13-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow öňümizdäki baýramçylyklara hem-de «Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary, medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp, «Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergi geçiriler. Şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirýär. Her ýyl geçirilýän halkara sergide ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň täze teklipleri we gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň hödürlenen meýilnamasyny makullady hem-de milli senenamamyzyň şanly seneleriniň örän wajypdygyny aýratyn nygtap, meýilleşdirilen dabaralaryň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde, döwrüň ruhuna laýyklykda, ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.