{"id":142822,"date":"2025-08-09T12:48:54","date_gmt":"2025-08-09T07:48:54","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=142822"},"modified":"2025-08-09T12:48:54","modified_gmt":"2025-08-09T07:48:54","slug":"bmg-nin-wekilcilikli-forumy-oz-isini-tamamlady","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=142822","title":{"rendered":"BMG-ni\u0148 wekil\u00e7ilikli forumy \u00f6z i\u015fini tamamlady"},"content":{"rendered":"<p>8-nji awgustda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 De\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler bo\u00fdun\u00e7a \u00fc\u00e7\u00fcnji maslahatyny\u0148 jemle\u00fdji plenar mejlisi ge\u00e7irildi. Mejlisi\u0148 i\u015fine D\u00c7B\u00d6BD-ni\u0148, halkara guramalary\u0148 \u00fdokary wezipeli wekilleri, hususy pudagy\u0148 we ra\u00fdat jemgy\u00fdetini\u0148 wekilleri gatna\u015fdylar.<\/p>\n<p>Onu\u0148 dowamynda halkara maslahaty\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7irilen forumlary\u0148 hem-de \u00fdokary derejeli \u201ctegelek stolu\u0148\u201d ba\u015fyndaky s\u00f6hbetde\u015flikleri\u0148 netijeleri barada hasabatlar di\u0148lenildi, Awaza sy\u00fdasy Jarnamasyny\u0148 taslamasyna garaldy we Hereketleri\u0148 Awaza maksatnamasy yglan edildi.<\/p>\n<p>Ilki bilen, s\u00f6wda amallaryny \u00fde\u0148ille\u015fdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny d\u00f6wrebapla\u015fdyrmak, ma\u00fda go\u00fdumlary \u00e7ekmek, sebit integrasi\u00fdasy, howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegine u\u00fdgunla\u015fmak, \u00fdokary tehnologi\u00fdalar, innowasi\u00fdalar bilen baglany\u015fykly meselelere bagy\u015flanan mowzukla\u00fdyn \u201ctegelek stolu\u0148\u201d ba\u015fyndaky s\u00f6hbetde\u015flikleri\u0148 netijeleri di\u0148lenildi.<\/p>\n<p>Maslahaty\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7irilen forumlar baradaky hasabatlara a\u00fdratyn \u00fcns berildi. Mejlise gatna\u015fyjylar bu forumlary\u0148 d\u00f6wlet d\u00fcz\u00fcmlerini\u0148, hususy pudagy\u0148, \u00fda\u015flary\u0148, parlamentarileri\u0148 we ra\u00fdat jemgy\u00fdetini\u0148 arasyndaky dialog \u00fc\u00e7in netijeli me\u00fddan\u00e7a bolandygyny, ma\u00fda go\u00fdumlardyr innowasi\u00fdalar \u00fc\u00e7in t\u00e4ze m\u00fcmkin\u00e7ilikleri \u00fd\u00fcze \u00e7ykarmaga \u015fert d\u00f6redendigini nygtadylar.<\/p>\n<p>So\u0148ra Awaza sy\u00fdasy Jarnamasyny\u0148 taslamasyna garaldy. Bu resminama D\u00c7B\u00d6BD-ni\u0148 \u00fd\u00fczbe-\u00fd\u00fcz bol\u00fdan meselelerini \u00e7\u00f6zm\u00e4ge toplumla\u00fdyn \u00e7emele\u015fm\u00e4ni be\u00fdan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, s\u00f6wdany \u00f6sd\u00fcrmek, howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegine u\u00fdgunla\u015fmak, institusional m\u00fcmkin\u00e7ilikleri pugtalandyrmak bo\u00fdun\u00e7a anyk \u00e7\u00e4releri \u00f6z\u00fcnde jemle\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Mejlise gatna\u015fyjylar Jarnamany ylala\u015fmagy\u0148 hem-de onu\u0148 milli we halkara derejede netijeli durmu\u015fa ge\u00e7irilmegini \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in \u00f6z wagtynda kabul edilmegini\u0148 m\u00f6h\u00fcmdigini nygtadylar.<\/p>\n<p>So\u0148ra mejlisi\u0148 g\u00fcn tertibini\u0148 degi\u015fli bendine la\u00fdyklykda, maslahaty\u0148 hasabaty tassyklanyldy. Mejlise gatna\u015fyjylar hasabaty\u0148 BMG-ni\u0148 De\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler bo\u00fdun\u00e7a \u00fc\u00e7\u00fcnji maslahatyny\u0148 esasy netijelerini hem-de maslahatlaryny be\u00fdan ed\u00fd\u00e4ndigini, \u00fdurtlary\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flygy\u0148 we ra\u00fdda\u015flygy\u0148 \u00fdokary derejesini g\u00f6rkez\u00fd\u00e4ndigini tassykladylar.<\/p>\n<p>Mejlisi\u0148 jemle\u00fdji b\u00f6legi maslahaty\u0148 \u00fdapyly\u015fyna bagy\u015flandy. D\u00f6wletleri\u0148 we halkara guramalary\u0148 wekilleri jemle\u00fdji be\u00fdannamalarynda \u00e7\u00e4r\u00e4ni\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesi \u00fc\u00e7in t\u00fcrkmen tarapyna ho\u015fallyklaryny bildirdiler.<\/p>\n<p>BMG-ni\u0148 Ba\u015f sekretaryny\u0148 orunbasary, az derejede \u00f6sen, de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler hem-de ki\u00e7i ada d\u00f6wletler bo\u00fdun\u00e7a \u00ddokary wekili Rabab Fatima \u00f6z \u00e7yky\u015fynda maslahaty\u0148 \u00fdokary gurama\u00e7ylyk derejesi we bildirilen myhmans\u00f6\u00fderlik \u00fc\u00e7in T\u00fcrkmenistany\u0148 H\u00f6k\u00fcmetine hem-de halkyna ho\u015fallygyny be\u00fdan etdi. \u015ee\u00fdle-de ol T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa maslahaty a\u00e7yp, onu\u0148 \u00fcst\u00fcnlikli ge\u00e7irilmegini \u00fcpj\u00fcn edendigi \u00fc\u00e7in a\u00fdratyn ho\u015fallyk bildirdi.<\/p>\n<p>Rabab Fatima maslahaty\u0148 de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler \u00fc\u00e7in t\u00e4ze m\u00fcmkin\u00e7ilikleri a\u00e7\u00fdandygyny bell\u00e4p, Hereketleri\u0148 Awaza maksatnamasynda, Awaza sy\u00fdasy Jarnamasynda bu \u00fdurtlarda durnukly \u00f6s\u00fc\u015fi \u00fcpj\u00fcn etmek \u00fc\u00e7in anyk \u00e7\u00e4releri\u0148 hem-de \u00e7\u00f6zg\u00fctleri\u0148 be\u00fdan edil\u00fd\u00e4ndigini a\u00fdtdy. \u015ee\u00fdle-de ol agzalan maksatnamany\u0148 anyk netijelere getirmegi \u00fc\u00e7in BMG-ni\u0148 halkara we sebit guramalary, be\u00fdleki gyzyklanma bildir\u00fd\u00e4n taraplar bilen mundan be\u00fdl\u00e4k-de hyzmatda\u015flyk etm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardygyny tassyklap, foruma gatna\u015fyjylary\u0148 \u00e4hlisine ho\u015fallyk bildirdi.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistany\u0148 Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 Orunbasary, Da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow maslahaty\u0148 dowamynda de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletleri\u0148 sy\u00fdasy erk, k\u00f6ptarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flyk, umumy jogapk\u00e4r\u00e7ilik arkaly \u00f6zlerini\u0148 geografik p\u00e4sgel\u00e7iliklerini \u00fde\u0148ip ge\u00e7m\u00e4ge we sebit hem-de \u00e4hlumumy \u00f6s\u00fc\u015fi\u0148 hereketlendiriji g\u00fc\u00fdji bolmaga ukyplydyklaryny g\u00f6rkezendiklerini belledi.<\/p>\n<p>Kabul edilen hem-de yglan edilen iki m\u00f6h\u00fcm resminamany\u0148 geljek on \u00fdylda umumy tagallalar \u00fc\u00e7in \u00ddol kartasy bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. 2024-2034-nji \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Hereketleri\u0148 Awaza maksatnamasynda \u00fcsta\u015fyr ulag ulgamlaryny k\u00e4mille\u015fdirmek, ykdysady\u00fdetleri diwersifikasi\u00fdala\u015fdyrmak, sanly \u00f6zgertmeleri tizle\u015fdirmek, howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegine durnuklylygy \u00fdokarlandyrmak, ma\u00fda go\u00fdumlary \u00e7ekmek, de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00e4hli \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletlerde inkl\u00fduziw hem-de durnukly \u00f6s\u00fc\u015f \u00fc\u00e7in bin\u00fdat d\u00f6retmek bo\u00fdun\u00e7a anyk \u00e7\u00e4reler be\u00fdan edil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Awaza sy\u00fdasy Jarnamasy jebisligi\u0148 we ra\u00fdda\u015flygy\u0148 be\u00fdan edilmegi bolmak bilen, BMG-ni\u0148 durnukly \u00f6s\u00fc\u015f ulgamynda 2030-njy \u00fdyla \u00e7enli d\u00f6w\u00fcr \u00fc\u00e7in G\u00fcn tertibini durmu\u015fa ge\u00e7irm\u00e4ge, k\u00f6ptarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge, de\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletleri\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 ykdysady\u00fdetine doly go\u015fuly\u015fmagyny \u00fcpj\u00fcn etm\u00e4ge umumy ygrarlylygy tassykla\u00fdar.<\/p>\n<p>BMG-ni\u0148 De\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler bo\u00fdun\u00e7a \u00fc\u00e7\u00fcnji maslahatyny\u0148 jemle\u00fdji plenar mejlisi resmi ta\u00fddan \u00fdapyk di\u00fdlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleri\u0148 Awaza maksatnamasyny\u0148 milli we \u00e4hlumumy derejede durmu\u015fa ge\u00e7irilmegini\u0148 t\u00e4ze tapgyryny\u0148 ba\u015flan\u00fdandygyny alamatlandyrdy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>8-nji awgustda Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 De\u0148ze \u00e7ykalgasy bolmadyk \u00f6s\u00fcp bar\u00fdan d\u00f6wletler bo\u00fdun\u00e7a \u00fc\u00e7\u00fcnji maslahatyny\u0148 jemle\u00fdji plenar mejlisi ge\u00e7irildi. Mejlisi\u0148 i\u015fine D\u00c7B\u00d6BD-ni\u0148, halkara guramalary\u0148 \u00fdokary wezipeli wekilleri, hususy pudagy\u0148 we ra\u00fdat jemgy\u00fdetini\u0148 wekilleri gatna\u015fdylar. Onu\u0148 dowamynda halkara maslahaty\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7irilen forumlary\u0148 hem-de \u00fdokary derejeli \u201ctegelek stolu\u0148\u201d ba\u015fyndaky s\u00f6hbetde\u015flikleri\u0148 netijeleri barada hasabatlar di\u0148lenildi, Awaza sy\u00fdasy Jarnamasyny\u0148 taslamasyna [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":142856,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/142822"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=142822"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/142822\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":142857,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/142822\/revisions\/142857"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/142856"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=142822"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=142822"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=142822"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}