{"id":123674,"date":"2025-01-01T11:25:47","date_gmt":"2025-01-01T06:25:47","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=123674"},"modified":"2025-01-01T11:25:47","modified_gmt":"2025-01-01T06:25:47","slug":"turkmenistanyn-prezidenti-serdar-berdimuhamedowyn-turkmen-halkyna-taze-yyl-gutlagy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=123674","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy\u0148 t\u00fcrkmen halkyna T\u00e4ze \u00fdyl gutlagy"},"content":{"rendered":"<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>2024-nji \u00fdyl \u2014 \u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb \u00fdyly tamamlanyp bar\u00fdar. \u00ddene az salymdan t\u00e4ze \u2014 2025-nji \u00fdyly gar\u015fylarys. 2025-nji \u00fdyl \u2014 G\u00fcndogar m\u00fc\u00e7enamasy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdylan \u00fdyly.<\/p>\n<p>Tamamlanyp bar\u00fdan \u00fdyl Gara\u015fsyz Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze taryhynda halkymyzy\u0148 durmu\u015fyny \u00fcst\u00fcnliklere besl\u00e4n \u00fdyllary\u0148 biri boldy. Bu \u00fdyl t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 d\u00f6wletli tutumlary, taryhy ba\u015flangy\u00e7lary has-da rowa\u00e7landy.<\/p>\n<p>Di\u00fdarymyzy\u0148 \u00e4hli \u00fderlerinde d\u00f6wrebap mekdepler, \u00e7agalar baglary, saglygy gora\u00fdy\u015f, sport desgalary, medeni\u00fdet edaralary, \u00f6n\u00fcm\u00e7ilik binalary, ba\u015fga-da k\u00f6p sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagty\u00fdar ma\u015fgalalary\u0148 m\u00fc\u0148ler\u00e7esi t\u00e4ze ja\u00fdly bolmak bagtyna e\u00fde boldular. \u00ddurdumyzy\u0148 \u00e4hli pudaklarynda uly \u00fcst\u00fcnlikler gazanyldy.<\/p>\n<p>\u00ddangy\u00e7-energetika toplumyna degi\u015fli iri taslamalar durmu\u015fa ge\u00e7irildi. T\u00fcrkmenistan \u2014 Owganystan \u2014 Pakistan \u2014 Hindistan gaz ge\u00e7irijisini\u0148 esasy tapgyry bolan Arkadagy\u0148 ak \u00fdoly bilen Serhetabat \u2014 Hyrat gaz ge\u00e7irijisini\u0148 gurlu\u015fygyna badalga berildi. \u015ee\u00fdle hem energetika, ulag-aragatna\u015fyk pudaklaryna degi\u015fli birn\u00e4\u00e7e iri desgalary\u0148 a\u00e7yly\u015f we gurlu\u015fygyna badalga bermek dabaralary ge\u00e7irildi.<\/p>\n<p>Ahal we Lebap wela\u00fdatlarynda B\u00e4herden hem-de Lebap sement zawodlaryny\u0148 ikinji tapgyry, Balkan \u2014 Da\u015foguz ugry bo\u00fdun\u00e7a \u00fdokary woltly asma elektrik ge\u00e7irijisi we elektrik beketleri i\u015fe girizildi. D\u00f6wrebap agyz suwuny arassala\u00fdjy desgalar ulanmaga berildi. K\u00f6petdagy\u0148 g\u00f6zel k\u00fcnjeginde \u00abMagtymguly Pyragy\u00bb medeni-se\u00fdilg\u00e4h toplumy we akyldar \u015fahyrymyzy\u0148 he\u00fdkeli dabaraly \u00fdagda\u00fdda a\u00e7yldy. Berdimuhamet Anna\u00fdew adyndaky \u00fd\u00f6ritele\u015fdirilen harby mekdebi\u0148 t\u00e4ze binalar toplumyny\u0148 we be\u00fdleki desgalary\u0148 a\u00e7ylmagy bilen, pa\u00fdtagtymyzy\u0148 binag\u00e4rlik ke\u015fbi has-da g\u00f6zelle\u015fdi.<\/p>\n<p>Arkadag \u015f\u00e4herini\u0148 ikinji tapgyryny\u0148 gurlu\u015fygy dowam etdirildi. \u00abArkadag \u015f\u00e4herini 2024 \u2014 2052-nji \u00fdyllarda \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 Konsepsi\u00fdasy\u00bb kabul edildi. \u00abAkylly\u00bb \u015f\u00e4herimiz halkara sergilerde abra\u00fdly ba\u00fdraklara mynasyp boldy. \u00ddurdumyzda d\u00f6wrebap obalary\u0148, h\u00e4zirki zaman \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f ja\u00fdlaryny\u0148 gurlu\u015fygy dowam etdiril\u00fd\u00e4r. Bulary\u0148 \u00e4hlisi berkarar Watanymyzy\u0148 ykdysady kuwwatyny, belent \u00f6s\u00fc\u015flerimizi a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>Oba hojalyk pudagynda ge\u00e7ir\u00fd\u00e4n \u00f6zgertmelerimiz hem rowa\u00e7lyklara beslen\u00fd\u00e4r. \u015eu \u00fdyl bereketli topragymyzda \u00f6nd\u00fcril\u00fd\u00e4n pagtany\u0148 we bugda\u00fdy\u0148 d\u00f6wlet satyn aly\u015f nyrhlary \u00fdokarlandyryldy. Edermen da\u00fdhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 m\u00fc\u0148 tonnadan gowrak \u00fdokary hilli bugda\u00fd tab\u015fyryp, \u015fertnamala\u00fdyn bor\u00e7namany \u00fcst\u00fcnlikli \u00fderine \u00fdetirdiler. \u00ddygnalan bol galla hasyly m\u00e4hriban halkymyzy\u0148, berkarar Watanymyzy\u0148 ba\u00fdlygydyr, sa\u00e7aklarymyzy\u0148 rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba z\u00e4hmetke\u015flerini ykdysady ta\u00fddan h\u00f6weslendirmek, pudagy\u0148 maddy-enjamla\u00fdyn bin\u00fdadyny berkitmek bo\u00fdun\u00e7a netijeli \u00e7\u00e4releri durmu\u015fa ge\u00e7ireris.<\/p>\n<p>\u00ddurdumyzy\u0148 nebitgaz, ulag-aragatna\u015fyk we s\u00f6wda-teleke\u00e7ilik pudaklarynda hem k\u00f6p i\u015fler amala a\u015fyryl\u00fdar. Bu pudaklar berkarar d\u00f6wletimizi\u0148 gazan\u00fdan \u00f6s\u00fc\u015flerine mynasyp go\u015fant go\u015f\u00fdarlar.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>Halkymyzy\u0148 saglygy, abadan we bagty\u00fdar durmu\u015fy bizi\u0148 alyp bar\u00fdan d\u00f6wlet sy\u00fdasatymyzy\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 biridir. \u00ddurdumyzda Halkara fiziologi\u00fda ylmy-kliniki we Halkara sagaldy\u015f-dikeldi\u015f merkezleri, saglygy gora\u00fdy\u015f maksatly be\u00fdleki desgalar ulanmaga berildi. Ynsan saglygyny goramak bo\u00fdun\u00e7a alyp bar\u00fdan i\u015flerimiz geljekde-de d\u00f6wletimizi\u0148 \u00fcns merkezinde bolar.<\/p>\n<p>Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli \u00f6zgertmeler durmu\u015fa ge\u00e7irildi. Geljekde hem ylymly-bilimli, watans\u00f6\u00fd\u00fcji nesilleri kemala getirm\u00e4ge, \u00fda\u015flary\u0148 ba\u015flangy\u00e7laryny goldamaga uly \u00fcns bereris.<\/p>\n<p>\u00dda\u015f nesillerimizi sport bilen me\u015fgullanmaga gi\u0148den \u00e7ekmek, \u00fdurdumyzy\u0148 halkara sport abra\u00fdyny has-da belende g\u00f6termek ugrunda uly i\u015fleri alyp bar\u00fdarys. Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 78-nji sessi\u00fdasynda \u00fdurdumyzy\u0148 ba\u015flangyjy bilen \u00abBirle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 o\u00fdunlary\u00bb atly Kararnama kabul edildi. A\u015fgabat \u015f\u00e4heri \u00abArkala\u015fygy\u0148 t\u00e4ze sport m\u00fcmkin\u00e7iliklerini\u0148 \u015f\u00e4heri\u00bb di\u00fdlip yglan edildi. Bulary\u0148 \u00e4hlisi \u00fdurdumyzy\u0148 sporty, sport diplomati\u00fdasyny \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge go\u015f\u00fdan saldamly go\u015fandyny\u0148 \u00fdene-de bir ykrarnamasy boldy.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>\u015eu \u00fdyl T\u00fcrkmenistan Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Durmu\u015f \u00f6s\u00fc\u015fi bo\u00fdun\u00e7a komissi\u00fdasyny\u0148 2025 \u2014 2029-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in agzalygyna sa\u00fdlanyldy. BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 kabul eden Kararnamasy esasynda T\u00fcrkmenistany\u0148 ba\u015flangyjy bilen 2025-nji \u00fdyl \u2014 \u00abHalkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly\u00bb di\u00fdlip yglan edildi. \u015ee\u00fdle hem Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen hyzmatda\u015flygy berkitmekde m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdeti bolan \u00abMerkezi Azi\u00fda \u2014 parahat\u00e7ylyk, ynany\u015fmak we hyzmatda\u015flyk zolagy\u00bb hem-de \u00abMerkezi Azi\u00fdada \u00fdadro \u00fdaragyndan azat zolak hakyndaky \u015eertnama\u00bb atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Birle\u015fen Milletler Guramasyna agza \u00fdurtlary\u0148 k\u00f6p\u00fcsini\u0148 bu ba\u015flangy\u00e7larymyzy goldamagy bizi\u0148 \u00fc\u00e7in uly abra\u00fddyr. Munu\u0148 \u00f6zi T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fd\u00e4n halkara ba\u015flangy\u00e7laryny\u0148 umumadamzat b\u00e4hbitlerine g\u00f6n\u00fckdirilendigini, d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iliginde gi\u0148den goldanyl\u00fdandygyny \u00fdene-de bir gezek a\u00fddy\u0148 g\u00f6rkezdi.<\/p>\n<p>\u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb \u00fdylynda akyldar \u015fahyrymyz Magtymguly Pyragyny\u0148 doglan g\u00fcn\u00fcni\u0148 300 \u00fdyllygy mynasybetli \u00abD\u00f6w\u00fcrleri\u0148 we siwilizasi\u00fdalary\u0148 \u00f6zara arabaglany\u015fygy \u2014 parahat\u00e7ylygy\u0148 we \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 bin\u00fdady\u00bb atly halkara forum \u00fdokary derejede ge\u00e7irildi. Bu halkara forum parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcji d\u00f6wlet h\u00f6km\u00fcnde T\u00fcrkmenistany\u0148 abra\u00fdyny has-da belende g\u00f6terdi. Be\u00fdik s\u00f6z ussadyny\u0148 ba\u00fd edebi mirasyny toplamakda, a\u00fdawly saklamakda, \u00f6wrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren \u00fdurdumyzy\u0148 ra\u00fdatlary hem-de da\u015fary \u00fdurtly ra\u00fdatlar T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00abMagtymguly Pyragyny\u0148 300 \u00fdyllygyna\u00bb atly \u00fdubile\u00fd medaly hem-de \u00fdadyg\u00e4rlik ny\u015fany bilen sylaglanyldy.<\/p>\n<p>2024-nji \u00fdylda \u00fdurdumyzy\u0148 \u00c4new \u015f\u00e4heri \u00abT\u00fcrki d\u00fcn\u00fd\u00e4sini\u0148 medeni pa\u00fdtagty\u00bb di\u00fden abra\u00fdly derej\u00e4ni g\u00f6terdi we halkara \u00e7\u00e4releri\u0148 en\u00e7emesi ge\u00e7irildi.<\/p>\n<p>Milli medeni\u00fdetimizi \u00f6sd\u00fcrmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek bo\u00fdun\u00e7a gi\u0148 gerimli i\u015fleri alyp bar\u00fdarys. Ge\u00e7ip bar\u00fdan \u00fdylda halkara derejede d\u00fcrli medeni \u00e7\u00e4reler, Medeni\u00fdet g\u00fcnleri yzygiderli ge\u00e7irildi. Arkadag \u015f\u00e4herinde guralan Medeni\u00fdet hepdeligi medeni\u00fdetimizi, sungatymyzy ba\u00fdla\u015fdyrmakda m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdete e\u00fde boldy. Geljek \u00fdyl Medeni\u00fdet hepdeligini Ahal wela\u00fdatynda \u00fdokary derejede ge\u00e7ireris.<\/p>\n<p>Umuman, ge\u00e7ip bar\u00fdan 2024-nji \u00fdyl uly z\u00e4hmet \u00fcst\u00fcnliklerine beslendi, berkarar Watanymyzy\u0148 \u015fan-\u015f\u00f6hraty has-da be\u00fdgeldi.<\/p>\n<p><strong>Hormatly adamlar!<\/strong><\/p>\n<p>Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan 2025-nji \u00fdyly\u0148 \u00abHalkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly\u00bb di\u00fdlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek \u00fdylda \u00fdurdumyzda hem-de d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletlerinde halkara \u00e7\u00e4reler gi\u0148 gerim bilen ge\u00e7iriler. Geljek \u00fdylda \u00f6r\u00e4n m\u00f6h\u00fcm taryhy sen\u00e4ni \u2014 T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyny\u0148 30 \u00fdyllyk ba\u00fdramyny hem \u00fdokary derejede bell\u00e4p ge\u00e7eris. Biz b\u00fctin d\u00fcn\u00fd\u00e4de parahat\u00e7ylygy we ynany\u015fmagy pugtalandyrmak, Durnukly \u00f6s\u00fc\u015f maksatlaryna \u00fdetmek ugrunda alyp bar\u00fdan i\u015flerimizi mundan be\u00fdl\u00e4k-de dowam etdireris.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>Halkymyzy\u0148 hal-\u00fdagda\u00fdyny gowulandyrmak maksady bilen, t\u00e4ze \u00fdyly\u0148 1-nji \u00fdanwaryndan z\u00e4hmet haklaryny, pensi\u00fdalary, d\u00f6wlet k\u00f6mek pullaryny, talyp we di\u0148le\u00fdji haklaryny \u00fdene-de 10 g\u00f6terim k\u00f6pelderis.<\/p>\n<p>Ho\u015fni\u00fdetli arzuw-umytlar bilen gar\u015fy al\u00fdan t\u00e4ze \u00fdylymyz hem uly rowa\u00e7lyklary\u0148, t\u00e4ze \u00fcst\u00fcnlikleri\u0148 \u00fdyly bolar. Bu belent sepgitlere \u00fdetmekde halkymyzy\u0148 gujur-ga\u00fdratyna, tutan\u00fderli z\u00e4hmetine bil bagla\u00fdarys. Merdana halkymyz bilen geljek \u00fdylda-da eziz Watanymyzy bagty\u00fdarlygy\u0148 we rowa\u00e7lygy\u0148 mekanyna \u00f6w\u00fcrmek ugrunda yhlas bilen z\u00e4hmet \u00e7ekeris.<\/p>\n<p><strong>Eziz watanda\u015flar!<\/strong><\/p>\n<p>\u00ddene az salymdan t\u00e4ze \u2014 2025-nji \u00fdyly gar\u015fy alarys. \u015eu pursatda sizi\u0148 \u00e4hli\u0148ize berk jan saglygyny we t\u00e4ze \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw ed\u00fd\u00e4rin.<\/p>\n<p>T\u00e4ze \u00fdyl \u00dder \u00fd\u00fcz\u00fcnde parahat\u00e7ylygy\u0148, abadan\u00e7ylygy\u0148, ynany\u015fmagy\u0148, rysgal-berekedi\u0148 \u00fdyly bolsun! Hemi\u015fe ma\u015fgala ojaklary\u0148yza agzybirlik, d\u00f6wletlilik \u00fdar bolsun! Bagty\u00fdar g\u00fcnler dowamat-dowam bolsun!<\/p>\n<p><strong>T\u00e4ze \u2014 2025-nji \u00fdyly\u0148yz gutly bolsun!<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Eziz watanda\u015flar! 2024-nji \u00fdyl \u2014 \u00abP\u00e4him-pa\u00fdhas ummany Magtymguly Pyragy\u00bb \u00fdyly tamamlanyp bar\u00fdar. \u00ddene az salymdan t\u00e4ze \u2014 2025-nji \u00fdyly gar\u015fylarys. 2025-nji \u00fdyl \u2014 G\u00fcndogar m\u00fc\u00e7enamasy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdylan \u00fdyly. Tamamlanyp bar\u00fdan \u00fdyl Gara\u015fsyz Watanymyzy\u0148 t\u00e4ze taryhynda halkymyzy\u0148 durmu\u015fyny \u00fcst\u00fcnliklere besl\u00e4n \u00fdyllary\u0148 biri boldy. Bu \u00fdyl t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy\u0148 d\u00f6wletli tutumlary, taryhy ba\u015flangy\u00e7lary has-da [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":123675,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/123674"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=123674"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/123674\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":123676,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/123674\/revisions\/123676"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/123675"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=123674"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=123674"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=123674"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}