Birleşen Arap Emirlikleriniň “Emirates” awiakompaniýasy “Bitcoin” kriptowalýutasyny töleg hökmünde kabul etjekdiklerini mälim etdi. Kompaniýa bu hyzmaty hödürlemek üçin täze işgär alar. Bu barada Kompaniýanyň ýokary derejeli wekili Adel Ahmed Al-Redha habar berdi. Golaýda “Emirates” girdejilerini artdyrmak maksady NFT taslamasyny durmuşa geçirjekdiklerini mälim edipdi. Şeýle hem kompaniýa Dubaýda geçirilen “Expo 2020” çäresindäki ýerini metawers, NFT we “Web3” taslamalary üçin ulanjakdygyny habar beripdi.

Süleýman Babaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby