{"id":6203,"date":"2017-03-02T12:49:00","date_gmt":"2017-03-02T12:49:00","guid":{"rendered":"http:\/\/zamanturkmenistan.com\/?p=6203"},"modified":"2017-03-02T12:51:37","modified_gmt":"2017-03-02T12:51:37","slug":"turkmenistan-bmg-strategik-hyzmatdaslyk-osdurilyar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/turkmenistan-bmg-strategik-hyzmatdaslyk-osdurilyar\/","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistan-BMG: Strategik hyzmatda\u015flyk \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistan 1992-nji \u00fdyly\u0148 2-nji martynda d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 abra\u00fdly guramasy hasaplan\u00fdan Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 doly hukukly agzalygyna sa\u00fdlandy. Aradan ge\u00e7en \u00e7\u00e4r\u00fdek asyry\u0148 dowamynda T\u00fcrkmenistan bilen BMG-ni\u0148 arasyndaky parahat\u00e7ylygy\u0148, howpsuzlygy\u0148 hem-de durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 gazanylmagynda strategik hyzmatda\u015flyk gatna\u015fyklary t\u00e4ze many-mazmuna e\u00fde boldy.<br \/>\nT\u00fcrkmenistany\u0148 BMG-\u00e4 doly hukukly agzalyga kabul edilmegini\u0148 25 \u00fdyllygyna bagy\u015flanyp dabaraly mejlis ge\u00e7irildi. T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklar institutynda ge\u00e7irilen mejlise \u00fdurdumyzy\u0148 h\u00f6k\u00fcmet agzalary, Mejlisi\u0148 deputatlary, \u00fdurdumyzdaky da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 diplomatik wekilhanalaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary, talyplar, \u00fderli we da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin habar beri\u015f seri\u015fdelerini\u0148 wekilleri gatna\u015fdy.<br \/>\nDabaraly mejlisi\u0148 ba\u015fynda hormatly Prezidentimizi\u0148 Gutlag haty okaldy. Milli Liderimiz \u00f6z Gutlag hatynda Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen k\u00f6ptarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy\u0148 T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tut\u00fdan ugurlaryny\u0148 biridigini bell\u00e4p ge\u00e7di. Hormatly Prezidentimizi\u0148 belle\u00fd\u015fi \u00fdaly, T\u00fcrkmenistan 1992-nji \u00fdyly\u0148 2-nji martynda BMG-ni\u0148 doly hukukly agzasy bolmak bilen \u00f6z \u00fcst\u00fcne alan jogapk\u00e4r\u00e7ilikli halkara bor\u00e7namalary gy\u015farnyksyz \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmenistan bilen BMG-ni\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklar strategik h\u00e4si\u00fdete e\u00fde bolup, h\u00e4zirki wagtda \u00fdurdumyzda bu guramany\u0148 d\u00fcrli iri d\u00fcz\u00fcmleri, hususan-da, \u00d6s\u00fc\u015f Maksatnamasy, \u00c7agalar gaznasy, B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 Saglygy gora\u00fdy\u015f guramasy, po\u00e7ta gaznasy \u00fdaly guramalaryny\u0148 wekilhanalary \u00fcst\u00fcnlikli i\u015fle\u00fd\u00e4r.<br \/>\nDabbaraly mejlisi\u0148 \u00e7\u00e4klerinde BMG-ni\u0148 T\u00fcrkmenistandaky wekili \u00ddelena Panowa, BMG-ni\u0148 Ba\u015f sekretary Antoniu Guterri\u015fi\u0148 bu \u015fanly sene mynasybetli iberen gutlag hatyny okady. Ba\u015f sekretar \u00f6z hatynda, hormatly Prezidentimizi T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti wezipesine ga\u00fdtadan sa\u00fdlanmagy hem-de T\u00fcrkmenistany\u0148 BMG-\u00e4 agza bolmagyny\u0148 25 \u00fdyllygy bilen t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden gutlady. \u015ee\u00fdle hem ol T\u00fcrkmenistan bilen mundan be\u00fdl\u00e4k-de parahat\u00e7ylygy\u0148, howpsuzlygy\u0148 hem-de durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 hatyrasyna strategik hyzmatda\u015flygy dowam etdirjekdiklerini m\u00e4lim etdi.<br \/>\nDabarany\u0148 \u00e7\u00e4klerinde edilen \u00e7yky\u015flarda hormatly Prezidentimizi\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylygynda T\u00fcrkmenistan bilen BMg-ni\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flyk gatna\u015fyklarynda \u00fdetilen belent sepgitler, \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatynda gazanyl\u00fdan \u00fcst\u00fcnlikler barada g\u00fcrr\u00fc\u0148 edildi.<br \/>\nD\u00f6wletimiz \u00f6z\u00fcni BMG-ni\u0148 jogapk\u00e4rli we uzakm\u00f6hletli hyzmatda\u015fydygyny g\u00f6rkezip, parahat\u00e7ylyk d\u00f6redijiligi\u0148 uly tejribesini toplady. Ge\u00e7en asyry\u0148 90-njy \u00fdyllarynda A\u015fgabatda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 howandarlygynda t\u00e4jigara we owganara gapma-gar\u015fylyklaryny sy\u00fdasy \u00fdol bilen \u00e7\u00f6zmek bo\u00fdun\u00e7a geple\u015fikleri\u0148 ge\u00e7irilmegi hem-de t\u00fcrkmen pa\u00fdtagtynda BMG-ni\u0148 \u00f6\u0148\u00fcni aly\u015f diplomati\u00fdasy bo\u00fdun\u00e7a Merkezi Azi\u00fda \u00fc\u00e7in sebit merkezini\u0148 a\u00e7ylmagy munu\u0148 a\u00fddy\u0148 subutnamasydyr. Bulary\u0148 \u00e4hlisi Merkezi Azi\u00fda sebitinde \u00fdurdumyzy\u0148 abra\u00fdyny\u0148 barha belende galmagyna \u00fdardam ed\u00fd\u00e4r, d\u00f6wletimizi\u0148 bu uly gi\u0148i\u015flikde durnukla\u015fdyryjy ornuny has-da berkid\u00fd\u00e4r, parahat\u00e7ylygy hem-de \u00fdokary adalatlylyk \u00fd\u00f6relgelerini berkarar etmekde \u00fdurdumyzy\u0148 pikirde\u015flerini\u0148 barha artmagyny \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4r.<br \/>\nMilletler bilele\u015figi T\u00fcrkmenistany\u0148 o\u0148yn ba\u015flangy\u00e7laryny, onu\u0148 sebitde durnuklylygy, \u00e4hlumumy parahat\u00e7ylygy we howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmek bo\u00fdun\u00e7a g\u00f6r\u00fd\u00e4n anyk \u00e7\u00e4relerini doly golda\u00fdar.<br \/>\nH\u00e4zirki g\u00fcnde T\u00fcrkmenistan d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 142 d\u00f6wleti bilen diplomatik gatna\u015fyklary sakla\u00fdar hem-de abra\u00fdly halkara guramalaryny\u0148 44-sini\u0148 agzasy bolup dur\u00fdar.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistan 1992-nji \u00fdyly\u0148 2-nji martynda d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 abra\u00fdly guramasy hasaplan\u00fdan Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 doly hukukly agzalygyna sa\u00fdlandy. Aradan ge\u00e7en \u00e7\u00e4r\u00fdek asyry\u0148 dowamynda T\u00fcrkmenistan bilen BMG-ni\u0148 arasyndaky parahat\u00e7ylygy\u0148, howpsuzlygy\u0148 hem-de durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 gazanylmagynda strategik hyzmatda\u015flyk gatna\u015fyklary t\u00e4ze many-mazmuna e\u00fde boldy. T\u00fcrkmenistany\u0148 BMG-\u00e4 doly hukukly agzalyga kabul edilmegini\u0148 25 \u00fdyllygyna bagy\u015flanyp dabaraly mejlis ge\u00e7irildi. T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":1,"featured_media":6204,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/6203"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/1"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=6203"}],"version-history":[{"count":0,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/6203\/revisions"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/6204"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=6203"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=6203"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=6203"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}