“Samsung” kompaniýasy uzaldylan ekranly smartfony öndürmegi meýilleşdirýär. Dünýä belli kompaniýa munuň üçin patent aldy. Kompaniýanyň hünärmenleri kämilleşen dizaýnly uzaldylan ekranly smartfonyň önümçiligini giňeltmegi göz öňünde tutýar. Täze öndüriljek smartfonyň iki tarapyndan açylyp uzalýan ekranyň patenti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň maglumatlar binýadynda ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa ýylsaýyn täze dizaýnly, täsin gurluşly akylly enjamlaryň hem ulgamlaryň üstünde işlemek bilen, täze modelleri jemgyýetçilige hödürlemegini dowam edip gelýär. Kompaniýanyň bu täze önümi hem ýakyn wagtda satuwa çykarylyp, köpçülige ýetiriler. Meşhur kompaniýanyň mundan ozal öndüren eplenýän “Z Fold” modelleri häzirki wagtda uly islegden peýdalanýar.

Rejepmuhammet Rejepow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby