{"id":123889,"date":"2025-01-04T09:58:07","date_gmt":"2025-01-04T04:58:07","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=123889"},"modified":"2025-01-04T09:58:07","modified_gmt":"2025-01-04T04:58:07","slug":"turkmenistanda-adam-sowdasyna-garsy-hereket-etmek-boyunca-2025-2029-njy-yyllar-ucin-hereketlerin-milli-meyilnamasy-tayyarlanyldy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=123889","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistanda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a 2025 \u2013 2029-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 milli me\u00fdilnamasy ta\u00fd\u00fdarlanyldy"},"content":{"rendered":"<p>3-nji \u00fdanwarda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow T\u00fcrkmenistanda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a 2025 \u2014 2029-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 milli me\u00fdilnamasyny\u0148 taslamasy barada hasabat berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatda\u015flyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetarapla\u00fdyn goramak we olara bolan h\u00e4zirki zaman wehimlerine gar\u015fy g\u00f6re\u015fmek \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 biri bolup dur\u00fdar. \u015eu maksat bilen \u00fdurdumyzda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy g\u00f6re\u015fmek ugrunda kanun\u00e7ylygy\u0148 berk bin\u00fdady kemala getirildi. Munu\u0148 \u00f6zi bu ugurda degi\u015fli i\u015fleri yzygiderli alyp barmaga ygtybarly hukuk esasyny d\u00f6red\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk go\u015fant go\u015f\u00fdar. \u00ddurdumyzda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a 2016 \u2014 2018-nji we 2020 \u2014 2022-nji \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 milli me\u00fdilnamalary yzygiderli amala a\u015fyryldy.<br \/>\nMundan ba\u015fga-da, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 goldawy bilen 2024-nji \u00fdylda T\u00fcrkmenistanda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a pudagara topar d\u00f6redildi. H\u00e4zirki wagtda agzalan topary\u0148 utga\u015fdyrmagynda Halkara Migrasi\u00fda Guramasy hem-de BMG-ni\u0148 Ne\u015fe we jena\u00fdat\u00e7ylyk baradaky m\u00fcdirligi bilen bilelikde T\u00fcrkmenistanda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a 2025 \u2014 2029-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 milli me\u00fdilnamasyny\u0148 taslamasy i\u015flenip ta\u00fd\u00fdarlanyldy. Bu Me\u00fdilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmu\u015fa ge\u00e7irilmegi me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4n maksatnamala\u00fdyn \u00e7\u00e4reler, olary \u00fderine \u00fdetirmegi\u0148 m\u00f6hletleri, degi\u015fli g\u00f6rkezijiler we jogapk\u00e4r d\u00f6wlet edaralary kesgitlenildi. \u015ee\u00fdle hem bu ugurda abra\u00fdly halkara guramalar we da\u015fary \u00fdurtlar bilen hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdar.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz hasabaty di\u0148l\u00e4p, T\u00fcrkmenistany\u0148 Bitaraplyga we parahat\u00e7ylyk s\u00f6\u00fd\u00fcjilige esaslan\u00fdan da\u015fary sy\u00fdasaty alyp bar\u00fdandygyny, Gara\u015fsyz Watanymyzda adam hukuklaryny\u0148 hem-de azatlyklaryny\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegine g\u00f6n\u00fckdirilen toplumla\u00fdyn i\u015fleri\u0148 durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4ndigini belledi. Adam s\u00f6wdasy d\u00fcn\u00fd\u00e4de \u00f6r\u00e4n wajyp hem-de \u00fditi meseleleri\u0148 biridir. \u015eo\u0148a g\u00f6r\u00e4-de, bizi\u0148 \u00fdurdumyz adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy g\u00f6re\u015fmek we onu\u0148 \u00f6\u0148\u00fcni almak bo\u00fdun\u00e7a d\u00fcn\u00fd\u00e4 bilele\u015figi bilen utga\u015fykly i\u015fleri alyp barmaly. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz bular barada a\u00fdtmak bilen, T\u00fcrkmenistanda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a 2025 \u2014 2029-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 milli me\u00fdilnamasyny makullady hem-de wise-prem\u00fder, da\u015fary i\u015fler ministrine degi\u015fli i\u015fleri ge\u00e7irmegi tab\u015fyrdy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>3-nji \u00fdanwarda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow T\u00fcrkmenistanda adam s\u00f6wdasyna gar\u015fy hereket etmek bo\u00fdun\u00e7a 2025 \u2014 2029-njy \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 milli me\u00fdilnamasyny\u0148 taslamasy barada hasabat berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatda\u015flyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetarapla\u00fdyn goramak we olara bolan h\u00e4zirki zaman [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":123725,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/123889"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=123889"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/123889\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":123890,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/123889\/revisions\/123890"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/123725"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=123889"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=123889"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=123889"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}