13-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri talabalaýyk hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zerur enjamlary, programma üpjünçiliklerini, serwerleri satyn almak we ornaşdyrmak, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web saýtlaryny kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýady ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny üpjün etmek, maglumat düzümleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna yzygiderli seljermeler geçirilip, olary kämilleşdirmek babatda zerur işler alnyp barylýar.

Soňra wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde harytlary satyn almak boýunça bäsleşikleriň hem-de döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň sanly ulgamyny işe girizmek barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen taslamany makullady we bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

“Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeldilýär

Mejlisiň dowamynda wise-premýer sanly ulgamyň ösüşini kämilleşdirmek, “Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. 2019-njy ýyldan bäri şeýle hyzmatlar “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hyzmatlara müşderileriň uly isleg bildirýändigini we gazanylan tejribäni göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýuridik şahslar we hususy telekeçiler üçin “Internet bank” ulgamyny «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynda hem ulanyşa girizmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny giňeltmegiň ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere ýurdumyzyň banklarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk derejede geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Salgyt kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Salgyt syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri görmek öňdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Salgyt kodeksine degişli ähli resminamalary, käbir nyrhlary we salgytlary täzelemegiň wajypdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda, kanunçylyk namalarynyň maddalaryny täzelemegiň, zerur bolan halatynda olara üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmegiň, bu ugurda gözegçiligiň sanly tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bir hepdäniň dowamynda bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.