{"id":72935,"date":"2023-02-18T15:54:35","date_gmt":"2023-02-18T10:54:35","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=72935"},"modified":"2023-03-17T18:26:11","modified_gmt":"2023-03-17T13:26:11","slug":"70-yylda-28-mun-915-gezek-sahnada-goyuldy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/70-yylda-28-mun-915-gezek-sahnada-goyuldy\/","title":{"rendered":"70 \u00fdylda 28 m\u00fc\u0148 915 gezek sahnada go\u00fduldy"},"content":{"rendered":"<p><em>Teatr di\u00fdlende, d\u00fcn\u00fd\u00e4de ilkinji bolup iki merkez \u2013 N\u00fdu \u00ddorkdaky \u201cBroadway\u201d bilen Londondaky \u201cWest End\u201d \u00fdady\u0148a d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. Bu iki \u00fder hemi\u015fe bir-biri bilen birn\u00e4\u00e7e ugur bo\u00fdun\u00e7a de\u0148e\u015fdiril\u00fd\u00e4r. \u00dd\u00f6ne Londony\u0148 medeni\u00fdet-sungat merkezi bolan \u201cWest End\u201d bir ugur bo\u00fdun\u00e7a welin, hi\u00e7 hili de\u0148e\u015fdirme kabul etmezden, g\u00fcrr\u00fc\u0148siz \u00f6\u0148deligi sakla\u00fdar.<\/em><\/p>\n<h4><strong>70 \u00fdyldan b\u00e4ri sahnadan d\u00fc\u015fm\u00e4n gel\u00fd\u00e4r<img decoding=\"async\" loading=\"lazy\" class=\"size-medium wp-image-72936 alignright\" src=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-300x226.jpg\" alt=\"\" width=\"300\" height=\"226\" srcset=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-300x226.jpg 300w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-768x579.jpg 768w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-80x60.jpg 80w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-160x120.jpg 160w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-696x525.jpg 696w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010-557x420.jpg 557w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/02\/St_Martins_Theatre_Covent_Garden_London-2April2010.jpg 1024w\" sizes=\"(max-width: 300px) 100vw, 300px\" \/><\/strong><\/h4>\n<p>\u201cWest End\u201d teatrlar sebitind\u00e4ki \u201cSt. Martin\u2019s\u201d teatryny\u0148 sahnasynda Agata Kristini\u0148 \u201cSy\u00e7an gapany\u201d (Mousetrap) atly eseri 70 \u00fdyldan b\u00e4ri o\u00fdnalyp gel\u00fd\u00e4r. Ol d\u00fcn\u00fd\u00e4de i\u0148 uzak wagtlap sahnadan d\u00fc\u015fm\u00e4n gel\u00fd\u00e4n spektakldyr. Detektiw romanlaryny\u0148 ussady bolan Agata Kristini\u0148 bu me\u015fhur eseri esasyndaky o\u00fdun Londonda ilkinji gezek \u00ddelizaweta II tagta \u00e7ykan \u00fdylynda, \u00fdagny 1952-nji \u00fdylda sahna go\u00fdlupdy. Pandemi\u00fda d\u00f6wr\u00fcni hasaba almany\u0148da, yzygiderli 70 \u00fdyllap o\u00fdnal\u00fdan bu me\u015fhur spektakl 28 m\u00fc\u0148 915 gezek sahnala\u015fdyryldy (2022-nji \u00fdyly\u0148 no\u00fdabryna \u00e7enli alnan hasapda). \u015eol d\u00f6w\u00fcrde 10 milliondan hem k\u00f6p adam bu o\u00fdna toma\u015fa etdi. Iki g\u00f6rkeziji-de rekorda de\u0148 bolup, olar entekler t\u00e4zelenmese gerek. Seb\u00e4bi bu o\u00fdundan so\u0148 i\u0148 k\u00f6p sahna go\u00fdlan 2 spektakl hem \u201cWest End\u201d-i\u0148 \u00e7\u00e4ginde bolup, olar Wiktor G\u00fdugony\u0148 me\u015fhur \u201cTerk edilenler\u201d (Les Miserables) bilen Gaston Lerony\u0148 \u201cOperadaky arwah\u201d (Le Fant\u00f4me de l&#8217;Op\u00e9ra) atly m\u00fduzikal o\u00fdunlarydyr. Olary\u0148 birinjisi 38, ikinjisi bolsa 37 \u00fdyldan b\u00e4ri \u201cWest End\u201d-i\u0148 repertuaryny bez\u00e4p gel\u00fd\u00e4r. \u201cOperadaky arwah\u201d spektaklyny\u0148 N\u00fdu \u00ddorkdaky \u201cBroadway\u201d-de hem 35 \u00fdyldan b\u00e4ri sahnala\u015fdyrylyp gel\u00fd\u00e4ndigini bell\u00e4li\u0148.<\/p>\n<p>\u201cSy\u00e7an gapany\u201d o\u00fdnuny\u0148 \u015fun\u00e7a \u00fdyllap sahnala\u015fdyryljakdygyny eseri\u0148 awtory Agata Kristi hem \u00e7ak etm\u00e4ndi. Ol o\u00fdnu\u0148 go\u00fdlan ilkinji g\u00fcnlerinde i\u0148 k\u00f6p 8 a\u00fd sahnada galar di\u00fdipdi. Aslynda bu o\u00fdun ilkinji gezek 1947-nji \u00fdylda \u201c\u00dc\u00e7 k\u00f6r sy\u00e7an\u201d (Three Blind Mice) ady bilen 30 minutlyk radioo\u00fdny h\u00f6km\u00fcnde halk k\u00f6p\u00e7\u00fcligine \u00fdetiril\u00fd\u00e4r. \u015ea Jorj V \u00fdan\u00fdolda\u015fy \u015fa a\u00fdaly Merini\u0148 80 \u00fda\u015f to\u00fdy \u00fc\u00e7in BBC arkaly \u00fdazyjy Kristiden radioo\u00fdny h\u00f6km\u00fcnde sahnala\u015fdyrmagy ha\u00fdy\u015f ed\u00fd\u00e4r. Ol hem \u015eany\u0148 arzuwyny \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. \u201c\u00dc\u00e7 k\u00f6r sy\u00e7any\u0148\u201d heka\u00fdasy 1945-nji \u00fdylda iki dogany\u0148 ba\u015fdan ge\u00e7iren hakyky wakalary esasynda \u00fdazyl\u00fdar. \u015eol wagtlar teatry\u0148 repertuarynda \u201c\u00dc\u00e7 k\u00f6r sy\u00e7an\u201d atly ba\u015fga-da spektakl bolany \u00fc\u00e7in eseri\u0148 ady William \u015eekspir\u0148 me\u015fhur tragedi\u00fdasy \u201cGamletden\u201d (Hamlet) esaslanyp \u201cSy\u00e7an gapany\u201d di\u00fdlip \u00fc\u00fdtgedil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<h4><strong>O\u00fdnu\u0148 so\u0148uny hi\u00e7 kime a\u00fdtmaly d\u00e4l<\/strong><\/h4>\n<p>\u201cSy\u00e7an gapany\u201d di\u0148e bir \u201cWest End\u201d-i\u0148 sahnasyny bez\u00e4nok. Bu spektakl \u015fu wagta \u00e7enli 50-den gowrak \u00fdurtda 27 dile \u00f6wr\u00fcldi. Heka\u00fdada syrly wakalary\u0148 bolmagy onu\u0148 has k\u00f6p toma\u015fa edilmegini\u0148 esasy seb\u00e4bi h\u00f6km\u00fcnde g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4r. \u201cSy\u00e7an gapany\u201d eserinde gy\u015fy\u0148 sowuk g\u00fcnlerini\u0148 birinde Londonda bolup ge\u00e7en jena\u00fdat\u00e7ylykly waka barada s\u00f6hbet a\u00e7yl\u00fdar. Dag etegind\u00e4ki binada gabawda galan adamlary\u0148 arasyndaky jena\u00fdat\u00e7y g\u00f6zlen\u00fd\u00e4r. Kem-kemden dartgynlylyk g\u00fc\u00fd\u00e7len\u00fd\u00e4r, \u00fdagda\u00fd hasam \u00e7ykgynsyz, \u00e7yl\u015fyrymly hala \u00f6wr\u00fcl\u00fd\u00e4r. Hakyky jena\u00fdat\u00e7y g\u00f6zlen\u00fd\u00e4n mahaly be\u00fdleki adamlary\u0148 hem k\u00e4bir etmi\u015flerini\u0148 \u00fcst\u00fcnden baryl\u00fdar. Sahnala\u015fdyrylyp ba\u015flan ilkinji g\u00fcn\u00fcnden b\u00e4ri o\u00fdnu\u0148 ahyrynda artistleri\u0148 biri toma\u015fa\u00e7ylara \u00fd\u00fczlenip, gara\u015fylmadyk netij\u00e4ni\u0148 teatrda galmagy bilen baglany\u015fykly \u201cSy\u00e7an gapanyna toma\u015fa eden bolsa\u0148yz, bu \u00fdagda\u00fd sizi\u0148em jena\u00fdata \u015f\u00e4rik bolandygy\u0148yzy a\u0148lad\u00fdar. Sizden jena\u00fdaty kimi\u0148 edendigini \u00f6z syry\u0148yz \u00fdaly \u00fda\u015fyrmagy\u0148yzy ha\u00fdy\u015f ed\u00fd\u00e4ris di\u00fd\u00fd\u00e4r. \u015eol seb\u00e4pli-de hakyky jena\u00fdat\u00e7yny\u0148 kimdigini bilmek \u00fc\u00e7in h\u00f6kman bu o\u00fdna toma\u015fa etmeli bol\u00fdar.<\/p>\n<h4><strong>2-3-nji \u00fderd\u00e4ki o\u00fdunlar<\/strong><\/h4>\n<p>1985-nji \u00fdyldan b\u00e4ri \u201cSondheim\u201d teatryny\u0148 sahnasyndan d\u00fc\u015fm\u00e4n gel\u00fd\u00e4n \u201cTerk edilenler\u201d 15 m\u00fc\u0148e gola\u00fd sapar sahnala\u015fdyryl\u00fdar. Bu m\u00fduzikaly\u0148 entekler hem sahnala\u015fdyrylmagyny dowam etdirmegine gara\u015fyl\u00fdar. Wiktor G\u00fdugony\u0148 epiki romany esasynda sahna go\u00fdul\u00fdan m\u00fduzikaldaky wakalar 19-njy asyrda Fransi\u00fdada bolup ge\u00e7\u00fd\u00e4r. Eseri\u0148 42 \u00fdurtda 22 dilde sahna go\u00fdlandygyny hem bell\u00e4li\u0148.<\/p>\n<p>3-nji \u00fderd\u00e4ki Operadaky arwah m\u00fduzikaly bolsa 1986-njy \u00fdyldan b\u00e4ri \u201cHer Majesty\u2019s Theatre\u201d teatryny\u0148 sahnasyndan d\u00fc\u015fm\u00e4n gel\u00fd\u00e4r. Bu o\u00fdun 14 m\u00fc\u0148 500 gezek sahnada g\u00f6rkezildi. En\u00e7eme gezek filmi hem surata d\u00fc\u015f\u00fcrilen m\u00fduzikalda Pari\u017ei\u0148 operasyny\u0148 i\u015fg\u00e4ri Kristine Daaeni\u0148 t\u00f6wereginde bolup ge\u00e7en, m\u00fcmkin d\u00e4l s\u00f6\u00fdgini\u0148 tolgundyryjy hem-de gynan\u00e7ly heka\u00fdasy be\u00fdan edil\u00fd\u00e4r. \u201cThe Music of the Night\u201d, \u201cAll I Ask of You\u201d, \u201cThink of Me\u201d \u00fdaly nusgawy eserlere \u00f6wr\u00fclen a\u00fddymlary hem \u00f6z i\u00e7inde jemle\u00fd\u00e4n o\u00fdunda Londondan ba\u015fga-da 27 \u00fdurtda 145 \u015f\u00e4herde sahna go\u00fdul\u00fdar.<\/p>\n<h4><strong>39 teatr bar<\/strong><\/h4>\n<p>\u201cWest End\u201d sebitinde 39 teatr bolup, \u00e4hlisi-de \u00fdyly\u0148 islendik pasly tutu\u015flygyna toma\u015fa\u00e7ydan dol\u00fdar. Edil \u00fdokarda ady agzalan 3 spektakl \u00fdaly uzak wagtlyk bolmasa-da, her \u00fdyl 30-a gola\u00fd o\u00fdun we m\u00fduzikal sahna go\u00fdul\u00fdar. Olary\u0148 k\u00e4birleri-de en\u00e7eme \u00fdyldan b\u00e4ri g\u00f6rkezilip gelin\u00fd\u00e4r. London \u00fdylda 20 milliondan gowrak sy\u00fdahat\u00e7yny kabul ed\u00fd\u00e4n \u015f\u00e4her bolup, ol bu babatda yklymy\u0148 \u00f6\u0148debaryjylaryny\u0148 hatarynda g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4r. \u00dd\u00f6rite sy\u00fdahat\u00e7ylyk turlaryny\u0148 k\u00f6p\u00fcsini\u0148 maksatnamasynda bolsa teatrlar sanawy\u0148 ba\u015fyny \u00e7ek\u00fd\u00e4r. \u201cGara ge\u00fdn\u00fcwli zenan (The Woman in Black), \u201cMamma Mia!\u201d (Mamma Mia!), \u201c\u015ea \u00ddolbars\u201d (The Lion King) \u00fdaly spektakllar hem \u00f6\u0148d\u00e4ki orunlary e\u00fdele\u00fd\u00e4n be\u00fdleki o\u00fdunlardyr.<\/p>\n<h4><strong>Ykdysady go\u015fandy az d\u00e4l<\/strong><\/h4>\n<p>Bu \u00fdagda\u00fd bolsa Londony d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 teatr merkezine \u00f6w\u00fcr\u00fd\u00e4r. Londondaky teatrlara \u00fdyllyk 15-20 million teatr mu\u015fdagyny\u0148 bar\u00fdandygy bellenil\u00fd\u00e4r. Bu bolsa ykdysady babatda-da uly girdeji di\u00fdmekdir. Mysal \u00fc\u00e7in 2019-njy \u00fdylda (pandemi\u00fdadan \u00f6\u0148 hi\u00e7 hili \u00e7\u00e4klendirmeleri\u0148 bolmadyk d\u00f6wri) jemi 18,3 m\u00fc\u0148 sahna \u00e7yky\u015fy (spektakl, m\u00fduzikal, opera, tans we be\u00fdlekiler) hasaba alyndy. 15,3 milliondan gowrak adam petek satyn alyp, \u015fol sahna \u00e7yky\u015flaryna toma\u015fa etdiler. Bu bolsa 2018-nji \u00fdyla garany\u0148da, 1,4 g\u00f6terim pes hem bolsa, \u201cBroadway\u201d-den 1 million toma\u015fa\u00e7y k\u00f6p di\u00fdmekdir. Orta\u00e7a her petegi\u0148 bahasy 2019-njy \u00fdylda 52 funt sterlinge de\u0148 bolup, umumy kassa \u00fdygymy \u015fol \u00fdyl 799 million funt sterlinge \u00fdetdi. Bu girdejini\u0148 133 million funt sterlingden gowragy-da salgyt h\u00f6km\u00fcnde \u00fdurdu\u0148 gaznasyna girizildi. Ba\u015fga\u00e7a a\u00fddylanda, Londondaky teatrlary\u0148 \u00fdurdu\u0148 ykdysady\u00fdetine go\u015fandy az d\u00e4l.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Teatr di\u00fdlende, d\u00fcn\u00fd\u00e4de ilkinji bolup iki merkez \u2013 N\u00fdu \u00ddorkdaky \u201cBroadway\u201d bilen Londondaky \u201cWest End\u201d \u00fdady\u0148a d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. Bu iki \u00fder hemi\u015fe bir-biri bilen birn\u00e4\u00e7e ugur bo\u00fdun\u00e7a de\u0148e\u015fdiril\u00fd\u00e4r. \u00dd\u00f6ne Londony\u0148 medeni\u00fdet-sungat merkezi bolan \u201cWest End\u201d bir ugur bo\u00fdun\u00e7a welin, hi\u00e7 hili de\u0148e\u015fdirme kabul etmezden, g\u00fcrr\u00fc\u0148siz \u00f6\u0148deligi sakla\u00fdar. 70 \u00fdyldan b\u00e4ri sahnadan d\u00fc\u015fm\u00e4n gel\u00fd\u00e4r \u201cWest End\u201d teatrlar [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":72937,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[11,3,12],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/72935"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=72935"}],"version-history":[{"count":3,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/72935\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":72940,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/72935\/revisions\/72940"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/72937"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=72935"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=72935"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=72935"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}