Dürli ugurlarda iş alyp barýan “Google” kompaniýasy Ýewropa ýurtlaryndaky 300-den gowrak metbugat edarasyna habarlary üçin pul tölemek üçin ylalaşdy. Tehnologiýa kompaniýasy habarlar saýtlaryna töleg etmegi aňsatlaşdyrmak üçin täze gurallardan peýdalanar. Geçen ýyl Awstraliýada, geçen aý Kanadada şeýle düzgün kanun taýdan berkidilipdi. “Google” kompaniýasynyň neşir hyzmatdaşlary boýunça direktory Sulina Konnal häzire çenli Germaniýa, Wengriýa, Fransiýa, Awstriýa, Niderlandlar we Irlandiýa ýaly ýurtlarda 300-den gowrak milli, ýerli habarlaryň ýaýradylmagyny öz içine alýan ylalaşyklaryň ýola goýlandygy, bu ugurda ýene-de gepleşikleriň geçirilýändigini mälim etdi. “Google” kompaniýasynyň hyzmatdaşlarynyň arasynda “Der Spiegel”, “Die Zeit” we “Frankfurter Allgemeine Zeitung” ýaly belli nemes neşirleri hem bar.

Konnal geljek aýlarda Ýewropa Bileleşigine agza beýleki ýurtlardaky metbugat edaralaryna täze teklipleriň hödürlenjekdigini aýtdy.

Kerwengeldi Jumagylyjow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby