{"id":62432,"date":"2022-08-18T10:46:32","date_gmt":"2022-08-18T05:46:32","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=62432"},"modified":"2022-08-18T10:46:33","modified_gmt":"2022-08-18T05:46:33","slug":"ulag-ulgamyna-degisli-halkara-forumyn-netijeleri-boyunca-brifing","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/ulag-ulgamyna-degisli-halkara-forumyn-netijeleri-boyunca-brifing\/","title":{"rendered":"Ulag ulgamyna degi\u015fli halkara forumy\u0148 netijeleri bo\u00fdun\u00e7a brifing"},"content":{"rendered":"\n<p>17-nji awgustda \u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagyny\u0148 \u201cBerkarar\u201d myhmanhanasynda de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletleri\u0148 ulag ministrlerini\u0148 derejesind\u00e4ki halkara maslahaty\u0148 hem-de o\u0148a gabatlanyp guralan \u00e7\u00e4releri\u0148 netijelerine bagy\u015flanan brifing ge\u00e7irildi. \u00abA\u015fgabat prosesi: arabaglany\u015fygy pugtalandyrmak \u00fc\u00e7in mali\u00fdele\u015fdirmek\u00bb atly ugur bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7irilen forum Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 howandarlygynda T\u00fcrkmenistany\u0148 H\u00f6k\u00fcmeti tarapyndan guraldy.<\/p>\n\n\n\n<p>15-16-njy awgustda utga\u015fykly g\u00f6rn\u00fc\u015fde ge\u00e7irilen maslahata onlar\u00e7a d\u00f6wletleri\u0148 we abra\u00fdly halkara guramalary\u0148 wekilleri gatna\u015fdylar. M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, bu forumy ge\u00e7irmek ba\u015flangyjy T\u00fcrkmenistan tarapyndan \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fcldi hem-de BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan 2021-nji \u00fdylda kabul edilen degi\u015fli Kararnamada berkidildi.<\/p>\n\n\n\n<p>Da\u015fary i\u015fler ministrligi tarapyndan guralan brifinge H\u00f6k\u00fcmet agzalary, T\u00fcrkmenistany\u0148 Milli Ge\u0148e\u015fini\u0148 Mejlisini\u0148 Ba\u015flygy, ministrlikleri\u0148 we pudakla\u00fdyn dolandyry\u015f edaralaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary, \u015fe\u00fdle hem Milli Ge\u0148e\u015fi\u0148 Mejlisini\u0148 we Halk Maslahatyny\u0148, jemgy\u00fdet\u00e7ilik guramalaryny\u0148, k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin habar beri\u015f seri\u015fdelerini\u0148 wekilleri gatna\u015fdylar.<\/p>\n\n\n\n<p>Foruma gatna\u015fyjylary\u0148 k\u00f6p sanly bolmagy hem-de da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 k\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin habar beri\u015f seri\u015fdeleri tarapyndan o\u0148a gyzyklanma bildirilmegi ge\u00e7irilen forumy\u0148 \u00f6r\u00e4n wajypdygyna we uly isleg bildiril\u00fd\u00e4ndigine a\u00fddy\u0148 \u015fa\u00fdatlyk ed\u00fd\u00e4r. K\u00f6p\u00e7\u00fclikle\u00fdin habar beri\u015f seri\u015fdelerini\u0148 wekilleri maslahaty dessine we gi\u0148i\u015fle\u00fdin be\u00fdan etdiler hem-de metbugatda ne\u015fir etmegi, internet portallarynda \u00fderle\u015fdirmegi, bu waka bagy\u015flanan geple\u015fikleri we habarlary \u00fda\u00fdlymlara bermegi dowam ed\u00fd\u00e4rler.<\/p>\n\n\n\n<p>Maslahaty\u0148 \u00e4hli mejlisleri Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 web-tele\u00fda\u00fdlymynda onu\u0148 d\u00f6rt resmi dilinde \u2014 i\u0148lis, fransuz, ispan we rus dillerinde g\u00f6ni \u00fda\u00fdlymda g\u00f6rkezildi.<\/p>\n\n\n\n<p>\u015eunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy\u0148 foruma gatna\u015fyjylary\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde wideo\u00fd\u00fczlenme bilen \u00e7yky\u015f edip, be\u00fdan eden t\u00e4ze ba\u015flangy\u00e7laryny\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti bellenildi. \u015eonda T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00e4hlumumy ulag gatna\u015fyklaryna gatna\u015fmagyny g\u00fc\u00fd\u00e7lendirm\u00e4ge we gi\u0148eltm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardygy tassyklanyldy. \u015eol ba\u015flangy\u00e7lary\u0148 hatarynda, Birle\u015fen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00fdurtlary\u0148 b\u00e4hbitlerini goramaga g\u00f6n\u00fckdirilen we BMG-ni\u0148 degi\u015fli d\u00fcz\u00fcmleri bilen yzygiderli i\u015f alyp barjak \u00fd\u00f6rite i\u015f toparyny d\u00f6retm\u00e4ge, \u015fe\u00fdle hem BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 \u00abDe\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan \u00fdurtlary\u0148 \u00e4hlumumy ulag hyzmatda\u015flygyny\u0148 \u00f6s\u00fc\u015finde we ony pugtalandyrmakda ornuny \u00fdokarlandyrmak hakyndaky\u00bb Rezol\u00fdusi\u00fdasyny i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamaga degi\u015fli teklipler bar.<\/p>\n\n\n\n<p>\u201cT\u00fcrkmenistan XXI asyry\u0148 ulag gurlu\u015fyny\u0148 integrasi\u00fda \u00f6s\u00fc\u015fini\u0148 gi\u0148i\u015flikleri\u0148, sebitleri\u0148, senagat, seri\u015fde, adam m\u00fcmkin\u00e7iliklerini\u0148 baglany\u015fygydygyna ynan\u00fdar. Geljek i\u0148 uly halkara we sebit de\u0148iz, der\u00fda, awtomobil we demir \u00fdollaryna hem-de howa merkezlerine \u00e7ykmak, olary\u0148 amatly utga\u015fmasy we hersini\u0148 artykma\u00e7lygyndan pe\u00fddalanmak bilen birle\u015fdirilen ulag-aragatna\u015fyk ulgamyna degi\u015flidir\u201d di\u00fdip, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz forumy\u0148 a\u00e7yly\u015fyndaky \u00e7yky\u015fynda nygtady.<\/p>\n\n\n\n<p>\u015ee\u00fdle hem forumy\u0148 ikinji g\u00fcn\u00fcni\u0148 maksatnamasyny\u0148 ugurda\u015f \u00e7\u00e4releri: Halkara ulag we \u00fcsta\u015fyr ge\u00e7elgesini d\u00f6retmek bo\u00fdun\u00e7a Utga\u015fdyryjy ge\u0148e\u015fini\u0148 mejlisini (\u201cA\u015fgabat Ylala\u015fygy\u201d esasynda) we \u00abMerkezi Azi\u00fda \u2014 \u00ddakyn G\u00fcndogar \u2014 Afrika: ulag pudagynda hyzmatda\u015flygy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri\u00bb atly ministrler derejesind\u00e4ki du\u015fu\u015fygyny \u00f6z\u00fcnde jeml\u00e4ndigi bellenildi. Mundan ba\u015fga-da, \u015fu g\u00fcn \u2014 17-nji awgustda Global \u00dcsta\u015fyr Resminamasyny\u0148 taslamasyna badalga bermek dabarasy guraldy. Halkara maslahaty\u0148 dowamynda k\u00f6ptarapla\u00fdyn we ikitarapla\u00fdyn resminamalary\u0148 birn\u00e4\u00e7esine gol \u00e7ekildi. Forumy\u0148 netijeleri Jemle\u00fdji Be\u00fdannamada berkidildi. \u015eonda COVID-19 pandemi\u00fdasyndan so\u0148ky d\u00f6w\u00fcrde de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk d\u00f6wletleri\u0148 durnukly dikeldili\u015fi \u00fc\u00e7in ulag arabaglany\u015fygyny\u0148 g\u00fc\u00fd\u00e7lendirilmegini\u0148 hem-de Wena Hereketleri\u0148 maksatnamasyny\u0148 \u00fderine \u00fdetirili\u015fini we Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f maksatlaryny\u0148 gazanylmagyny tizle\u015fdirmegi\u0148 wajypdygy nygtal\u00fdar. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, halkara we sebitle\u00fdin bazarlar bilen birle\u015fdirmekde \u00fcsta\u015fyr da\u015famalary\u0148 e\u00fdele\u00fd\u00e4n \u00e4hmi\u00fdetli orny nygtal\u00fdar.<\/p>\n\n\n\n<p>Resminamada bellenili\u015fi \u00fdaly, maslahat halkara bilele\u015figini de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk d\u00f6wletleri\u0148 ykdysady ta\u00fddan okgunly hem-de durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fc\u00e7in zerur \u015fert bolup dur\u00fdan netijeli ulag d\u00fcz\u00fcmini d\u00f6retmekde ulagy \u00f6sd\u00fcrmek ulgamynda sebit hyzmatda\u015flygyny gi\u0148eltmek hem-de utga\u015fdyrmak bo\u00fdun\u00e7a i\u015fleri goldamaga \u00e7agyr\u00fdar. \u015eunu\u0148 bilen bir hatarda, k\u00e4mil \u00fcsta\u015fyr da\u015famalary we s\u00f6wdany \u00fde\u0148ille\u015fdirmek hem-de COVID-19 pandemi\u00fdasyndan so\u0148 olary durnukly dikeltmek \u00fc\u00e7in sanly ulgamlary pugtalandyrmak tagallalary birle\u015fdirmegi\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 hatarynda kesgitlenildi.<\/p>\n\n\n\n<p>\u015ee\u00fdle hem ulag ulgamynda howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegini\u0148 t\u00e4sirlerini azaltmak hem-de olara u\u00fdgunla\u015fmak, \u015fe\u00fdle hem adatdan da\u015fary howa \u00fdagda\u00fdlary emele gelen halatynda, olara ta\u00fd\u00fdar bolmak babatynda zerur bolan seri\u015fdeleri\u0148 we hyzmatlary\u0148 jemlenilmegi \u00fc\u00e7in de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk d\u00f6wletleri\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iliklerini\u0148 artdyrylmagyny\u0148 \u00f6r\u00e4n m\u00f6h\u00fcmdigi nygtal\u00fdar.<\/p>\n\n\n\n<p>Resminamada Birinji \u00e4hlumumy ulag maslahatyny\u0148 netijeleri bo\u00fdun\u00e7a esas edilip alnan durnukly ulag bo\u00fdun\u00e7a A\u015fgabat prosesini dowam etmegi\u0148, \u00fdokary derejeli yzygiderli halkara du\u015fu\u015fyklary, k\u00f6ptarapla\u00fdyn maslahatla\u015fmalary ge\u00e7irmegi\u0148, \u00fdokarda agzalan i\u015fleri\u0148 \u00e7\u00e4klerinde bilim \u00e7\u00e4relerini\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iligini we guraly\u015fyny pugtalandyrmagy\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigine a\u00fdratyn \u00fcns \u00e7ekildi.<\/p>\n\n\n\n<p>H\u00e4zirki wagtda BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 \u015fu \u00fdyly\u0148 13-nji sent\u00fdabrynda a\u00e7yljak 77-nji sessi\u00fdasyny\u0148 resminamasy h\u00f6km\u00fcnde Awazada kabul edilen Jemle\u00fdji Be\u00fdannamany ta\u00fd\u00fdarlamak bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli i\u015fler alnyp baryl\u00fdar.<\/p>\n\n\n\n<p>\u015ee\u00fdle hem forumy\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ikitarapla\u00fdyn, \u015fol sanda T\u00fcrkmenistany\u0148 H\u00f6k\u00fcmet agzalary bilen da\u015fary d\u00f6wletleri\u0148 we halkara guramalary\u0148 wekillerini\u0148 arasynda ikitarapla\u00fdyn du\u015fu\u015fyklar ge\u00e7irildi, \u015folary\u0148 bar\u015fynda t\u00e4ze ulag ge\u00e7elgelerini d\u00f6retmek bo\u00fdun\u00e7a geljegi uly taslamalar nazarda tutulyp, hyzmatda\u015flygy gi\u0148eltmegi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri ara alnyp maslahatla\u015fyldy. \u015ee\u00fdlelikde, T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 goldamagynda \u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagynda ge\u00e7irilen de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletleri\u0148 ulag ministrlerini\u0148 derejesind\u00e4ki halkara maslahat b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylygy\u0148, abadan\u00e7ylygy\u0148 we rowa\u00e7lygy\u0148 b\u00e4hbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit we \u00e4hlumumy hyzmatda\u015flygy\u0148 pugtalandyrylmagyna hem-de gi\u0148eldilmegine uly go\u015fant boldy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>17-nji awgustda \u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagyny\u0148 \u201cBerkarar\u201d myhmanhanasynda de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletleri\u0148 ulag ministrlerini\u0148 derejesind\u00e4ki halkara maslahaty\u0148 hem-de o\u0148a gabatlanyp guralan \u00e7\u00e4releri\u0148 netijelerine bagy\u015flanan brifing ge\u00e7irildi. \u00abA\u015fgabat prosesi: arabaglany\u015fygy pugtalandyrmak \u00fc\u00e7in mali\u00fdele\u015fdirmek\u00bb atly ugur bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7irilen forum Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 howandarlygynda T\u00fcrkmenistany\u0148 H\u00f6k\u00fcmeti tarapyndan guraldy. 15-16-njy awgustda utga\u015fykly g\u00f6rn\u00fc\u015fde ge\u00e7irilen maslahata onlar\u00e7a d\u00f6wletleri\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":62433,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/62432"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=62432"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/62432\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":62434,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/62432\/revisions\/62434"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/62433"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=62432"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=62432"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=62432"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}