{"id":69590,"date":"2022-12-14T16:21:43","date_gmt":"2022-12-14T11:21:43","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=69590"},"modified":"2022-12-14T17:37:55","modified_gmt":"2022-12-14T12:37:55","slug":"turkmenistanyn-bitaraplygy-parahatcylygy-we-osusi-upjun-etmekde-mohum-tejribedir","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/turkmenistanyn-bitaraplygy-parahatcylygy-we-osusi-upjun-etmekde-mohum-tejribedir\/","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplygy parahat\u00e7ylygy we \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fcpj\u00fcn etmekde m\u00f6h\u00fcm tejribedir"},"content":{"rendered":"<p>Da\u015fary sy\u00fdasat d\u00f6wlet i\u015fini\u0148 halkara gi\u0148i\u015fliginde alnyp baryl\u00fdan esasy ugry bolup, ol, esasan hem, \u00fdurdu\u0148 ykdysady, demografi\u00fda, ylmy-tehniki we medeni kuwwatyna esaslan\u00fdar. Halkara gatna\u015fyklaryny\u0148 \u00e7ygrynda d\u00f6wletleri\u0148 \u00f6zara b\u00e4hbitli ikitarapla\u00fdyn we k\u00f6ptarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy, halkara guramalary, d\u00f6wlete degi\u015fli d\u00e4l we t\u00e4jir\u00e7ilik h\u00e4si\u00fdeti bolmadyk guramalar we transmilli korporasi\u00fdalar bilen alyp bar\u00fdan k\u00f6pugurly hem-de \u00e7yl\u015fyrymly gatna\u015fyklary\u0148 jemi da\u015fary sy\u00fdasaty\u0148 mazmunyny d\u00fcz\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Berkarar d\u00f6wletimizi\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde hormatly Prezidentimizi\u0148 \u00f6\u0148deng\u00f6r\u00fcjilikli ba\u015ftutanlygynda \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary sy\u00fdasaty i\u00e7erki \u00f6s\u00fc\u015f \u00fc\u00e7in amatly halkara \u015fertlerini d\u00f6retm\u00e4ge g\u00f6n\u00fckdirilen bolup, d\u00fcn\u00fd\u00e4 gi\u0148i\u015fliginde Bitarap d\u00f6wletimizi\u0148 kanuny b\u00e4hbitlerini \u00fcpj\u00fcn etm\u00e4ge \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdle hem ygrarly we durnukly hyzmatda\u015f h\u00f6km\u00fcnde \u00fdurdumyzy\u0148 abra\u00fdyny \u00fdokarlandyrmaga hyzmat ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistan \u00f6z\u00fcni\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatynda ileri tutul\u00fdan tagallalaryny \u00abBerkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy: T\u00fcrkmenistany 2022-2052-nji \u00fdyllarda durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 Milli maksatnamasynda\u00bb g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulan b\u00e4\u015f strategik maksatly ugurlara g\u00f6n\u00fckdirjekdigi a\u00fddyl\u00fdar. Olar: 1) parahat\u00e7ylygy\u0148 we howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmek; 2) \u00fdurdumyzy\u0148 Bitaraplygyny d\u00fcn\u00fd\u00e4 gi\u0148i\u015fliginde \u00f6sd\u00fcrmek we ilerletmek; 3) da\u015fary ykdysady gatna\u015fyklary okgunly gi\u0148eltmek we diwersifikasi\u00fdala\u015fdyrmak; 4) durnukly \u00f6s\u00fc\u015fe hemmetarapla\u00fdyn \u00fdardam bermek; 5) halkara gatna\u015fyklaryny ynsanperwerle\u015fdirm\u00e4ge, olara \u00fdokary ahlak we adalat standartlaryny orna\u015fdyrmaga \u00fdardam bermek.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitarap da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 tutu\u015f d\u00fcn\u00fd\u00e4 bo\u00fdun\u00e7a kabul edilen durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 esasy maksatlaryny we wezipelerini \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7irm\u00e4ge o\u0148yn go\u015fandygyny\u0148 bardygy bell\u00e4rliklidir. Bu babatda Hormatly Arkadagymyzy\u0148 \u00abH\u00e4zirki g\u00fcnde bizi\u0148 \u00fdurdumyzy\u0148 Bitaraplyk derejesi sebit we d\u00fcn\u00fd\u00e4 m\u00f6\u00e7berinde \u00fdagda\u00fdlary durnukla\u015fdyrmaga, sy\u00fdasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologi\u00fda ta\u00fddan wajyp meseleler \u00e7\u00f6z\u00fclen halatynda d\u00f6wletleri\u0148 we halkara guramalary\u0148 netijeli hyzmatda\u015flygyna o\u0148yn t\u00e4sirini \u00fdetirmegi\u0148 faktory h\u00f6km\u00fcnde \u00f6z\u00fcni has hem a\u00fddy\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykar\u00fdar\u00bb di\u00fdip bellemegi o\u00fdlany\u015fykly alnyp baryl\u00fdan da\u015fary sy\u00fdasaty\u0148 halkara maksatlary bilen utga\u015fmagynda umumy tagallalary birle\u015fdirmek bilen bagly t\u00e4ze netijeli guraly\u0148 d\u00f6re\u00fd\u00e4ndigine \u015fa\u00fdatlyk ed\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde k\u00f6ptaraply jebis hyzmatda\u015flyk \u00fdurdumyzy\u0148 ileri tutul\u00fdan strategik ugry bolup, hemi\u015felik Bitaraplyk derejesini\u0148 sy\u00fdasy durnuklylygy, depginli \u00f6s\u00fd\u00e4n ykdysady ulgamy, ilaty\u0148 hal-\u00fdagda\u00fdyny\u0148 we \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f derejesini\u0148 kem-kemden \u00fdokarlanmagy, \u00fdurdu\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 ykdysady ulgamyna gi\u0148den go\u015fuly\u015fmagyny\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iliklerini \u00f6\u0148\u00fcnden kesgitle\u00fd\u00e4ndigi baradaky \u00fd\u00f6relgeler Arkadagly Serdarymyzy\u0148 taglymatlarynda \u00f6z a\u00fddy\u0148 be\u00fdanyny tap\u00fdar.<\/p>\n<p>Hormatly Arkadagymyz \u00abBitarap T\u00fcrkmenistan\u00bb atly kitaby t\u00fcrkmen bitaraplygyny\u0148 taryhy k\u00f6kleri, bitaraplygy\u0148 t\u00fcrkmen nusgasyny\u0148 sebit we halkara \u00e4hmi\u00fdeti, h\u00e4zirki zaman hakykaty h\u00f6km\u00fcnde, t\u00fcrkmen bitaraplygy\u0148 artykma\u00e7lyklary we \u00fcst\u00fcnlikleri babatda \u00e7u\u0148 manyly gara\u00fdy\u015flary \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4n eserdir. \u00dderi gelende bellesek, bu kitap Milli Liderimizi\u0148 d\u00f6wletimizi\u0148 Bitaraplygyny\u0148 esaslary we d\u00fc\u00fdp mazmuny bilen bagly pikirlerini hem \u00f6z i\u00e7ine al\u00fdar. \u00ddurdumyzy\u0148 sa\u00fdlap alan da\u015fary sy\u00fdasat ugry \u015fu aja\u00fdyp j\u00fcmlede \u00f6z be\u00fdanyny tap\u00fdar: \u00abBitarap T\u00fcrkmenistan \u00f6z\u00fcni\u0148 da\u015fary sy\u00fdasat ugruny sa\u00fdlap alyp, \u00f6\u0148e tarap ynamly gadamlary ur\u00fdar Bizi\u0148 \u00fd\u00f6red\u00fd\u00e4n da\u015fary sy\u00fdasatymyzy\u0148 maksady \u00fdurdumyzy\u0148 durnukly \u00f6s\u00fc\u015fini \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in amatly \u015fertleri d\u00f6retmekden, d\u00f6wleti\u0148 gara\u015fsyzlygyny we howpsuzlygyny berkitmekden, halkymyzy\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f derejesini hil ta\u00fddan \u00fdokary g\u00f6termekden, planetamyzy\u0148 \u00e4hli halklaryny\u0148 hatyrasyna k\u00f6ptarapla\u00fdyn ylala\u015fdyryjylyk i\u015flerini alyp barmakdan ybaratdyr.\u00bb<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdyny ykrar etmekde Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen bilelikde Go\u015fuly\u015fmazlyk Hereketi we Ykdysady Hyzmatda\u015flyk Guramasy \u00fdaly iri we abra\u00fdly guramalary\u0148 uly goldawyny nygtamak zerurdyr. T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatynda Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen hyzmatda\u015flyga uly orun degi\u015flidir. Munu\u0148 bilen bagly \u00abBitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasy ugruny\u0148 2012-2028-nji \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Konsepsi\u00fdasynda\u00bb: \u00abT\u00fcrkmenistan bitaraplyk, be\u00fdleki \u00fdurtlary\u0148 i\u00e7erki i\u015flerine gaty\u015fmazlyk \u00fd\u00f6relgelerine pugta e\u00fdermek bilen, dawalary\u0148 we gapma-gar\u015fylyklary\u0148 parahat\u00e7ylykly, sy\u00fdasy seri\u015fdeler bilen \u00e7\u00f6z\u00fclmegine berk ygrarly bolmak arkaly, halkara hukugyny\u0148 umumy ykrar edilen kadalaryna, ilkinji nobatda, BMG-ni\u0148 Tertipnamasyna ygrarly bolmagynda gal\u00fdar\u00bb di\u00fdlip bellenip ge\u00e7il\u00fd\u00e4r. Galyberse-de, bu m\u00f6h\u00fcm resminamada nygtaly\u015fy \u00fdaly, Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen doly m\u00f6\u00e7berli, maksada g\u00f6n\u00fckdirilen we uzakm\u00f6hletle\u00fdin hyzmatda\u015flyk T\u00fcrkmenistany\u0148 strategik ta\u00fddan sa\u00fdlap alan \u00fdoly bolup dur\u00fdar. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 halkara gatna\u015fyklaryny kadala\u015fdyrmagy\u0148 we d\u00fcn\u00fd\u00e4 sy\u00fdasatyny utga\u015fdyrmagy\u0148 anyk wezipesi bolup galmalydyr. T\u00fcrkmenistan Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 h\u00e4zirki zaman global hereketleri ulgamyny\u0148, \u00e4hlumumy parahat\u00e7ylygy\u0148 we b\u00e4hbitleri\u0148 de\u0148agramlylygyny\u0148, howpsuzlygy\u0148 saklanylmagyny\u0148 we goldanylmagyny\u0148, yglan edilen Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f maksatlaryny\u0148 doly m\u00f6\u00e7berde durmu\u015fa ge\u00e7irilmegini\u0148 kesgitle\u00fdji diregi h\u00f6km\u00fcnde esasy utga\u015fdyryjy h\u00e4si\u00fdete e\u00fde bolan ornuny\u0148 pugtalandyrylmagy bo\u00fdun\u00e7a tagallalaryny dowam etmek ugrunda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Hormatly Arkadagymyz Go\u015fuly\u015fmazlyk hereketine agza \u00fdurtlary\u0148 d\u00f6wlet we h\u00f6k\u00fcmet ba\u015ftutanlaryny\u0148 XVIII Sammitinde eden taryhy \u00e7yky\u015fynda bu garamany\u0148 \u00e4hlumumy parahat\u00e7ylygy, strategik durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga g\u00f6n\u00fckdirilen i\u015flerine \u00fdokary baha bermek bilen\u00a0 \u015fe\u00fdle bell\u00e4pdi: \u00ab&#8230; hut 1995-nji \u00fdyly\u0148 okt\u00fdabr a\u00fdynda Go\u015fuly\u015fmazlyk hereketini\u0148 d\u00f6wlet ba\u015ftutanlaryny\u0148 Kolumbi\u00fdany\u0148 Kartahena \u015f\u00e4herinde ge\u00e7en du\u015fu\u015fygynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitarap d\u00f6wlet bolmak me\u00fdlini go\u015fuly\u015fma\u00fdan \u00fdurtlary\u0148 biragyzdan goldandygyny biz hi\u00e7 wagt unutmarys we hemi\u015fe minnetdarlyk bilen nygta\u00fdarys. Biz \u015fol g\u00fcnki wakany t\u00fcrkmen bitaraplygyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iligini\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fclmeginde we geljekde Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 derejesinde berkidilmeginde a\u00fdratyn tapgyry\u0148 ornuny tut\u00fdan waka di\u00fdip hasap etm\u00e4ge doly haklydyrys.\u00bb<\/p>\n<p>Ykdysady Hyzmatda\u015flyk Guramasyny\u0148 1995-nji \u00fdyly\u0148 15-nji martynda kabul edilen Yslamabat Jarnamasynda we Go\u015fuly\u015fmazlyk Hereketini\u0148 1995-nji \u00fdyly\u0148 okt\u00fdabrynda kabul eden Kartahena Rezol\u00fdusi\u00fdasynda T\u00fcrkmenistany\u0148 bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdyny goldamagy \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4n wajyp halkara hukuk resminamalardyr. T\u00fcrkmenistany\u0148 be\u00fdleki \u00fdurtlar bilen bagla\u015fan halkara-hukuk derejesind\u00e4ki birn\u00e4\u00e7e ikitarapla\u00fdyn resminamalary (ylala\u015fyklar, be\u00fdannamalar, be\u00fdanatlar, jarnamalar) hem onu\u0148 hemi\u015felik bitaraplyk sy\u00fdasatyny\u0148 ykrar edilmegini\u0148 hukuk esasy h\u00f6km\u00fcnde bolup dur\u00fdar. \u015ee\u00fdlelik bilen, T\u00fcrkmenistany\u0148 gara\u015fsyzlygyny\u0148 ilkinji g\u00fcnlerinden ba\u015flap amala a\u015fyr\u00fdan o\u0148yn bitaraplyk da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 Birle\u015fen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmegi halkara gatna\u015fyklary ulgamyndan synagdan ge\u00e7en institutlary\u0148 biri bolan bitaraplygy\u0148 taryhynda-da ilkinji tejribe boldy. T\u00fcrkmenistany\u0148 bitaraplygy Merkezi Azi\u00fda sebitinde we ondan hem has gi\u0148 \u00e7\u00e4klerde parahat\u00e7ylygy we howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmegi\u0148, durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 \u00f6zbolu\u015fly we netijeli guraly h\u00f6km\u00fcnde herekete girdi. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, 2015-nji \u00fdyly\u0148 3-nji i\u00fdunynda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 69-njy sessi\u00fdasynda 193 d\u00f6wleti\u0148 goldamagynda, agza \u00fdurtlary\u0148 47-sini\u0148 awtorda\u015flygynda kabul edilen \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygy\u00bb Rezol\u00fdusi\u00fda \u00fdurdumyzy\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk \u00fd\u00f6relgesini\u0148 goldamak bilen, dostlukly hem-de\u00a0 \u00f6zara b\u00e4hbitli gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcrmekde onu\u0148 i\u015fje\u0148 we o\u0148yn ornuny \u00fdene bir \u00fdola ykrarnamasyna \u00f6wr\u00fcldi.<\/p>\n<p>Resminamada Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 Merkezi Azi\u00fdada we Hazar de\u0148zini\u0148 sebitinde ykdysady, durmu\u015f, medeni we ekologi\u00fda hyzmatda\u015flygyny mundan be\u00fdl\u00e4k-de pugtalandyrmaga g\u00f6n\u00fckdirilen ba\u015flangy\u00e7lary\u0148 halkara goldawyna e\u00fdedigi bellen\u00fd\u00e4r. A\u00fdratyn hem ylala\u015fdyryjy d\u00f6wlet h\u00f6km\u00fcnde T\u00fcrkmenistany\u0148 pa\u00fdtagtynda ge\u00e7irilen t\u00e4jigara we owganara geple\u015fiklerini\u0148 sebiti\u0148 derwa\u00fdys meselelerine diplomatik dialoga da\u00fdan\u00fdan \u00e7\u00f6zg\u00fctleri h\u00f6d\u00fcrlemekd\u00e4ki o\u0148yn go\u015fantlary nygtal\u00fdar. Bitaraplygy\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti barada a\u00fdtmak bilen, milli Liderimiz onu\u0148 d\u00fcrli meselelerde anyk hem-de gi\u0148 geple\u015fikleri ge\u00e7irm\u00e4ge \u015fert d\u00f6red\u00fd\u00e4nligini, \u00f6zara kabul edip boljak \u00e7\u00f6zg\u00fctleri tapmaga, hyzmatda\u015flygy\u0148 t\u00e4ze halkara g\u00f6rn\u00fc\u015flerini i\u015fje\u0148 \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge \u00fdardam ed\u00fd\u00e4nligini a\u00fdratyn belledi. \u015eo\u0148a g\u00f6r\u00e4-de, T\u00fcrkmenistan \u00e4hlumumy \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 \u00f6r\u00e4n m\u00f6h\u00fcm meseleleri bo\u00fdun\u00e7a gi\u0148 we k\u00f6ptaraply pikir aly\u015fmalary\u0148 ykrar edilen merkezlerini\u0148 biri h\u00f6km\u00fcnde \u00f6z\u00fcni\u0148 ornuny barha berkid\u00fd\u00e4r. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 ozalky Ba\u015f Sekretarlary, tanymal sy\u00fdasat\u00e7ylar Pan Gi Munu\u0148 (2007-2017 \u00fd.): \u00abBu g\u00fcn Gara\u015fsyz, Bitarap T\u00fcrkmenistana d\u00fcn\u00fd\u00e4 bilele\u015figini\u0148 a\u00fdratyn gyzyklanmasyny\u0148 ykrar edil\u00fd\u00e4ndigi du\u00fdul\u00fdar. Bu \u00fdurdu\u0148 roly di\u0148e bir Merkezi Azi\u00fda sebitinde d\u00e4l, e\u00fdsem, tutu\u015f d\u00fcn\u00fd\u00e4de barha art\u00fdar\u00bb \u00fda-da bolmasa Kofi Annany\u0148 (1997-2007 \u00fd.): \u00abUmumy maksatlarymyza tarap \u00f6\u0148e bar\u00fdan wagtymyzda, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 T\u00fcrkmenistany\u0148 h\u00f6k\u00fcmetini\u0148 we halkyny\u0148 bo\u00fdun alan bor\u00e7laryna hem-de dowam ed\u00fd\u00e4n goldawyna bil baglap biljekdigini du\u00fdmak \u00f6r\u00e4n \u00fdakymly\u00bb di\u00fdip, bellemekleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n da\u015fary sy\u00fdasatymyzy\u0148 halkara goldawa e\u00fdedigini alamatlandyr\u00fdar.<\/p>\n<p>2017-nji \u00fdyly\u0148 2-nji fewralynda BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk g\u00fcni di\u00fdip yglan etmek hakyndaky Rezol\u00fdusi\u00fda biragyzdan kabul edildi. \u015ee\u00fdle \u00fdokary halkara derejesind\u00e4ki \u00e7\u00f6zg\u00fcdi\u0148 kabul edilmegi T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 umumadamzat b\u00e4hbitlerine la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4nligini we onu\u0148 hemi\u015felik bitaraplygyny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylygy, howpsuzlygy we durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fcpj\u00fcn etmekde wajyp orun tut\u00fdandygyny subut etdi. T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fd\u00e4n da\u015fary sy\u00fdasat ba\u015flangy\u00e7laryny\u0148 halkara gi\u0148i\u015fliginde gi\u0148den goldanylmagy we yzygiderli \u00f6sd\u00fcrilmegi onu\u0148 Milletler Bilele\u015figini\u0148 \u00e7\u00e4klerinde k\u00f6ptaraply diplomati\u00fdasyny\u0148 barha \u00fdokarlan\u00fdandygyny \u00fdene-de bir gezek a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Bu resminamada bellenili\u015fi \u00fdaly, bitaraplyk milli sy\u00fdasaty degi\u015fli sebitlerde hem-de \u00e4hlumumy derejede parahat\u00e7ylygy\u0148 we howpsuzlygy\u0148 pugtalandyrylmagyna \u00fdardam ber\u00fd\u00e4r we parahat\u00e7ylykly, dostlukly hem-de \u00f6zara b\u00e4hbitli gatna\u015fyklary\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmeginde m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdete e\u00fde bolup biler. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan, \u015fe\u00fdle hem t\u00fcrkmen bitaraplygyny\u0148 netijeli gatna\u015fyklary\u0148 hem-de \u00e4hlumumy parahat\u00e7ylygy we howpsuzlygy saklamak maksady bilen hyzmatda\u015flygy\u0148 t\u00e4sirli guraly bolup, geljege g\u00f6n\u00fckdirilendigi nygtal\u00fdar. M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Halkara Bitaraplyk g\u00fcn\u00fcni d\u00f6retmek baradaky ba\u015flangy\u00e7 Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2015-nji \u00fdyly\u0148 dekabrynda T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdyny\u0148 20 \u00fdyllygyna bagy\u015flanyp A\u015fgabatda ge\u00e7irilen \u00fdokary derejeli Halkara maslahatynda \u00f6\u0148e s\u00fcrl\u00fcpdi.<\/p>\n<p>Sebitde we d\u00fcn\u00fd\u00e4de asuda \u00fda\u015fa\u00fdy\u015fyny\u0148 hem-de parahat durmu\u015fy\u0148 kepili h\u00f6km\u00fcnde \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4n hemi\u015felik Bitaraplygymyz durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fcpj\u00fcn etmekde hem\u00a0 m\u00f6h\u00fcm tejribedir.<\/p>\n<p>Hormatly Prezidentimizi\u0148 Gara\u015fsyz, hemi\u015felik Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 halkyna iberen gutlagynda \u015fe\u00fdle setirler bar: \u00abBerkarar d\u00f6wleti\u0148 t\u00e4ze e\u00fd\u00fdamyny\u0148 Galkyny\u015fy d\u00f6wr\u00fcnde \u00f6zgertmeleri\u0148 we \u00f6s\u00fc\u015fleri\u0148 \u00fdoly bilen ynamly \u00f6\u0148e bar\u00fdan ata Watanymyzy\u0148 hemi\u015felik Bitaraplyk hukuk \u00fdagda\u00fdy d\u00f6wletleri\u0148 hem-de halklary\u0148 arasynda \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015filmegi, gara\u00fdy\u015flary\u0148 \u00fdakynla\u015fmagy, hyzmatda\u015flyk gatna\u015fyklaryny\u0148 netijeli nusgalaryny\u0148 ta\u00fd\u00fdarlanmagy babatda t\u00e4ze m\u00fcmkin\u00e7iliklere itergi ber\u00fd\u00e4r.\u00bb<\/p>\n<p>\u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00fdakynda pa\u00fdtagtymyz A\u015fgabatda ge\u00e7irilen \u00abDialog \u2013 parahat\u00e7ylygy\u0148 kepilidir\u00bb atly halkara maslahaty\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti \u00f6r\u00e4n \u00fdokarydyr. Hut \u015fu nukda\u00fdnazardan hem, biz, bu be\u00fdik ide\u00fdany halkara gatna\u015fyklary\u0148 t\u00e4ze filosofi\u00fdasy di\u00fdip atlandyr\u00fdarys.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Gyly\u00e7muhammet JORA\u00ddEW, <\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 In\u017eener-tehniki we ulag kommunikasi\u00fdalary institutyny\u0148 Jemgy\u00fdeti \u00f6wreni\u015f ylymlary kafedrasyny\u0148 uly mugallymy.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Da\u015fary sy\u00fdasat d\u00f6wlet i\u015fini\u0148 halkara gi\u0148i\u015fliginde alnyp baryl\u00fdan esasy ugry bolup, ol, esasan hem, \u00fdurdu\u0148 ykdysady, demografi\u00fda, ylmy-tehniki we medeni kuwwatyna esaslan\u00fdar. Halkara gatna\u015fyklaryny\u0148 \u00e7ygrynda d\u00f6wletleri\u0148 \u00f6zara b\u00e4hbitli ikitarapla\u00fdyn we k\u00f6ptarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy, halkara guramalary, d\u00f6wlete degi\u015fli d\u00e4l we t\u00e4jir\u00e7ilik h\u00e4si\u00fdeti bolmadyk guramalar we transmilli korporasi\u00fdalar bilen alyp bar\u00fdan k\u00f6pugurly hem-de \u00e7yl\u015fyrymly gatna\u015fyklary\u0148 jemi da\u015fary sy\u00fdasaty\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":68309,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/69590"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=69590"}],"version-history":[{"count":3,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/69590\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":69597,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/69590\/revisions\/69597"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/68309"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=69590"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=69590"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=69590"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}