{"id":161864,"date":"2026-03-10T18:08:36","date_gmt":"2026-03-10T13:08:36","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=161864"},"modified":"2026-03-10T18:08:36","modified_gmt":"2026-03-10T13:08:36","slug":"sizin-ucin-korpeler-geplesigi-bilen-adygan","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=161864","title":{"rendered":"\u201cSizi\u0148 \u00fc\u00e7in, k\u00f6rpeler!\u201d geple\u015figi bilen adygan"},"content":{"rendered":"<p>Men 4-5 \u00fda\u015flyja \u00e7aga wagtym telewideni\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00e7agalar b\u00f6l\u00fcminde ta\u00fd\u00fdarlan\u00fdan \u201cSizi\u0148 \u00fc\u00e7in, k\u00f6rpeler!\u201d atly geple\u015fik toma\u015fa\u00e7ylar tarapyndan gyzgyn gar\u015fy alnyp, s\u00f6\u00fdl\u00fcp g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n geple\u015fikdi. Bu geple\u015fige di\u0148e \u00e7agalar d\u00e4l, e\u00fdsem, uly \u00fda\u015fly adamlar hem sabyrsyzlyk bilen gara\u015fyp, uly h\u00f6wes bilen toma\u015fa ed\u00fd\u00e4rdiler. Geple\u015figi\u0148 alypbaryjysy A\u00fdsoltan Begenjowa bilen ha\u00fdwanjyklary\u0148 arasynda bol\u00fdan gyzykly g\u00fcrr\u00fc\u0148ler \u00e7agalara mahsus bolup, toma\u015fa\u00e7yny \u00f6z\u00fcne \u00e7ek\u00fd\u00e4rdi. Men A\u015fgabat \u015f\u00e4herind\u00e4ki 25-nji \u00e7agalar bakja-bagynda terbi\u00fdelen\u00fd\u00e4rdim. \u015eol wagtlar meni\u0148 kakam \u201cSizi\u0148 \u00fc\u00e7in, k\u00f6rpeler!\u201d atly geple\u015fikde Alaba\u00fd atly g\u00fcj\u00fcjegi o\u00fdnadyp hem ses berip \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4rdi.<\/p>\n<p>Men bir g\u00fcn kakama \u00e7agalar bagynda \u201cB\u00f6wenjik\u201d atly ertekini \u00f6wrenendigimi a\u00fddyp, ertekini g\u00fcrr\u00fc\u0148 berdim. Kakam \u201cberekellamy\u201d \u00fdetirip, \u201c\u015eol ertekini mawy ekranda \u00e7agalara g\u00fcrr\u00fc\u0148 berip bilermi\u0148?\u201d di\u00fdip sorady. \u201cHawa, g\u00fcrr\u00fc\u0148 bererin\u201d di\u00fddim. Bir g\u00fcn kakam A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni alyp \u00e7agalar bagyna geldi. Men \u015fonda \u201cB\u00f6wenjik\u201d atly ertekini sakynman g\u00fcrr\u00fc\u0148 berdim. A\u00fdsoltan gelneje \u201cberekellamy\u201d \u00fdetirdi. \u015ee\u00fddip men ilkinji gezek \u201cmawy ekranda\u201d \u00e7yky\u015f edipdim.<\/p>\n<p>\u015eol geple\u015fikde Alaba\u00fddan ba\u015fga-da Tow\u015fanjyk, Tilkijik, Kirpijik, K\u00f6\u015fejik, Garag\u00f6z \u00fdaly ha\u00fdwanjyklary\u0148 \u00fcsti bilen k\u00f6rpelere edep-terbi\u00fde, \u00f6w\u00fct-\u00fcndew berlip, olary\u0148 Watana, ene-atalaryna wepaly oglan-gyzlar bolup \u00fdeti\u015fmekleri hakynda s\u00f6hbet a\u00e7yl\u00fdardy. Umuman, alypbaryjy bilen gurjaklary\u0148 arasynda terbi\u00fdele\u00fdji \u00e4he\u0148d\u00e4ki g\u00fcrr\u00fc\u0148ler gid\u00fd\u00e4rdi. Meni\u0148 \u00e7aga kalbymy bu\u00fdsandyran zat bolsa kakamy\u0148 \u015fol geple\u015fige Alaba\u00fd atly g\u00fcj\u00fcjek bilen \u00f6z go\u015fandyny go\u015f\u00fdanlygy bolupdy. \u015eol pursatlar a\u0148ymda \u00fdatlama bolup galdy. \u015eonu\u0148 \u00fc\u00e7in mende T\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan medeni\u00fdet i\u015fg\u00e4ri A\u00fdsoltan Begenjowa bilen du\u015fu\u015fyp, onu\u0148 h\u00e4zirki ykbaly, durmu\u015f we d\u00f6redijilik \u00fdoly hakynda okyjylar k\u00f6p\u00e7\u00fcligine \u00fdetirmek h\u00f6wesi d\u00f6redi.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan Begenjowa 1963-nji \u00fdyly\u0148 27-nji \u00fdanwarynda A\u015fgabat \u015f\u00e4herinde d\u00fcn\u00fd\u00e4 in\u00fd\u00e4r. Ol orta bilimi A\u015fgabady\u0148 \u00f6\u0148ki 29-njy orta mekdebinde al\u00fdar. Entek mekdepde okap \u00fd\u00f6rk\u00e4, okuwdan bo\u015f wagtlaryny telewideni\u00fdede ge\u00e7iripdir. Olary\u0148 \u00f6\u00fdleri \u00f6\u0148ki \u201c8-nji mart\u201d di\u00fdlip atlandyrylan \u00fderi\u0148 ba\u00fdyrlygyndan telewideni\u00fd\u00e4 bar\u00fdan \u00fdolu\u0148 ugrunda \u00fderle\u015fipdir. \u015eol \u00fdoldan bolsa her g\u00fcn di\u00fden \u00fdaly tanymal sungat ussatlarydyr me\u015fhur medeni\u00fdet i\u015fg\u00e4rleri ge\u00e7er eken. Olary g\u00f6zleri bilen yzarlap gar\u015fyla\u00fdan hem yzlaryna ugrad\u00fdan onlar\u00e7a oglan-gyzlary\u0148 arasynda na\u015fyja A\u00fdsoltan halypa alypbaryjylara, d\u00f6redijilik i\u015fg\u00e4rlerine h\u00f6wes bilen salam berer eken.<\/p>\n<p>Entek 7-8 \u00fda\u015flaryndaky \u00e7aga wagty telewideni\u00fdede ir d\u00f6w\u00fcrler ta\u00fd\u00fdarlanyp \u00fda\u00fdlymda g\u00f6rkezil\u00fd\u00e4n \u201cDana babany\u0148 ertekisi\u201d atly \u00e7agalara ni\u00fdetlenen geple\u015fikde bir topar de\u0148-du\u015flary bilen bilelikde di\u0148le\u00fdji bolup studi\u00fdada oturmagy onu\u0148 sungata ma\u00fdyl bolmagyna seb\u00e4p bolupdyr. \u00c7agalykdan ba\u015flap telewideni\u00fd\u00e4ni\u0148 i\u015fine h\u00f6wes etmegi onda t\u00fcrkmen medeni\u00fdetine we sungatyna \u00e7\u00e4ksiz s\u00f6\u00fdgini o\u00fdarypdyr.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltany\u0148 ykbalyny sungata, telewideni\u00fd\u00e4 baglamagyna k\u00e4besi \u015eekil en\u00e4ni\u0148 hem k\u00f6megi az bolmandyr. Onu\u0148 ejesi adyna mynasyp g\u00f6rmege\u00fd zenan bolup, elinden d\u00fcr d\u00f6k\u00fcl\u00fd\u00e4r eken. \u015eekil ene nahar bi\u015firmegi\u0148em ussady bolupdyr. Ol gyzy A\u00fdsoltany\u0148 ba\u015f go\u015fan k\u00e4rine \u00f6z\u00fcni\u0148 enelik yhlasy bilen guwanyp, gyzyny\u0148 kesbinden kemal tapmagyny, sa\u00fdlan h\u00fcn\u00e4ri bilen at-abra\u00fda e\u00fde bolmagyny t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden isl\u00e4pdir.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan Begenjowa 1980-1985-nji \u00fdyllarda dil\u00e7i we mugallym\u00e7ylyk h\u00fcn\u00e4ri bo\u00fdun\u00e7a \u00fdokary bilim al\u00fdar. Emma ol t\u00fcrkmen telewideni\u00fdesinden \u00f6rk\u00fcni \u00fczme\u00fd\u00e4r. \u015ee\u00fddibem \u00fd\u00f6rite h\u00f6d\u00fcrnama bo\u00fdun\u00e7a telewideni\u00fd\u00e4 i\u015fe \u00e7agyryl\u00fdar.<\/p>\n<p>1982-nji \u00fdylda t\u00fcrkmen telewideni\u00fdesinde k\u00f6p sanly halypalary\u0148 tagallasy bilen \u201cSizi\u0148 \u00fc\u00e7in, k\u00f6rpeler!\u201d atly geple\u015fik ta\u00fd\u00fdarlanyp, \u00fda\u00fdlymda g\u00f6rkezilip ba\u015flan\u00fdar. Bu geple\u015figi\u0148 \u015fowly \u00e7ykmagy \u00fc\u00e7in gurjaklary hereketlendirip hem ses berip go\u015fant go\u015fanlar, K\u00f6\u015fejik \u2013 Gurbannazar Atakga\u00fdew, Tow\u015fanjyk \u2013 Altyn Hoja\u00fdewa, Ene Ba\u00fdramberdi\u00fdewa, Ejeba\u00fd Kasymowa, Tilkijik \u2013 Nurt\u00e4\u00e7 M\u00e4mmet\u00fdarowa, Garag\u00f6z \u2013 Annamyrat Saparmuhammedow, Alaba\u00fd \u2013 Durdy Annadurdy\u00fdew, Akmyrat Hojaberdi\u00fdew, Kirpijik \u2013 B\u00e4\u015fim Gurbanow dagy \u00f6z ke\u015fplerini k\u00f6rpe toma\u015fa\u00e7ylara ynandyryjy edip \u00fdetirmegi ba\u015far\u00fdardylar.<\/p>\n<p>Geple\u015figi ilki T\u00fcrkmenistany\u0148 halk artistleri Juma \u00ddazmyradow, Nurmuhammet Ke\u015f\u015fikow, Aman Ba\u00fdramberdi\u00fdew, so\u0148ra bolsa D\u00fcrli Geldi\u00fdewa, Oguljeren I\u015fanguly\u00fdewa, A\u00fdsoltan Begenjowa alyp barypdyr. Aman aga bilen A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni\u0148 ataly-gyz \u00fdaly mylakatly ke\u015fpleri di\u0148e bir k\u00f6rpeleri d\u00e4l, e\u00fdsem, uly \u00fda\u015fly toma\u015fa\u00e7ylary hem bu geple\u015figi\u0148 da\u015fyna \u00fc\u00fd\u015f\u00fcr\u00fd\u00e4rdi.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan sekiz \u00e7agany\u0148 biri, \u00fdagny gyzlary\u0148 k\u00f6rpesi bolmak bilen, ownuk-u\u015fak \u00f6\u00fd hojalyk i\u015flerinden da\u015fgary, gelnejelerini\u0148 \u00e7agalaryna-da seredi\u015fmeli bolupdyr. \u015eol i\u015fleri\u0148 da\u015fyndan bolsa okuwyna \u00fdeti\u015fipdir. Indi geple\u015fige gatna\u015fmagy togtadaryn di\u00fdse-de, halypalary\u0148 \u00f6zleri onu\u0148 okamaly s\u00f6zlerini \u00f6\u00fdlerine getirip gider ekenler. \u015ee\u00fddibem \u00fdene-de geple\u015fik alyp barmagy dowam etmeli bolupdyr. So\u0148lugy bilen A\u00fdsoltany\u0148 alypbaryjy bolup i\u015flemegini \u00fdan\u00fdolda\u015fy Ahmedem, ga\u00fdyn enesi hem goldapdyrlar. Bu \u00fdagda\u00fd bolsa o\u0148a g\u00fc\u00fd\u00e7-kuwwat berip, sungata bolan h\u00f6wesi hasam g\u00fc\u00fdj\u00e4p, zehinine zehin go\u015fupdyr.<\/p>\n<p>Ol \u00e7agalygyndan uly halypalary\u0148 arasynda bolandygyny, olary\u0148 g\u00f6reldesine e\u00fderip tejribe toplandygyny a\u00fdtmak bilen, terjime\u00e7i Owadan Gurdowany\u0148, Geldimyrat Ba\u00fdramowy\u0148, Atamyrat \u00c7opanowy\u0148, Amangeldi \u015eyhly\u00fdewi\u0148, \u00fdazyjylar T\u00e4\u00e7m\u00e4mmet J\u00fcrdekowy\u0148, \u00ddazmyrat \u015eadurdy\u00fdewi\u0148, re\u017eiss\u00fdorlar Aman Tommadowy\u0148, B\u00e4\u015fim Gurbanowy\u0148, Ussa \u015eazada\u00fdewi\u0148 \u00e7agalara ni\u00fdetlenip ta\u00fd\u00fdarlan\u00fdan geple\u015fikler \u00a0\u00fc\u00e7in go\u015fgularydyr edebi eserlerini \u00fcr\u00e7 edip \u00f6z\u00fcnde \u00f6zle\u015fdirendigini \u00fdatla\u00fdar. Olary\u0148 biri geple\u00fd\u015fine \u00fcns berse, be\u00fdlekisi egin-e\u015figine serenjam bermekde \u00fdardam beripdir. Alypbaryjyny\u0148 s\u00f6zle\u00fdi\u015f, \u00f6z\u00fcni alyp bary\u015f medeni\u00fdetini\u0148 \u00fcst\u00fcni egin-e\u015figi\u0148 \u00fdetir\u00fd\u00e4ndigine onu\u0148 \u00fcns\u00fcni \u00e7ekipdirler. A\u00fdsoltan gelneje \u015fol halypalary\u0148 her ha\u00fdsyndan bir zat \u00f6wrenip, \u00fcst\u00fcnlige \u00fdetendigini \u00fdatla\u00fdar.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni\u0148 g\u00fcrr\u00fc\u0148 bermegine g\u00f6r\u00e4, \u015fol wagtlar ta\u00fd\u00fdarlanyp \u00fda\u00fdlyma beril\u00fd\u00e4n \u201cSizi\u0148 \u00fc\u00e7in, k\u00f6rpeler!\u201d atly geple\u015figi\u0148 ilhalar geple\u015fik bolmagy \u00fc\u00e7in en\u00e7eme \u00fdazyjydyr \u015fahyrlar, redaktorlar, artistler uly tagalla edipdirler.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni\u0148 alypbaryjylyk ukybyndan ba\u015fga-da sadadan adamk\u00e4r\u00e7ilikli h\u00e4si\u00fdeti hem \u00e7agalary \u00f6z\u00fcne \u00e7ek\u00fd\u00e4rdi. Ol uly \u00fda\u015flylar bilenem, \u00e7agalar bilenem sypa\u00fdy g\u00fcrle\u015fmegi, d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmegi ba\u015far\u00fdardy.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan Begenjowa 2005-nji \u00fdyldan b\u00e4ri \u201cMiras\u201d tele\u00fda\u00fdlymyny\u0148 tolkuna go\u00fdberi\u015f b\u00f6l\u00fcminde geple\u015fikleri \u00fda\u00fdlyma go\u00fdberiji bolup i\u015fl\u00e4p gel\u00fd\u00e4r. Ol di\u0148e bir k\u00f6rpeler \u00fc\u00e7in d\u00e4l, e\u00fdsem, mekdep okuw\u00e7ylary, \u00fdetginjekler \u00fc\u00e7in hem geple\u015fikleri ta\u00fd\u00fdarlap \u00fda\u00fdlyma ber\u00fd\u00e4r. O\u0148a 2016-2021-nji \u00fdyllar aralygynda T\u00fcrkmenistany\u0148 Zenanlar guramasy bilen \u201cMiras\u201d tele\u00fda\u00fdlymy tarapyndan bilelikde ta\u00fd\u00fdarlan\u00fdan \u201cZenan kalby\u201d atly geple\u015figi ta\u00fd\u00fdarlamak hem alyp barmak ynanyl\u00fdar. \u015eol geple\u015fik hem o\u0148a uly \u00fcst\u00fcnlik getir\u00fd\u00e4r. \u201cSize \u00e7agalar bilen i\u015fle\u015fmek a\u0148satmy \u00fda-da eneleri\u0148, gelin-gyzlary\u0148 durmu\u015fyndan s\u00f6z a\u00e7\u00fdan geple\u015fikleri ta\u00fd\u00fdarlamak we alyp barmak a\u0148satmy?!\u201d di\u00fdip beren sowalyma A\u00fdsoltan gelneje: \u201cK\u00f6rpeleri\u0148 \u00f6z d\u00fcn\u00fd\u00e4si, \u00f6z pikirleri bar, \u00fdetginjekleri\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4gara\u00fd\u015fy, sora\u00fdan zady\u0148a ber\u00fd\u00e4n jogaplary t\u00e4ze bir pikiri\u0148 d\u00f6remegine getir\u00fd\u00e4r. Enelerimiz, gelin-gyzlarymyz bilen gural\u00fdan s\u00f6hbetde\u015flikler bolsa d\u00e4p-dessurlarymyza, el i\u015flerimize, milli gymmatlyklarymyza, \u00f6z g\u00f6zba\u015fyny gadymy\u00fdetden alyp ga\u00fdd\u00fdan milli mirasymyza bu\u00fdsanjy\u0148y artdyr\u00fdar. Enelerimizden bilme\u00fd\u00e4n zatlarymy \u00f6wren\u00fd\u00e4n. Olary\u0148 rowa\u00fdatlary\u0148, tymsallary\u0148 \u00fcsti bilen ber\u00fd\u00e4n gyzykly g\u00fcrr\u00fc\u0148leri mirasy\u0148 \u00fdene bir \u00fc\u00fdtge\u015fik \u00f6w\u00fc\u015fginli tarapyny a\u00e7yp g\u00f6rkezip, g\u00f6z\u00fdetimi\u0148i gi\u0148eld\u00fd\u00e4r\u201d di\u00fdip, jogap berdi. Meni\u0148 \u201cKino sungatynda \u00f6z zehini\u0148izi synap g\u00f6rd\u00fc\u0148izmi?\u201d di\u00fden sowalyma A\u00fdsoltan gelneje \u015fe\u00fdle jogap berdi: \u201cMilli mirasymyza, gymmatlyklarymyza bolan h\u00f6wes mende t\u00fcrkmen el halylary, t\u00fcrkmeni\u0148 saryja go\u00fdny hakynda \u201cG\u00f6w\u00fcn nag\u015fy\u201d atly telefilmi d\u00f6retmegime itergi berdi. Bu film tele\u00fda\u00fdlymlarda \u00f6z mynasyp ornuny tapdy. \u015eonu\u0148 \u00fdaly hem \u201c\u00dda\u015flyk\u201d tele\u00fda\u00fdlymyny\u0148 geple\u015fikleri ta\u00fd\u00fdarla\u00fdjysy we gura\u00fdjysy bolup i\u015fle\u00fd\u00e4n re\u017eiss\u00fdor Haknazar Myratdurdy\u00fdewi\u0148 T\u00e4ze \u00fdyl ba\u00fdramyna bagy\u015flap surata d\u00fc\u015f\u00fcren \u201cJadyly t\u00e4ze \u00fdyl\u201d atly filminde o\u0148at mamany\u0148 ke\u015fbinde \u00e7yky\u015f etmek ma\u0148a mi\u00fdesser etdi\u201d.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan Begenjowa hakynda k\u00e4rde\u015fleri di\u0148e \u00f6wg\u00fcli s\u00f6zleri a\u00fdd\u00fdarlar. Onu\u0148 \u015f\u00e4girtleri h\u00e4zirki g\u00fcnlerde tele\u00fda\u00fdlymlarda d\u00f6redijilikli z\u00e4hmet \u00e7ekip \u00fd\u00f6rler. 2013-nji \u00fdylda A\u00fdsoltan Begenjowa \u201cT\u00fcrkmenistany\u0148 at gazanan medeni\u00fdet i\u015fg\u00e4ri\u201d di\u00fden hormatly at dakyl\u00fdar. A\u00fdsoltan gelneje bu belent ada mynasyp bolmagynda m\u00e4hriban k\u00e4besi \u015eekil da\u00fdzany\u0148 a\u00fdratyn pa\u00fdyny\u0148 bardygyny nygta\u00fdar. Ol bu belent at \u00fc\u00e7in Gahryman Arkadagymyza t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden alky\u015f a\u00fddyp, \u00f6z\u00fcni\u0148 ujypsyzja z\u00e4hmetine berlen bu belent bahany\u0148 t\u00e4ze-t\u00e4ze d\u00f6redijilik g\u00f6zleglerine atar\u00fdandygyny nygta\u00fdar. Ol bu sylag \u00fc\u00e7in z\u00e4hmetini, zehinini, yhlasyny ga\u00fdgyrman i\u015flejekdigini a\u00fdd\u00fdar.<\/p>\n<p><img decoding=\"async\" loading=\"lazy\" class=\"alignnone wp-image-161867 size-full\" src=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/wp-content\/uploads\/2026\/03\/aysoltan_2.jpg\" alt=\"\" width=\"290\" height=\"444\" srcset=\"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/wp-content\/uploads\/2026\/03\/aysoltan_2.jpg 290w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/wp-content\/uploads\/2026\/03\/aysoltan_2-196x300.jpg 196w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/wp-content\/uploads\/2026\/03\/aysoltan_2-145x222.jpg 145w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/wp-content\/uploads\/2026\/03\/aysoltan_2-73x111.jpg 73w, https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/wp-content\/uploads\/2026\/03\/aysoltan_2-274x420.jpg 274w\" sizes=\"(max-width: 290px) 100vw, 290px\" \/><\/p>\n<p>Halky\u0148 \u00f6\u0148\u00fcne \u00e7ykyp \u00f6z zehini\u0148i ykrar etdirmek hemme ki\u015f\u00e4\u00a0 ba\u015fartma\u00fdar. Bu babatda A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni\u0148 yhlasy myrat bolupdyr. \u00c7\u00fcnki durmu\u015fda-da, \u00fda\u00fdlymda-da hemi\u015fe s\u00fc\u00fdji dili, m\u00e4hrem ke\u015fbi bilen toma\u015fa\u00e7ylary\u0148 s\u00f6\u00fdg\u00fcsini gazanmak o\u0148a ba\u015fard\u00fdar.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni\u0148 agzybir ma\u015fgalasy bar. \u015eu \u00fderde A\u00fdsoltan gelnej\u00e4ni\u0148 d\u00f6wletli ma\u015fgalasyny\u0148 \u00e4hli agzalaryny\u0148 di\u00fden \u00fdaly telewideni\u00fd\u00e4ni\u0148 i\u015fg\u00e4rleridigini hem bell\u00e4sim gel\u00fd\u00e4r. Ol \u00fdan\u00fdolda\u015fy Ahmet Begenjow bilen bir ogul bilen bir gyzy \u00f6sd\u00fcrip \u00fdeti\u015fdirip, durmu\u015f \u00fdoluna atarypdyr. Ogly Re\u015fit \u201cTeleradiomerkezinde\u201d i\u015flese, gyzy A\u00fdlar ki\u00e7ijekk\u00e4 ejesini\u0148 k\u00e4rine \u00fdykgyn edip, geple\u015figem alyp barypdyr. Ahmet aga bilen gelinleri G\u00fcl\u015firin \u201cSport\u201d tele\u00fda\u00fdlymynda z\u00e4hmet \u00e7ek\u00fd\u00e4rler. A\u00fdsoltan gelneje Azym, Halym, Isgender, Abdylla atly agtyklaryny\u0148 bagtly enesi hem mamasy.<\/p>\n<p>A\u00fdsoltan Begenjowa medeni\u00fdet, sungat, d\u00f6redijilik i\u015fg\u00e4rlerini\u0148 z\u00e4hmetlerine belent sarpa go\u00fd\u00fdan t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alky\u015f a\u00fdd\u00fdar. Biz hem ykbalyny sungata bagy\u015flap, il i\u00e7inde \u201ck\u00f6rpeleri\u0148 A\u00fdsoltany\u201d ady bilen me\u015fhur bolan halypa d\u00f6redijilik \u00fcst\u00fcnliklerini arzuw ed\u00fd\u00e4ris.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Resul <\/strong><strong>Hojaberdi\u00fdew,<\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 Demokratik parti\u00fdasyny\u0148 <\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Bagty\u00fdarlyk etrap komitetini\u0148 parti\u00fda gurama\u00e7ysy. <\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>Men 4-5 \u00fda\u015flyja \u00e7aga wagtym telewideni\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00e7agalar b\u00f6l\u00fcminde ta\u00fd\u00fdarlan\u00fdan \u201cSizi\u0148 \u00fc\u00e7in, k\u00f6rpeler!\u201d atly geple\u015fik toma\u015fa\u00e7ylar tarapyndan gyzgyn gar\u015fy alnyp, s\u00f6\u00fdl\u00fcp g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4n geple\u015fikdi. Bu geple\u015fige di\u0148e \u00e7agalar d\u00e4l, e\u00fdsem, uly \u00fda\u015fly adamlar hem sabyrsyzlyk bilen gara\u015fyp, uly h\u00f6wes bilen toma\u015fa ed\u00fd\u00e4rdiler. Geple\u015figi\u0148 alypbaryjysy A\u00fdsoltan Begenjowa bilen ha\u00fdwanjyklary\u0148 arasynda bol\u00fdan gyzykly g\u00fcrr\u00fc\u0148ler \u00e7agalara mahsus bolup, toma\u015fa\u00e7yny \u00f6z\u00fcne [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":4,"featured_media":161866,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[12],"tags":[12544,12548,12546],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/161864"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/4"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=161864"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/161864\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":161868,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/161864\/revisions\/161868"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/161866"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=161864"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=161864"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=161864"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}