13-nji maýda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň möhüm ähmiýeti bellenildi, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegindäki döwletleriň gazanan üstünlikleri barada nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary boýunça Gün tertibine, Ählumumy maksatlary gazanmak boýunça Hereketleriň onýyllygyna, Pekin Jarnamasyna we Hereketleriň platformasyna hem-de beýleki BMG-nyň howandarlygynda işlenip taýýarlanylan halkara resminamalaryna özleriniň ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça özara bähbitli hem-de uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenip geçildi.

Şeýle hem zenanlaryň howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijeleri, daşky gurşawyň erbetleşmegi ýaly ählumumy howplaryna garşy göreşmekde hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiniň, saglygy goraýyş we bilim meseleleriniň çözülmegine öz işjeň hereketleri we täze pikirleri bilen uly goşant goşýandyklaryna aýratyn üns berildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge taýýardyklary barada aýdyldy we bu syýasat Dialogyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi.