{"id":82903,"date":"2023-07-22T15:26:56","date_gmt":"2023-07-22T10:26:56","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=82903"},"modified":"2023-07-22T15:26:56","modified_gmt":"2023-07-22T10:26:56","slug":"taryhynda-1-gezek-yenis-gazanan-topar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/taryhynda-1-gezek-yenis-gazanan-topar\/","title":{"rendered":"Taryhynda 1 gezek \u00fde\u0148i\u015f gazanan topar"},"content":{"rendered":"<p><em><strong>D\u00fcn\u00fd\u00e4de futbol bo\u00fdun\u00e7a erkekleri\u0148 arasynda 200-den gowrak milli \u00fdygyndy topar bar. \u015eolary\u0148 k\u00e4birleri g\u00fc\u00fd\u00e7li \u00fdygyndylar bolsa, k\u00e4birleri di\u0148e sandan ybarat. Esasan hem futboly\u0148 \u00f6\u0148debaryjy yklymy hasaplan\u00fdan UEFA-ny\u0148 55 agzasyny\u0148 6-7 sanysy (wagtal-wagtal 8-9-a \u00e7yk\u00fdar) San Marino, L\u00fduksemburg, Malta, Lihten\u015fte\u00fdn, Andorra, Farer adalary, Gibraltar \u2013 juda gow\u015fak \u00fdygyndylar hasaplan\u00fdar. \u015eol \u00fdygyndylary\u0148 arasynda entek resmi du\u015fu\u015fyklarda \u00fde\u0148i\u015f gazanyp g\u00f6rmedigi hem bar. \u015eol \u00fdygyndy San Marinony\u0148 milli \u00fdygyndysy bolup, olar taryhda di\u0148e bir gezek, olam \u00fdolda\u015flyk du\u015fu\u015fygynda \u00fde\u0148i\u015f gazanmagy ba\u015far\u00fdar.<\/strong><\/em><\/p>\n<p>Itali\u00fdany\u0148 \u00e7\u00e4ginde \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n San Marino d\u00f6wletini\u0148 tut\u00fdan me\u00fddany 61,2 ined\u00f6rd\u00fcl kilometre de\u0148 bolup, \u00fdurtda adaty ki\u00e7e\u0148r\u00e4k bir stadiona sygyp bil\u00e4\u00fdjek ilat, \u00fdagny 33 m\u00fc\u0148 600 adam \u00fda\u015fa\u00fdar. Iki g\u00f6rkeziji babatda d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ki\u00e7i \u00fdurtlaryny\u0148 hatarynda g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4n San Marinony\u0148 futbol \u00fdygyndysy \u015fon\u00e7a ki\u00e7i hasaplan\u00fdar. 1931-nji \u00fdylda esaslandyrylan \u00fdurdu\u0148 futbol federasi\u00fdasy 1988-nji \u00fdylda hem FIFA-ny\u0148, hem-de UEFA-ny\u0148 agzasy bol\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>RESMI DU\u015eU\u015eYKLARDA \u00ddE\u0147\u015eI \u00ddOK<\/strong><\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda FIFA-ny\u0148 re\u00fdtinginde i\u0148 so\u0148ky, \u00fdagny 211-nji orunda bar\u00fdan San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy \u015fu wagta \u00e7enli 198 resmi hem-de \u00fdolda\u015flyk du\u015fu\u015fygyny ge\u00e7irdi. 1992-nji \u00fdyldan b\u00e4ri \u00ddewropa \u00e7empionatyny\u0148, 1994-nji \u00fdyldan b\u00e4ri bolsa D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyny\u0148 sa\u00fdlama tapgyrlaryna gatna\u015fyp gel\u00fd\u00e4n San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy 2 \u00fdary\u015fy\u0148 hersinde 76 o\u00fdun o\u00fdnady. Olara o\u00fdnalan \u015fol 152 du\u015fu\u015fykda \u00fdeke gezek hem \u00fde\u0148i\u015f gazanmak ba\u015fartmady. Hatda topar bary-\u00fdogy 3 gezek de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnady. Galan 149 du\u015fu\u015fykda-da \u00fde\u0148li\u015fe sezewar bolan San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyny\u0148 sa\u00fdlama tapgyrynda di\u0148e 2 du\u015fu\u015fykda utuk gazandy. 1993-nji \u00fdylda \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda T\u00fcrki\u00fde bilen 0-0 o\u00fdnan San Marino 2001-nji \u00fdylda-da myhman\u00e7ylykda Latwi\u00fda bilen de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnady (1-1). \u00ddewropa \u00e7empionatyny\u0148 sa\u00fdlama tapgyrynda-da Estoni\u00fda bilen \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda golsuz de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnapdy. Topar so\u0148ky \u00fdyllarda UEFA-ny\u0148 t\u00e4ze b\u00e4sle\u015figi Milletler Ligasyna (\u201cD\u201d Liga) wekil\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4r. Olary\u0148 \u015fol \u00fderde-de 14 o\u00fdunda 2 de\u0148ligi, 12 \u00fde\u0148li\u015fi bar. \u00ddogsam bu ligada San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy \u00f6zi \u00fdaly \u00fdygyndylar bilen \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. 2020-nji \u00fdylda Gibraltar bilen myhman\u00e7ylykda, Lihten\u015fte\u00fdn bilenem \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda golsuz de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan San Marinony\u0148 \u00e4hli resmi du\u015fu\u015fyklarda bar gazanany 5 de\u0148me-de\u0148lik.<\/p>\n<p>Ilkinji du\u015fu\u015fygyny 1986-njy \u00fdylda Kanadany\u0148 U-23 \u00fdygyndysy bilen ge\u00e7iren San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy bu resmi d\u00e4l o\u00fdnunda 1-0 hasabynda asgyn gel\u00fd\u00e4r. Resmi ilkinji du\u015fu\u015fygy 1990-njy \u00fdylda \u015ewe\u00fdsari\u00fda bilen ge\u00e7iren San Marino bu o\u00fdunda 4-0 hasabynda utul\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>ILKINJI TARYHY \u00ddE\u0147I\u015e<\/strong><\/p>\n<p>San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy \u00fc\u00e7in \u00fde\u0148i\u015f gazanmak taryhy waka bolup, olar bu du\u00fdgyny di\u0148e 1 gezek ba\u015fdan ge\u00e7irdiler. De\u0148me-de\u0148lik, hatda golly de\u0148lik olar \u00fc\u00e7in ullakan ba\u00fdram\u00e7ylyk hasaplan\u00fdar. Gol ge\u00e7iren futblol\u00e7y \u00fc\u00e7inem \u015fol g\u00fcn \u00fdatdan \u00e7ykmajak pursatlary\u0148 biri bol\u00fdar. Munu\u0148 tersine San Marinodan gol ge\u00e7irden \u00fda-da San Marino bilen de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan \u00fdygyndylar \u00fc\u00e7in welin, \u015fol g\u00fcn otrisatel manyda \u00fdatdan \u00e7ykmajak g\u00fcnleri\u0148 birine \u00f6wr\u00fcl\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Topary\u0148 i\u0148 uly hasaply \u00fde\u0148li\u015fi 2006-njy \u00fdylda Germani\u00fda bilen ge\u00e7irilen du\u015fu\u015fykda hasaba alnyp, \u015fonda San Marino \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda 13-0 hasabynda \u00fde\u0148il\u00fd\u00e4r. San Marinony\u0148 \u015fu wagta \u00e7enli gazanan \u00fdeke-t\u00e4k \u00fde\u0148\u015fi bolsa, 2004-nji \u00fdyly\u0148 28-nji aprelinde hasaba alyn\u00fdar. \u015eol g\u00fcn \u00f6z me\u00fddan\u00e7asynda Lihten\u015fte\u00fdni\u0148 \u00fdygyndysyny kabul eden San Marino Endi Selwany\u0148 50-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda taryhy \u00fde\u0148i\u015f gazan\u00fdar.<\/p>\n<p>San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy \u015fu wagta \u00e7enli 198 o\u00fdunda 1 gezek \u00fde\u0148i\u015f gazanyp, 8 sapar de\u0148me-de\u0148 o\u00fdna\u00fdar. 189 du\u015fu\u015fykda-da \u00fde\u0148li\u015fe sezewar bol\u00fdar. Di\u0148e Lihten\u015fte\u00fdn bilen 2 gezek de\u0148me-de\u0148 o\u00fdnan San Marinony\u0148 Estoni\u00fdadyr Gibraltary\u0148, T\u00fcrki\u00fd\u00e4ni\u0148, Latwi\u00fdany\u0148, \u015fol sanda Sent-L\u00fdusini\u0148 hem-de Se\u00fd\u015fell adalaryny\u0148 \u00fdygyndylary bilen 1 de\u0148ligi bar.<\/p>\n<p>San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy i\u0148 k\u00f6p Pol\u015fadyr Angli\u00fdadan (10 o\u00fdun), Belgi\u00fdadan, Moldowadan hem-de \u015eotlandi\u00fdadan (8) utul\u00fdar.<\/p>\n<p>San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy 198 o\u00fdunda 28 gol ge\u00e7irip, 811 gol ge\u00e7ird\u00fd\u00e4r. Aglaba 6-0, 7-0 hasaplar bilen utul\u00fdan topary\u0148 10-dan k\u00f6p gol ge\u00e7irden du\u015fu\u015fyklary-da az d\u00e4l. San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy 48-si UEFA-ny\u0148 wekili, jemi 51 \u00fdygyndy bilen resmi-\u00fdolda\u015flyk du\u015fu\u015fygyny ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r. \u00ddewropadan da\u015fgary di\u0148e 3 \u00fdygyndy \u2013 KONKAKAF-y\u0148 wekili Sent-L\u00fdusini\u0148 (1 du\u015fu\u015fyk), Afrika yklymyna degi\u015fli Kabo Werdeni\u0148 (1 du\u015fu\u015fyk) hem-de Se\u00fd\u015fell adalaryny\u0148 (2 du\u015fu\u015fyk) \u00fdygyndylary bilen du\u015fu\u015f\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>I\u0147 NETIJELI FUTBOL\u00c7YSYNY\u0147 8 GOLY BAR<\/strong><\/p>\n<p>San Marinony\u0148 \u00fdygyndysynda i\u0148 k\u00f6p du\u015fu\u015fyk ge\u00e7iren futbol\u00e7y 2007-nji \u00fdyldan b\u00e4ri \u00e7yky\u015f edip gel\u00fd\u00e4n topary\u0148 kapitany Matteo Witaioli bolup, ol 85 du\u015fu\u015fykda me\u00fddan\u00e7a \u00e7ykdy. Endi Selwi bilen Mirko Palazzini\u0148 73 du\u015fu\u015fygy bar. I\u0148 k\u00f6p gol ge\u00e7iren futbol\u00e7ysy bolsa 1998-2016-njy \u00fdyllarda \u00e7yky\u015f eden Endi Selwidir. Itali\u00fdany\u0148 \u201cPadowa\u201d, \u201cSassuolo\u201d, \u201cW<img decoding=\"async\" loading=\"lazy\" class=\"size-medium wp-image-82905 alignright\" src=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-300x218.jpg\" alt=\"\" width=\"300\" height=\"218\" srcset=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-300x218.jpg 300w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-1024x743.jpg 1024w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-768x558.jpg 768w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-324x235.jpg 324w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-648x470.jpg 648w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-696x505.jpg 696w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-1068x775.jpg 1068w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI-578x420.jpg 578w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%63%6f%6e%74%65%6e%74\/uploads\/2023\/07\/SELWI.jpg 1128w\" sizes=\"(max-width: 300px) 100vw, 300px\" \/>erona\u201d \u00fdaly klublaryny\u0148 k\u00f6\u00fdnek\u00e7elerini ge\u00fden we bu klublarda en\u00e7eme gol ge\u00e7iren Selwi milli toparda 8 gezek tapawutlandy. 2-nji \u00fderd\u00e4ki Manuel Maranini\u0148 bolsa 2 goly bar.<\/p>\n<p>Fabrizio Kostantinini\u0148 t\u00e4lim ber\u00fd\u00e4n San Marinony\u0148 \u00fdygyndysy \u00f6z me\u00fddan\u00e7asyndaky du\u015fu\u015fyklaryny \u00fdurdu\u0148 demirgazygynda \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n Serrawalle \u015f\u00e4herind\u00e4ki 6 m\u00fc\u0148 664 orunlyk Olimpi\u00fda stadionynda ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>FIFA-ny\u0148 sanawynda i\u0148 \u00fdokary g\u00f6rkezijisi 118-nji orun bolan (1993-nji \u00fdyly\u0148 sent\u00fdabrynda) San Marinony\u0148 \u00fdygyndysyny\u0148 i\u0148 esasy k\u00f6\u00fdnek\u00e7esi a\u00e7yk g\u00f6k, 2-njisi go\u00fdy g\u00f6k, 3-njisi a\u00e7yk g\u00f6k \u00e7yzykly ak re\u0148kd\u00e4ki k\u00f6\u00fdnek\u00e7elerdir.<\/p>\n<p>San Marinony\u0148 \u00e7empionaty \u201cCampionato Sammarinese\u201d di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar we 1985-nji \u00fdyldan b\u00e4ri ge\u00e7irilip gelin\u00fd\u00e4n \u00e7empionatda 16 klub \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. \u201cTre Fiori\u201d 8 \u00e7empionlyk gazanyp, bu ugurda \u00f6\u0148deligi e\u00fdele\u00fd\u00e4r. \u201cLa Floritany\u0148\u201d 6, \u201cFolgoreni\u0148\u201d hem-de so\u0148ky \u00e7empion \u201cTre Penneni\u0148\u201d 5 \u00e7empionlygy bar.<\/p>\n<p>Futbol jank\u00f6\u00fderleri, bilermen we i\u0148 esasysy hem \u00e4hli san marinoly jank\u00f6\u00fderler \u00fdygyndyny\u0148 taryhynda 2-nji gezek \u00fde\u0148i\u015f gazanjak g\u00fcnlerine \u00fdene n\u00e4\u00e7e gara\u015fmaly bolsa-da, sabyrsyzlyk bilen gara\u015f\u00fdarlar.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4de futbol bo\u00fdun\u00e7a erkekleri\u0148 arasynda 200-den gowrak milli \u00fdygyndy topar bar. \u015eolary\u0148 k\u00e4birleri g\u00fc\u00fd\u00e7li \u00fdygyndylar bolsa, k\u00e4birleri di\u0148e sandan ybarat. Esasan hem futboly\u0148 \u00f6\u0148debaryjy yklymy hasaplan\u00fdan UEFA-ny\u0148 55 agzasyny\u0148 6-7 sanysy (wagtal-wagtal 8-9-a \u00e7yk\u00fdar) San Marino, L\u00fduksemburg, Malta, Lihten\u015fte\u00fdn, Andorra, Farer adalary, Gibraltar \u2013 juda gow\u015fak \u00fdygyndylar hasaplan\u00fdar. \u015eol \u00fdygyndylary\u0148 arasynda entek resmi du\u015fu\u015fyklarda \u00fde\u0148i\u015f [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":82904,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7175,3,13],"tags":[8148,860,1476,859],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/82903"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/comments?post=82903"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/82903\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":82906,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/posts\/82903\/revisions\/82906"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media\/82904"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/media?parent=82903"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/categories?post=82903"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/%77%70%2d%6a%73%6f%6e\/wp\/v2\/tags?post=82903"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}