{"id":154833,"date":"2025-12-20T09:50:19","date_gmt":"2025-12-20T04:50:19","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=154833"},"modified":"2025-12-20T09:50:19","modified_gmt":"2025-12-20T04:50:19","slug":"turkmenistanyn-prezidentinin-yapon-turkmen-parlamentara-dostluk-toparynyn-baslygy-bilen-dususygy","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=154833","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 \u00ddapon-t\u00fcrkmen parlamentara dostluk toparyny\u0148 ba\u015flygy bilen du\u015fu\u015fygy"},"content":{"rendered":"<p>19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow \u00ddaponi\u00fda i\u015f saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00ddapon-t\u00fcrkmen parlamentara dostluk toparyny\u0148 ba\u015flygy Endo To\u015fiaki bilen du\u015fu\u015fdy.<br \/>\nEndo To\u015fiaki belent mertebeli myhmany m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, so\u0148ky \u00fdyllarda t\u00fcrkmen-\u00fdapon gatna\u015fyklaryny\u0148 yzygiderli sy\u00fdasy dialogy\u0148 netijesinde t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykandygyny belledi hem-de d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 \u015fu gezekki saparyny\u0148 ikitarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flykda m\u00f6h\u00fcm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. \u015ee\u00fdle-de ol \u00ddaponi\u00fda bilen T\u00fcrkmenistany\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklary \u00f6sd\u00fcrmekde t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Liderini\u0148 \u00e4girt uly go\u015fandyny belledi we pursatdan pe\u00fddalanyp, Gahryman Arkadagymyza m\u00e4hirli salamyny be\u00fdan etdi.<br \/>\nEndo To\u015fiaki hormatly Prezidentimizi\u0148 \u015fu \u00fdyly\u0148 aprelinde \u00ddaponi\u00fda amala a\u015fyran saparyny\u0148 dowamynda ge\u00e7iren du\u015fu\u015fyklaryny \u00fdakymly du\u00fdgular bilen \u00fdatla\u00fdandygyny a\u00fddyp, \u201cEKSPO \u2014 2025\u201d B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 sergisinde T\u00fcrkmenistany\u0148 milli pawil\u00fdonyny\u0148 uly \u00fcns \u00e7ekendigini we sergini\u0148 i\u0148 gelim-gidimli \u00fderlerini\u0148 biri bolandygyny belledi. Ol pursatdan pe\u00fddalanyp, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy T\u00fcrkmenistany\u0148 hemi\u015felik Bitaraplygyny\u0148 30 \u00fdyllygy bilen t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden gutlady.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz ho\u015fni\u00fdetli s\u00f6zler \u00fc\u00e7in minnetdarlyk bildirip, t\u00fcrkmen-\u00fdapon gatna\u015fyklaryny\u0148 birek-birege hormat go\u00fdmak, de\u0148hukuklylyk, \u00f6zara b\u00e4hbitlilik \u00fd\u00f6relgelerine esaslan\u00fdandygyny, T\u00fcrkmenistany\u0148 onu\u0148 mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrilmegine uly \u00e4hmi\u00fdet ber\u00fd\u00e4ndigini belledi.<br \/>\nH\u00e4zirki wagtda \u00fdurtlarymyzy\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flyk \u00fdokary derejesi bilen tapawutlan\u00fdar. \u015eunda parlament diplomati\u00fdasyna m\u00f6h\u00fcm orun degi\u015flidir. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz parlamentara gatna\u015fyklary\u0148 T\u00fcrkmenistan bilen \u00ddaponi\u00fdany\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flygy\u0148 wajyp ugurlaryny\u0148 biri bolup dur\u00fdandygyny nygtady. Parlamentara dostluk toparlaryny\u0148 yzygiderli du\u015fu\u015fyklary kanun \u00e7ykaryjylyk edaralaryny\u0148 arasyndaky i\u015fje\u0148 we netijeli \u00f6zara hereketleri\u0148 a\u00fddy\u0148 mysalydyr.<br \/>\nNygtaly\u015fy \u00fdaly, T\u00fcrkmenistan parahat\u00e7ylygy\u0148, hyzmatda\u015flygy\u0148 we \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmegi\u0148 esasy guraly h\u00f6km\u00fcnde parlament diplomati\u00fdasyny\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegi ugrunda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzy\u0148 2022-nji \u00fdyly\u0148 sent\u00fdabrynda \u00ddaponi\u00fda amala a\u015fyran saparyny\u0148 dowamynda A\u015fgabatda Merkezi Azi\u00fda \u00fdurtlaryny\u0148 we \u00ddaponi\u00fdany\u0148 parlamentara forumyny ge\u00e7irmek barada \u00f6\u0148e s\u00fcren ba\u015flangyjyny\u0148 \u00e4hmi\u00fdetine \u00fcns \u00e7ekildi. Hormatly Prezidentimiz ikitarapla\u00fdyn gatna\u015fyklarda durnukly, uzak m\u00f6hletle\u00fdin, \u00f6zara b\u00e4hbitli h\u00e4si\u00fdete e\u00fde bolan ykdysady hyzmatda\u015flyga uly ornu\u0148 degi\u015flidigini a\u00fddyp, \u00fdapon kompani\u00fdalaryny\u0148 T\u00fcrkmenistany\u0148 ykdysady \u00f6s\u00fc\u015fine go\u015f\u00fdan go\u015fandyny belledi. \u015ee\u00fdle hem medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, saglygy gora\u00fdy\u015f, bilim, medeni\u00fdet ugurlaryna m\u00f6h\u00fcm orun degi\u015flidir.<br \/>\nEndo To\u015fiaki \u00ddaponi\u00fda bilen T\u00fcrkmenistany\u0148 arasyndaky parlamentara hyzmatda\u015flygy\u0148 k\u00f6pugurly d\u00f6wletara gatna\u015fyklary \u00e7u\u0148la\u015fdyrmak \u00fc\u00e7in ygtybarly hukuk we sy\u00fdasy bin\u00fdady \u00fcpj\u00fcn ed\u00fd\u00e4ndigini a\u00fddyp, parlamentara dostluk toparlaryny\u0148 alyp bar\u00fdan i\u015fini\u0148 kanun \u00e7ykaryjylyk ulgamynda \u00f6\u0148debaryjy tejrib\u00e4ni aly\u015fmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer ba\u015flangy\u00e7lary durmu\u015fa ge\u00e7irm\u00e4ge, halkara gi\u0148i\u015flikde tagallalary utga\u015fdyrmaga hem \u00fdardam ber\u00fd\u00e4ndigini belledi.<br \/>\nDu\u015fu\u015fygy\u0148 ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we \u00ddapon-t\u00fcrkmen parlamentara dostluk toparyny\u0148 ba\u015flygy Endo To\u015fiaki d\u00e4p bolan dostlukly t\u00fcrkmen-\u00fdapon gatna\u015fyklaryny\u0148 iki \u00fdurdu\u0148 halklaryny\u0148 abadan\u00e7ylygyny\u0148 b\u00e4hbidine mundan be\u00fdl\u00e4k-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege i\u0148 gowy arzuwlaryny be\u00fdan etdiler.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow \u00ddaponi\u00fda i\u015f saparyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u00ddapon-t\u00fcrkmen parlamentara dostluk toparyny\u0148 ba\u015flygy Endo To\u015fiaki bilen du\u015fu\u015fdy. Endo To\u015fiaki belent mertebeli myhmany m\u00e4hirli m\u00fcb\u00e4rekl\u00e4p, so\u0148ky \u00fdyllarda t\u00fcrkmen-\u00fdapon gatna\u015fyklaryny\u0148 yzygiderli sy\u00fdasy dialogy\u0148 netijesinde t\u00e4ze derej\u00e4 \u00e7ykandygyny belledi hem-de d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 \u015fu gezekki saparyny\u0148 ikitarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flykda m\u00f6h\u00fcm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. \u015ee\u00fdle-de ol \u00ddaponi\u00fda bilen [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":154835,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/154833"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=154833"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/154833\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":154837,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/154833\/revisions\/154837"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/154835"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=154833"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=154833"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=154833"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}