Saglygymyz köp babatda özümize bagly. Elleriň arassa bolmagy, ýygy-ýygydan ýuwunmak, şahsy arassaçylygy berjaý etmek her bir adamyň hemişelik endigine öwrülmelidir. Çünki arassaçylyk saglygyň gözbaşydyr. Bedenimizi arassa saklamagyň saglyga ýokary derejede peýdalydygy hemmämize mälimdir. Elleriňi arassa saklamak sagdynlygyň iň ýönekeýje usuly bolsa-da, örän zerur bolup, kesel döredijileriň geçiş ýollaryna garşy göreşmekde aýgytly ädimdir. Sebäbi köp keseller, aýratyn hem çagalaryň arasynda elleriň we dem alyş ýollarynyň üsti bilen ýaýraýar. Häzirki wagtda, ýaz paslynda elleri ýuwmak we arassa saklamak, howanyň sowuk şemally, ýagyşly we çygly täsiri bilen baglanyşykly käbir ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy wajyp çäreleriň biri bolup durýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, häzirki zaman iş otaglarynda mikroblaryň iň köp üýşen ýerleri telefonlar we gapylaryň tutawaçlary hasaplanýar. Şonuň üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý edip, aşgazan-içege we dem alyş ýollarynyň üsti bilen geçýän keselleriň öňüni almak möhümdir.
Günüň dowamynda ýygy-ýygydan mylaýym suw bilen elleriňizi, elleriň arkasyny, barmaklaryň arasyny, goşaryň töwereklerini 15-20 sekuntlap sabynlap ýuwmaly. Eliňizdäki sabyny bol suw bilen durlap, arassa el süpürgiji ýa-da ýörite elguradyjy enjamyň kömegi bilen guratmaly.
Bulardan başga-da, otaglary arassa saklamak we howasyny çalyşmak iň ygtybarly düzgünleriň biri bolmagynda galýar. Arassaçylygyň bu görnüşiniň yzygiderli ýola goýulmagy adamy şähdaçyk edýär. Arassaçylygy pugta berjaý etmek biziň her birimiz üçin möhümdir.
Ýatda saklaň, arassaçylyk düzgünlerini diňe ýeke özüňiziň berjaý etmegiňiz ýeterlik däldir. Şonuň üçin bu düzgünler köpçülikleýin we pugta berjaý edilende, üstünlik biziň tarapymyzda bolýar.
Agyz-burun örtükleri ulanmagy, burun we agyz boşlugyny hökman gorap saklamagy unutmaň! Sebäbi möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň köpüsi agyz we burun boşlugynda ýerleşip, ol kesel dörediji mikroblar (bakteriýalar we wiruslar) dem alyş we aşgazan-içege ýollary arkaly bedene aralaşyp bilýärler. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.