{"id":140611,"date":"2025-07-17T14:21:03","date_gmt":"2025-07-17T09:21:03","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=140611"},"modified":"2025-07-17T14:21:03","modified_gmt":"2025-07-17T09:21:03","slug":"turkmenistan-azerbayjan-dowletara-gatnasyklary-osdurilyar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=140611","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistan\u2014Azerba\u00fdjan: d\u00f6wletara gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r"},"content":{"rendered":"<p><em><strong>16-njy i\u00fdulda Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 Prezidentini\u0148 \u201cZagulba\u201d k\u00f6\u015fg\u00fcnde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 Prezidenti Ilham Ali\u00fdewi\u0148 arasynda geple\u015fikler ge\u00e7irildi.<\/strong><\/em><\/p>\n<p>Prezident Ilham Ali\u00fdew Milli Liderimizi m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, Azerba\u00fdjana sapar bilen gelm\u00e4ge \u00e7akylygy kabul edendigi \u00fc\u00e7in ho\u015fallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatna\u015fyklaryny\u0148 baglany\u015fdyr\u00fdandygyny, Azerba\u00fdjany\u0148 we T\u00fcrkmenistany\u0148 sy\u00fdasy-diplomatik, s\u00f6wda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda \u00f6zara b\u00e4hbitli hyzmatda\u015flygy \u00fcst\u00fcnlikli \u00f6sd\u00fcr\u00fd\u00e4ndiklerini belledi hem-de pursatdan pe\u00fddalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan etdi.<br \/>\nGahryman Arkadagymyz Azerba\u00fdjana sapar bilen gelm\u00e4ge \u00e7akylyk hem-de t\u00fcrkmen wekili\u00fdetine bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik \u00fc\u00e7in t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden minnetdarlyk bildirip, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 Prezident Ilham Ali\u00fdewe iberen m\u00e4hirli salamyny \u00fdetirdi.<br \/>\nT\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Azerba\u00fdjana \u015fu gezekki saparyny\u0148 ikitarapla\u00fdyn gatna\u015fyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de \u00f6sd\u00fcrmekden, \u00fdetilen sepgitleri berkitmekden, t\u00e4ze ugurlarda taslamalary amala a\u015fyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny a\u00fdtdy we d\u00f6wletara gatna\u015fyklary\u0148 h\u00e4zirki derejesini\u0148 doganlyk, ho\u015fni\u00fdetli go\u0148\u015fu\u00e7ylyk, hyzmatda\u015flyk ruhuna la\u00fdyk gel\u00fd\u00e4ndigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzy\u0148 belle\u00fd\u015fi \u00fdaly, t\u00fcrkmen we azerba\u00fdjan halklaryny\u0148 umumy taryhy k\u00f6kleri bolup, iki halky\u0148 a\u0148yrsy hem oguzlardan ga\u00fdd\u00fdar. \u00d6zara gatna\u015fyklar berk taryhy bin\u00fdada, iki halky\u0148 ruhy-medeni gymmatlyklaryny\u0148 umumylygyna we garynda\u015flygyna, hyzmatda\u015flygy\u0148 strategik m\u00fcmkin\u00e7iliklerine, iki \u00fdurdu\u0148dyr olary\u0148 halklaryny\u0148 abadan\u00e7ylygyny\u0148 hem-de g\u00fcll\u00e4p \u00f6smegini\u0148 b\u00e4hbidine sy\u00fdasy, ykdysady m\u00fcmkin\u00e7ilikleri g\u00f6n\u00fckdirm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdarlygyna esaslan\u00fdar.<br \/>\nHalk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde iki dostlukly \u00fdurdu\u0148 arasynda d\u00fcrli ugurlar bo\u00fdun\u00e7a hyzmatda\u015flygy mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrmek \u00fc\u00e7in gi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri\u0148 bardygyny bell\u00e4p, taraplary\u0148 tagallalary netijesinde t\u00fcrkmen-azerba\u00fdjan hyzmatda\u015flygyny\u0148 maksada okgunlylygy bilen tapawutlan\u00fdandygyny, \u00fdokary depginler bilen \u00f6s\u00fd\u00e4ndigini hem-de birek-birege hormat go\u00fdmaga, a\u00e7yklyga esaslan\u00fdandygyny a\u00fdtdy. \u201cBizi\u0148 \u00fdurtlarymyzy\u0148 arasynda \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmegi\u0148 hem-de ynany\u015fmagy\u0148 \u00f6r\u00e4n \u00fdokary derejesi munu\u0148 esasy \u015ferti bolup dur\u00fdar. Bu bolsa ikitarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy\u0148 \u00e4hli meseleleri bo\u00fdun\u00e7a gazanylan ylala\u015fyklary\u0148 \u00fderine \u00fdetirilmegine m\u00fcmkin\u00e7ilik ber\u00fd\u00e4r\u00bb di\u00fdip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.<br \/>\nT\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri sy\u00fdasy-diplomatik gatna\u015fyklar barada a\u00fddyp, d\u00fcn\u00fd\u00e4 we sebit meseleleri bo\u00fdun\u00e7a \u00fdurtlarymyzy\u0148 gara\u00fdy\u015flaryny\u0148 me\u0148ze\u015fdigini \u00fda-da gabat gel\u00fd\u00e4ndigini belledi. T\u00fcrkmenistan bilen Azerba\u00fdjan da\u015fary sy\u00fdasatda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Tertipnamasyna hem-de halkara hukugy\u0148 umumy ykrar edilen kadalaryna berk e\u00fder\u00fd\u00e4rler. Iki dostlukly \u00fdurt iri halkara guramalary\u0148, ilkinji nobatda, BMG-ni\u0148, be\u00fdleki sebit d\u00fcz\u00fcmlerini\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00fcst\u00fcnlikli we netijeli hyzmatda\u015flyk ed\u00fd\u00e4rler. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-ni\u0148 Ba\u015f Assamble\u00fdasyny\u0148 78-nji sessi\u00fdasynda hormatly Prezidentimizi\u0148 2025-nji \u00fdyly \u201cHalkara parahat\u00e7ylyk we ynany\u015fmak \u00fdyly\u201d di\u00fdip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy \u00fc\u00e7in azerba\u00fdjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.<br \/>\nT\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatda\u015flyga \u00fcnsi \u00e7ekip, iki \u00fdurdu\u0148 \u00fcsta\u015fyr ulag taslamalaryny\u0148 sebit \u00fc\u00e7in m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetini belledi. \u00d6zara haryt dolany\u015fygyny\u0148 \u00fdylsa\u00fdyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatda\u015flygy\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4ndigi s\u00f6wda-ykdysady ulgamdaky gatna\u015fyklary\u0148 hem netijeli h\u00e4si\u00fdete e\u00fdedigini g\u00f6rkez\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, s\u00f6hbetde\u015fler \u00fdurtlarymyzy\u0148 bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmu\u015fa ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in gi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri\u0148 bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam t\u00fcrkmen-azerba\u00fdjan d\u00f6wletara dialogyny\u0148 d\u00e4p bolan m\u00f6h\u00fcm ugry bolup dur\u00fdar. Bu gatna\u015fyklar iki halky\u0148 dilini\u0148 we dinini\u0148 umumylygyna esaslanyp, h\u00e4zirki wagtda has-da gi\u0148eldil\u00fd\u00e4r.<br \/>\nGahryman Arkadagymyz iki halky\u0148 hem gadymdan gel\u00fd\u00e4n haly\u00e7ylyk sungatyny asyrlary\u0148 dowamynda s\u00fcnn\u00e4l\u00e4p, \u015fu g\u00fcnlere \u00e7enli \u00fdetirip gelendiklerini belledi. \u015ee\u00fdle-de t\u00fcrkmen we azerba\u00fdjan halklaryny\u0148 bedewlere uly sarpa go\u00fd\u00fdandyklaryna, \u00f6zbolu\u015fly at\u015fynaslyk, se\u00e7gi\u00e7ilik d\u00e4plerini dowam etdir\u00fd\u00e4ndiklerine \u00fcnsi \u00e7ekdi. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri iki halky\u0148 Magtymguly, Se\u00fddi, Nyzamy, Fizuly \u00fdaly taryhda uly yz go\u00fdan be\u00fdik \u015fahsy\u00fdetlerini\u0148 edebi mirasyny\u0148 h\u00e4zirki we geljek nesiller \u00fc\u00e7in bahasyna \u00fdetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.<br \/>\nMilli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga m\u00e4t\u00e4\u00e7 \u00e7agalara hema\u00fdat bermek bo\u00fdun\u00e7a ha\u00fdyr-sahawat gaznasyny\u0148 bejeri\u015f i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a wise-prezidenti Oguljahan Ataba\u00fdewa bilen Ge\u00fddar Ali\u00fdew gaznasyny\u0148 wise-prezidenti Le\u00fdla Ali\u00fdewany\u0148 arasynda du\u015fu\u015fygy\u0148 hem ge\u00e7iriljekdigini a\u00fdtdy we onu\u0148 ynsanperwer ulgamdaky ikitarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge \u00fdardam berjekdigine ynam bildirdi. \u015eunu\u0148 bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe aly\u015fmagy\u0148 maksadala\u00fdyk boljakdygyny a\u00fdtdy. Sportu\u0148 g\u00f6re\u015f g\u00f6rn\u00fc\u015fi iki \u00fdurtda-da me\u015fhurdyr. Munu\u0148 \u00f6zi bu ugurdaky hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek \u00fc\u00e7in amatly \u015fertleri d\u00f6red\u00fd\u00e4r.<br \/>\nS\u00f6z\u00fcni\u0148 ahyrynda Milli Liderimiz \u015fu sapary\u0148 T\u00fcrkmenistan bilen Azerba\u00fdjany\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00fdakynla\u015fmagyny\u0148, hyzmatda\u015flygy\u0148 uzak m\u00f6hletli strategi\u00fdasyny durmu\u015fa ge\u00e7irmek babatda ylala\u015fylan \u00e7emele\u015fmeleri i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamagy\u0148 m\u00f6h\u00fcm \u015fertine \u00f6wr\u00fcljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerba\u00fdjan topragynda hemi\u015fe bol\u015fy \u00fdaly, m\u00e4hirli kabul edilendigi \u00fc\u00e7in azerba\u00fdjan tarapyna \u00fdene bir gezek minnetdarlyk bildirip, \u00f6z adyndan, \u015fe\u00fdle-de d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz Serdar Berdimuhamedowy\u0148 adyndan Prezident Ilham Ali\u00fdewi \u00f6zi \u00fc\u00e7in islendik amatly wagtda T\u00fcrkmenistana sapar bilen gelm\u00e4ge \u00e7agyrdy. T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy pursatdan pe\u00fddalanyp, t\u00fcrkmen-azerba\u00fdjan gatna\u015fyklaryny \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge go\u015f\u00fdan \u015fahsy go\u015fandy \u00fc\u00e7in, Prezident Ilham Ali\u00fdewe t\u00fcrkmen halkyny\u0148 adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de o\u0148a azerba\u00fdjan halkyny\u0148 abadan\u00e7ylygyny\u0148, rowa\u00e7lygyny\u0148 b\u00e4hbidine alyp bar\u00fdan d\u00f6wlet i\u015finde uly \u00fcst\u00fcnlikleri arzuw etdi.<br \/>\nPrezident Ilham Ali\u00fdew \u00e7akylygy we ho\u015fni\u00fdetli s\u00f6zleri \u00fc\u00e7in Gahryman Arkadagymyza ho\u015fallyk bildirip, azerba\u00fdjan tarapyny\u0148 d\u00e4p bolan dostlukly gatna\u015fyklary, netijeli hyzmatda\u015flygy mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.<\/p>\n<p><strong>Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 milli parlamentini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy bilen du\u015fu\u015fyk ge\u00e7irildi<\/strong><br \/>\n\u015eol g\u00fcn iki \u00fdurdu\u0148 wekili\u00fdetlerini\u0148 gatna\u015fmagynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 Milli Mejlisini\u0148 Ba\u015flygy Sahiba Gafarowany\u0148 arasynda du\u015fu\u015fyk ge\u00e7irildi.<br \/>\nSahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, \u015fu du\u015fu\u015fygy\u0148 d\u00f6wletara gatna\u015fyklary, \u015fol sanda parlamentler derejesind\u00e4ki hyzmatda\u015flygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol 2022-nji \u00fdylda T\u00fcrkmenistana amala a\u015fyran saparyny \u00fdakymly du\u00fdgular bilen \u00fdatla\u00fdandygyny a\u00fdtdy we pursatdan pe\u00fddalanyp, saparyny\u0148 dowamynda T\u00fcrkmenistany\u0148 \u00abHyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge go\u015fandy \u00fc\u00e7in\u00bb ordeni bilen sylaglanandygy \u00fc\u00e7in \u00fdene-de bir gezek ho\u015fallygyny be\u00fdan etdi. \u015ee\u00fdle hem dostlukly \u00fdurdu\u0148 milli parlamentini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy Azerba\u00fdjan bilen T\u00fcrkmenistany\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklary\u0148 h\u00e4zirki \u00fdokary derejesini bell\u00e4p, iki \u00fdurdu\u0148 halklaryny dili\u0148, medeni\u00fdeti\u0148, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny\u0148 umumylygyny\u0148 baglany\u015fdyr\u00fdandygyny a\u00fdtdy. \u015eunu\u0148 bilen birlikde, \u00fdokary derejed\u00e4ki \u00f6zara saparlary\u0148 d\u00f6wletara gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcrmekd\u00e4ki m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetine \u00fcns \u00e7ekildi.<br \/>\nSahiba Gafarowa Bitarap \u00fdurt h\u00f6km\u00fcnde amala a\u015fyr\u00fdan parahat\u00e7ylyk d\u00f6redijilikli da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 T\u00fcrkmenistana halkara gi\u0148i\u015flikde uly abra\u00fd getir\u00fd\u00e4ndigini belledi we \u00f6z \u00fdurduny\u0148 doganlyk T\u00fcrkmenistan bilen gatna\u015fyklara \u00fdokary baha ber\u00fd\u00e4ndigini a\u00fdtdy.<br \/>\nT\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik we m\u00e4hirli gar\u015fylanandyklary \u00fc\u00e7in t\u00fcrkmen wekili\u00fdetini\u0148 adyndan t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden minnetdarlyk bildirip, \u015fu du\u015fu\u015fygy\u0148 t\u00fcrkmen-azerba\u00fdjan doganlyk gatna\u015fyklaryny, \u015fol sanda iki \u00fdurdu\u0148 parlamentlerini\u0148 arasynda hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmek hakynda \u00c4htnama la\u00fdyklykda alnyp baryl\u00fdan parlament diplomati\u00fdasy bo\u00fdun\u00e7a hyzmatda\u015flygy berkitm\u00e4ge m\u00f6h\u00fcm itergi berjekdigine ynam bildirdi.<br \/>\nMilli Liderimiz T\u00fcrkmenistan bilen Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 arasynda uzak \u00fdyllary\u0148 dowamynda \u00fdola go\u00fdlan k\u00f6pugurly gatna\u015fyklary\u0148 strategik h\u00e4si\u00fdetini belledi. \u015eunda parlamentara dialogy \u00f6sd\u00fcrmekde \u00fdurtlarymyzy\u0148 Mejlislerinde d\u00f6redilen dostluk toparlaryna m\u00f6h\u00fcm ornu\u0148 degi\u015flidigi, olary\u0148 yzygiderli du\u015fu\u015fyklaryny ge\u00e7irmegi\u0148 zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz h\u00e4zirki wagtda parahat\u00e7ylygy goramakda, howpsuzlygy \u00fcpj\u00fcn etmekde, hormat go\u00fdmak dialogyny\u0148 medeni\u00fdetini dikeltmekde parlamentleri\u0148 wajyp ornuny bell\u00e4p, T\u00fcrkmenistany\u0148 we Azerba\u00fdjany\u0148 parlament wekillerini\u0148 bilelikde bu maksatlara \u00fdetm\u00e4ge, h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde \u00e4hlumumy g\u00fcn tertibinde duran meseleleri\u0148 \u00fcst\u00fcnde i\u015flem\u00e4ge uly go\u015fantlaryny go\u015fjakdygyna ynam bildirdi. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri parlamentara dialogy\u0148, gender de\u0148ligini\u0148, zenanlar we \u00fda\u015flar diplomati\u00fdasyny\u0148 m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetine \u00fcnsi \u00e7ekdi. Gahryman Arkadagymyz azerba\u00fdjan parlamentarilerine t\u00fcrkmen k\u00e4rde\u015fleri bilen bilelikde bu ugurlarda \u00f6zara hyzmatda\u015flyk etmegi\u0148 usullaryny i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamagy teklip etdi hem-de taraplary\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli tejribesini\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de bilelikd\u00e4ki i\u015flerde pe\u00fddalanylmagyny\u0148 maksadala\u00fdyk boljakdygyny a\u00fdtdy.<br \/>\nT\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy ikitarapla\u00fdyn medeni, ylym-bilim hyzmatda\u015flygyny pugtalandyrmak \u00fc\u00e7in gi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri\u0148 bardygyna ynam bildirip, iki \u00fdurdu\u0148 parlamentlerini\u0148 howandarlygynda T\u00fcrkmenistany\u0148 we Azerba\u00fdjany\u0148 \u00fda\u015flaryny\u0148 ylym we bilim forumlaryny guramak m\u00fcmkin\u00e7iligine seretmegi teklip etdi. Hormatly Arkadagymyz T\u00fcrkmenistany\u0148 we Azerba\u00fdjany\u0148 doganlyk d\u00f6wletlerdigini, halklarymyzy di\u0148e bir geografi\u00fdany\u0148 d\u00e4l, e\u00fdsem, umumy taryhy\u0148, dili\u0148, medeni\u00fdetleri\u0148, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny\u0148 \u00fdakynlygyny\u0148 hem baglany\u015fdyr\u00fdandygyny, bu be\u00fdik mirasy pe\u00fddalanmagy\u0148 parlament wekillerini\u0148 g\u00f6n\u00fcden-g\u00f6ni wezipesi bolup dur\u00fdandygyny bell\u00e4p, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri h\u00f6km\u00fcnde mundan be\u00fdl\u00e4k-de d\u00f6wletara gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcrmek, t\u00fcrkmen we azerba\u00fdjan halklaryny asyrlary\u0148 dowamynda baglany\u015fdyryp gel\u00fd\u00e4n gatna\u015fyklary berkitmek \u00fc\u00e7in \u00e4hli tagallalary etm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardygyny tassyklady.<br \/>\nDostlukly \u00fdurdu\u0148 parlamentini\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysy Gahryman Arkadagymyzy\u0148 be\u00fdan eden tekliplerini\u0148 m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetine \u00fcnsi \u00e7ekip, azerba\u00fdjan tarapyny\u0148 kanun \u00e7ykaryjy edaralaryny\u0148 ugry bo\u00fdun\u00e7a T\u00fcrkmenistan bilen hyzmatda\u015flygy mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrmegi maksat edin\u00fd\u00e4ndigini nygtady.<br \/>\nG\u00fcn\u00fc\u0148 ikinji \u00fdarymynda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedowy\u0148 Kawkaz musulmanlaryny\u0148 m\u00fcdiri\u00fdetini\u0148 ba\u015flygy \u015ee\u00fdh-ul-islam Allah\u015fukur Pa\u015fazade bilen du\u015fu\u015fygy boldy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>16-njy i\u00fdulda Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 Prezidentini\u0148 \u201cZagulba\u201d k\u00f6\u015fg\u00fcnde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerba\u00fdjan Respublikasyny\u0148 Prezidenti Ilham Ali\u00fdewi\u0148 arasynda geple\u015fikler ge\u00e7irildi. Prezident Ilham Ali\u00fdew Milli Liderimizi m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, Azerba\u00fdjana sapar bilen gelm\u00e4ge \u00e7akylygy kabul edendigi \u00fc\u00e7in ho\u015fallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatna\u015fyklaryny\u0148 baglany\u015fdyr\u00fdandygyny, Azerba\u00fdjany\u0148 we T\u00fcrkmenistany\u0148 sy\u00fdasy-diplomatik, s\u00f6wda-ykdysady, energetika, [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":140612,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/140611"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=140611"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/140611\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":140613,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/140611\/revisions\/140613"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/140612"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=140611"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=140611"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=140611"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}