Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi, is­len­dik mag­lu­ma­t çeş­me­si­niň he­mi­şe el­ýe­ter­li bol­ma­gy beý­ni­niň «ýal­ta» bol­ma­gy­na, ne­ti­je­de ada­myň ýat­keş­li­gi­ne oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Ýat­keş­li­gi­mi­ziň go­wy bol­ma­gy bol­sa, iş­le­ri­mi­zi aň­sat­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Haý­sy gün haý­sy der­siň bar­dy­gy­ny bil­mek, sy­nag­la­ra taý­ýar­lyk görlende, öw­re­nen za­dy­my­zyň ýa­dy­myz­da gal­ma­gy okuw­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gymyza ýar­dam ed­ýär. Haý­sy işi ha­çan et­me­li­di­gi­ni bil­mek gün­de­lik dur­muş­da hem işi­mi­zi aň­sat­laş­dyr­ýar. Eý­sem, beý­ni­mi­zi iş­jeň sak­la­mak üçin nä­me­ler et­me­li­kä? Bi­ler­men­ler mu­nuň üçin köp mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Dog­ry iý­mit­len­mek. Wagt­ly-wag­tyn­da, ýe­ter­lik muk­dar­da iý­mit­len­me­k sag­ly­gy­myz üçin örän äh­mi­ýet­li bo­lup, şeýle et­me­dik ha­la­ty­myz­da sag­ly­gy­my­za oňaý­syz tä­sir edip bi­ler. Gün­de­lik dur­muş­da iý­ýän iý­mi­ti­miz sag­ly­gy­my­za gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Bi­ler­men­ler mi­we­dir gök önüm­le­riň iý­mit sa­na­wy­myz­da köp­räk bol­ma­ly­dy­gy­ny he­mi­şe ýat­lad­ýar­lar. Şeý­le hem ba­lyk, ma­ri­nad önüm­le­ri, kö­sük­li dä­ne­ler­den taý­ýar­la­nan na­har­lar we dür­li reňk­li iý­mit­le­riň iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýär. Gaz­ly iç­gi­ler we taý­ýar na­har­la­ry iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Şu maslahatlara eýeren halatymyzda sag­ly­gy­my­za peý­da­ly bol­şy ýa­ly, ýatkeşligimiz hem güýç­len­ýär.
Tä­ze dil öw­ren­mek. Bi­ler­men­ler di­ňe tä­ze bir dili öw­ren­me­gi däl, eý­sem, is­len­dik tä­ze mag­lu­ma­ty öw­ren­me­giň beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Tä­ze di­liň ka­da­la­ry, ýat tut­jak söz­le­ri­ňiz beý­ni üçin iň go­wy «maşk­la­ryň» bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem hä­zir­ki wagt­da dür­li komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ryn­dan we elekt­ron gol­lan­ma­lar­dan peý­da­la­nyp, aň­sat­lyk bi­len dil öw­re­nip bi­ler­si­ňiz.
En­dik­le­ri­ňi­zi üýt­ge­diň! Gün­de­lik dur­muş­da ed­ýän iş­le­ri­ňi­zi ede­ni­ňiz­de şol bir öw­re­nen en­di­gi­ňi­zi üýt­ge­dip bi­ler­si­ňiz! My­sal üçin, sag­la­kaý bol­sa­ňyz, di­şi­ňi­zi çep eli­ňiz bi­len ýu­wuň! Bu «maşk­lar» beý­ni­niň her gün baş­ga ama­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi­ne, ne­ti­je­de iş­jeň­li­gi­ni do­wam et­dir­me­gi­ne ýar­dam eder.
Saz ça­lyň! Bi­ler­men­ler aý­dym-sa­zyň beý­ni­niň iki ta­ra­py­ny­ bir wagt­da iş­led­ýän az san­ly he­re­ket­den bi­ri­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Aý­dym diň­le­mek ýat­keş­li­ge oňaý­ly tä­sir ed­ýär, üns­lü­li­gi güýç­len­dir­ýär. Saz gu­ra­ly­ny ça­lyp bil­mek bol­sa, bu tä­si­ri bir­nä­çe es­se kö­peld­ýär.
Hü­när edi­niň! Oku­wy­ňy­zyň we gün­de­lik işi­ňi­ziň da­şyn­dan haý­sy­dyr bir hü­när ýa-da pi­şe edi­niň! Ti­kin tik­mek, su­rat çek­mek ýa­ly haý­sy­dyr bir zady döretmegi öw­re­niň!
Ýö­räň! Açyk ho­wa­da ge­ze­lenç edilende adam be­de­ni has köp kis­lo­rod al­ýar. Bu bol­sa, beý­ni­niň öý­jük­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry tiz­leş­dir­ýär. Şeý­le hem ýö­re­mek beý­ni­ni ra­hat­lan­dyr­ýar.