{"id":106687,"date":"2024-05-08T20:43:29","date_gmt":"2024-05-08T15:43:29","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=106687"},"modified":"2024-05-08T20:43:29","modified_gmt":"2024-05-08T15:43:29","slug":"tebigat-magtymguly-pyragynyn-doredijiliginde","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=106687","title":{"rendered":"Tebigat \u2013 Magtymguly Pyragyny\u0148 d\u00f6redijiliginde"},"content":{"rendered":"<p>Magtymguly Pyragyny\u0148 d\u00f6redijiliginde \u00fclk\u00e4mizi\u0148 tebigatyny, ha\u00fdwanat we \u00f6s\u00fcmlik d\u00fcn\u00fd\u00e4sini wasp ed\u00fd\u00e4n en\u00e7eme go\u015fgulary bar. Emma onu\u0148 diwanynda syrly setirler, go\u015fgularynda k\u00e4bir jandarlary\u0148 \u00fda-da \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 atlary h\u00e4zirki atlaryna gabat gelme\u00fd\u00e4r.<br \/>\nOrta asyr alymlary hem-de edebi\u00fdat\u00e7ylary \u00f6r\u00e4n kitap s\u00f6\u00fd\u00fcji bolup, d\u00fcrli ylymlar bilen gyzyklanypdyrlar. \u015eol d\u00f6w\u00fcrlerde olar \u00f6z kitaplaryny t\u00fcrki dillerinde \u00fdazman, hemmeler tarapyndan kabul edilen arap \u00fda-da pars dillerinde \u00fdazypdyrlar. Bu \u00fdagda\u00fdy \u0425\u0425 asyrda b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de agdyklyk ed\u00fd\u00e4n i\u0148lis dilini\u0148 milletara aragatna\u015fyk saklamak \u00fc\u00e7in ulanylmagy bilen \u00fda-da ondan \u00f6\u0148 fransuz dilini ulanmagy bilen de\u0148e\u015fdirip bolar.<br \/>\n\u0425VIII asyrda musulman d\u00fcn\u00fd\u00e4sinde \u00e7ap\u00e7ylyk d\u00f6re\u00fd\u00e4r. \u015eol d\u00f6w\u00fcrde kitaplary t\u00fcrki, arap, we pars dilinde \u00e7ap edipdirler, seb\u00e4bi g\u00fcndogar \u00fdurtlaryny\u0148 k\u00f6p \u00fda\u015fa\u00fdjylaryna bu \u00fc\u00e7 dil d\u00fc\u015fn\u00fckli bolupdyr. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in Magtymguly Pyragyny\u0148 go\u015fgularynda Merkezi Azi\u00fdada \u00fda\u015fa\u00fdan d\u00fcrli milletleri\u0148 s\u00f6zlerine du\u015fmak bol\u00fdar.<br \/>\n<em>Magtymgulyny\u0148 \u201c\u015eal tapsa\u201d atly go\u015fgusynda \u015fe\u00fdle setirler bar:<\/em><br \/>\n<strong>Jan howlundan bolar akyly ha\u00fdran, <\/strong><br \/>\n<strong>\u00ddylan ki\u015fmir g\u00f6rse, \u00fctelgi \u2013 ta\u00fdran.<\/strong><\/p>\n<p><em>Bu setirleri\u0148 ba\u015fga nusgasy hem bar:<\/em><br \/>\n<strong>\u00ddylan ki\u015fmir g\u00f6rse, \u00f6ler big\u00fcman.<\/strong><br \/>\nT\u00f6weregini gur\u015fap alan tebigata g\u00f6r\u00e4 \u00f6z re\u0148kini \u00fc\u00fdtgedip bil\u00fd\u00e4n, k\u00f6plen\u00e7 \u00fcz\u00fcm\u00e7ilikde gez\u00fd\u00e4n uly kelleli, \u00f6r\u00e4n dogumly, aw \u00fc\u00e7in ni\u00fdetlenen \u00f6\u0148 a\u00fdaklary hatara \u00e7i\u015fler bilen \u00f6rt\u00fclen \u00e7ekirtg\u00e4 me\u0148ze\u015f bu m\u00f6r-m\u00f6jejige edebi dilde huda\u00fdaty di\u00fdil\u00fd\u00e4r. Il i\u00e7inde onu\u0148 \u00fdene en\u00e7eme ady bar: atbakar, d\u00fc\u00fdebakar, bi\u015fikji, \u00fdylang\u00f6z\u00e7ykaryjy we \u015f.m. Magtymguly onu\u0148 adyny ki\u015fmir g\u00f6rn\u00fc\u015finde ulanypdyr. Huda\u00fdatyny\u0148 rus\u00e7a ady \u201cbogomol\u201d \u2013 \u00abhuda\u00fda doga oka\u00fdan\u00bb, latyn\u00e7a \u201cMantus religiosa\u201d di\u00fden ylmy ady hem \u00abdindar\u00bb \u00fda-da \u00abdoga oka\u00fdan\u00bb di\u00fdmekdir. Bu atlary\u0148 \u00e4hlisi huda\u00fdatyny\u0148 ha\u00fdsydyr bir a\u00fdratynlygy bilen bagly dakylypdyr. Soltan\u015fa Atany\u00fdazowy\u0148 \u201cT\u00fcrkmen dilini\u0148 etimologik s\u00f6zl\u00fcginde ki\u015fmir s\u00f6z\u00fcni t\u00e4jikleri\u0148 k\u00fc\u015ftmar \u00ab\u00fdylan \u00f6ld\u00fcriji\u00bb s\u00f6z\u00fcnden gelip \u00e7yk\u00fdandygyny d\u00fc\u015f\u00fcndir\u00fd\u00e4r. Magtymgulyny\u0148 go\u015fgularyndan alnan setirler hem muny tassykla\u00fdar. \u00dcstesine, bu m\u00f6jejigi\u0148 \u00fdylang\u00f6z\u00e7ykaryjy di\u00fden ady \u00fdylany\u0148 ondan \u00fd\u00f6ne \u00fdere gorkma\u00fdandygyna g\u00fcw\u00e4 ge\u00e7\u00fd\u00e4r. Bu ady\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7yky\u015fy \u015fe\u00fdle. Aga\u00e7lary\u0148 \u00fcst\u00fcnde \u00fda-da ja\u00fdlary\u0148 p\u00fcrslerine \u00fdelmenip edilen gu\u015f h\u00f6w\u00fcrtgelerind\u00e4ki \u00fdumurtgalary \u00fda-da j\u00fc\u00fdjeleri i\u00fdmek \u00fc\u00e7in \u00fdylan geliberse, gu\u015flar \u00fc\u00fd\u015f\u00fc\u015fip, dessine bir \u00fda birn\u00e4\u00e7e huda\u00fda\u00actyny tapyp, \u00e7\u00fc\u0148klerine gysyp getir\u00fd\u00e4rler-de, h\u00f6w\u00fcrtge bilen \u00fdylany\u0148 aralygyna go\u00fdber\u00fd\u00e4rler. \u00ddylan yzyna \u00f6wr\u00fclip ga\u00e7a\u00fdmasa, huda\u00fdaty \u00f6z\u00fcni\u0148 by\u00e7gy di\u015fli \u00f6\u0148 a\u00fdagy bilen \u00e7alasyn urup, onu\u0148 g\u00f6z\u00fcni \u00e7ykar\u00fdar. K\u00f6r \u00fdylan hem uzak \u00fda\u015faman \u00f6l\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fdlelikde, adyny teswirl\u00e4n m\u00f6jejigimiz Allany\u0148 aty, pygamberi\u0148 d\u00fc\u00fdesi, \u00fdagny mukaddes hasaplanyp, ony \u00f6ld\u00fcrmek g\u00fcn\u00e4 sa\u00fdyl\u00fdar.<br \/>\nMagtymguly Pyragyny\u0148 \u201c\u00ddara\u015fmaz\u201d atly go\u015fgusynda \u015fe\u00fdle setirler bar: Tow\u015fan der\u00fda bolmaz, \u015for suwa \u2013 har\u00e7e\u0148. \u201cHar\u00e7e\u0148\u201d s\u00f6zi \u201cle\u0148\u0148e\u00e7\u201d s\u00f6z\u00fcni\u0148 sinonimi bolup, h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde \u201char\u00e7e\u0148\u201d s\u00f6zi k\u00e4n ulanylma\u00fdar. Bu s\u00f6zi belli alymlar \u00d6.Gurbanowy\u0148, T.Tokga\u00fdewi\u0148, S.\u015eammakowy\u0148 we A.Eminowy\u0148 awtorlyklygyndaky \u00e7ap edilen \u201cT\u00fcrkmenistandaky ha\u00fdwanlary\u0148 atlaryny\u0148 \u00fc\u00e7 dilli s\u00f6zl\u00fcginde\u201d du\u015fmak bolar.<br \/>\n\u201cT\u00fcrkmen dilini\u0148 etimologik s\u00f6zl\u00fcginde\u201d Soltan\u015fa Atany\u00fdazow \u201char\u00e7e\u0148\u201d s\u00f6zi Kaka etrabyny\u0148 Hywaabat obasyndaky Har\u00e7i\u0148\u0148an atly \u00e7e\u015fm\u00e4ni\u0148 we obany\u0148 atlarynda-da du\u015f gel\u00fd\u00e4ndigini (har\u00e7engan \u2013 \u00able\u0148\u0148e\u00e7ler\u00bb, \u00fdagny \u00able\u0148\u0148e\u00e7li \u00e7e\u015fme\u00bb) g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. Le\u0148\u0148e\u00e7 \u2013 boguna\u00fdaklylar toparyna degi\u015fli bolup, s\u00fc\u00fdji we duzly suw howdanlarynda \u00fda\u015fa\u00fdan gysgy\u00e7 agyzly jandar. Bu go\u015fguda T\u00fcrkmenistany\u0148 der\u00fdalarynda du\u015f gel\u00fd\u00e4n le\u0148\u0148e\u00e7 barada a\u00fddyl\u00fdar.<br \/>\n\u00c7\u00f6l\u00fc\u0148 \u00fda\u015fa\u00fdjysyny\u0148 atsyz, d\u00fc\u00fdesiz we dowarsyz o\u0148up bilmejegi d\u00fc\u015fn\u00fckli. Adamlary\u0148 gitdigi\u00e7e ha\u00fdwanlar bilen gyzyklanmagy \u00f6sdi, olara bolan talaby artdy we gatna\u015fygy gi\u0148edi. Aw etmek \u00fc\u00e7in la\u00e7ynlary saklady we aw itlerini \u2013 tazylary k\u00f6peltdi. Aglaba t\u00fcrki dillerde bol\u015fy \u00fdaly, k\u00f6ne t\u00fcrkmen dilinde hem elgu\u015fu\u0148 bir g\u00f6rn\u00fc\u015fine \u201cbalaban\u201d di\u00fdlipdir. Magtymgulyny\u0148 \u00abGarga \u00fditer boz balaban je\u0148inde\u00bb di\u00fden s\u00f6zlerini\u0148 \u00fda\u015f, g\u00fc\u00fd\u00e7li gu\u015fy (elgu\u015fy) a\u0148lad\u00fdan bu s\u00f6zi alymlar bala (\u00ab\u00e7aga\u00bb, \u00abgu\u015f \u00e7agasy\u00bb) s\u00f6zi bilen baglany\u015fdyr\u00fdarlar. \u201cBalaban\u201d s\u00f6zi rus dilinde hem alynma s\u00f6z h\u00f6km\u00fcnde ulanyl\u00fdar. La\u00e7ynlar ma\u015fgalasyna degi\u015fli bolan bir g\u00f6rn\u00fc\u015fini\u0148 ady \u201cbaloban\u201d di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar.<br \/>\n<em>Magtymguly \u015fu go\u015fgy setirlerinde h\u00fc\u00fdp\u00fc\u00fdpigi \u2013 h\u00fcth\u00fct di\u00fdip al\u00fdar we \u015fe\u00fdle \u00fdaz\u00fdar:<\/em><br \/>\n<strong>H\u00fcth\u00fct a\u00fddar: il\u00e7i\u00fdem,<\/strong><br \/>\n<strong>S\u00fcle\u00fdmana saw\u00e7y\u00fdam,<\/strong><br \/>\n<strong>\u00ddalan jahan i\u00e7inde.<\/strong><br \/>\nH\u00fc\u00fdp\u00fc\u00fdpige \u00e7ykar\u00fdan sesi bilen bagly dakylan atlar ba\u015fga dillerde hem du\u015f gel\u00fd\u00e4r. Meselem, azerba\u00fdjan, pars dillerinde o\u0148a \u201chophop\u201d di\u00fdil\u00fd\u00e4n bolsa, en\u00e7eme t\u00fcrki dillerde bu gu\u015fu\u0148 \u201ch\u00fcth\u00fct\u201d di\u00fden ady bar. Gazaklarda \u201ch\u201d sesini\u0148 \u00fdoklugy \u00fc\u00e7in bu ady \u201c\u00fcd\u00fcd\u201d, ruslar hem \u201cudod\u201d g\u00f6rn\u00fc\u015finde ulan\u00fdarlar.<br \/>\nT\u00fcrkmeni\u0148 akyldar \u015fahyry Magtymguly Pyragy \u00f6z\u00fcni\u0148 terbi\u00fde beriji pelsepewi \u015fygyrlary bilen edebi\u00fdat d\u00fcn\u00fd\u00e4sine, hususan-da, t\u00fcrkmen edebi\u00fdatyna uly hyzmat eden nusgawy \u015fahyrlary\u0148 i\u0148 g\u00f6rn\u00fcklilerini\u0148 biridir. \u015eu \u00fdyl \u00fdurdumyzda \u015fahyry\u0148 300 \u00fdyllygy gi\u0148den bellenil\u00fd\u00e4r. Bu bolsa onu\u0148 d\u00f6redijiligini\u0148 hi\u00e7 ha\u00e7an unudylma\u00fdandygyna \u015fa\u00fdatlyk ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Enejan ALTY\u00ddEWA,<\/strong><br \/>\n<strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 D\u00f6wlet medeni\u00fdet merkezini\u0148 D\u00f6wlet muze\u00fdini\u0148 Tebigat we \u00fclk\u00e4ni \u00f6wreni\u015f b\u00f6l\u00fcm m\u00fcdiri.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Magtymguly Pyragyny\u0148 d\u00f6redijiliginde \u00fclk\u00e4mizi\u0148 tebigatyny, ha\u00fdwanat we \u00f6s\u00fcmlik d\u00fcn\u00fd\u00e4sini wasp ed\u00fd\u00e4n en\u00e7eme go\u015fgulary bar. Emma onu\u0148 diwanynda syrly setirler, go\u015fgularynda k\u00e4bir jandarlary\u0148 \u00fda-da \u00f6s\u00fcmlikleri\u0148 atlary h\u00e4zirki atlaryna gabat gelme\u00fd\u00e4r. Orta asyr alymlary hem-de edebi\u00fdat\u00e7ylary \u00f6r\u00e4n kitap s\u00f6\u00fd\u00fcji bolup, d\u00fcrli ylymlar bilen gyzyklanypdyrlar. \u015eol d\u00f6w\u00fcrlerde olar \u00f6z kitaplaryny t\u00fcrki dillerinde \u00fdazman, hemmeler tarapyndan kabul edilen arap [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":91927,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[4],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/106687"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=106687"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/106687\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":106688,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/106687\/revisions\/106688"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/91927"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=106687"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=106687"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=106687"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}