Uçar ýere gonanda tizligi sagatda 250 kilometr töweregi bolýar. Agramy 200 tonna barabar bolan bu äpet howa gämisiniň tizligini haýalladyp durmagy, megerem, aňsat bolmasa gerek! Uçar gury ýerde we suwda ýöreýän ulaglara garanyňda, has ýokary tehnologiýa talap edýär. Howa gämisi gysga aralykda badyny saklamagy üçin has güýçli togtadyjy ulgam bilen üpjün edilýär. Uçaryň kinetik energiýasy duruzyjy ulgama geçirilende, ýagny onuň badyny saklamak üçin tigirlerini gysýan diskleriň gyzgynlygy 1 müň 400 derejä çenli ýetip bilýär. Şol sebäpli bu ulgam ýokary gyzgynlyga çydamly materiallardan öndürilýär. Köplenç duruzyjy ulgam polatdan ýasalýan hem bolsa, soňky ýyllarda has ýeňil we berk materiallardan peýdalanylýar. Ýeňil materiallar uçaryň agramynyň hem azalmagyna, netijede, ýangyjy tygşytlamagyna ýardam berýär. Emma bu duruzyjy ulgam uçaryň gysga aralykda saklanmagy üçin ýeterlik bolmaýar. Şol sebäpli ganatlaryň ýokarsyndaky goşmaça ganatjyklar açylyp, howanyň sürtülmegini artdyryp, uçaryň tizligini peseldýär. Uçaryň ýokary tizligini haýallatmak üçin ulanylýan iň täsirli usul bolsa, tüsseçykardan çykýan gazyň ugruny üýtgetmek bolup durýar. Adatça, togtadyjy ulgam bilen ganatjyklar uçary bellenen aralykda duruzmaga ýardam edýär. Uçuş-gonuş zolagynyň garly ýa-da buzly bolan halatynda bolsa, tüsseçykaryň ugryny üýtgetmek arkaly uçaryň has çalt durmagy üpjün edilýär.