{"id":127340,"date":"2025-02-16T17:15:30","date_gmt":"2025-02-16T12:15:30","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=127340"},"modified":"2025-02-17T17:33:36","modified_gmt":"2025-02-17T12:33:36","slug":"bilbil-sesli-zenan","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=127340","title":{"rendered":"Bilbil sesli zenan"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen medeni\u00fdeti, a\u00fddym-saz sungaty d\u00fcn\u00fd\u00e4 hazynasyny\u0148 a\u00fdrylmaz b\u00f6legidir. Bu hakykaty d\u00fcn\u00fd\u00e4 hazynasynda \u00f6z mynasyp orunlaryny tapan medeni gymmatlyklarymyz bilen ta\u00fdsyz zehinleri bilen ykrar edilen \u015fahsy\u00fdetlerimiz has a\u00fddy\u0148 tassykla\u00fdar. \u015ee\u00fdle tapylgysyzy zehinleri\u0148 biri hem Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewadyr di\u00fdsek, hakykatdan da\u015f d\u00fc\u015fmesek gerek.<br \/>\nManyly \u00f6mr\u00fcni opera sungatymyzy\u0148 \u00f6smegine bagy\u015f eden T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artisti Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewa bilbil owazy bilen \u00fdurdumyzy\u0148 milli medeni\u00fdetine egsilmez go\u015fant go\u015fan we ony d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 d\u00fcrli k\u00fcnjeginde dabaralandyran \u00e4girtleri\u0148 biridir. Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewa doganlyk halklary\u0148 dillerinde hem en\u00e7eme a\u00fddymlary ussatlar\u00e7a \u00fderine \u00fdetirip, agzybirligi, parahat\u00e7ylygy \u015firin owazy bilen \u00e4leme \u00fda\u00fddy.<br \/>\n\u00abSa\u00fdrak bilbil\u00bb adyny alan halypa a\u00fddym\u00e7y aja\u00fdyp a\u00fddymlary \u00fda\u015flary watan\u00e7ylyk ruhunda terbi\u00fdelenmegi we Watan mertebesini \u015f\u00f6hratlandyrmagy\u0148 \u00f6zbolu\u015fly nusgasydyr. Ussady\u0148 Watan s\u00f6\u00fdg\u00fcsinden jo\u015fgun alan ylhamy h\u00e4zirki g\u00fcnlerimizde hem g\u00f6w\u00fcnlere ganat ber\u00fd\u00e4n owaz bolup, \u00fd\u00fcreklere m\u00e4hir, s\u00f6\u00fdgi bagy\u015fla\u00fdar.<br \/>\nDoganlyk halklary\u0148 belent sesli sungat ussatlaryny\u0148 onlar\u00e7asy tarapyndan \u00fderine \u00fdetirilen \u00abSolowe\u00fd\u00bb a\u00fddymy Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewany\u0148 sesi bilen has-da belent \u00fda\u0148landy. Onu\u0148 bu a\u00fddymyny di\u0148l\u00e4ni\u0148de, \u00fda\u00fdylyp \u00fdatan t\u00fcrkmen s\u00e4hrasy, Hak nazary si\u0148en keremli topragymyzy\u0148 bagy-bossanlarynda sa\u00fdrap oturan bilbil g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fc\u0148de janlan\u00fdar. A\u00fddym\u00e7yny\u0148 Watan mukaddesligine bolan s\u00f6\u00fdg\u00fcden doly kalbyndan jo\u015fup \u00e7ykan ses belentligi t\u00fcrkmen ruhy bilen tebigat g\u00f6zelligini\u0148 waspyny belentden \u00fdetir\u00fd\u00e4r.<br \/>\nUssat halypany\u0148 \u00abA\u015fgabat\u00bb a\u00fddymy hem \u015folar \u00fdaly akgynlydan kalplara jo\u015fgun ber\u00fd\u00e4n aja\u00fdyp a\u00fddymlary\u0148 biridir. Halypa zenan bu a\u00fddymy\u0148 \u00fcsti bilen \u00fdurdumyzy\u0148 pa\u00fdtagty A\u015fgabady\u0148 g\u00f6zelligini, aja\u00fdyplygyny \u00f6z di\u0148le\u00fdjilerine \u00fdetirmegi ba\u015farypdyr. \u00d6zem onu\u0148 ussatlygy ha\u00fdsy \u00fdurtda \u00e7yky\u015f etse, bu a\u00fddymy \u015fol \u00fdurdu\u0148 \u00f6z dilinde \u00fderine \u00fdetirenligindedir. Bu a\u00fddymy di\u0148l\u00e4n ynsan hy\u00fdalynda pa\u00fdtagtymyzy\u0148 al-elwan g\u00fcller bilen \u00f6rt\u00fclen t\u00e4miz k\u00f6\u00e7elerine se\u00fdran edip, merjen \u015f\u00e4herimizi\u0148 g\u00f6zelliklerini g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcne getir\u00fd\u00e4r.<br \/>\nMedeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewany\u0148 ussat kompozitor Nury Halm\u00e4mmedowy\u0148 d\u00f6reden a\u00fddymlaryny, \u015fe\u00fdle hem G\u00fcndogary\u0148 be\u00fdik s\u00f6z ussady Magtymguly Pyragyny\u0148 terbi\u00fde\u00e7ilik \u00e4hmi\u00fdetli go\u015fgularyna d\u00f6redilen a\u00fddymlary \u00fda\u015flary\u0148 a\u0148yna \u00fdetiri\u015finde, \u00abA\u015fyr agany\u0148 h\u00f6tjetligi\u00bb, \u00abJapbaklar\u00bb, \u00abMeni\u0148 dostum Melegu\u015f\u00bb filmlerinde a\u00fddan a\u00fddymlarynda, bilbil sesli zenany\u0148 \u00abA\u00fdna\u00bb operasyndaky Bibini\u0148 ke\u015fbinde, \u00abLe\u00fdli-Mejnun\u00bb operasyndaky Le\u00fdlini\u0148 ke\u015fbinde onu\u0148 mukaddes Watana bolan \u00e7\u00e4ksiz s\u00f6\u00fdg\u00fcsini we \u00fdokary ruhy ahlagyny du\u00fdmak bol\u00fdar. Ussat a\u00fddym\u00e7y \u00ab\u015easenem-Garyp\u00bb, \u00abGowgaly gije\u00bb \u00fdaly operalarda, \u015fe\u00fdle hem d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 nusgawy kompozitorlary tarapyndan d\u00f6redilen operalarda-da \u00fcst\u00fcnlikli \u00e7yky\u015f etdi.<br \/>\nMedeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewa bilen s\u00f6hbetde\u015f bolmak bagtyna e\u00fde bolandygym \u00fc\u00e7in onu\u0148 belent sungaty bilen bir hatarda, belent adamk\u00e4r\u00e7ilik h\u00e4si\u00fdetleri dogrusynda hem kelam agyz bellemek isle\u00fd\u00e4rin. Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewada sadalyk, ki\u00e7ig\u00f6w\u00fcnlilik, enelere mahsus m\u00e4hremlik, \u015fol bir wagty\u0148 \u00f6z\u00fcnde-de ynsanperwerlige \u00fdugrulan sahylyk bardy. Ol \u015fu h\u00e4si\u00fdetleri bilen z\u00e4hmet \u00e7eken bilim ojagy \u2013 Ma\u00fda Kuly\u00fdewa adyndaky T\u00fcrkmen milli konserwatori\u00fdasynda t\u00e4lim beren talyplaryna g\u00f6relde g\u00f6rkez\u00fd\u00e4rdi. Ussat mugallymy\u0148 Atageldi Gar\u00fdagdy\u00fdew, Roza T\u00f6r\u00e4\u00fdewa, Kerimguly Garowow, Atajan Berdi\u00fdew, G\u00f6zel \u00d6wezowa, A\u00fdna Se\u00fditguly\u00fdewa \u00fdaly \u015f\u00e4girtlerini\u0148 hemmesi-de uly at-abra\u00fda e\u00fde bolan medeni\u00fdet, sungat ussatlary bolup \u00fdeti\u015fdiler.<br \/>\nMedeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewany \u00fdakyndan tanadygymsa\u00fdy bu m\u00e4hriban zenany\u0148 \u00fd\u00fcregini\u0148 edil \u00e7agany\u0148ky \u00fdaly p\u00e4kdigine, \u00fdag\u015fylyga \u00fdugrulan be\u00fdik ynsandygyna g\u00f6z \u00fdetir\u00fd\u00e4rdim. Ol d\u00f6wlete, Watana, halka halal we p\u00e4k z\u00e4hmet bilen hyzmat etmegi\u0148 nusgasyny g\u00f6rkezdi. Bir gezek ol ma\u0148a: \u00abSungat adamsyny\u0148 gijesi-g\u00fcndizi bolma\u00fdar, ol hemi\u015fe z\u00e4hmet \u00e7ekmeli. K\u00e4millige \u00fdetmegi\u0148 \u00fdoly da\u015f, \u00fd\u00f6ne ol \u00fdola \u00fdetmek \u00fc\u00e7in irm\u00e4n-arman yhlas etmeli. Watany\u0148y, \u00fdurdu\u0148y, il-g\u00fcn\u00fc\u0148i jan-jigerden s\u00f6\u00fdmeli. Be\u00fdik sungat eserleri s\u00f6\u00fdg\u00fcden d\u00f6re\u00fd\u00e4r\u00bb di\u00fdipdi. Halypany\u0148 di\u0148e \u015fu s\u00f6zlerini\u0148 \u00f6zi-de biz \u2013 \u00fda\u015flar \u00fc\u00e7in watans\u00f6\u00fd\u00fcjilik sapagydyr.<br \/>\nMedeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewany\u0148 d\u00f6redijilik \u00fdoly hi\u00e7 ha\u00e7an \u00e4hmi\u00fdetini \u00fditirmejek \u00f6zbolu\u015fly kitaba \u00e7alym ed\u00fd\u00e4r. Ol kitaba i\u00e7gin arala\u015fdygy\u0148\u00e7a, bu\u00fdsanjy\u0148 artyp, alny\u0148da t\u00e4ze bir d\u00fcn\u00fd\u00e4 a\u00e7yl\u00fdar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Se\u00fditmuhammet SE\u00ddITMUHAMMEDOW,<\/strong><br \/>\n<strong>Murgap etrabyny\u0148 De\u0148izhan \u015f\u00e4her\u00e7esini\u0148 kitaphanasyny\u0148 kitaphana\u00e7ysy, TM\u00ddG-ni\u0148 i\u015fje\u0148 agzasy.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen medeni\u00fdeti, a\u00fddym-saz sungaty d\u00fcn\u00fd\u00e4 hazynasyny\u0148 a\u00fdrylmaz b\u00f6legidir. Bu hakykaty d\u00fcn\u00fd\u00e4 hazynasynda \u00f6z mynasyp orunlaryny tapan medeni gymmatlyklarymyz bilen ta\u00fdsyz zehinleri bilen ykrar edilen \u015fahsy\u00fdetlerimiz has a\u00fddy\u0148 tassykla\u00fdar. \u015ee\u00fdle tapylgysyzy zehinleri\u0148 biri hem Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewadyr di\u00fdsek, hakykatdan da\u015f d\u00fc\u015fmesek gerek. Manyly \u00f6mr\u00fcni opera sungatymyzy\u0148 \u00f6smegine bagy\u015f eden T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artisti Medeni\u00fdet \u015eahberdi\u00fdewa bilbil owazy bilen [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":127341,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[12],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/127340"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=127340"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/127340\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":127342,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/127340\/revisions\/127342"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/127341"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=127340"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=127340"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=127340"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}