{"id":136472,"date":"2025-05-30T11:10:06","date_gmt":"2025-05-30T06:10:06","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=136472"},"modified":"2025-05-30T11:10:06","modified_gmt":"2025-05-30T06:10:06","slug":"hormatly-prezidentimiz-1-2-nji-iyunda-mongoliyada-dowlet-saparynda-bolar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=136472","title":{"rendered":"Hormatly Prezidentimiz 1-2-nji i\u00fdunda Mongoli\u00fdada d\u00f6wlet saparynda bolar"},"content":{"rendered":"<p>29-njy ma\u00fdda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u015fu \u00fdyly\u0148 1-2-nji i\u00fdunynda Mongoli\u00fda boljak d\u00f6wlet saparyna g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlyk i\u015fleri barada hasabat berdi.<\/p>\n<p>Bellenili\u015fi \u00fdaly, Azi\u00fda we \u00dduwa\u015f umman sebitini\u0148 d\u00f6wletleri bilen dostlukly dialogy\u0148 we \u00f6zara b\u00e4hbitli hyzmatda\u015flygy\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegi \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary sy\u00fdasy strategi\u00fdasyny\u0148 esasy ugurlaryny\u0148 biri bolup dur\u00fdar. Bu ugurda Mongoli\u00fda bilen netijeli hyzmatda\u015flyk pugtalandyryl\u00fdar. \u00ddurtlarymyzy\u0148 arasynda diplomatik gatna\u015fyklar 1992-nji \u00fdylda \u00fdola go\u00fduldy. H\u00e4zirki wagtda d\u00f6wletara gatna\u015fyklary\u0148 \u015fertnama-hukuk bin\u00fdady 11 sany resminama bilen berkidildi.<br \/>\nT\u00fcrkmen-mongol gatna\u015fyklaryny i\u015fje\u0148le\u015fdirmekde \u00fdokary derejed\u00e4ki saparlara hem-de du\u015fu\u015fyklara a\u00fdratyn \u00e4hmi\u00fdet beril\u00fd\u00e4r. M\u00e4lim bol\u015fy \u00fdaly, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 we \u015eanha\u00fd Hyzmatda\u015flyk Guramasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde iki \u00fdurdu\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanlaryny\u0148 3 du\u015fu\u015fygy guraldy. Mundan ba\u015fga-da, 2024-nji \u00fdyly\u0148 okt\u00fdabr a\u00fdynda Mongoli\u00fdany\u0148 Prezidentini\u0148 T\u00fcrkmenistana d\u00f6wlet sapary boldy. \u015ee\u00fdle hem h\u00f6k\u00fcmetleri\u0148 derejesinde we da\u015fary i\u015fler ministrliklerini\u0148 arasynda gatna\u015fyklar \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r.<br \/>\nT\u00fcrkmenistan hem-de Mongoli\u00fda halkara guramalary\u0148, \u015fol sanda BMG-ni\u0148 we be\u00fdleki d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 \u00e7\u00e4klerinde netijeli hyzmatda\u015flyk edip, birek-birege goldaw ber\u00fd\u00e4rler. Mongoli\u00fda T\u00fcrkmenistany\u0148 ba\u015flangyjy bilen BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasy tarapyndan kabul edilen 16 Kararnamany\u0148 awtorda\u015flaryny\u0148 biri, \u015fol bir wagtda, \u00fdurdumyz hem Mongoli\u00fdany\u0148 \u00f6\u0148e s\u00fcren BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 5 Kararnamasyny\u0148 d\u00f6redijilerini\u0148 biri bolup dur\u00fdar.<br \/>\nS\u00f6wda-ykdysady hyzmatda\u015flyk barada a\u00fddylanda bolsa, oba hojalygy, maldar\u00e7ylyk, \u00fde\u0148il senagat hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutul\u00fdan ugurlardyr. \u00d6zara haryt dolany\u015fygyny artdyrmaga, bu i\u015fe ki\u00e7i we orta teleke\u00e7iligi \u00e7ekm\u00e4ge a\u00fdratyn \u00fcns beril\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen bir hatarda, ikitarapla\u00fdyn medeni-ynsanperwer gatna\u015fyklar hem gi\u0148eldil\u00fd\u00e4r. 2015-nji \u00fdylda T\u00fcrkmenistany\u0148 Mongoli\u00fdadaky Medeni\u00fdet g\u00fcnlerini\u0148 we ge\u00e7en \u00fdyly\u0148 okt\u00fdabr a\u00fdynda A\u015fgabatda bilelikd\u00e4ki medeni \u00e7\u00e4r\u00e4ni\u0148 ge\u00e7irilmegi munu\u0148 a\u00fddy\u0148 subutnamasydyr.<br \/>\nH\u00e4zirki wagtda T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 Mongoli\u00fda boljak d\u00f6wlet saparyna ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6rmek we onu\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesini \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in degi\u015fli i\u015fler alnyp barlyp, onu\u0148 netijesinde sapary\u0148 maksatnamasy i\u015flenip ta\u00fd\u00fdarlanyldy. Sapary\u0148 dowamynda d\u00f6wletara gatna\u015fyklary\u0148 \u015fertnama-hukuk bin\u00fdadyny pugtalandyrjak ikitarapla\u00fdyn resminamalara gol \u00e7ekilmegi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdar. \u015ee\u00fdle hem sapary\u0148 \u00e7\u00e4klerinde T\u00fcrkmen-mongol i\u015few\u00fcrler forumyny\u0148, sungat ussatlaryny\u0148 gatna\u015fmagynda medeni \u00e7\u00e4r\u00e4ni\u0148, milli amaly-ha\u015fam sungatyny\u0148 sergisini\u0148 we t\u00fcrkmen halysyny\u0148 sergi-\u00fdarmarkasyny\u0148 ge\u00e7irilmegi me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4r.<br \/>\nD\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz hasabaty di\u0148l\u00e4p, Bitarap T\u00fcrkmenistany\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 d\u00f6wletleri bilen netijeli hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge a\u00fdratyn \u00fcns ber\u00fd\u00e4ndigini, \u00fdakynda Mongoli\u00fdada ge\u00e7iriljek du\u015fu\u015fyklary\u0148 hem t\u00fcrkmen-mongol gatna\u015fyklaryny t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykarmakda m\u00f6h\u00fcm \u00e4dim boljakdygyny belledi we \u015funu\u0148 bilen baglylykda, wise-prem\u00fder, da\u015fary i\u015fler ministrine bu d\u00f6wlet saparyna gowy ta\u00fd\u00fdarlyk g\u00f6rmegi hem-de onu\u0148 \u00fdokary derejede ge\u00e7irilmegini \u00fcpj\u00fcn etmegi tab\u015fyrdy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>29-njy ma\u00fdda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u015fu \u00fdyly\u0148 1-2-nji i\u00fdunynda Mongoli\u00fda boljak d\u00f6wlet saparyna g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n ta\u00fd\u00fdarlyk i\u015fleri barada hasabat berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, Azi\u00fda we \u00dduwa\u015f umman sebitini\u0148 d\u00f6wletleri bilen dostlukly dialogy\u0148 we \u00f6zara b\u00e4hbitli hyzmatda\u015flygy\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegi \u00fdurdumyzy\u0148 da\u015fary sy\u00fdasy strategi\u00fdasyny\u0148 esasy ugurlaryny\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":96096,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/136472"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=136472"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/136472\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":136475,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/136472\/revisions\/136475"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/96096"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=136472"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=136472"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=136472"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}