Angliýanyň “Premier Ligasynda” ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi. Ýylyň futbolçysy bolmak ugrunda “Liwerpulyň” ýyldyzlary Mohamed Salah, Trent Aleksander-Arnold, “Mançester Sitiniň” ýyldyzlary Kewin De Bruýne, Žoao Kanselo, “Tottenhamdan” Hyn Min Son, “Southemptondan” Jeýms Ward-Prouz, “Arsenaldan” Bukaýo Saka, “West Hamdan” Jerrod Bowen dalaşgär görkezildi. Ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi janköýerleriň, şol sanda 20 klubuň kapitanlarynyň we futbol bilermenleriniň ses bermegi esasynda saýlanýar.

Ýylyň tälimçisi baýragyna-da “Premier Ligadaky” ilkinji möwsüminde şowly netijeler gazanan “Brentfordyň” tälimçisi Tomas Frank, sanawyň lideri “Mançester Sitiniň” tälimçisi Pep Guardiola, “Nýukasly” aşaky orunlardan çykarmagy başaran Eddi How, “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp hem-de “Kristal Palasyň” fransiýaly tälimçisi Patrik Wieira dalaşgärlige hödürlendi.

Ses bermek isleýän janköýerler 16-njy maýa çenli Premier Liganyň resmi saýtyna girip ses berip bilerler.