{"id":155731,"date":"2026-01-01T09:50:53","date_gmt":"2026-01-01T04:50:53","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=155731"},"modified":"2026-01-01T09:50:53","modified_gmt":"2026-01-01T04:50:53","slug":"turkmenistanyn-prezidenti-serdar-berdimuhamedowyn-turkmen-halkyna-taze-yyl-gutlagy-2","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/turkmenistanyn-prezidenti-serdar-berdimuhamedowyn-turkmen-halkyna-taze-yyl-gutlagy-2\/","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy\u0148 t\u00fcrkmen halkyna T\u00e4ze \u00fdyl gutlagy"},"content":{"rendered":"<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>2025-nji \u00fdyl \u2014 Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly tamamlanyp bar\u00fdar. \u00ddene az salymdan t\u00e4ze \u2014 2026-njy \u00fdyly gar\u015fylarys.<\/p>\n<p>2026-njy \u00fdyl \u2014 G\u00fcndogar m\u00fc\u00e7enamasy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdylky, \u00fdagny bedew \u00fdyly. T\u00fcrkmen halky \u00f6z arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglany\u015fdyr\u00fdar. Ahalteke bedewi bizi\u0148 bu\u00fdsanjymyzdyr, \u015f\u00f6hratymyzdyr.<\/p>\n<p>2025-nji \u00fdyl Gara\u015fsyz Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze taryhynda halkymyzy\u0148 durmu\u015fyny \u00fcst\u00fcnliklere besl\u00e4n \u00fdyllary\u0148 biri boldy. Bu \u00fdyl t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 d\u00f6wletli tutumlary, taryhy ba\u015flangy\u00e7lary has-da rowa\u00e7landy. \u00ddurdumyzy g\u00fclledip \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge, halkymyzy\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f derejesini has-da \u00fdokarlandyrmaga g\u00f6n\u00fckdirilen maksatnamalar \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7irildi.<\/p>\n<p>Berkarar d\u00f6wletimizi durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan \u00f6sd\u00fcrmek maksady bilen, t\u00e4ze etraplar d\u00f6redildi. Di\u00fdarymyzy\u0148 \u00e4hli \u00fderlerinde d\u00f6wrebap mekdepler, \u00e7agalar baglary, saglygy gora\u00fdy\u015f, sport desgalary, medeni\u00fdet edaralary, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik binalary, ba\u015fga-da k\u00f6p sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagty\u00fdar ma\u015fgalalary\u0148 m\u00fc\u0148ler\u00e7esi t\u00e4ze ja\u00fdly bolmak bagtyna e\u00fde boldy.<\/p>\n<p>\u00ddangy\u00e7-energetika toplumyna degi\u015fli iri taslamalar durmu\u015fa ge\u00e7irildi. T\u00fcrkmenba\u015fydaky nebiti ga\u00fdtadan i\u015fle\u00fd\u00e4n zawodlar toplumyny\u0148 nebit we nebit \u00f6n\u00fcmleri gu\u00fdul\u00fdan g\u00e4mi duralgasy i\u015fe girizildi. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 gatna\u015fmagynda T\u00fcrkmenistan \u2014 Owganystan \u2014 Pakistan \u2014 Hindistan gaz ge\u00e7irijisini\u0148 esasy tapgyry bolan Arkadagy\u0148 ak \u00fdoly bilen Serhetabat \u2014 Hyrat gaz ge\u00e7irijisini\u0148 Owganystany\u0148 Hyrat wela\u00fdatyna bar\u00fdan b\u00f6legini\u0148 gurlu\u015fygyna badalga berildi.<\/p>\n<p>Ahal wela\u00fdatyny\u0148 B\u00e4herden etrabynda B\u00e4herden keramiki \u00f6n\u00fcmler k\u00e4rhanasy, pa\u00fdtagtymyzda \u00e7\u00fc\u00fd\u015fe \u00f6n\u00fcmlerini \u00f6nd\u00fcr\u00fd\u00e4n k\u00e4rhana, Balkan wela\u00fdatyny\u0148 Esenguly etrabynda agyz suw arassala\u00fdjy desga, Garabogazk\u00f6l a\u00fdlagyny\u0148 \u00fcst\u00fcnden ge\u00e7\u00fd\u00e4n awtomobil k\u00f6pr\u00fcsi ulanmaga berildi. Lebap wela\u00fdatyny\u0148 T\u00fcrkmenabat \u015f\u00e4herind\u00e4ki himi\u00fda zawodynda mineral d\u00f6k\u00fcnleri \u00f6nd\u00fcr\u00fd\u00e4n toplumy\u0148, Balkan wela\u00fdatyny\u0148 T\u00fcrkmenba\u015fy etrabynda karbamid \u00f6nd\u00fcr\u00fd\u00e4n toplumy\u0148 gurlu\u015fygyna badalga berildi. T\u00fcrkmenba\u015fy \u2014 Garabogaz \u2014 Gazagystan serhedi awtomobil \u00fdoluny\u0148 gurlu\u015fygyna hem giri\u015fildi. \u015ee\u00fdle hem A\u015fgabat \u015f\u00e4herinde \u00abG\u00fcne\u015fli\u00bb \u00e7agalar we \u00fdetginjekler merkezini\u0148 gurlu\u015fygyna badalga berildi.<\/p>\n<p>\u015eu \u00fdyl \u00fdurdumyzy\u0148 Ahal wela\u00fdatyny\u0148 Ak bugda\u00fd etrabynda D\u00f6wletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly t\u00e4ze, d\u00f6wrebap obalar a\u00e7ylyp ulanmaga berildi. Da\u015foguz wela\u00fdatyny\u0148 K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7 etrabynda h\u00e4zirki zaman Bitaraplyk \u015f\u00e4her\u00e7esi dabaraly \u00fdagda\u00fdda a\u00e7yldy. Arkadag \u015f\u00e4herini\u0148 ikinji tapgyryny\u0148 gurlu\u015fygy dowam etdirildi. \u00ddurdumyzda d\u00f6wrebap obalary\u0148, h\u00e4zirki zaman \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlaryny\u0148 gurlu\u015fygy hem dowam ed\u00fd\u00e4r. Bulary\u0148 \u00e4hlisi \u00abWatan di\u0148e halky bilen Watandyr! D\u00f6wlet di\u0148e halky bilen d\u00f6wletdir!\u00bb di\u00fden \u015fygarymyzy\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4ndigini g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>Oba hojalyk pudagynda ge\u00e7ir\u00fd\u00e4n \u00f6zgertmelerimiz hem rowa\u00e7lyklara beslen\u00fd\u00e4r. Edermen da\u00fdhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 m\u00fc\u0148 tonnadan gowrak \u00fdokary hilli bugda\u00fd hasylyny tab\u015fyryp, \u015fertnamala\u00fdyn bor\u00e7namany \u00fcst\u00fcnlikli \u00fderine \u00fdetirdiler. \u00ddygnalan bol galla hasyly m\u00e4hriban halkymyzy\u0148, berkarar Watanymyzy\u0148 ba\u00fdlygydyr, sa\u00e7aklarymyzy\u0148 rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba z\u00e4hmetke\u015flerini ykdysady ta\u00fddan h\u00f6weslendirmek, pudagy\u0148 maddy-enjamla\u00fdyn bin\u00fdadyny berkitmek bo\u00fdun\u00e7a netijeli \u00e7\u00e4releri durmu\u015fa ge\u00e7ireris.<\/p>\n<p>\u00ddurdumyzy\u0148 nebitgaz, ulag-aragatna\u015fyk we s\u00f6wda toplumlarynda hem k\u00f6p i\u015fler amala a\u015fyryl\u00fdar. Bu toplumlar berkarar d\u00f6wletimizi\u0148 gazan\u00fdan \u00f6s\u00fc\u015flerine mynasyp go\u015fant go\u015f\u00fdarlar.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>Halkymyzy\u0148 saglygy, abadan we bagty\u00fdar durmu\u015fy bizi\u0148 alyp bar\u00fdan d\u00f6wlet sy\u00fdasatymyzy\u0148 m\u00f6h\u00fcm ugry bolup dur\u00fdar. Tamamlanyp bar\u00fdan \u00fdylda A\u015fgabat \u015f\u00e4herinde k\u00f6pugurly hassahanany\u0148, Ahal wela\u00fdatyny\u0148 Tejen \u015f\u00e4herinde k\u00f6pugurly hassahanany\u0148, \u015fe\u00fdle hem Da\u015foguz wela\u00fdatyny\u0148 Da\u015foguz \u015f\u00e4herinde En\u00e4ni\u0148 we \u00e7agany\u0148 saglygyny gora\u00fdy\u015f merkezini\u0148 gurlu\u015fygyna badalga berildi. Ynsan saglygyny goramak bo\u00fdun\u00e7a alyp bar\u00fdan i\u015flerimizi geljekde hem dowam etdireris.<\/p>\n<p>Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli \u00f6zgertmeler durmu\u015fa ge\u00e7irildi. T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet energetika institutyny\u0148 d\u00f6wrebap okuw binalar toplumy, Halkara senagat\u00e7ylar we teleke\u00e7iler uniwersitetini\u0148 binalar toplumy we ba\u015fga-da k\u00f6p sanly bilim maksatly desgalar a\u00e7ylyp ulanmaga berildi.<\/p>\n<p>\u00dda\u015f nesillerimizi sport bilen me\u015fgullanmaga gi\u0148den \u00e7ekmek, \u00fdurdumyzy\u0148 halkara sport abra\u00fdyny has-da belende g\u00f6termek ugrunda hem uly i\u015fleri alyp bar\u00fdarys. \u015eu \u00fdyl \u00abGalkyny\u015f\u00bb milli at \u00fcst\u00fcnd\u00e4ki o\u00fdunlar topary Monte-Karlo halkara festiwalynda ba\u015f ba\u00fdraga mynasyp boldy. \u00abArkadag\u00bb futbol topary hem halkara \u00fdary\u015fda \u00fde\u0148i\u015f gazanyp, \u00fdurdumyzy\u0148 halkara sport abra\u00fdyny has-da artdyrdy. T\u00fcrgenlerimiz d\u00fcn\u00fd\u00e4 derejesind\u00e4ki \u00fdary\u015flarda \u00fcst\u00fcnlikli \u00e7yky\u015f edip, ba\u00fdrakly orunlara mynasyp boldular. Biz geljekde hem \u00fdurdumyzda sporty \u00f6sd\u00fcrmek bo\u00fdun\u00e7a alyp bar\u00fdan i\u015flerimizi dowam etdireris.<\/p>\n<p><strong>Hormatly adamlar!<\/strong><\/p>\n<p>Biz milli medeni\u00fdetimizi \u00f6sd\u00fcrmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek bo\u00fdun\u00e7a hem gi\u0148 gerimli i\u015fleri alyp bar\u00fdarys. Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdylynda A\u015fgabat \u015f\u00e4heri \u00ddUNESKO-ny\u0148 \u00f6wreniji \u015f\u00e4herlerini\u0148 b\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 toruna girizildi. \u015ee\u00fdle hem t\u00fcrkmen alaba\u00fd itlerini \u00f6sd\u00fcrip \u00fdeti\u015fdirmek d\u00e4pleri \u00ddUNESKO-ny\u0148 Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizildi. Ge\u00e7ip bar\u00fdan \u00fdylda halkara derejede d\u00fcrli medeni \u00e7\u00e4reler, Medeni\u00fdet g\u00fcnleri yzygiderli ge\u00e7irildi. Geljek \u00fdyl Medeni\u00fdet hepdeligini Balkan wela\u00fdatynda \u00fdokary derejede ge\u00e7ireris.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>\u015eu \u00fdyl \u00fdurdumyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygy\u00bb atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munu\u0148 \u00f6zi Bitaraplyk sy\u00fdasatymyzy\u0148 mynasyp dowam etdiril\u00fd\u00e4ndigini \u00fdene-de bir gezek g\u00f6rkezdi.<\/p>\n<p>Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly hem-de \u00fdurdumyzy\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyny\u0148 30 \u00fdyllygy mynasybetli halkara derejede k\u00f6p sanly \u00e7\u00e4reler ge\u00e7irildi. \u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagynda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 De\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler bo\u00fdun\u00e7a \u00fc\u00e7\u00fcnji maslahaty \u00fdokary derejede ge\u00e7irildi. Bu ugurda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan \u00abAwaza sy\u00fdasy Jarnamasy\u00bb atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. \u015ee\u00fdle hem \u00fdurdumyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan \u00abBirle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a on\u00fdyllygy (2026 \u2014 2035-nji \u00fdyllar)\u00bb hem-de \u00abDurnukly \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fcpj\u00fcn etmekde ygtybarly we durnukly energi\u00fda birikmesini\u0148 esasy orny\u00bb atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.<\/p>\n<p>\u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagynda ge\u00e7irilen \u00abH\u00e4zirki zaman jemgy\u00fdetinde zenanlary\u0148 orny: Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f maksatlaryna \u00fdetmek ugrunda halkara hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek\u00bb atly halkara maslahat hem m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdete e\u00fde boldy. Halkara maslahaty\u0148 jemi bo\u00fdun\u00e7a jemle\u00fdji resminama kabul edildi. Halkara Bitaraplyk g\u00fcni mynasybetli ge\u00e7irilen halkara forum \u015fanly \u00fdyly\u0148 i\u0148 esasy wakasyna \u00f6wr\u00fcldi. \u00ddokary derejede ge\u00e7irilen halkara forum bo\u00fdun\u00e7a A\u015fgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu forum parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcji d\u00f6wlet h\u00f6km\u00fcnde \u00fdurdumyzy\u0148 abra\u00fdyny has-da belende g\u00f6terdi.<\/p>\n<p><strong>Hormatly adamlar!<\/strong><\/p>\n<p>Ata Watanymyzy mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrmek maksady bilen, biz \u00fdetip gelen 2026-njy \u00fdyla \u00abGara\u015fsyz, baky Bitarap T\u00fcrkmenistan \u2014 bedew batly at-myrady\u0148 mekany\u00bb \u00fdyly di\u00fdip at berdik. Ho\u015fni\u00fdetli arzuw-umytlar bilen gar\u015fy al\u00fdan t\u00e4ze \u00fdylymyzda mukaddes Gara\u015fsyzlygymyzy\u0148 \u015fanly 35 \u00fdyllygyny bell\u00e4p ge\u00e7eris. Watanymyzy bagty\u00fdarlygy\u0148 we rowa\u00e7lygy\u0148 mekanyna \u00f6w\u00fcrmek ugrunda yhlas bilen z\u00e4hmet \u00e7ekeris.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>\u00ddene az salymdan t\u00e4ze \u2014 2026-njy \u00fdyly gar\u015fy alarys. \u015eu pursatda sizi\u0148 \u00e4hli\u0148ize berk jan saglygyny we t\u00e4ze \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw ed\u00fd\u00e4rin.<\/p>\n<p>T\u00e4ze \u00fdyl abadan\u00e7ylygy\u0148, rysgal-berekedi\u0148 \u00fdyly bolsun! Ma\u015fgala ojaklary\u0148yza agzybirlik, d\u00f6wletlilik \u00fdar bolsun!<\/p>\n<p>T\u00e4ze \u00fdyl rowa\u00e7lyk, bagt getirsin!<\/p>\n<p>T\u00e4ze \u00fdyl bedew bady bilen \u00e4hli\u0148izi maksat-myrada \u00fdetirsin!<\/p>\n<p>T\u00e4ze \u2014 2026-njy \u00fdyly\u0148yz gutly bolsun!<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Eziz watanda\u015flar! 2025-nji \u00fdyl \u2014 Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly tamamlanyp bar\u00fdar. \u00ddene az salymdan t\u00e4ze \u2014 2026-njy \u00fdyly gar\u015fylarys. 2026-njy \u00fdyl \u2014 G\u00fcndogar m\u00fc\u00e7enamasy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdylky, \u00fdagny bedew \u00fdyly. T\u00fcrkmen halky \u00f6z arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglany\u015fdyr\u00fdar. Ahalteke bedewi bizi\u0148 bu\u00fdsanjymyzdyr, \u015f\u00f6hratymyzdyr. 2025-nji \u00fdyl Gara\u015fsyz Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze taryhynda halkymyzy\u0148 durmu\u015fyny \u00fcst\u00fcnliklere besl\u00e4n [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":155732,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155731"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=155731"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155731\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":155733,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/155731\/revisions\/155733"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/155732"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=155731"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=155731"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=155731"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}