Häzirki wagtda awtoulag senagatynda uly özgerişlikler bolup geçýär. Elektrik we beýleki alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň sany günsaýyn artýar. Emma bu ulaglar häzirki wagtda ýangyçly ulaglardan gymmat bolmagynda galýar. Awtoulag öndürijileri bolsa has elýeterli elektroulaglary öndürmegiň aladasyny edýär. “Volkswagen”, “Skoda” we “Cupra” kompaniýalarynyň taýýarlan elektroulagy 2025-nji ýylda satuwa çykarylar. MEB atly platformada dörediljek modelleriň önümçiligi Ispaniýada amala aşyrylar. Taslamanyň çäklerinde ýene üç ýyldan her kompaniýanyň aýratyn brend bilen taýýarlajak üç elektroulagy müşderilere ýetiriler. Kiçi görnüşli şäher ulaglarynyň tehniki aýratynlyklar häzirlikçe mälim edilmedi. Ulaglaryň 20-25 müň bahasynyň ýewro aralygynda bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa elektroulag bazarynda ýakyn geljekde bäsdeşligiň artjakdygyny mälim etdi.

Amanberdi Hojanepesow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby