{"id":124947,"date":"2025-01-17T15:42:52","date_gmt":"2025-01-17T10:42:52","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=124947"},"modified":"2025-01-17T15:42:52","modified_gmt":"2025-01-17T10:42:52","slug":"yylyn-garasylyan-filmleri-2-3","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=124947","title":{"rendered":"\u00ddyly\u0148 gara\u015fyl\u00fdan filmleri \u2013 2"},"content":{"rendered":"<p>Gazetimizi\u0148 ge\u00e7en sanynda \u015fu \u00fdyly\u0148 gara\u015fyl\u00fdan filmlerini\u0148, esasan hem \u00fdyly\u0148 birinji \u00fdarymynda g\u00f6rkeziljek kinolary\u0148 k\u00e4birleri baradaky maglumatlary sizi\u0148 dykgaty\u0148yza \u00fdetiripdik. Bu sanymyzda bolsa, \u015fol sanawy\u0148 galan filmleri, esasan hem, g\u00fc\u00fdzde we gy\u015fda g\u00f6rkeziljek kinolar barada s\u00f6hbet a\u00e7ylar.<\/p>\n<p><strong>\u201cThunderbolts\u201d<\/strong><\/p>\n<p>\u201cMarvel\u201d kinematografik \u00e4lemini\u0148 t\u00e4ze gahrymanlaryny\u0148 ba\u015fdan ge\u00e7irmesi bolan bu filme Je\u00fdk \u015ereier re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. Filmde ba\u015f ke\u015fbi Florens P\u00fdu janlandyryp, Sebastian Stan, Olga Kurylenko, Dewid Harbor, W\u00fdatt Rassell, Lewis Pullman dagy be\u00fdleki ke\u015fpleri \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Ma\u00fd a\u00fdyny\u0148 ba\u015flarynda ekranlara \u00e7ykjak kinoda o di\u00fden gahryman hasaplanma\u00fdan topara t\u00e4ze i\u015f tab\u015fyryl\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>\u201cLilo &amp; Stitch\u201d<\/strong><\/p>\n<p>\u201cDisney\u201d studi\u00fdasy mundan 23 \u00fdyl ozal, \u201cLilo we Sti\u00e7\u201d atly animasi\u00fdany toma\u015fa\u00e7ylara \u00fdetiripdi. \u015eol multfilmi\u0148 janly film g\u00f6rn\u00fc\u015fi bolan t\u00e4ze ekran eserine Din Fle\u00fd\u015fer Kamp re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. Ma\u00fd a\u00fdynda ekranlara \u00e7ykjak kinony\u0148 kastinginde Billi Magnussen, Kris Sanders, Z\u00e4k Galifanakis, Hanna Waddingam \u00fdaly artistler bar.<\/p>\n<p><strong>\u201cThe Battle of Baktan Cross\u201d<\/strong><\/p>\n<p>\u201cHollywood\u201d-y\u0148 \u00f6zbolu\u015fly, \u201cauter\u201d re\u017eiss\u00fdorlaryny\u0148 biri h\u00f6km\u00fcnde g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n, 3-4 \u00fdyldan bir kino surata d\u00fc\u015f\u00fcr\u00fd\u00e4n Pol Tomas Andersony\u0148 \u00f6z ssenarisi esasynda ekranla\u015fdyr\u00fdan t\u00e4ze filminde Leonardo DiKaprio, Benisio del Toro, Rejina Holl, \u015eon Penn, Alana Haim, Te\u00fdana Te\u00fdlor, Wud Harris \u00fdaly ussat artistler surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. Filmi\u0148 awgust a\u00fdynda prokatlara \u00e7ykarylmagyna gara\u015fyl\u00fdar. Filmi\u0148 adyny\u0148 \u00fc\u00fdtgedilmegi m\u00fcmkin.<\/p>\n<p><strong>\u201cThe Bad Guys 2\u201d<\/strong><\/p>\n<p>\u201cDreamWorks Animation\u201d studi\u00fdasyny\u0148 \u00f6n\u00fcm\u00e7iliginde 3 \u00fdyl ekranlara \u00e7ykan \u201cGaragollar\u201d animasi\u00fdasyny\u0148 2-nji multfilmi 1-nji awgustdan ba\u015flap, tutu\u015f d\u00fcn\u00fd\u00e4de g\u00f6rkezilip ugrar. Pier Perifeli\u0148 re\u017eiss\u00fdorlygyndaky animasi\u00fdany\u0148 gahrymanlaryna S\u00e4m Rokwell, Mark Maron, Kre\u00fdg Robinson, Awkwafina, Antoni Ramos, Daniella Bruks dagy ses ber\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>\u201cNaked Gun\u201d<\/strong><\/p>\n<p>1980-90-njy \u00fdyllary\u0148 me\u015fhur uru\u015fly-komedi\u00fdasy \u201c\u00ddala\u0148a\u00e7 \u00fdarag\u201d filmlerini\u0148 t\u00e4ze\u00e7e nusgasy ekranlara \u00e7ykar. 3 b\u00f6l\u00fcmden ybarat \u015fol filmlerde ba\u015f ke\u015fpde Lesli Nilsen surata d\u00fc\u015f\u00fcpdi. T\u00e4ze filmde ba\u015f ke\u015fbi Liam Nison janlandyryp, o\u0148a Pamela Anderson, Pol Wolter Hauzer, Kewin Durand, Denni H\u00fduston dagy \u00fdolda\u015flyk ed\u00fd\u00e4r. Akiwa \u015eafferi\u0148 re\u017eiss\u00fdorlygyndaky kino 1-nji awgustda ekranlarda bolar.<\/p>\n<p><strong>\u201cMichael\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Pop a\u00fddym-sazyny\u0148 \u015fasy hasaplan\u00fdan Ma\u00fdkl Jekson baradaky \u201cMa\u00fdkl\u201d atly film hem \u00fdyly\u0148 gara\u015fyl\u00fdan biografik \u017eanrly kinolaryny\u0148 biridir. Filme uru\u015fly kinolar bilen adygan Antuan Fukua re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. Filmde Ma\u00fdkl Jeksony\u0148 ke\u015fbini Jaafar Jekson janlandyrsa, Kolman Domingo, Nia Long, Ma\u00fdlz Teller, Laura Harrier dagy be\u00fdleki ke\u015fpleri \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Film okt\u00fdabr a\u00fdynda prokatlara \u00fda\u00fdradylar.<\/p>\n<p><strong>\u201cThe Bride!\u201d<\/strong><\/p>\n<p>4 \u00fdyl \u00f6\u0148 \u201c\u00dditirim bolan gyz\u201d filmi bilen re\u017eiss\u00fdorlyga \u00e4dim \u00e4den ussat aktrisa Meggi Jillenholl 2-nji gezek kamerany\u0148 arkasyna ge\u00e7\u00fd\u00e4r. Franken\u015fte\u00fdn temaly filmde Jessi Bakli, oskarly Kristian Be\u00fdl bilen Penelope Kruz, Annette Benning, re\u017eiss\u00fdory\u0148 \u00fdan\u00fdolda\u015fy, tanymal akt\u00fdor Piter Sarsgaard, jigisi, me\u015fhur akt\u00fdor Je\u00fdk Jillenholl, Julianna Haf dagy d\u00fcrli ke\u015fplerde \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Film sent\u00fdabr a\u00fdyny\u0148 ahyrlarynda g\u00f6rkezilip ba\u015flanar.<\/p>\n<p><strong>\u201cTron: Ares\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Ylmy-fantastik uru\u015fly \u201cTron\u201d filmlerini\u0148 \u00fc\u00e7\u00fcnjisi okt\u00fdabr a\u00fdynda ekranlara \u00e7ykar. \u201cHollywood\u201d-y\u0148 norwegi\u00fdaly re\u017eiss\u00fdory \u00ddoahim Ronningi\u0148 re\u017eiss\u00fdorlygyndaky filmde ba\u015f ke\u015fbi Jared Leto janlandyrsa, Ewan Peters, Greta Li, Jeff Brijjes, Jodi T\u00f6rner-Smit, Kameron Monagan \u00fdaly artistler o\u0148a \u00fdolda\u015flyk ed\u00fd\u00e4r. \u201cDisney\u201d-i\u0148 \u00f6n\u00fcmi bolan filme IMAX 3D arkaly hem toma\u015fa edip bolar.<\/p>\n<p><strong>\u201cRoofman\u201d<\/strong><\/p>\n<p>So\u0148ky filminden 9 \u00fdyl so\u0148 t\u00e4ze bir kino re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4n Derek Sianfransy\u0148 nobatdaky ekran eserinde \u00c7anning Tatum, Kirsten Danst, Ben Mendelson, Piter Dinkle\u00fdj, Uzo Aduba, Juno Templ \u00fdaly \u201cHollywood\u201d-y\u0148 me\u015fhur artistleri d\u00fcrli ke\u015fpleri \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Kra\u00fdm hem-de drama g\u00f6rn\u00fc\u015fli film okt\u00fdabr a\u00fdyny\u0148 ba\u015flarynda ekranlara go\u00fdberiler.<\/p>\n<p><strong>\u201cGood Fortune\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Komedi\u00fda\u00e7y Aziz Ansarini\u0148 ilkinji re\u017eiss\u00fdorlyk synany\u015fygy bolan bu filmde onu\u0148 \u00f6zi bilen bir hatarda, Keanu Riwez, Set Rojen, Keke Palmer, Sandro O \u00fdaly artistler d\u00fcrli ke\u015fplerde surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. Komedi\u00fda g\u00f6rn\u00fc\u015fli ekran eserini\u0148 g\u00f6rkezil wagty 17-nji okt\u00fdabr di\u00fdlip kesgitlenil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>\u201cBugonia\u201d<\/strong><\/p>\n<p>So\u0148ky \u00fdyllarda adyny k\u00f6p e\u015fitdir\u00fd\u00e4n gresi\u00fdaly re\u017eiss\u00fdor \u00ddorgos Lantimosy\u0148 arakesmesiz \u00fdene bir filmi pe\u00fdda bolar. 2023-nji \u00fdylda \u201cG\u00f6rg\u00fcli betbagtlar\u201d, ge\u00e7en \u00fdyl \u00ddag\u015fylygy\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fleri filmlerini ekranla\u015fdyran re\u017eiss\u00fdory\u0148 t\u00e4ze kinosynda-da ba\u015f ke\u015fpleri Emma Stoun bilen Jessi Plemons hem-de Alisi\u00fda Silwerstoun dagy janlandyr\u00fdar. 2003-nji \u00fdylda ekranlara \u00e7ykan \u201c\u00dda\u015fyl planetany halas et\u201d atly kore\u00fd filmini\u0148 rime\u00fdki bolan kino 7-nji no\u00fdabrda kinoteatrlarda g\u00f6rkeziler.<\/p>\n<p><strong>\u201cNow You See Me 3\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Ilkinjisi 2013-nji \u00fdylda, ikinjisi 2016-njy \u00fdylda ekranlara \u00e7ykan \u201cH\u00e4zir meni g\u00f6rersi\u0148\u201d filmini\u0148 t\u00e4ze b\u00f6l\u00fcmi hem 2025-nji \u00fdyly\u0148 senenamasyny bez\u00e4r. Ruben Fla\u00fd\u015feri\u0148 re\u017eiss\u00fdorlygyndaky kinoda ozalky 2 filmde hem surata d\u00fc\u015fen Jessi A\u00fdzenberg, Mark Ruffalo, Wudi Harrelson, De\u00fdw Franko, A\u00fdla Fi\u015fer, Lizzi Kaplan, Morgan Friman hem-de Daniel Redkliff dagy d\u00fcrli ke\u015fplerde \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Film 14-nji no\u00fdabrda ekranlara \u00e7ykar.<\/p>\n<p><strong>\u201cWicked: For Good\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Ge\u00e7en \u00fdyly\u0148 \u015fowly \u00e7ykan filmlerinden, m\u00fduzikal g\u00f6rn\u00fc\u015fli \u201cHyrsyz: G\u00fcnbatary\u0148 jadyg\u00f6\u00fdi hakyndaky erteki\u201d filmini\u0148 ikinjisi \u201cHyrsyz: \u00fdag\u015fylyk \u00fc\u00e7in\u201d 21-nji no\u00fdabrda ekranlarda pe\u00fdda bolar. Bu filme hem Jon M \u00c7u re\u017eiss\u00fdorlyk edip, kinoda \u00fdene-de Sintia Eriwo, Ariana Grande, Jonatan Be\u00fdli, Mi\u015fell \u00ddeo, Jeff Goldblum dagy surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. 150 million dollar b\u00fdujetli film birinji kinony\u0148 \u00e4hli babatda gazanan ba\u015farnygyny ga\u00fdtalar di\u00fdlip \u00e7aklanyl\u00fdar. Birinji film prokatdan 700 million dollar girdeji toplap, birn\u00e4\u00e7e abra\u00fdly ba\u00fdraklara dala\u015fg\u00e4r g\u00f6rkezildi.<\/p>\n<p><strong>\u201cZootopia 2\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Animasi\u00fda \u00f6n\u00fcm\u00e7iligini\u0148 \u00f6\u0148debaryjysy \u201cDisney\u201d-i\u0148 2016-njy \u00fdylda prokata \u00e7ykaran \u201cHa\u00fdwanlar \u015f\u00e4heri\u201d atly multfilmini\u0148 ikinjisi \u00fdyly\u0148 i\u0148 esasy gara\u015fyl\u00fdan ekran eserlerini\u0148 hatarynda g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4r. 26-njy no\u00fdabrda prokatlara \u00fda\u00fdradyljak animasi\u00fda Je\u00fdred Bu\u015f bilen Ba\u00fdron Howard bilelikde re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. A\u0148taw\u00e7y tow\u015fan bilen tilki t\u00e4ze multfilmde ba\u015fga-ba\u015fga wakalary\u0148 \u00fcst\u00fcnden bar\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>\u201cThe Running Man\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Tanymal re\u017eiss\u00fdor Edgar Ra\u00fdty\u0148 belli \u00fdazyjy Stefen Kingi\u0148 1982-nji \u00fdylda \u00e7apdan \u00e7ykan adybir eseri esasynda ekranla\u015fdyr\u00fdan distopik triller g\u00f6rn\u00fc\u015fli t\u00e4ze kinosynda Glen Powell, Ke\u00fdti O\u2019Bra\u00fdan, Daniel Ezra, Karl Glusman, Jo\u015f Brolin, Emili\u00fda Jons, William H. Me\u00fdsi \u00fdaly artistler surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r. 7-nji no\u00fdabrda ekranlara \u00e7ykjak film \u00fdyly\u0148 gara\u015fyl\u00fdan esasy kinolaryny\u0148 hatarynda g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>\u201cAvatar: Fire and Ash\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Kino sungatyny\u0148 i\u0148 k\u00f6p girdeji gazanan 1-nji we 3-nji filmi \u201cAwatar\u201d-y\u0148 dowamy bolan bu kino \u00fdyly\u0148 ahyrynda, 19-njy dekabrda ekranlara \u00e7ykar. Seri\u00fdany\u0148 3-nji kinosy bolan filme \u00fdene-de Je\u00fdms Kameron re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. Filmde edil \u00f6\u0148ki ikisinde bol\u015fy \u00fdaly, Sem Wortington, Zou Saldan\u00fda, Sigurni Wiwer, Stefen Lang, Jowanni Ribisi, \u015fol sanda 2-nji filmde kastinge go\u015fulan Ke\u00fdt Winslet dagy ozalky ke\u015fplerini janlandyrarlar. Olary\u0148 hataryna Dewid Telwis bilen Oona \u00c7aplin hem go\u015fular. 250 million dollar b\u00fdujetli filmi\u0148 \u00fdene-de prokatdan 2 milliard dollardan \u00fdokary girdeji gazanmagyna gara\u015fyl\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>\u201cMarty Supreme\u201d<\/strong><\/p>\n<p>So\u0148ky \u00fdyllarda \u015fowly \u00e7yk\u00fdan filmler bilen ady agzal\u00fdan \u201cA24\u201d studi\u00fdasyny\u0148 \u00f6n\u00fcmi bolan bu kinoda Timoti \u015ealame, Gwinet Paltrow, Ta\u00fdler Okonma, Abel Ferrara, Penn \u017dillet \u00fdaly artistler d\u00fcrli ke\u015fpleri \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Film Jo\u015ff Safdi re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. 25-nji dekabrda ekranlara \u00e7ykjak filmde 1950-nji \u00fdyllary\u0148 me\u015fhur stol tennis\u00e7isini\u0148 kar\u00fderasy we durmu\u015f \u00fdoly barada s\u00f6hbet a\u00e7yl\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>\u201cMaterialists\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Mundan 2 \u00fdyl \u00f6\u0148 ilkinji kinosy \u201c\u00d6ten g\u00fcnler\u201d (Past Lives) filmi bilen hemm\u00e4ni\u0148 \u00fcns\u00fcni \u00e7eken kanadaly \u00fda\u015f re\u017eiss\u00fdor zenan Seline Songu\u0148 2-nji ekran eseri \u201cMaterialistler\u201d di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar. Kino bilermenlerini\u0148 sabyrsyzlyk bilen gara\u015f\u00fdan filminde Dakota Jonson, Kris Ewans, Pedro Paskal \u00fdaly h\u00e4zirki zamany\u0148 me\u015fhur artistleri esasy ke\u015fpleri janlandyr\u00fdar. Filmi\u0148 ekranlara \u00e7ykjak wagty anyk bolman, \u00fdyly\u0148 so\u0148ky 2-3 a\u00fdynda prokatlara \u00fda\u00fdradylmagyna gara\u015fyl\u00fdar.<\/p>\n<p><strong>\u201cJay Kelly\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Me\u015fhur re\u017eiss\u00fdor Noa Baumbahy\u0148 t\u00e4ze filmini\u0148 ady h\u00e4zirlik\u00e7e resmi \u00fdagda\u00fdda m\u00e4lim edilmese-de, ekran eseri \u201cHollywood\u201d-y\u0148 men di\u00fden artistlerini \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4r. \u201cNetflix\u201d-i\u0148 \u00f6n\u00fcmi boljak filmde Jorj Kluni, Adam Sandler, Laura Dern, Billi Krudap, Ra\u00fdli Keo, Jim Broadbent, A\u00fdla Fi\u015fer, re\u017eiss\u00fdory\u0148 \u00fdan\u00fdolda\u015fy Greta Gerwig, Patrik Wilson, Alba Rowraher \u00fdaly belli artistler surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>Ketrin Bigelowy\u0148 t\u00e4ze filmi<\/strong><\/p>\n<p>Oskar gazanan ilkinji zenan re\u017eiss\u00fdor Ketrin Bigelow hem 8 \u00fdyldan so\u0148 t\u00e4ze film bilen ekranlara dolan\u00fdar. Triller g\u00f6rn\u00fc\u015fli t\u00e4ze filmi\u0148 ady, \u015fol sanda ekranlara go\u00fdberiljek wagty entek belli d\u00e4l. Uly gyzyklanma bildiril\u00fdan bu filmde Idris Elba, Rebekka Ferguson, Jared Harris, Greta Li, Moses Ingram, Tre\u00fdsi Letts, Je\u00fdson Klark \u00fdaly tanymal artistler d\u00fcrli ke\u015fpleri janlandyrarlar.<\/p>\n<p><strong>\u201cFather, Mother, Sister, Brother\u201d<\/strong><\/p>\n<p>Gara\u015fsyz kinolary\u0148 ussat re\u017eiss\u00fdory Jim Jarmu\u015fy\u0148 t\u00e4ze filmi \u015fu \u00fdyly\u0148 dowamynda ekranlarda pe\u00fdda bolar. \u201cKaka, eje, u\u00fda, dogan\u201d di\u00fdlip atlandyryl\u00fdan filmde Ke\u00fdt Blan\u015fett, Wiki Krips, Adam Dra\u00fdwer \u00fdaly belli artistler \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>\u201cNouvelle Vague\u201d hem-de \u201cBlue Moon\u201d<\/strong><\/p>\n<p>\u00d6zbolu\u015fly kinolary bilen tapawutlan\u00fdan Ri\u00e7ard Linkle\u00fdter 2025-nji \u00fdyly 2 film bilen tamamlar. Onu\u0148 1-nji filmi fransuz kinosy bolup, \u201cT\u00e4ze akym\u201d (Nouvelle Vague) di\u00fdlip atlandyryl\u00fdar. Kino sungatyny\u0148 \u00e4girtlerinden \u017dan-Luk Godary\u0148 \u201cSo\u0148ky demde\u201d filmini d\u00fc\u015f\u00fcri\u015fi barada bolan bu kinoda Gi\u00fdom Marbek, Zoi Do\u00fd\u00e7, Obri Dullin \u00fdaly artistler esasy ke\u015fpleri \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. Linkle\u00fdteri\u0148 be\u00fdleki filmi \u201cMawy a\u00fd\u201d (Blue Moon) kinosy bolup, \u201cSony Pictures Classics\u201d-i\u0148 garamagynda ma\u00fd a\u00fdynda prokatlara \u00fda\u00fdradyljak ekran eserinde Itan Hawke, Andr\u00fduw Skott, Margaret Kualli, Bobbi Kannawale \u00fdaly artistler surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p><strong>\u201cThe Phoenician Scheme\u201d<\/strong><\/p>\n<p>T\u00e4sin gara komedi\u00fdalary bilen adygan me\u015fhur re\u017eiss\u00fdor Wes Andersony\u0148 bu kinosynda-da edil \u00f6\u0148ki filmlerinde bol\u015fy \u00fdaly, me\u015fhur artistleri\u0148 en\u00e7emesi d\u00fcrli ke\u015fpleri \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4r. \u201cThe Phoenician Scheme\u201d atly bu filmde Benisio del Toro, Ma\u00fdkl Sera, Bill M\u00f6rri, Riz Ahmed, Tom Henks, Benedikt Kumberbet\u00e7, Skarlett \u00ddohansson, \u015earlotta Gansbur, Rupert Frend, Willem Dafo, Bra\u00fdan Kranston dagy \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Filmi\u0148 g\u00f6rkeziljek wagty h\u00e4zirlik\u00e7e belli d\u00e4l.<\/p>\n<p><strong>\u201cThe Way of the Wind\u201d<\/strong><\/p>\n<p>\u00d6z\u00fcni\u0148 60 \u00fdyla gola\u00fd sungat \u00fdolunda az sanly filmi surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u00f6zbolu\u015fly re\u017eiss\u00fdor Terrens Maligi\u0148 t\u00e4ze kinosyny\u0148 \u015fu \u00fdyly\u0148 dowamynda ekranlara \u00e7ykmagyna gara\u015fyl\u00fdar. Epiki g\u00f6rn\u00fc\u015fd\u00e4ki filmde Geza R\u00f6rig, Mattias \u015eoenarts, Mark Ra\u00fdlans, Ben Kingsli, \u00ddosef Fa\u00fdns, Tawfik Barhom, B\u00fdorn Tors, Duglas But \u00fdaly tanymal artistler \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Gazetimizi\u0148 ge\u00e7en sanynda berlen hem-de \u00fdokarda ady agzalan filmlerden ba\u015fga-da, fransuz, kore\u00fd, meksikan, nemes, ital\u00fdan, hindi, ispan, \u00fdapon hem-de i\u0148lis kinolaryny\u0148 arasynda gara\u015fyl\u00fdanlaryny\u0148 sany az bolmaz. Itali\u00fdaly re\u017eiss\u00fdor Paolo Sorrentinony\u0148 t\u00e4ze kinosy \u201cParthenope\u201d, fransi\u00fdaly re\u017eiss\u00fdor Arno Deple\u015feni\u0148 \u201cSpectateurs!\u201d, fransuz re\u017eiss\u00fdory Lusil Had\u017eihalilowi\u00e7i\u0148 \u201cLa Tour de glace\u201d, fransi\u00fdaly me\u015fhur kinematograf Luk Bessony\u0148 \u201cDracula: A Love Tale\u201d, \u00fdene-de Fransi\u00fdadan Sedrik Himenesi\u0148 \u201cChien 51\u201d, ispani\u00fdaly Alehandro Amenabary\u0148 \u201cEl cautivo\u201d, germani\u00fdaly Tom Tykweri\u0148 \u201cDas Licht\u201d, germani\u00fdaly Kristian Petzoldy\u0148 \u201cMiroirs No. 3\u201d, hyta\u00fdly Bi Gany\u0148 \u201cResurrection\u201d, hindistanly \u015eiw Rawaili\u0148 \u201cAlpha\u201d, russi\u00fdaly Andre\u00fd Zw\u00fdaginsewi\u0148 \u201cJupiter\u201d, finl\u00fdandi\u00fdaly Ari Asteri\u0148 ba\u015f ke\u015fpde Hoakin Finiksi\u0148 surata d\u00fc\u015f\u00fd\u00e4n \u201cEddington\u201d, amerikaly Kelli Ra\u00fdkardy\u0148 \u201cThe Mastermind\u201d, kore\u00fdaly Pak \u00c7han Uku\u0148 \u201cNo Other Choice\u201d, dani\u00fdaly \u00ddoahim Trieri\u0148 \u201cSentimental Value\u201d atly filmleri 2025-nji \u00fdylda ekranlara \u00e7ykjak be\u00fdleki kinolar bolar. Bulardan ba\u015fga-da, \u201cNobody 2\u201d, \u201cThe Smurfs Movie\u201d, \u201cAnimal Friends\u201d, \u201cSarah&#8217;s Oil\u201d, \u201cDownton Abbey 3\u201d, \u201cSaw XI\u201d, \u201cThe Housemaid\u201d \u00fdaly filmler hem prokatlarda orun alar.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Gazetimizi\u0148 ge\u00e7en sanynda \u015fu \u00fdyly\u0148 gara\u015fyl\u00fdan filmlerini\u0148, esasan hem \u00fdyly\u0148 birinji \u00fdarymynda g\u00f6rkeziljek kinolary\u0148 k\u00e4birleri baradaky maglumatlary sizi\u0148 dykgaty\u0148yza \u00fdetiripdik. Bu sanymyzda bolsa, \u015fol sanawy\u0148 galan filmleri, esasan hem, g\u00fc\u00fdzde we gy\u015fda g\u00f6rkeziljek kinolar barada s\u00f6hbet a\u00e7ylar. \u201cThunderbolts\u201d \u201cMarvel\u201d kinematografik \u00e4lemini\u0148 t\u00e4ze gahrymanlaryny\u0148 ba\u015fdan ge\u00e7irmesi bolan bu filme Je\u00fdk \u015ereier re\u017eiss\u00fdorlyk ed\u00fd\u00e4r. Filmde ba\u015f ke\u015fbi [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":4,"featured_media":124948,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[404],"tags":[10687,1406,10683,10685],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/124947"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/4"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=124947"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/124947\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":124949,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/124947\/revisions\/124949"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/124948"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=124947"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=124947"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=124947"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}