{"id":108393,"date":"2024-05-30T12:41:05","date_gmt":"2024-05-30T07:41:05","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=108393"},"modified":"2024-05-30T12:41:05","modified_gmt":"2024-05-30T07:41:05","slug":"oba-hojalygyndaky-isler-osusin-mohum-gorkezijisi","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=108393","title":{"rendered":"Oba hojalygyndaky i\u015fler \u2014 \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 m\u00f6h\u00fcm g\u00f6rkezijisi"},"content":{"rendered":"<p>27-nji ma\u00fdda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary T.Atahally\u00fdewi\u0148 hem-de wela\u00fdatlary\u0148 h\u00e4kimlerini\u0148 gatna\u015fmagynda sanly ulgam arkaly i\u015f maslahatyny ge\u00e7irdi. Onda \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp baryl\u00fdan m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin i\u015fleri\u0148 bar\u015fy bilen bagly meselelere garaldy.<\/p>\n<p>Wela\u00fdatlary\u0148 h\u00e4kimleri sebitlerde m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 \u00fdagda\u00fdy barada hasabat berdiler. Bellenili\u015fi \u00fdaly, h\u00e4zirki wagtda gowa\u00e7a ekilen me\u00fddanlarda \u00fdekelemek, otag etmek, mineral d\u00f6k\u00fcnler bilen i\u00fdmitlendirmek, \u00f6s\u00fc\u015f suwuny tutmak i\u015fleri agrotehnikany\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda alnyp baryl\u00fdar. \u015eunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli pe\u00fddalanyl\u00fdar. Wela\u00fdatlarda galla oragyna ba\u015flamaga, m\u00f6ws\u00fcmi gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6r\u00fcldi. Sebitleri\u0148 ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlarynda \u00fderalma we be\u00fdleki g\u00f6k-bakja ekinlerine ideg etmek, \u00fdeti\u015fdirilen hasyly \u00fdygnap almak bo\u00fdun\u00e7a i\u015fler ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r.<br \/>\nMundan ba\u015fga-da, h\u00e4kimler wela\u00fdatlarda mekdep okuw\u00e7ylaryny\u0148 tomusky dyn\u00e7 aly\u015f m\u00f6ws\u00fcmine, \u00c7agalary goramagy\u0148 halkara g\u00fcn\u00fcne, B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 welosiped g\u00fcn\u00fcne ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6rl\u00fc\u015fi, \u00fdurdumyzy 2022\u20142028-nji \u00fdyllarda durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 Maksatnamasyna la\u00fdyklykda, \u015fu \u00fdyl wela\u00fdatlarda a\u00e7ylyp ulanmaga berilmegi me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4n medeni-durmu\u015f, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurlu\u015fyk i\u015flerini\u0148 bar\u015fy barada hasabat berdiler.<br \/>\nD\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz hasabatlary di\u0148l\u00e4p, h\u00e4zirki wagtda wela\u00fdatlary\u0148 ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlarynda \u00fda\u00fdba\u0148landyrylan m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin i\u015fleri\u0148, hususan-da, gowa\u00e7a me\u00fddanlaryndaky ideg i\u015flerini\u0148 agrotehniki m\u00f6hletlerde we \u00fdokary hilli \u00fderine \u00fdetirilmegini, galla oragy m\u00f6ws\u00fcmine talabala\u00fdyk ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6r\u00fclmegini \u00fcpj\u00fcn etmegi h\u00e4kimlere tab\u015fyrdy. \u015eunu\u0148 bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz \u00fdurdumyzy durmu\u015f-ykdysady ta\u00fddan \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 maksatnamalaryna la\u00fdyklykda, \u015fu \u00fdyl wela\u00fdatlarda a\u00e7ylyp ulanmaga berilmegi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulan d\u00fcrli maksatly desgalardaky gurlu\u015fyk i\u015flerini\u0148 \u00fdokary hilli \u00fderine \u00fdetirilmegini g\u00f6zeg\u00e7ilikde saklamagy h\u00e4kimlere tab\u015fyrdy.<br \/>\nMinistrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary T.Atahally\u00fdew \u00fdurdumyzda dowam ed\u00fd\u00e4n m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 bar\u015fy barada hasabat berdi.<br \/>\nBellenili\u015fi \u00fdaly, hormatly Prezidentimizi\u0148 hema\u00fdat-goldawlary netijesinde pagta\u00e7y da\u00fdhanlarymyz tarapyndan gowa\u00e7a me\u00fddanlarynda agrotehnikany\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda, hatarara bejergi, \u00fdekelemek, otag etmek, mineral d\u00f6k\u00fcnler bilen i\u00fdmitlendirmek, \u00f6s\u00fc\u015f suwuny tutmak i\u015fleri \u00fderine \u00fdetiril\u00fd\u00e4r. Bu i\u015flerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli pe\u00fddalanyl\u00fdar. \u015eunu\u0148 bilen birlikde, wela\u00fdatlarda galla oragy m\u00f6ws\u00fcmini gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irmek, \u00f6sd\u00fcrilip \u00fdeti\u015fdirilen bugda\u00fd hasylyny \u00f6z wagtynda \u00fdygnap almak \u00fc\u00e7in ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4r. \u00dderalmany\u0148, be\u00fdleki g\u00f6k-bakja ekinlerini\u0148 \u00fdokary hasylyny \u00f6sd\u00fcrip \u00fdeti\u015fdirmek, bu \u00f6n\u00fcmler bilen ilaty bolelin \u00fcpj\u00fcn etmek maksady bilen, h\u00e4zirki wagtda \u00fdazlyk ekinlere ideg etmek, \u00fdeti\u015fdirilen hasyly \u00fdygnap almak i\u015fleri dowam ed\u00fd\u00e4r. Wela\u00fdatlarda \u00fd\u00fcpek gur\u00e7ugyna ideg etmek, \u00fdeti\u015fdirilen pile hasylyny \u00fdygnap almak, pile tab\u015fyrmak baradaky bellenilen me\u00fdilnamany \u00fcst\u00fcnlikli berja\u00fd etmek bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli i\u015fler ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz hasabaty di\u0148l\u00e4p, h\u00e4zirki wagtda oba hojalyk pudagyny\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde dur\u00fdan m\u00f6h\u00fcm wezipelere \u00fcnsi \u00e7ekdi we galla oragy m\u00f6ws\u00fcmine gurama\u00e7ylykly giri\u015filmegini, gowa\u00e7a me\u00fddanlaryndaky ideg i\u015flerini\u0148 agrotehnikany\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda, talabala\u00fdyk alnyp barylmagyny g\u00f6zeg\u00e7ilikde saklamagy wise-prem\u00fdere tab\u015fyrdy. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz i\u015f maslahatyna gatna\u015fyjylara \u00fd\u00fczlenip, m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetine \u00fdene-de bir gezek \u00fcnsi \u00e7ekip, \u00fdazlyk ekinlere ideg i\u015flerini\u0148 talabala\u00fdyk \u00fderine \u00fdetirilmegini, ekeran\u00e7ylyk me\u00fddanlarynda zy\u00fdanke\u015fleri\u0148 \u00fd\u00fcze \u00e7ykmagyny\u0148 \u00f6\u0148\u00fcni almak bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli i\u015fleri\u0148 ge\u00e7irilmegini tab\u015fyrdy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>27-nji ma\u00fdda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary T.Atahally\u00fdewi\u0148 hem-de wela\u00fdatlary\u0148 h\u00e4kimlerini\u0148 gatna\u015fmagynda sanly ulgam arkaly i\u015f maslahatyny ge\u00e7irdi. Onda \u00fdurdumyzy\u0148 oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp baryl\u00fdan m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin i\u015fleri\u0148 bar\u015fy bilen bagly meselelere garaldy. Wela\u00fdatlary\u0148 h\u00e4kimleri sebitlerde m\u00f6ws\u00fcmle\u00fdin oba hojalyk i\u015flerini\u0148 \u00fdagda\u00fdy barada hasabat berdiler. Bellenili\u015fi \u00fdaly, h\u00e4zirki wagtda gowa\u00e7a ekilen me\u00fddanlarda [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":108394,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/108393"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=108393"}],"version-history":[{"count":2,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/108393\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":108396,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/108393\/revisions\/108396"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/108394"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=108393"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=108393"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=108393"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}