Şotlandiýanyň çempionaty “Premiership”-de “Seltik” topary 52-nji çempionlygyny gazandy. Glazgo şäheriniň wekili soňky tapgyrda “Dandi Ýunaýted” bilen 1-1 deňme-deň oýnap (Georgios Jiakomakis 53 – Dilan Lewitt 72), möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda çempion boldy. Soňky 11 ýylda 10-njy gezek çempion bolan “Seltik” möwsümiň ilkinji 6 duşuşygynda 3 sapar utulsa-da, soňky 31 oýunda ýeňilmedi. “Seltik” topary 2016/17 möwsüminden soň ilkinji sapar 90 utuk gazandy. Çempionaty geçen ýylyň çempiony “Reýnjers” 2-nji orunda tamamlar.