UEFA klub ýaryşlarynyň final oýunlaryna eminlik etjek eminleri mälim etdi. Parižiň golaýynda ýerleşýän Sen-Denidäki “Stad de Frans” stadionynda 28-nji maýda “Liwerpul” bilen “Real Madridiň” arasynda oýnaljak UEFA Çempionlar Ligasynyň finalyna fransiýaly, ýagny ýerli emin Klemen Turpen eminlik eder. Oňa watandaşlary, gapdal eminler – Nikolýa Danos bilen Siril Gringor ýardam bererler. Benu Bastien bolsa oýnuň 4-nji emini bolar. 39 ýaşyndaky Turpen geçen möwsümde Ýewropa Ligasynyň finalynda jürlewük çalypdy. Turpen şu möwsümde Çempionlar Ligasynda 7 duşuşyga eminlik edip, şolaryň biri-de çärýek finaldaky “Çelsi”–“Real Madrid” duşuşygydyr.

“Aýntraht” bilen “Reýnjersiň” arasyndaky UEFA Ýewropa Ligasynyň finalyna sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik eder. 42 ýaşyndaky Winçiç geçen möwsümiň finalynda 4-nji emin bolupdy. Final duşuşygy 18-nji maýda Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki Ramon Sançes Pishuanyň adyny göterýän stadionda geçiriler.

Ýewropa Koferensiýa Ligasynyň finalyna rumyniýaly Istwan Kowaç eminlik edip, “Roma” bilen “Feýenoordyň” arasyndaky duşuşyk 25-nji maýda Albaniýanyň paýtagty Tiranadaky Milli stadionda oýnalar.

Şeýle-de, zenanlaryň arasyndaky Çempionlar Ligasynyň finalynda bolsa, finlýandiýaly zenan Lina Lehtowaara jürlewük çalar. 21-nji maýdaky final duşuşygy Italiýanyň Turin şäherindäki “Ýuwentus” stadionynda oýnalar. 22:00-da başlanjak finalda “Barselona” bilen “Lion” topary duşuşar.