Tebigatda bolup geçýän käbir hadysalar diňe käbir ýerlerde gabat gelýär. Mysal üçin, demirgazyk şapagyny Finlýandiýa, Norwegiýa we Kanada ýaly demirgazyk polýusa golaý ýurtlarda görüp bolýar. Käbir ýerlerde bolsa, ak reňkli älemgoşara gabat gelinýär. Örän seýrek gabat gelýän hadysalaryň biri bolsa, «ýalançy» Güneş hasaplanýar. Oňa meteorologiýada «pargeliý» diýilýär. Bu söz grekçeden terjime edilende «ýalan» Gün diýmegi aňladýar. Bu hadysada Günüň daşynda ýagty halka emele gelýär we köplenç Gün gözýetime golaý bolan wagty ýüze çykýar. Gün gözýetimden näçe ýokarda bolsa, halka şonça-da giň bolýar. Halkalaryň iç tarapy gyzyl reňkli, daş tarapy ýaşyl we gök bolýar. Şeýle Güne seretmek gözüňi gamaşdyrýar. Bu hadysada asmanda üç sany Gün bar ýaly bolup görünýär. Ýokarda agzalan tebigy hadysalardan tapawutlylykda, pargeliý Ýer ýüzüniň islendik ýerinde, howanyň temperaturasyna bagly bolmazdan gabat gelip bilýär.
Atmosferadaky suw dürli howa şertlerinde dürli şekilleri emele getirip, optiki hadysalary döredýär. Howadaky owunjak suw bölejikleriniň içinden döwlüp geçýän şöhleler älemgoşary emele getirýär.