Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öndürýän ulaglarynyň 50 göteriminiň elektroulag bolmagy üçin tagalla edýär. Nemes brendi bu maksadyna ýetmek üçin elektroulag önümçiligini ýylsaýyn artdyrar. “Volkswagen” 2022-nji ýylda jemi 800 müň elektroulag öndürmegi maskat edinýär. Geljek ýyl bolsa bu görkezijiniň 1,3 milliona ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. 2030-njy ýylda bolsa, global bazara hödürlenjek ähli ulaglar dolulygyna elektrik energiýasy bilen işlär.

Häzirki wagtda dünýäniň iň köp elektroulag öndürýän kompaniýasy bolan “Tesla” geçen ýyl 930 müň 422 elektroulag öndüripdi. Amerikan brendi şu ýylyň birinji çärýeginde 300 müňde gowrak ulag öndürdi.

“Volkswagen” topary bolsa geçen ýyl 453 müňe golaý elektroulag satuwyny amala aşyrdy.

Bagtygül Baýryýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby