Soňky on ýyllarda bazardyr söwda nokatlarynda ýylyň islendik paslynda gök önümleriň dürli görnüşlerini tapmak bolýar. Bu ýagdaý müşderileriň ösýän islegini kanagatlandyrmak we dürli usullar arkaly ýylyň islendik paslynda hasyl almaga mümkinçiligiň döremegi netijesinde emele geldi. Şeýle bolansoň, täze gök önümler dünýäde iň köp söwdasy edilýän harytlaryň arasyna girdi. Bilermenler geljekde gök önümleriň önümçiliginiň we halkara söwdasyny artyşynyň dowam etjekdigini belleýärler. Baý tebigaty bolan Peru hem dünýäniň iň uly gök önüm eksportçylarynyň hataryna goşuldy. Gök önümler birnäçe ýyldan bäri halkara söwdanyň geçginli harydy bolup başlapdy. Günorta Amerikada ýerleşýän Peruwuň oba hojalyk ekinleriniň eksporty 2000-nji ýylda 645 million dollar bolanlygyndan, 2020-nji ýylda 7,8 milliard dollar ýetipdir. Deňiz kenaryndaky arassa howaly ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalar şeýle köp mukdarda hasyl almaga we eksport etmäge mümkinçilik beripdir. Geçen ýyl bolsa, diňe miwe eksporty 15 göterim ýokarlanypdyr. Ýurtda ir-iýmişler, üzüm we awokado ýaly ýokary islegden peýdalanýan miweleriň bol hasyly alynýar. Şeýle hem doňdurylan gök önümler eksport edilýär.
Hangeldi ITALMAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby