaw bermekde durnukly ulag meseleleri bo\u00fdun\u00e7a utga\u015fyklylygy pugtalandyrmak maksady bilen, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 hereket ed\u00fd\u00e4n edara ara mehanizmlerini\u0148 i\u015finde toplanan \u00f6\u0148debaryjy tejrib\u00e4ni we sapaklary hasaba almak bilen, utga\u015fdyryjy mehanizmi\u0148 d\u00f6redilmegini\u0148 geljekde zerurlygyna baha bermegi hem-de gelnen netijeleridir maslahatlary, olara geljekde garamak \u00fc\u00e7in Ba\u015f Assamble\u00fdany\u0148 81-nji sessi\u00fdasyna h\u00f6d\u00fcrlemegi ha\u00fdy\u015f ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">7. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 h\u00e4zirki bar bolan ba\u015flangy\u00e7laryna we platformalaryna hem-de be\u00fdleki degi\u015fli ba\u015flangy\u00e7laryna, platformalaryna da\u00fdanmak bilen, Ykdysady we durmu\u015f meseleleri bo\u00fdun\u00e7a departamenti\u0148 utga\u015fdyrmagynda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 sebit komissi\u00fdalary we degi\u015fli hyzmatda\u015flar bilen bilelikde anyk maglumatlara esaslan\u00fdan a\u00fddy\u0148 \u00e4hlumumy, sebit hem-de milli g\u00f6rkezijileri, \u00f6\u0148debaryjy tejrib\u00e4ni\u0148 mysallaryny we me\u00fdletin bor\u00e7namalary \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n hem-de on\u00fdyllygy\u0148 tutu\u015f dowamynda hakyky maglumatlar esasynda a\u00e7yklygy, \u00e7\u00f6zg\u00fctleri\u0148 kabul edilmegini golda\u00fdan, b\u00fdujetden da\u015fary seri\u015fdeleri\u0148 hasabyna on\u00fdyllygy ge\u00e7irmekde \u00f6s\u00fc\u015fi hasaba almak we g\u00f6zeg\u00e7ilik etmek \u00fc\u00e7in ulagy\u0148 durnuklylygyny\u0148 bilelikd\u00e4ki Atlasyny i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamagy we ony goldamagy karar ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">8. Agza d\u00f6wletlere milli we sebit strategi\u00fdalaryny on\u00fdyllygy ge\u00e7irmegi\u0148 me\u00fdilnamasynda be\u00fdan edilen esasy ugurlara, \u015fol sanda d\u00fcrli milli \u015fertleri we ileri tutul\u00fdan ugurlary hasaba almak bilen, durnukly ulagy \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 milli me\u00fdilnamalaryna orna\u015fdyrmak arkaly la\u00fdyk getirmegi teklip ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">9. Birle\u015fen Milletler Guramasyna agza d\u00f6wletleri\u0148 H\u00f6k\u00fcmetlerine we be\u00fdleki degi\u015fli gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4n taraplara, \u015fe\u00fdle hem \u00e4hlumumy, sebit we sebitara guramalara, akademiki toparlara, ra\u00fdat jemgy\u00fdeti guramalaryna, hususy b\u00f6lege on\u00fdyllygy\u0148 ge\u00e7irilmegine, \u015fol sanda zerur bolan halatynda, me\u00fdletin t\u00f6legleri \u00e7ekmek we bu ugurda \u00f6\u0148debaryjy tejrib\u00e4ni we bilimleri aly\u015fmak arkaly o\u0148a i\u015fje\u0148 \u00fdardam bermegi teklip ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">10. Ulagy\u0148 \u00e4hli g\u00f6rn\u00fc\u015flerinde howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmegi\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigini nygta\u00fdar hem-de \u00ddol hereketini\u0148 howpsuzlygyny \u00fcpj\u00fcn etmek bo\u00fdun\u00e7a hereketleri\u0148 ikinji on\u00fdyllygy (2021 \u2014 2030-njy \u00fdyllar) bilen utga\u015fykly hereketi g\u00fc\u00fd\u00e7lendirm\u00e4ge \u00e7agyr\u00fdar,<\/p>\n<p class=\"text\">11. \u015eu Kararnamany\u0148 amala a\u015fyrylmagy bilen baglany\u015fykly ge\u00e7irilmegi m\u00fcmkin bolan \u00e4hli \u00e7\u00e4releri\u0148 \u00e7ykdajylaryny\u0148 me\u00fdletin t\u00f6legleri\u0148, \u015fol sanda hususy b\u00f6legi\u0148 me\u00fdletin t\u00f6leglerini\u0148 hasabyna amala a\u015fyrylmalydygyny nygta\u00fdar hem-de agza d\u00f6wletlere we be\u00fdleki hema\u00fdatk\u00e4rlere bu maksat \u00fc\u00e7in b\u00fdujetden da\u015fary seri\u015fdeleri \u00e7ekmegi teklip ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">12. Halkara mali\u00fde edaralaryna, k\u00f6ptarapla\u00fdyn we ikitarapla\u00fdyn hema\u00fdatk\u00e4rlere, \u00f6s\u00fc\u015f banklaryna, hususy b\u00f6lege durnukly ulag ulgamynda, esasan-da, \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan \u00fdurtlarda taslamalary durmu\u015fa ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in \u00fdeterlik m\u00f6\u00e7berde we anyk esasda seri\u015fdeleri jemlemegi maslahat ber\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">13. 26-njy no\u00fdabry \u201cB\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 durnukly ulag g\u00fcni\u201d di\u00fdip yglan eden 77\/286 Kararnamasyna salgylan\u00fdar hem-de agza d\u00f6wletlere, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 ulgamyna, sebit komissi\u00fdalaryna, \u00e4hli gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4n degi\u015fli taraplara bu g\u00fcni ge\u00e7irmegi on\u00fdyllygy\u0148 \u00e7\u00e4klerinde gazanylan \u00f6s\u00fc\u015flere yzygiderli syn bermek hem-de be\u00fdan etmek \u00fc\u00e7in, \u015fol sanda on\u00fdyllygy ge\u00e7irmegi\u0148 me\u00fdilnamasyny amala a\u015fyrmaga \u00fdardam ber\u00fd\u00e4n me\u00fdletin bor\u00e7namalar we \u00f6\u0148debaryjy tejribeleri\u0148 mysallary baradaky maglumatlary yglan etmek arkaly ony platforma h\u00f6km\u00fcnde pe\u00fddalanmagy maslahat ber\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">14. 85-nji sessi\u00fdasyny\u0148 deslapky g\u00fcn tertibine, \u201cDurnukly \u00f6s\u00fc\u015f\u201d di\u00fdlip atlandyrylan bendi\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u201cBirle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a on\u00fdyllygy (2026 \u2014 2035-nji \u00fdyllar)\u201d ady bilen ki\u00e7i bendi girizmegi karar ed\u00fd\u00e4r,<\/p>\n<p class=\"text\">15. Ba\u015f sekretardan Ba\u015f Assamble\u00fdany\u0148 85-nji we 90-njy sessi\u00fdalarynda bu \u00e7\u00e4r\u00e4ni durmu\u015fa ge\u00e7irmekde gazanylan \u00f6s\u00fc\u015f baradaky maglumatlary \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n maglumatlara, \u00f6\u0148debaryjy tejrib\u00e4ni\u0148 mysallaryna we toplanylan tejrib\u00e4 esaslan\u00fdan g\u00f6rkezijileri pe\u00fddalanmak arkaly ta\u00fd\u00fdarlanylan on\u00fdyllygy ge\u00e7irmegi\u0148 bar\u015fy baradaky hasabatlary h\u00f6d\u00fcrlemegi ha\u00fdy\u015f ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Ba\u015f Assamble\u00fda, 2023-nji \u00fdyly\u0148 19-njy dekabryndaky 78\/148 Kararnamasynda 2026 \u2014 2035-nji \u00fdyllary Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a on\u00fdyllygyny yglan edendigini hem-de bu on\u00fdyllygy\u0148 bar bolan d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 we seri\u015fdeleri\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7iriljekdigini\u00a0\u00fdatlatmak bilen, durnukly ulag hakynda 2014-nji \u00fdyly\u0148 19-njy dekabryndaky 69\/213, 2015-nji \u00fdyly\u0148 22-nji dekabryndaky 70\/197, 2017-nji \u00fdyly\u0148 20-nji dekabryndaky 72\/212, 2021-nji \u00fdyly\u0148 20-nji i\u00fdulyndaky 75\/313, [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":155480,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155479"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=155479"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155479\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":155481,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155479\/revisions\/155481"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/155480"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=155479"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=155479"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=155479"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}