{"id":38145,"date":"2021-01-15T17:23:52","date_gmt":"2021-01-15T12:23:52","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=38145"},"modified":"2021-01-15T17:27:16","modified_gmt":"2021-01-15T12:27:16","slug":"magtymguly-pyragynyn-300-yyllyk-yubileyi","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/magtymguly-pyragynyn-300-yyllyk-yubileyi\/","title":{"rendered":"Magtymguly Pyragyny\u0148 300 \u00fdyllyk \u00fdubile\u00fdi"},"content":{"rendered":"<p>14-nji \u00fdanwarda Lebap wela\u00fdatyna i\u015f sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Ruhy\u00fdet k\u00f6\u015fg\u00fcnde Ministrler Kabinetini\u0148 gi\u0148i\u015fle\u00fdin g\u00f6\u00e7me mejlisini ge\u00e7irdi.<br \/>\nMejlisde Ministrler Kabinetini\u00f1 Ba\u015flygyny\u00f1 orunbasary M.Geldiny\u00fdazow G\u00fcndogary\u0148 be\u00fdik akyldary hem-de \u015fahyry Magtymguly Pyragyny\u00f1 doglan g\u00fcn\u00fcni\u00f1 300 \u00fdyllygyny 2024-nji \u00fdylda dabaraly ba\u00fdram etm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6rmek bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n i\u015fler barada habar berdi.<\/p>\n<p>Bellenili\u015fi \u00fdaly, 2024-nji \u00fdylda ge\u00e7iriljek t\u00fcrkmen edebi\u00fdatyny\u0148 nusgawy \u015fahyryny\u0148 \u015fanly senesi mynasybetli birn\u00e4\u00e7e \u00e7\u00e4releri amala a\u015fyrmak me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4r. Hususan-da, b\u00fctin adamzady\u0148 genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragyny\u0148 ba\u00fd edebi mirasyny \u00e7u\u0148\u0148ur \u00f6wrenmek we d\u00fcn\u00fd\u00e4de gi\u0148den wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyry\u0148 me\u015fhur akyldar \u015fahyryny\u0148 \u00f6mr\u00fcne we d\u00f6redijiligine bagy\u015flanylan \u00fd\u00f6rite internet-portalyny d\u00f6retmek maksat edinil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Magtymguly Pyragyny\u0148 \u015fygyrlaryny\u0148 \u00fdygyndysy d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 k\u00f6p dillerine, \u015fol sanda t\u00fcrk, rus, i\u0148lis, azerba\u00fdjan, arap, ermeni, belarus, gazak, \u00f6zbek, t\u00e4jik, gruzin, ukrain, hyta\u00fd, \u00fdapon, rumyn we be\u00fdleki dillere terjime edildi.<\/p>\n<p>\u015ee\u00fdle hem h\u00e4zirki zamany\u0148 sanly tehnologi\u00fdalaryny\u0148 \u00fcsti bilen \u015fahyra degi\u015fli \u00e4hli maglumatlary \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n ilkinji gezek \u201cMagtymguly Pyragy ensiklopedi\u00fdasyny\u201d d\u00f6retmek; sanly we ne\u015fir g\u00f6rn\u00fc\u015find\u00e4ki \u201cMagtymguly Pyragy diwanyny\u201d ta\u00fd\u00fdarlamak; t\u00fcrkmen \u015fahyryny\u0148 \u015fygyrlaryny d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 d\u00fcrli dillerine terjime etmek hem-de olary\u0148 tany\u015fdyryly\u015f dabaralaryny, kitap sergilerini, d\u00f6redijilik du\u015fu\u015fyklaryny ge\u00e7irmek, ylmy-barlag i\u015flerini ta\u00fd\u00fdarlamak me\u00fdille\u015fdirildi.<\/p>\n<p>Halkara guramalar bilen hyzmatda\u015flykda akyldar \u015fahyry\u0148 edebi mirasyny d\u00fcn\u00fd\u00e4 derejesinde \u00f6wrenmegi hem-de wagyz etmegi \u00fdola go\u00fdmak maksat edinil\u00fd\u00e4r. \u015eu maksatlar bilen 2024-nji \u00fdylda A\u015fgabat \u015f\u00e4herinde Halkara ylmy maslahatyny ge\u00e7irmek me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Wise-prem\u00fder akyldar \u015fahyrymyz Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 \u00fdakynla\u015fyp gel\u00fd\u00e4n 300 \u00fdyllygyny halkara derejesinde gi\u0148den ba\u00fdram etmek hakyndaky degi\u015fli Karary\u0148 taslamasyny\u0148 ta\u00fd\u00fdarlanyly\u015fy baradaky mesel\u00e4ni d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 garamagyna h\u00f6d\u00fcrl\u00e4p, halkymyzy\u0148 ba\u00fd edebi mirasyny \u00e7u\u0148\u0148ur \u00f6wrenm\u00e4ge, ony b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de wagyz etm\u00e4ge d\u00f6redil\u00fd\u00e4n \u015fertler \u00fc\u00e7in milli Liderimize \u00fdene-de bir gezek uly ho\u015fallyk bildirdi.<\/p>\n<p>Hormatly Prezidentimiz hasabaty di\u0148l\u00e4p, ata-babalarymyz tarapyndan m\u00fc\u0148\u00fdyllyklary\u0148 dowamynda toplanan medeni mirasymyzy d\u00fc\u00fdpli \u00f6wrenmek bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n i\u015fleri\u0148 \u00f6r\u00e4n wajypdygyny nygtady. B\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4 ady dolan G\u00fcndogary\u0148 akyldar \u015fahyry, t\u00fcrkmen nusgawy edebi\u00fdatyny\u0148 d\u00fc\u00fdb\u00fcni tutujy Magtymgulyny\u0148 d\u00f6redijiligi \u015fol medeni mirasy\u0148 merjenidir.<\/p>\n<p>Milli Liderimiz \u00f6\u0148de boljak \u00e7\u00e4releri\u0148 \u00e4hmi\u00fdetini bell\u00e4p, me\u00fdille\u015fdirilen hemme dabaralary \u00fdokary derejede ge\u00e7irmek maksady bilen, \u015fanly sen\u00e4ni ba\u00fdram etm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6rmek bo\u00fdun\u00e7a gurama\u00e7ylyk toparyny d\u00f6retmegi tab\u015fyrdy.<\/p>\n<p>Milli Liderimizi\u0148 belle\u00fd\u015fi \u00fdaly, K\u00f6petdagy\u0148 eteginde gurul\u00fdan Magtymguly Pyragyny\u0148 \u00fdadyg\u00e4rligi h\u00e4zirki nesilleri\u0148 be\u00fdik t\u00fcrkmen \u015fahyryny\u0148 we akyldaryny\u0148 ba\u00fd d\u00f6redijilik mirasyna uly sarpa go\u00fd\u00fdandygyny\u0148 nobatdaky ny\u015fanyna \u00f6wr\u00fcler.<\/p>\n<p>H\u00e4zir, asyrlar ge\u00e7se-de, \u00f6z Watany\u0148y s\u00f6\u00fdm\u00e4ge, agzybirlige we doganlyga \u00e7agyr\u00fdan halkymyzy\u0148 be\u00fdik ogluny\u0148 \u015fygyr setirleri \u00f6z wajyplygyny \u00fditirm\u00e4n, \u00fd\u00fcreklerde mynasyp orun al\u00fdar. M\u00e4hriban topragymyzy\u0148 hakyky watan\u00e7ysyna, t\u00fcrkmenleri\u0148 en\u00e7eme nesillerini\u0148 pikirlerini we umyt-arzuwlaryny a\u00fddy\u0148 be\u00fdan ediji \u015fahyrymyzy hormatlap, biz onu\u0148 300 \u00fdyllyk \u015fanly senesi mynasybetli \u00e7\u00e4releri i\u0148 \u00fdokary derejede guramalydyrys we gi\u0148 halkara jemgy\u00fdet\u00e7iligini onu\u0148 aja\u00fdyp d\u00f6redijiligi bilen mundan be\u00fdl\u00e4k-de tany\u015fdyrmalydyrys di\u00fdip, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz a\u00fdtdy hem-de wise-prem\u00fdere gurama\u00e7ylyk komitetini d\u00f6retmek bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli tab\u015fyryklary berdi.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>14-nji \u00fdanwarda Lebap wela\u00fdatyna i\u015f sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Ruhy\u00fdet k\u00f6\u015fg\u00fcnde Ministrler Kabinetini\u0148 gi\u0148i\u015fle\u00fdin g\u00f6\u00e7me mejlisini ge\u00e7irdi. Mejlisde Ministrler Kabinetini\u00f1 Ba\u015flygyny\u00f1 orunbasary M.Geldiny\u00fdazow G\u00fcndogary\u0148 be\u00fdik akyldary hem-de \u015fahyry Magtymguly Pyragyny\u00f1 doglan g\u00fcn\u00fcni\u00f1 300 \u00fdyllygyny 2024-nji \u00fdylda dabaraly ba\u00fdram etm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6rmek bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n i\u015fler barada habar berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, 2024-nji \u00fdylda ge\u00e7iriljek t\u00fcrkmen edebi\u00fdatyny\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":38149,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[11,4],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/38145"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=38145"}],"version-history":[{"count":0,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/38145\/revisions"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/38149"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=38145"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=38145"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=38145"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}