Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň arasynda Gün energiýasy esasy orny eýeleýär. Hünärmenleri kosmos giňişliginde Gün panellerini gurmagy meýilleşdirýär. Angliýada şeýle taslamany durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Häzirki wagtda kosmos beketlerinde we orbitadaky enjamlarda Gün panelleri ulanylýar. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin “Airbus”, Kembrij uniwersiteti we SSTL kompaniýasy hyzmatdaşlyk edýär. Orbitadaky ilkinji Gün bekediniň 2035-nji ýylda işe girizilmegine garaşylýar. Bilermenler şeýle taslamany durmuşa geçirmek üçin gerek bolan tehnologiýanyň häzirki wagtda bardygyny belleýärler. Kosmosdaky beketler edil Ýerdäki ýaly Gün şöhlesinden energiýa öndürer. Soňra bolsa, mikrotolkun şöhlelerine öwrülip, Ýerdäki bekede iberiler. Häziri hasaplamalara görä, kosmosdaky beketde Ýerdäki bekede garaňda 13 esse köp energiýa öndürer.

Leýli Ataýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby