{"id":102574,"date":"2024-03-16T09:09:53","date_gmt":"2024-03-16T04:09:53","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=102574"},"modified":"2024-03-16T09:09:53","modified_gmt":"2024-03-16T04:09:53","slug":"20-nji-martda-gowaca-ekisine-badalga-berler","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=102574","title":{"rendered":"20-nji martda gowa\u00e7a eki\u015fine badalga berler"},"content":{"rendered":"<p>15-nji martda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary T.Atahally\u00fdew oba hojalyk pudagynda hem-de wela\u00fdatlarda m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 alnyp barly\u015fy, gowa\u00e7a eki\u015fine g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlyk barada hasabat berdi.<br \/>\nBellenili\u015fi \u00fdaly, bugda\u00fdy\u0148 bol hasylyny \u00f6nd\u00fcrmek arkaly azyk bol\u00e7ulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, wela\u00fdatlary\u0148 bugda\u00fd ekilen me\u00fddanlarynda agrotehnikany\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda ideg i\u015fleri, \u015fol sanda mineral d\u00f6k\u00fcnler bilen i\u00fdmitlendirmek, \u00f6s\u00fc\u015f suwuny tutmak i\u015fleri alnyp baryl\u00fdar. \u00ddurdumyzda \u00f6nd\u00fcril\u00fd\u00e4n g\u00f6k-bakja \u00f6n\u00fcmleri bilen ilatymyzy \u00fdeterlik m\u00f6\u00e7berde \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in \u00fdazlyk ekinleri ekmek i\u015fi dowam ed\u00fd\u00e4r. H\u00e4zirki wagtda wela\u00fdatlarda agrotehnikany\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda gowa\u00e7a eki\u015fine ba\u015flamak bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli ta\u00fd\u00fdarlyk i\u015fleri alnyp baryl\u00fdar. Munu\u0148 \u00fc\u00e7in gowa\u00e7a tohumlary hem-de oba hojalyk tehnikalary ta\u00fd\u00fdarlanyldy.<br \/>\nWise-prem\u00fder d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyza gowa\u00e7a eki\u015fine ba\u015flamagy\u0148 senesini bell\u00e4p, o\u0148a ak pata bermek baradaky ha\u00fdy\u015f bilen \u00fd\u00fczlendi. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, ussat da\u00fdhanlary\u0148, tejribeli h\u00fcn\u00e4rmenleri\u0148, alymlary\u0148 we mehanizatorlary\u0148 gatna\u015fmagynda wela\u00fdatlarda tejribe maslahatlary ge\u00e7iriler.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz hasabaty di\u0148l\u00e4p, pudagy toplumla\u00fdyn \u00f6sd\u00fcrmegi yzygiderli dowam etdirmegi\u0148, \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalyk pudagynda, wela\u00fdatda m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 alnyp barly\u015fyny, gowa\u00e7a eki\u015fini\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesinde ge\u00e7irilmegini berk g\u00f6zeg\u00e7ilikde saklamagy\u0148 zerurdygyny belledi.<br \/>\nSo\u0148ra d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz mejlise gatna\u015fyjylara \u00fd\u00fczlenip, gowa\u00e7a eki\u015fi m\u00f6ws\u00fcmini\u0148 hem gola\u00fdlap gel\u00fd\u00e4ndigini belledi. Bu m\u00f6ws\u00fcm pagta\u00e7y da\u00fdhanlary\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde \u00f6r\u00e4n m\u00f6h\u00fcm wezipeleri go\u00fd\u00fdar. Hormatly Prezidentimiz \u00fdurdumyzy\u0148 Ahal, Balkan, Lebap we Mary wela\u00fdatlarynda 20-nji martda, Da\u015foguz wela\u00fdatynda bolsa 27-nji martda gowa\u00e7a eki\u015fine ba\u015flamaga ak pata berip, hormatly \u00fda\u015fululardan gowa\u00e7a eki\u015fine \u00abBismilla\u00bb bilen ba\u015flap bermeklerini ha\u00fdy\u015f etdi.<br \/>\nD\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz \u00fdurdumyzy\u0148 edermen pagta\u00e7y da\u00fdhanlaryna, \u00e4hli oba hojalyk i\u015fg\u00e4rlerine alyp bar\u00fdan i\u015flerinde uly \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw etdi.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>15-nji martda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary T.Atahally\u00fdew oba hojalyk pudagynda hem-de wela\u00fdatlarda m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 alnyp barly\u015fy, gowa\u00e7a eki\u015fine g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlyk barada hasabat berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, bugda\u00fdy\u0148 bol hasylyny \u00f6nd\u00fcrmek arkaly azyk bol\u00e7ulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, wela\u00fdatlary\u0148 bugda\u00fd ekilen me\u00fddanlarynda agrotehnikany\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda ideg i\u015fleri, \u015fol [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":60536,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/102574"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=102574"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/102574\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":102575,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/102574\/revisions\/102575"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/60536"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=102574"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=102574"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=102574"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}