{"id":67038,"date":"2022-11-08T14:27:27","date_gmt":"2022-11-08T09:27:27","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=67038"},"modified":"2022-11-08T14:28:06","modified_gmt":"2022-11-08T09:28:06","slug":"gol-gecendigi-henizem-belli-dal-dunya-kubogy-1966","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/gol-gecendigi-henizem-belli-dal-dunya-kubogy-1966\/","title":{"rendered":"Gol ge\u00e7endigi henizem belli d\u00e4l (D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogy 1966)"},"content":{"rendered":"<p><em>8-nji D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogy 1966-njy \u00fdyly\u0148 11-nji i\u00fdul-30-njy i\u00fduly aralygynda futboly\u0148 watany hasaplan\u00fdan Angli\u00fdada ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r. FIFA 8-nji D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyny\u0148 Angli\u00fdada ge\u00e7iriljekdigini 1960-njy \u00fdylda Rimde bolan \u00fdygnany\u015fygynda m\u00e4lim ed\u00fd\u00e4r. Bu D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubpgyny guramak \u00fc\u00e7in Ispani\u00fdadyr G\u00fcnbatar Germani\u00fda hem dala\u015fg\u00e4r bolupdy. Sa\u00fdlama tapgyrynda 74 \u00fdygyndy \u00e7yky\u015f edip, olary\u0148 14-si final tapgyryna \u00fdollanma al\u00fdar. \u00dder e\u00fdeleri Angli\u00fda, \u015fol sanda so\u0148ky \u00e7empion Brazili\u00fda bilen bir hatarda, jemi 16 \u00fdygyndy (\u00ddewropadan 10, G\u00fcnorta Amerikadan 4, Demirgazyk Amerikadan 1, Azi\u00fda \u00fda-da Afrikadan 1) 4 topar\u00e7ada \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r.\u00a0<\/em><\/p>\n<p><strong>1-nji topar\u00e7ada<\/strong> \u00e7empionaty\u0148 a\u00e7yly\u015f du\u015fu\u015fygynda Angli\u00fda bilen Urugwa\u00fd du\u015fu\u015f\u00fdar we o\u00fdunda hasap a\u00e7ylma\u00fdar. \u00dder e\u00fdesi\u0148 i\u0148lisler so\u0148ky 2 du\u015fu\u015fygynda gar\u015fyda\u015flary Meksikadyr Fransi\u00fdany 2-0 hasabynda \u00fde\u0148ip, topar\u00e7ada 1-nji \u00fderi e\u00fdele\u00fd\u00e4r. Du\u015fu\u015fyklarda Rojer Hant 3 gezek tapawutlan\u00fdar. Fransi\u00fdany \u00fde\u0148ip, Meksika bilen de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan ilkinji \u00e7empion Urugwa\u00fd hem \u00fdary\u015fy dowam etdirm\u00e4ge hukuk gazan\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>2-nji topar\u00e7ada<\/strong> G\u00fcnbatar Germani\u00fda, Argentina, Ispani\u00fda we \u015ewe\u00fdsari\u00fda du\u015fu\u015f\u00fdar. Nemesler 1-nji o\u00fdnunda \u015fwe\u00fdsarlary\u0148 torundan jogapsyz 5 top giriz\u00fd\u00e4r (Hled 16, Haller 21, 77 p, Bekkenbauer 40, 52). Argentina bilen golsuz de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan Germani\u00fda so\u0148ky du\u015fu\u015fygynda ispanlary Emmerih we Zeeleri\u0148 gollary esasynda 2-1 \u00fde\u0148\u00fd\u00e4r. 1-nji du\u015fu\u015fygynda Ispani\u00fdany\u0148 2-1, 3-nji du\u015fu\u015fygynda-da \u015ewe\u00fdsari\u00fdany 2-0 \u00fde\u0148en Argentina 5 utuk bilen topar\u00e7ada 2-nji \u00fderi e\u00fdele\u00fd\u00e4r. Bu 2 o\u00fdunda Luis Artime 3 gol ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>3-nji topar\u00e7ada<\/strong> ilkinji gezek gatna\u015f\u00fdan Portugali\u00fda, Wengri\u00fda, so\u0148ky \u00e7empion Brazili\u00fda hem-de Bolgari\u00fda \u00f6zara g\u00fc\u00fd\u00e7 synany\u015f\u00fdar. Brazili\u00fda Bolgari\u00fdany Peledir Garrin\u00e7any\u0148 gollary bilen 2-0, Portugali\u00fda Wengri\u00fdany 3-1 hasabynda ut\u00fdar. Topar\u00e7adaky 2-nji o\u00fdunlarda Wengri\u00fda Brazili\u00fdany 3-1, Portugali\u00fda bolsa Bolgari\u00fdany 3-0 \u00fde\u0148\u00fd\u00e4r. Asly mozambikli bolan super \u00fdyldyz E\u00fdsebio D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogynda ilkinji goluny ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r. 3-nji du\u015fu\u015fyklarda Portugali\u00fda E\u00fdsebiony\u0148 2 gol ge\u00e7iren o\u00fdnunda Brazili\u00fdadan 3-1 \u00fcst\u00fcn \u00e7yk\u00fdar we \u00e7empiony \u00f6\u00fd\u00fcne ugrad\u00fdar. Edil \u015fe\u00fdle hasap bilen bolgarlary \u00fde\u0148en wengerler \u00fdary\u015fy dowam ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>4-nji topar\u00e7ada<\/strong> \u00f6\u0148ki SSSR, Afrikany\u0148 wekillerini\u0148 \u00fdary\u015fdan \u00e7ekilmeginden so\u0148 \u00fdollanma alan we ilkinji gezek gatna\u015f\u00fdan Demirgazyk Kore\u00fda, \u015fol wagta \u00e7enli D\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 2 gezek \u00e7empiony Itali\u00fda hem-de 1962-nji \u00fdylda \u00fdary\u015fy\u0148 gura\u00fdjysy \u00c7ili du\u015fu\u015f\u00fdar. \u00d6\u0148ki So\u00fduzy\u0148 \u00fdygyndysy 1-nji o\u00fdnunda kore\u00fdleri 3-0 hasabynda ut\u00fdar. O\u00fdunda Malofe\u00fdew (2) bilen Bani\u015fewski tapawutlan\u00fdar. Mundan 4 \u00fdyl \u00f6\u0148 uru\u015fly wakalara ba\u00fd bolan Itali\u00fda-\u00c7ili du\u015fu\u015fygy bu gezek asuda \u00fdagda\u00fdda ge\u00e7\u00fd\u00e4r we ital\u00fdanlar 2-0 hasabynda \u00fde\u0148i\u015f gazan\u00fdar. \u00c7islenkony\u0148 goly bilen Itali\u00fdany 1-0 \u00fde\u0148en ozalky So\u00fduzy\u0148 \u00fdygyndysy \u00c7ilini hem Porku\u00fdany\u0148 gollary esasynda 2-0 ut\u00fdar. \u00c7ili bilen 1-1 de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan deb\u00fdutant kore\u00fdler Itali\u00fdany 1-0 hasabynda \u00fde\u0148ip, \u00e7\u00e4r\u00fdek finala \u00e7yk\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>T\u00c4ZE \u00ddYLDYZ E\u00ddSEBIO<\/strong><br \/>\n<strong>\u00c7\u00e4r\u00fdek finalda<\/strong> Angli\u00fda Argentinany Jeff H\u00f6rst\u00fc\u0148 \u00fdeke-t\u00e4k goly bilen 1-0 \u00fde\u0148\u00fd\u00e4r. \u00c7empionlary\u0148 du\u015fu\u015fygynda G\u00fcnbatar Germani\u00fdany\u0148 \u00fdygyndysyna Urugwa\u00fdy \u00fde\u0148mek kyn d\u00fc\u015fme\u00fd\u00e4r. Halleri\u0148 2, Bekkenbauri\u0148 hem-de Zeeleri\u0148 gollary bilen 4-0 hasabynda \u00fde\u0148i\u015f gazanan nemesler 4-nji sapar \u00fdarym finala \u00e7yk\u00fdar. 1-nji du\u015fu\u015fykda nemes, 2-nji du\u015fu\u015fykda i\u0148lis emini\u0148 bolmagy jedelli \u00fdagda\u00fdlary\u0148 d\u00f6remegine seb\u00e4p bol\u00fdar. Seb\u00e4bi eminler her du\u015fu\u015fykda myhmanlary\u0148 bir o\u00fdun\u00e7ysyny me\u00fddan\u00e7adan \u00e7ykar\u00fdar. Netijede, \u00fdewropalylar G\u00fcnorta Amerikany\u0148 \u00e7empion bola\u00fdjak 2 wekilini \u00fdary\u015fdan \u00e7ykar\u00fdar. 4 \u00fdyl \u00f6\u0148 \u00c7ilide \u00fdarym finaly\u0148 bosagasyndan ga\u00fddan SSSR-i\u0148 \u00fdygyndysy \u00e7\u00e4r\u00fdek finalda Wengri\u00fdany \u00c7islenko we Porku\u00fdany\u0148 gollary bilen 2-1 \u00fde\u0148\u00fd\u00e4r. \u00c7\u00e4r\u00fdek finaly\u0148 i\u0148 \u00fdatda galan o\u00fdny \u00e7empionaty\u0148 iki t\u00e4ze wekilini\u0148 \u2013 Portugali\u00fda bilen Demirgazyk Kore\u00fdany\u0148 \u00fdygyndylaryny\u0148 arasynda o\u00fdnal\u00fdar. Liwerpuldaky \u201cGudison Parkda\u201d ge\u00e7irilen o\u00fdnu\u0148 entek 1-nji minudy dolmanka kore\u00fdler Pak Seun-zini\u0148 goly bilen hasaby a\u00e7\u00fdar. 25-nji minutda hasap 3-0-a \u00fdet\u00fd\u00e4r. 1-nji \u00fdarym tamamlanmanka E\u00fdsebio aratapawudy 1 gola d\u00fc\u015f\u00fcr\u00fd\u00e4r. \u00ddyldyz o\u00fdun\u00e7y 2-nji \u00fdarymda-da 3 minudy\u0148 dowamynda 2 gol ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r. 80-nji minutda Augusto o\u00fdna so\u0148ky nokady go\u00fd\u00fdar we Portugali\u00fda 5-3 (E\u00fdsebio 27, 43 p, 56, 59 p, Augustoi 80 \u2013 Pak Seun-zin 1, Li Don-wun 22, \u00ddan Seun-kuk 25) hasabynda \u00fde\u0148\u015fini ba\u00fdram ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>\u00ddarym finaly\u0148 o\u00fdunlary<\/strong> birme\u0148ze\u015f hasaplar bilen tamamlan\u00fdar. G\u00fcnbatar Germani\u00fda SSSR-i Halleri\u0148 43-nji we Ka\u00fdzer lakamly Bekkenbaueri\u0148 67-nji minutdaky gollary bilen 2-1 \u00fde\u0148\u00fd\u00e4r. Ozalky So\u00fduzy\u0148 \u00fdygyndysyna Porku\u00fdany\u0148 88-nji minutdaky goly \u00fde\u0148i\u015f \u00fc\u00e7in \u00fdeterlik bolma\u00fdar. Wembley-d\u00e4ki be\u00fdleki o\u00fdunda-da Angli\u00fda rowa\u00fdaty \u00fdyldyzy Bobbi \u00c7arltony\u0148 30-njy we 80-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 \u00f6\u0148e sa\u00fdlan\u00fdar. \u015eol wagta \u00e7enli gol ge\u00e7irtmedik Angli\u00fdany\u0148 torundan \u00e7empionatdaky ilkinji p\u00f6kgini 82-nji minutda E\u00fdsebio penaltiden ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r. \u00dd\u00f6ne bu di\u0148e i\u0148lisleri\u0148 gol ge\u00e7irtmezlik hasabatyny \u00fc\u00fdtged\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>28-nji i\u00fdulda Wembley-de Portugali\u00fda bilen SSSR-i\u0148 \u00fdygyndylary b\u00fcr\u00fcn\u00e7 medal ugrunda du\u015fu\u015f\u00fdar. \u00c7ekele\u015fikli ge\u00e7en o\u00fdunda Portugali\u00fda 12-nji minutda E\u00fdsebiony\u0148 goly bilen 1-0 \u00f6\u0148e sa\u00fdlan\u00fdar. 43-nji minutda Malofe\u00fdew hasaby de\u0148le\u00fd\u00e4r. Du\u015fu\u015fygy\u0148 tamamlanmagyna 1 minut galanda, \u00fdagny 89-njy minutda Torres Portugali\u00fdany\u0148 \u00fdygyndysynda D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogy \u00fdary\u015flaryndaky ilkinji we h\u00e4zirlik\u00e7e \u00fdeke-t\u00e4k medalyny gazandyran goly ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>FUTBOL \u00d6Z WATANYNY HALADY<\/strong><br \/>\nFinal du\u015fu\u015fygy 30-njy i\u00fdulda \u201cWembley\u201d-de o\u00fdnal\u00fdar. \u00dder e\u00fdesi Angli\u00fda bilen 1901-nji \u00fdyldan b\u00e4ri i\u0148lisleri \u00fde\u0148ip bilm\u00e4n gel\u00fd\u00e4n Germani\u00fdany\u0148 (G\u00fcnbatar) \u00fdygyndylaryny\u0148 finalyna \u015fwe\u00fdsari\u00fdaly Gottfrid Dienst eminlik ed\u00fd\u00e4r. Du\u015fu\u015fyga toma\u015fa etmek \u00fc\u00e7in 96 924 jank\u00f6\u00fder \u00fdygnan\u00fdar. 12-nji minutda Helmut Haller gara\u015fylmadyk \u00fdagda\u00fdda nemesleri \u00f6\u0148e \u00e7ykar\u00fdar. \u00dd\u00f6ne o\u00fdnu\u0148 jylawyny ele alan i\u0148lisler 6 minutdan so\u0148 Jeoff H\u00f6rst\u00fc\u0148 goly bilen hasaby de\u0148le\u00fd\u00e4r. 1-nji \u00fdarym 1-1 gutar\u00fdar. 2-nji \u00fdarymda-da howply pursatlar d\u00f6rese-de so\u0148ky minutlara \u00e7enli skorborddaky hasap \u00fc\u00fdtgeme\u00fd\u00e4r. 78-nji minutda Martin Piters Angli\u00fdany\u0148 2-1 \u00f6\u0148e sa\u00fdla\u00fdar. Bu goldan so\u0148 i\u0148lisleri\u0148 \u00fde\u0148\u015fe ynamy art\u00fdar. \u00dd\u00f6ne 89-njy minutda Wolfgang Weber hasaby de\u0148le\u00fd\u00e4r we \u00fde\u0148iji go\u015fma\u00e7a wagtda belli kesgitlenmeli bol\u00fdar. Go\u015fma\u00e7a wagtda-da, has takygy, 101-nji futboly\u0148 taryhyndaky i\u0148 uly jedelli waka \u00fd\u00fcz \u00e7yk\u00fdar. Jeoff H\u00f6rst\u00fc\u0148 batly uran urgusy derwez\u00e4\u0148 \u00fdokarky agajyna degip, derwez\u00e4ni\u0148 i\u00e7ine gir\u00fd\u00e4r. Belki-de girme\u00fd\u00e4r. Ba\u015f emin Dienst SSSR-li gapdal emin Tofik Bahramowa (azerba\u00fdjanly) sered\u00fd\u00e4r. Ol hem topu\u0148 derwez\u00e4 girendigini m\u00e4lim ed\u00fd\u00e4r. H\u00e4zirki wagtda-da topu\u0148 derwez\u00e4ni\u0148 a\u015faky \u00e7yzygyny ge\u00e7ip-ge\u00e7m\u00e4ndigi n\u00e4belli bolup, \u015fol pursaty i\u0148lisler g\u00f6rkezse, gol, nemesler g\u00f6rkezende bolsa, top derwez\u00e4 girme\u00fd\u00e4r. Megerem bu jedel hi\u00e7 wagt hem anyk \u00e7\u00f6z\u00fclmese gerek. Du\u015fu\u015fyga dolansak, 120-nji minutda Jeoff H\u00f6rst \u00fdene bir gol ge\u00e7irip, o\u00fdna so\u0148ky nokady go\u00fd\u00fdar. \u015ee\u00fdlelikde, go\u015fma\u00e7a wagtda 4-2 \u00fde\u0148i\u015f gazanan futboly\u0148 watany Angli\u00fda ilkinji we h\u00e4zirlik\u00e7e \u00fdeke-t\u00e4k \u00e7empionlygyny gazan\u00fdar. Jeoff H\u00f6rst bolsa D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyny\u0148 finalynda het-trik eden ilkinji futbol\u00e7y bol\u00fdar. Angli\u00fdany\u0148 \u00fdygyndysy 1934-nji \u00fdyldan \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda \u00e7empionlyk gazanan 3-nji \u00fdygyndy bolup, ondan \u00f6\u0148 Urugwa\u00fd (1930) bilen Itali\u00fdany\u0148 (1934) \u00fdygyndylary \u015fe\u00fdle ba\u015farnyk g\u00f6rkezipdi.<\/p>\n<h3>Ge\u00e7irilen du\u015fu\u015fyklar<\/h3>\n<p><strong>1-NJI TAPGYR:<\/strong> <strong>1-nji topar\u00e7a:<\/strong> Angli\u00fda-Urugwa\u00fd: 0-0, Fransi\u00fda-Meksika: 1-1, Urugwa\u00fd-Fransi\u00fda: 2-1, Angli\u00fda-Meksika: 2-0, Urugwa\u00fd-Meksika: 0-0, Angli\u00fda-Fransi\u00fda: 2-0. <strong>2-nji topar\u00e7a:<\/strong> Germani\u00fda-\u015ewe\u00fdsari\u00fda: 5-0, Argentina-Ispani\u00fda: 2-1, Ispani\u00fda-\u015ewe\u00fdsari\u00fda: 2-1, Germani\u00fda-Argentina: 0-0, Argentina-\u015ewe\u00fdsari\u00fda: 2-0, Germani\u00fda-Ispani\u00fda: 2-1. <strong>3-nji topar\u00e7a:<\/strong> Brazili\u00fda-Bolgari\u00fda: 2-0, Portugali\u00fda-Wengri\u00fda: 3-1, Wengri\u00fda-Brazili\u00fda: 3-1, Portugali\u00fda-Bolgari\u00fda: 3-0, Portugali\u00fda-Brazili\u00fda: 3-1, Wengri\u00fda-Bolgari\u00fda: 3-1. <strong>4-nji topar\u00e7a:<\/strong> SSSR-D.Kore\u00fda: 3-0, Itali\u00fda-\u00c7ili: 2-0, D.Kore\u00fda-\u00c7ili: 1-1, SSSR-Itali\u00fda: 1-0, D.Kore\u00fda-Itali\u00fda: 1-0, SSSR-\u00c7ili: 2-1.<\/p>\n<p><strong>\u00c7\u00c4R\u00ddEK FINAL: <\/strong>SSSR-Wengri\u00fda: 2-1, Portugali\u00fda-D.Kore\u00fda: 5-3, Angli\u00fda-Argentina: 1-0, Germani\u00fda-Urugwa\u00fd: 4-0.<\/p>\n<p><strong>\u00ddARYM FINAL: <\/strong>Germani\u00fda-SSSR: 2-1, Angli\u00fda-Portugali\u00fda: 2-1.<\/p>\n<p><strong>3-NJI \u00ddER: <\/strong>Portugali\u00fda-SSSR: 2-1.<\/p>\n<p><strong>FINAL: <\/strong>Angli\u00fda-Germani\u00fda: 4-2.<\/p>\n<h3>GYZYKLY MAGLUMATLAR<\/h3>\n<p>* \u00c7empionatda \u00e7yky\u015f eden Pablo Forlan (Urugwa\u00fd) hem-de Jean Jorka\u00fdeffi\u0148 (Fransi\u00fda) ogullary 2002-nji \u00fdyldaky D\u00fcn\u00fd\u00e4 \u00e7empionatynda \u00e7yky\u015f etdi (Diego Forlan we \u00dduri Jorka\u00fdeff).<\/p>\n<p>* Demirgazyk Kore\u00fda we Portugali\u00fda ilkinji gezek D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyna gatna\u015f\u00fdar.<\/p>\n<p>* Sa\u00fdlama tapgyryna 74 \u00fdygyndy gatna\u015fyp, Afrika d\u00f6wletlerini\u0148 \u00fdygyndylary FIFA n\u00e4gilelik bildir\u00fd\u00e4r we \u00fdary\u015fa go\u015fulma\u00fdar.<\/p>\n<p>* \u201cWorld Cup Willie\u201d atly \u00fdolbars \u015fekilli ny\u015fan D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogy \u00fdary\u015flaryny\u0148 ilkinji maskoty boldy.<\/p>\n<p>* \u00c7empionaty\u0148 bije \u00e7ekili\u015fik dabarasy 6-njy \u00fdanwarda Londonda bolup, ilkinji gezek tele\u00fda\u00fdlymda g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>* Du\u015fu\u015fyklary ak-gara \u00fda\u00fdlymda g\u00f6rkezilen so\u0148ky D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogy bol\u00fdar. Mundan so\u0148 futbol mu\u015fdaklary D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyna re\u0148kli ekranlarda toma\u015fa edip ba\u015fla\u00fdar.<\/p>\n<p>* 8 gol ge\u00e7iren \u201cGara pantera\u201d lakamly \u00fdyldyz o\u00fdun\u00e7y, portugali\u00fdaly E\u00fdsebio \u00fdary\u015fy\u0148 i\u0148 netijeli futbol\u00e7ysy bol\u00fdar.<\/p>\n<p>* Frans Bekkenbauer, Helmut Haller, Uwe Zeeler, Jeoff H\u00f6rst, Bobbi \u00c7arlton, Rojer Hant, Lew \u00dda\u015fin, Igor \u00c7islenko, Waleri\u00fd Porku\u00fdan, Eduard Malofe\u00fdew, Hose Torres hem-de Eusebio dagy \u00fdary\u015fy\u0148 \u015fowly \u00e7yky\u015f eden \u00fdyldyzlary bol\u00fdar.<\/p>\n<p>&nbsp;<\/p>\n<p>&nbsp;<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>8-nji D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogy 1966-njy \u00fdyly\u0148 11-nji i\u00fdul-30-njy i\u00fduly aralygynda futboly\u0148 watany hasaplan\u00fdan Angli\u00fdada ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r. FIFA 8-nji D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyny\u0148 Angli\u00fdada ge\u00e7iriljekdigini 1960-njy \u00fdylda Rimde bolan \u00fdygnany\u015fygynda m\u00e4lim ed\u00fd\u00e4r. Bu D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubpgyny guramak \u00fc\u00e7in Ispani\u00fdadyr G\u00fcnbatar Germani\u00fda hem dala\u015fg\u00e4r bolupdy. Sa\u00fdlama tapgyrynda 74 \u00fdygyndy \u00e7yky\u015f edip, olary\u0148 14-si final tapgyryna \u00fdollanma al\u00fdar. \u00dder e\u00fdeleri Angli\u00fda, \u015fol sanda [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":67039,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7175,1778,13],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/67038"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=67038"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/67038\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":67041,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/67038\/revisions\/67041"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/67039"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=67038"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=67038"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=67038"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}