{"id":130771,"date":"2025-04-01T09:16:58","date_gmt":"2025-04-01T04:16:58","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=130771"},"modified":"2025-04-01T09:16:58","modified_gmt":"2025-04-01T04:16:58","slug":"turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-baslygy-gahryman-arkadagymyzyn-balkan-welayatyna-is-sapary","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=130771","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gahryman Arkadagymyzy\u0148 Balkan wela\u00fdatyna i\u015f sapary"},"content":{"rendered":"<p>31-nji martda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan wela\u00fdatyna i\u015f saparyny amala a\u015fyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazary\u0148 kenarynda guruljak t\u00e4ze desgalary\u0148 taslamalary bilen tany\u015fdy. \u015ee\u00fdle hem bu \u00fderde \u00fdurdumyzy\u0148 g\u00fcnbatar sebitini \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 maksatnamalaryny amala a\u015fyrmagy\u0148 bar\u015fy we halkara \u00e7\u00e4relere ta\u00fd\u00fdarlyk bilen baglany\u015fykly meselelere garaldy.<br \/>\nMilli Liderimiz \u201cAwaza\u201d sport toplumyna gelip, bu \u00fderde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 k\u00e4bir orunbasarlaryny\u0148, harby we hukuk gora\u00fdjy edaralary\u0148 birn\u00e4\u00e7e \u00fdolba\u015f\u00e7ylaryny\u0148 degi\u015fli d\u00fcz\u00fcmlerde \u00fderine \u00fdetir\u00fd\u00e4n i\u015fleri baradaky maglumatlary bilen tany\u015fdy.<br \/>\n\u00c4hli ugurlarda alnyp baryl\u00fdan i\u015fleri\u0148 takyk d\u00fcz\u00fclen me\u00fdilnama esasynda \u00fderine \u00fdetirilmelidigini we olary\u0148 h\u00e4zirki zaman talaplaryna la\u00fdyk gelmelidigini bell\u00e4p, Gahryman Arkadagymyz her bir \u00fdolba\u015f\u00e7yny\u0148 g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n d\u00fcz\u00fcmlerinde amala a\u015fyryl\u00fdan taslamalary\u0148 bar\u015fyny yzygiderli g\u00f6zeg\u00e7ilikde saklamalydygyny a\u00fdtdy. \u015ee\u00fdle-de Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Hazary\u0148 kenarynda halkara derejeli gi\u0148 m\u00f6\u00e7berli maslahatlary\u0148 ge\u00e7iriljekdigini nazara alyp, degi\u015fli tertip-d\u00fczg\u00fcni\u0148 berk berja\u00fd edilmegini\u0148, \u00fdol-ulag d\u00fcz\u00fcmlerini\u0148 sazla\u015fykly hereketini\u0148 \u00fdola go\u00fdulmagyny\u0148 wajypdygyna \u00fcnsi \u00e7ekdi.<br \/>\nSo\u0148ra Gahryman Arkadagymyzy\u0148 garamagyna Hazary\u0148 kenaryny mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrmek we bu \u00fderde gurulmagy g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdan d\u00fcrli maksatly desgalary\u0148 ta\u00fd\u00fdarlanan taslamalary h\u00f6d\u00fcrlenildi. \u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagynda guraljak halkara foruma ta\u00fd\u00fdarlygy\u0148 \u00e7\u00e4klerinde de\u0148zi\u0148 kenaryndaky aja\u00fdyp k\u00fcnjekde halkara \u00e7\u00e4releri ge\u00e7irmek bo\u00fdun\u00e7a me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4n binalar toplumyny\u0148 \u00fderle\u015fjek \u00fderlerini\u0148 teklip edil\u00fd\u00e4n me\u00fdilnamasy, toplumy\u0148 binalaryny\u0148 a\u00fdratynlyklary, onu\u0148 girelgesi, binalary\u0148 i\u00e7ki we da\u015fky bezeg i\u015flerini\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015fleri barada hasabat berildi.<br \/>\nT\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4n taslamalar bilen tan\u015fyp, olara birn\u00e4\u00e7e belliklerini a\u00fdtdy we degi\u015fli d\u00fczedi\u015flerini girizdi. Toplumy\u0148 binalaryny\u0148 gurlu\u015fy, olary\u0148 bezeg a\u00fdratynlyklary, \u00fdana\u015fyk \u00fderlerini\u0148 abadanla\u015fdyryly\u015fy h\u00e4zirki zaman talaplaryna doly la\u00fdyk gelmelidir. \u00ddurdumyzy\u0148 ba\u015flangyjy esasynda BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 degi\u015fli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdylyny\u0148 m\u00f6h\u00fcm \u00e7\u00e4relerine \u00fdokary derejede ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6r\u00fclmelidigini bell\u00e4p, Milli Liderimiz T\u00fcrkmenistany\u0148 ba\u015flangyjy bilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 howandarlygynda \u00fdurdumyzda ge\u00e7irilen de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletleri\u0148 ulag ministrlerini\u0148 maslahatyny\u0148 \u00f6zbolu\u015fly dowamyna \u00f6wr\u00fcljek halkara forumy\u0148 \u00e4hli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a gurama\u00e7ylyk derejesine m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdet berilmelidigine \u00fcnsi \u00e7ekdi. \u015ee\u00fdle hem \u00f6\u0148de boljak halkara \u00e7\u00e4r\u00e4 g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlyk i\u015fleri T\u00fcrkmenistany\u0148 BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 degi\u015fli Kararnamasy bilen \u00fc\u00e7 gezek ykrar edilen hemi\u015felik Bitaraplyk derejesine doly la\u00fdyk gelmelidir, binalary\u0148 gurlu\u015fygyna, olary\u0148 enjamla\u015fdyryly\u015fyna we forumy\u0148 \u00fdokary derejede ge\u00e7irilmegine dahylly \u00e4hli d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 sazla\u015fykly i\u015fini\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegine hemmetarapla\u00fdyn \u00e7emele\u015filmelidir di\u00fdip, Gahryman Arkadagymyz a\u00fdtdy.<br \/>\nSo\u0148ra t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu \u00fderde i\u015f maslahatyny ge\u00e7irdi. Onda halkara foruma g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlygy\u0148 \u00e7\u00e4klerinde me\u00fdille\u015fdirilen \u00e7\u00e4reler, myhmanlary gar\u015fylamak, olary\u0148 netijeli i\u015flemekleri \u00fc\u00e7in \u00e4hli zerur \u015fertleri \u00fcpj\u00fcn etmek bilen baglany\u015fykly meseleler barada hasabat berildi.<br \/>\nMaslahatda halkara forumy\u0148 i\u015fine d\u00fcn\u00fd\u00e4 dillerini k\u00e4mil derejede bil\u00fd\u00e4n \u00fda\u015flary\u0148 \u00e7ekilmegi bilen bagly alnyp baryl\u00fdan i\u015fler barada hasabat berildi. Milli Liderimiz \u00fda\u015flary\u0148 \u00fdurdumyzda ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n halkara \u00e7\u00e4relere i\u015fje\u0148 gatna\u015fmagyny\u0148 olary\u0148 bilim derejesini artdyrmagynda we tejribe toplamagynda \u00e4hmi\u00fdetli \u00e7\u00f6zg\u00fctdigine \u00fcnsi \u00e7ekdi. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00fda\u015flary\u0148 bilim derejesini\u0148 \u00fdokarlandyrylmagy, olary\u0148 h\u00fcn\u00e4r e\u00fdeleri bolup \u00fdeti\u015fmekleri bilen bagly meselelere zerur \u00fcns berilmelidir.<br \/>\nI\u015f maslahaty halkara \u00e7\u00e4releri\u0148 gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irilmegine g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlygy\u0148, foruma gatna\u015fyjylary\u0148 sazla\u015fykly i\u015fini\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegine degi\u015fli hemme \u00e7\u00e4releri\u0148 \u00fdokary derejede amala a\u015fyryljakdygy baradaky hasabat bilen dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz T\u00fcrkmenistany\u0148 halkara maslahatlary\u0148 we forumlary\u0148 ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n merkezi h\u00f6km\u00fcnd\u00e4ki derejesini nazara alyp, me\u00fdille\u015fdirilen \u00e7\u00e4releri\u0148 gurama\u00e7ylyk meselelerine m\u00f6h\u00fcm \u00fcns berilmelidigini belledi. \u015eunda bu i\u015flerde hi\u00e7 hili ownuk zady\u0148 bolmaly d\u00e4ldigine a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet bermek tab\u015fyryldy.<br \/>\n\u015ee\u00fdle hem maslahaty\u0148 dowamynda halkara foruma ta\u00fd\u00fdarlygy\u0148 \u00e7\u00e4klerinde gurlu\u015fyklary alnyp baryl\u00fdan desgalardaky i\u015fleri\u0148 \u00fdagda\u00fdy barada a\u00fddyldy. Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Hazary\u0148 kenarynda alnyp baryl\u00fdan gurlu\u015fyklary\u0148 \u00fdokary hil derejesini\u0148 \u00fcpj\u00fcn edilmegini\u0148 we desgalary\u0148 bellenilen m\u00f6hletlerde ulanmaga berilmegini\u0148 m\u00f6h\u00fcm talap h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenendigini belledi hem-de \u00e4hli i\u015fleri degi\u015fli derejede alyp barmagy tab\u015fyrdy. \u015eunda halkara foruma gatna\u015f\u00fdan myhmanlary\u0148 we onu\u0148 \u00e7\u00e4klerinde me\u00fdille\u015fdirilen \u00e4hli \u00e7\u00e4releri\u0148 gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irilmegine degi\u015fli d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 sazla\u015fykly i\u015fini\u0148 \u00fcpj\u00fcn ediljekdigi a\u00fddyldy. T\u00fcrkmenistany\u0148 halkara gi\u0148i\u015flikd\u00e4ki abra\u00fdyny\u0148 barha belende gal\u00fdandygyny nazara alyp, halkara \u00e7\u00e4releri\u0148 h\u00e4zirki zaman talaplaryna la\u00fdyk derejede ge\u00e7irilmegi ugrunda \u00e4hli zerur tagallalary\u0148 edilmelidigini bell\u00e4p, Gahryman Arkadagymyz forumy\u0148 \u00e4hli tapgyrlaryndaky i\u015fleri\u0148 gurama\u00e7ylykly alnyp barylmalydygyna \u00fcnsi \u00e7ekdi.<br \/>\nD\u00fcn\u00fd\u00e4 ykdysady\u00fdetini\u0148 \u00f6s\u00fc\u015finde m\u00f6h\u00fcm orny e\u00fdele\u00fd\u00e4n ulag-kommunikasi\u00fda pudagyny\u0148 i\u015fini\u0148 k\u00e4mille\u015fdirilmegi m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedir. \u015eunda \u00fcsta\u015fyr ulag gatnawlaryny amatly \u00fdagda\u00fda getirmek, de\u0148iz terminallaryna g\u00f6ni \u00e7ykalgasy bolmadyk d\u00f6wletler \u00fc\u00e7in zerur \u015fertleri d\u00f6retmek meselelerini esasy ugur edin\u00fd\u00e4n forumy\u0148 hemmetarapla\u00fdyn gurama\u00e7ylykly ge\u00e7irilmegi wajypdyr di\u00fdip, Gahryman Arkadagymyz belledi.<br \/>\nT\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow \u00f6\u0148de go\u00fdlan wezipeleri \u00fderine \u00fdetirmekde hemmelere \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw edip, bu \u00fderden sport awtoulagynda Garabogazk\u00f6l a\u00fdlagyna tarap ugrady.<br \/>\nMilli Liderimizi\u0148 awtoulagy T\u00fcrkmenba\u015fy \u2014 Garabogaz \u2014 Gazagystany\u0148 serhedine \u00e7enli bar\u00fdan awtomobil \u00fdoluny\u0148 ugrunda iki gatnawly awtomobil k\u00f6pr\u00fcsini\u0148 gurlu\u015fygyny\u0148 alnyp baryl\u00fdan \u00fderinde saklandy. Bu \u00fderde Gahryman Arkadagymyzy\u0148 garamagyna Garabogazk\u00f6l a\u00fdlagyny\u0148 \u00fcst\u00fcnden ge\u00e7\u00fd\u00e4n k\u00f6prini\u0148 germewlerini\u0148 we halkara \u00e4hmi\u00fdetli desgany\u0148 y\u015fyklandyry\u015f ulgamyny\u0148 g\u00f6rn\u00fc\u015flerini \u00f6z i\u00e7ine al\u00fdan \u015fekil taslamalary g\u00f6rkezildi. \u00ddurdumyzy\u0148 g\u00fcnbatar we demirgazyk sebitlerini\u0148, \u015fe\u00fdle-de go\u0148\u015fy d\u00f6wletleri\u0148 arasynda haryt dolany\u015fygyny\u0148, ulag, \u00fdolag\u00e7y gatnawlaryny\u0148 m\u00f6\u00e7berini has-da artdyrmaga m\u00fcmkin\u00e7ilik berjek k\u00f6prini\u0148 gurlu\u015fyk i\u015fleri we ta\u00fd\u00fdarlanylan \u015fekil taslamalary barada Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary B.Annam\u00e4mmedow hasabat berdi.<br \/>\nT\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy\u0148 gatna\u015fmagynda gurlu\u015fygyna badalga berlen bu desgany\u0148 halkara \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedigini a\u00fdtdy. Munu\u0148 \u00f6zi \u00fdurdumyzy\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 ykdysady gi\u0148i\u015fligine i\u015fje\u0148 go\u015fuly\u015fmagynda, da\u015fary \u00fdurtlar bilen hyzmatda\u015flygy has-da berkitmekde amatly \u015fertleri \u00fcpj\u00fcn eder.<br \/>\nGahryman Arkadagymyz Garabogaz k\u00f6l\u00fcni\u0148 tebigy ba\u00fdlyklaryny \u00f6zle\u015fdirmekde, bu k\u00fcnjegi\u0148 tebigy seri\u015fdelerini netijeli pe\u00fddalanmakda \u00e4hmi\u00fdeti bolan bu desgany\u0148 gurlu\u015fygyny\u0148 bellenilen m\u00f6hletde tamamlanmagyny\u0148 m\u00f6h\u00fcm talap h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenendigini belledi. \u015eol bir wagty\u0148 \u00f6z\u00fcnde gurlu\u015fyk seri\u015fdelerini\u0148 berkligine, uzak m\u00f6hletle\u00fdinligine zerur \u00fcns berilmelidir. Milli Liderimiz t\u00e4ze desgany\u0148 kuwwatyna wajyp \u00e4hmi\u00fdet berilmelidigini a\u00fdratyn nygtady. K\u00f6pri berkligi we uzak m\u00f6hletle\u00fdinligi babatda agyr \u00fd\u00fckli awtoulaglary ge\u00e7irm\u00e4ge ukyply bolmalydyr. Munu\u0148 \u00fc\u00e7in bolsa gurlu\u015fykda ulanyl\u00fdan seri\u015fdeleri\u0148, olary\u0148 hilini\u0148 h\u00e4zirki zaman talaplaryna la\u00fdyk gelmegi m\u00f6h\u00fcmdir. Bu taslamany\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7irilmegini\u0148 \u00fdurdumyzy\u0148 ulag-logistika pudagyny\u0148 i\u015fini \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge g\u00f6n\u00fckdirilendigini bell\u00e4p, Gahryman Arkadagymyz \u00f6\u0148de dur\u00fdan wezipeleri abra\u00fd bilen \u00fderine \u00fdetirmekde hemmelere \u00fcst\u00fcnlik arzuw etdi we bu \u00fderden diku\u00e7arda \u00abAwaza\u00bb milli sy\u00fdahat\u00e7ylyk zolagyna tarap ugrady.<br \/>\nT\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gahryman Arkadagymyzy\u0148 Balkan wela\u00fdatyna i\u015f sapary dowam ed\u00fd\u00e4r.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>31-nji martda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan wela\u00fdatyna i\u015f saparyny amala a\u015fyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazary\u0148 kenarynda guruljak t\u00e4ze desgalary\u0148 taslamalary bilen tany\u015fdy. \u015ee\u00fdle hem bu \u00fderde \u00fdurdumyzy\u0148 g\u00fcnbatar sebitini \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 maksatnamalaryny amala a\u015fyrmagy\u0148 bar\u015fy we halkara \u00e7\u00e4relere ta\u00fd\u00fdarlyk bilen baglany\u015fykly meselelere garaldy. Milli Liderimiz \u201cAwaza\u201d sport toplumyna gelip, bu [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":130772,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/130771"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=130771"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/130771\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":130773,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/130771\/revisions\/130773"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/130772"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=130771"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=130771"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=130771"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}