{"id":162172,"date":"2026-03-14T10:47:56","date_gmt":"2026-03-14T05:47:56","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=162172"},"modified":"2026-03-14T10:47:56","modified_gmt":"2026-03-14T05:47:56","slug":"turkmenistan-halkara-gami-gatnawlaryny-yenillesdirmek-hakyndaky-konwensiya-gosulmak-boyunca-isleri-geciryar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=162172","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistan Halkara g\u00e4mi gatnawlaryny \u00fde\u0148ille\u015fdirmek hakyndaky Konwensi\u00fda go\u015fulmak bo\u00fdun\u00e7a i\u015fleri ge\u00e7ir\u00fd\u00e4r"},"content":{"rendered":"<p>13-nji martda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow T\u00fcrkmenistan bilen Halkara De\u0148iz Guramasyny\u0148 arasynda hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek bo\u00fdun\u00e7a alnyp baryl\u00fdan i\u015fler barada hasabat berdi.<br \/>\nBellenili\u015fi \u00fdaly, halkara guramalar, hususan-da, BMG-ni\u0148 ulgamyna gir\u00fd\u00e4n edaralar, \u015fol sanda Halkara De\u0148iz Guramasy (HDG) bilen hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 esasy ugurlaryny\u0148 biri bolup dur\u00fdar. T\u00fcrkmenistan 1993-nji \u00fdyly\u0148 26-njy awgustyndan b\u00e4ri bu d\u00fcz\u00fcmi\u0148 agzasy bolup, onu\u0148 bilen hyzmatda\u015flyk so\u0148ky \u00fdyllarda i\u015fje\u0148 \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. \u00ddurdumyz guramany\u0148 14 konwensi\u00fdasyna go\u015fuldy we olary\u0148 kadalaryna la\u00fdyklykda, milli kanun\u00e7ylygymyzy, amaly ta\u00fddan \u00fderine \u00fdetiril\u00fd\u00e4n i\u015fleri k\u00e4mille\u015fdirmek bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli \u00e7\u00e4reler g\u00f6r\u00fcl\u00fd\u00e4r. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, wise-prem\u00fder, da\u015fary i\u015fler ministri T\u00fcrkmenistany\u0148 ulag diplomati\u00fdasy bo\u00fdun\u00e7a \u00f6\u0148e s\u00fcr\u00fd\u00e4n ba\u015flangy\u00e7laryny durmu\u015fa ge\u00e7irmek, Halkara De\u0148iz Guramasy bilen hyzmatda\u015flygy mundan be\u00fdl\u00e4k-de \u00f6sd\u00fcrmek maksady bilen ta\u00fd\u00fdarlanylan teklipleri be\u00fdan etdi.<br \/>\nHalkara De\u0148iz Guramasyny\u0148 konwensi\u00fdalaryna go\u015fulmak i\u015fini yzygiderli ilerletmek maksady bilen, T\u00fcrkmenistany\u0148 degi\u015fli ministrliklerini\u0148 we pudak edaralaryny\u0148 wekillerinden ybarat bolan i\u015f toparyny d\u00f6retmek teklip edil\u00fd\u00e4r. \u00ddurdumyzy\u0148 g\u00e4mi ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatda\u015flygyny\u0148 halkara hukuk bin\u00fdadyny has-da pugtalandyrmak \u00fc\u00e7in T\u00fcrkmenistany\u0148 bu guramany\u0148 Halkara g\u00e4mi gatnawlaryny \u00fde\u0148ille\u015fdirmek hakynda Konwensi\u00fdasyna go\u015fulmagy bo\u00fdun\u00e7a i\u015fleri ge\u00e7irmek bu topary\u0148 ilkinji wezipelerini\u0148 biri bolar. \u015ee\u00fdle-de hyzmatda\u015flygy\u0148 t\u00e4ze ugurlaryny ara alyp maslahatla\u015fmak \u00fc\u00e7in 2026-njy \u00fdyly\u0148 dowamynda HDG-ni\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylaryny\u0148 \u00fdurdumyza saparlaryny guramak, onu\u0148 wekillerini\u0148 gatna\u015fmagynda d\u00fcrli okuw hem-de amaly maslahatlary ge\u00e7irmek teklip edil\u00fd\u00e4r. \u015eular bilen birlikde, \u00fdurdumyzy\u0148 agzalan d\u00fcz\u00fcm bilen gatna\u015fyklaryny has-da berkitmek bilen baglany\u015fykly teklip be\u00fdan edildi.<br \/>\nHormatly Prezidentimiz hasabaty di\u0148l\u00e4p, \u00fdurdumyzda Halkara De\u0148iz Guramasyny\u0148 degi\u015fli halkara konwensi\u00fdalaryny\u0148 talaplaryny \u00fdokary derejede \u00fcpj\u00fcn etmek bo\u00fdun\u00e7a netijeli i\u015fleri\u0148 alnyp baryl\u00fdandygyny belledi we bu ugurda halkara hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrm\u00e4ge degi\u015fli ta\u00fd\u00fdarlanan teklipleri makullap, wise-prem\u00fder, da\u015fary i\u015fler ministrine tab\u015fyryklary berdi.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>13-nji martda ge\u00e7irilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri R.Meredow T\u00fcrkmenistan bilen Halkara De\u0148iz Guramasyny\u0148 arasynda hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek bo\u00fdun\u00e7a alnyp baryl\u00fdan i\u015fler barada hasabat berdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, halkara guramalar, hususan-da, BMG-ni\u0148 ulgamyna gir\u00fd\u00e4n edaralar, \u015fol sanda Halkara De\u0148iz Guramasy (HDG) bilen hyzmatda\u015flygy \u00f6sd\u00fcrmek T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasatyny\u0148 esasy ugurlaryny\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":139863,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/162172"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=162172"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/162172\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":162173,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/162172\/revisions\/162173"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/139863"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=162172"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=162172"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=162172"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}